21:19 Ymam Ryzanyñ ybadatanasynda oýlanma | |
YMAM RYZANYŇ YBADATHANASYNDA
Goşgular
OÝLANMA Bu dünýäde bakylyk ýok, Gelen gitmeli bu dünýä. Kimsi ir, kimsi giç gitmeli, Alsa şirin jany dünýä. Ýetim goýup kyrk üç ýaşda, Gitdi kyblam altmyş bäşde. Ömrüm öter indi gyşda, Bahar-ýazym hany, dünýä. Binamysy zer eýlediň, Ahy-zara ker eýlediň. Owal-ahyrda şeýlediň, Gark eýlediň, saly, dünýä. Bulut bolup çökdüň käte, Gözýaş bolup akdyň käte. Hakdyň käte, hakdyň käte, Pany dünýä, pany dünýä. ▶ ÖZÜM BILEN SÖHBET Bu gün jahyl çykdy ogluň – Serdaryň, Dünýäde çekmegil aýralyk zaryn. Şygrystana bolduň ýola rowana, Kesbin dowam edip Gurbannazaryň. Otyr maňlaýyna sylyp bir goja, Aýat okap başujunda mazaryň. Neçün dostlar gam laýyna batdymkam, Sowuldymy ýa şowhuny bazaryň? Maňa berlen ömür maňa degişli, Ömür sürdüm ýeňilişli, ýeňişli. Ol ömür ne derkar mydam göz ýaşly, Goý, eglensin gözellikde nazaryň. Eliň ýaýly gezmediň il kastynda, Illerem gezmedi seniň kastyňda. Seriň dik gezmeli Zemin üstünde, Neçün ýürfek köpelipdir azaryň? Küýsände ýüregiň bahar küýsedi, Alma ýaňak tämiz säher küýsedi, Göwün uzak-uzak şäher küýsedi, Nirä goýup gitjek Sumbar, Hazaryň. Arkaňda dagyň bar, hudaýa şükür, Ojakda çoguň bar, hudaýa şükür. Kalbyňda dogaň bar, hudaýa şükür, Dogaň – saňa berlen şygyr, gazalyň. ▶ BOLMASA Gözel diýp bolmaz gyza, Akyly-huşy bolmasa. Baglaryna çykma seýle, Saýraýan guşy bolmasa. Ýekäň geçmez aýdyr güni, Genjim begleň haýdyr güni. Är ýigidiň waýdyr güni, Bir göwün hoşy bolmasa. Müň gün salam, bir gün duza, Göwün dönse, döner buza. Ýazlary meňzemez ýaza, Ak garly gyşy bolmasa. Muhannes bolsun pestiňde, Aňlawer, gezer kastyňda. Gamçy oýnadar üstüňde, Hatarda kişi bolmasa. Adam ogly, niçik halyň? Suw üstünde bolar salyň. Ne peýdasy süri malyň, Myhmana aşy bolmasa. ▶ GYT HARYDY BAZARYŇ Gum içinde, arasynda alaňlaň, Aşgabadyň eteginde bazar bar. Ýekşenbe gün süýşüp barýar mähelle, Syn kylsaňyz, tüýsli-tüýsli nazar bar. Bahalaşman, at agzyňa walidol, Bolsa walokardin, iç ýa korwalol. Ýogsa ýüregiňden tutmagy ahmal, Gowsy, ker bol ýa-da gözli bir kör bol. Gum içinde, arasynda alaňlaň, Ýüzüň ýelpär bady gadym Hazaryň. Gülüp gelen için tutup aglaýar, Ynsap eken gyt harydy bazaryň... ▶ TÄHRAN SUWY Geldim uzak ýolar aşyp, Bolup men bir misli aşyk. Diýdi bu gün ýürek joşup: «Ylhammydyr Tähran suwy!» Gördüm dünýäň ençe ýurdun, Kän-kän mugjyzalar gördüm. Içdigimde, ýeňlär derdim, «Melhemmidir Tähran suwy!» Gün nuruna ýaldyranda, Ak bulgurda bulduranda, Teşneleri gandyranda, Mähremmidir Tähran suwy! Düwmeleri bagyrdaşar, Meý içen dek ýürek joşar. Ömre ýene ömür goşar, Zemzemmidir Tähran suwy! ▶GARY BAR, GARY (Halk aýdymynyň äheňinde) Gel, köňül, çykaly belent daglara, Keremli daglaryň gary bar, gary. Inip jülgelerne, gezsek baglary, Al ýaňaga meňzeş nary bar, nary. Gaýasynda gezer keýik-jerenler, Säherlerde doga kylar erenler. Bu gudraty gelip görüň, ýaranlar, Gerçek ýigitlerniň zory bar, zory. Akar çeşmeleri, joşar çaýlary, Gözelleri – hüýr perileň taýlary. Ret edip kelçigi, jalataýlary, Hersiniň mynasyp ýary bar, ýary. Deresinde käkilikler uçarlar, Awçylar görseler, serden geçerler. Bulutlary ondan-oňa göçerler, Meger, Perhat kibi zary bar, zary. Daglaryň gudraty – hakyň permany, Şoldur dertli ýürekleriň dermany. Görmedikler ömür çeker armany, Onda Erem bagyň bary bar, bary. ▶ ONUŇ OKAP ÝETIŞMEDIK GOŞGUSY Kakamyň ýagty ýadygärligine Akademik däl sen, ministr däl sen, Diplomatam däl sen uly bir ýurtda. Bu uly durmuşda tämiz bir päl sen, Bürgüt kimin tutduň dagda höwürtge. Egsilmez öýüňde eziz myhmanyň, Datmadyk ýok saçakdaky duzuňdan. Jaýlaşyp başyňda halal ojagyň, Ýylynanlar kändir onuň közünden. Ýadyňda seň wäşi sözi Pommanyň, «Inim!» diýdi saňa Berdi Kerbaba. Myhman ýeri uly-kiçi – hemmäniň, Seň öýüňdi geleninde biz oba. Geçen bahar boldy öýüňde myhman Segsen ýaşly halk şahyry Çary Aşyr. Giň ýazyldy naz-nygmatly desterhan, Diýdiň: «Oglum, gelsin obany üýşür!» Bu gün indi gojalyga ser urup, Pygamber ýaşyndan geçipsiň kaka. Agtyk-çowluk aladasyn eýgerip, Ömrüň täze döwrün açypsyň, kaka. «Hiç zat geçip bilmez öňe messepden!» Diýen sözüň pugta galdy gulakda. «Çüri aga bar!» sözi düşmez söhbetden, Alyp gider bu sözleri bulak-da. Çar pasly baharly Könekesiriñ, Akademigi sen, diplomaty sen. Dowamysyň ýazylmadyk eseriň, Öwgim üçin görmäweri gaty sen. | |
|
√ "Gowy men" diýer / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Eý, ademden älemi mowjud eden... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Mekanyna gideli / Goşgular - 05.06.2024 |
√ Bu mekana gelmişem / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |