Oglanjyk ejesi-kakasy we agasy bilen ýaşaýardy. Olar juda agzybir maşgalady,bagtly,şadyýan ýaşaýardylar...
Ine bir günem...Bir günem gije sagat 2-ler töweregi ol ejesiniň çirkin sesine oýandy. Ejesi hammamda kakasynyň adyny tutyp gygyrýardy. Kakasy ylgap hammama girip gitdi. Bular çykar ýerde çykmansoň näme bolanyny anyklamak üçin oglanjygyň agasam hammama girdi-de,olam yzyna çykmady...
Oglanjygy erbet gorky basdy. Ol bu bolup geçýän zatlara hiç düşünip bilmedi. Ahyrynam "näme bolsa,şol bolsuna" salyp hammama tarap ugrady. Hammamyň gapysyny açanda gören ýagdaýy tas onuň akylyny azaşdyrypdy. Hammamyň bir burçunda mähriban eje-kakasy, agasy gara gana bulaşyp ýatanokdy. Olaryň jany sagdy.Özlerem döwülen turbadan akýan suwy saklamak bilen başagaý bolup durdylar:-)