15:42 Ynsabyñ jezasy -10/ romanyñ dowamy | |
ONUNJY BAP
Detektiw proza
– Ýoldaş Ilamanow, bäri bak! – Öwez Akyýew tahylyndan çykaran suratlaryny stoluňyň erňeginde hatara goýdy. Ýeňiş naçalnigiň ýanyna gelip, ýanaşyk duran suratlara eglibräk göz gezdirdi. Hiç birinde nazary eglenmedi. – Tanadyňmy? – Tanamadym. – Gowuja seret. – Öz-ä tanyş ýaly welin, hakydama gelenok. – Şunuň üçüsem bir adam. Bir adamyň aýry-aýry görnüşdäki suraty. – Ýöne birwagtky suraty-ha däl. – Ýok. – Bü-ýä bendilikdäkisi – Ýeňiş barmagy bilen ortadaky suraty görkezdi. – Näbilýäň? – Belli zat. Saç syrylgy. Eşik şol eşik. – A bu? – Üçünji surat düýbünden başgady. Gara penjek, ak köýnek ony diýseň sypaýy görkezýärdi. Ýumruk ýaly düwünli galstuk ýakany tutup durdy. Saç bir gapdala burlup, gyýtagrak arasy açylypdyr. Birinji surat bolsa onuň tersinedi. Burum-burum gür saçyň aşagy ösgün sakgal-sapylydy. Köýnegiň ýakasy serpilipdir. Ýeňiş seretdigiçe, ol gözüne köneden tanyş keşp ýaly bolup görnüp başlady. Suratlaryň başdakysyny eline alyp, esli saklady. Synada gowuşgynsyzlyk döräp, ini tikenekläp giden ýaly boldy. Başy aýlanyp, gözi garaňkyrana dönüp, ýene endamynda garynjalar gymyldady. Şolmuka? Ýa meňzeşmikä? Öwez Akyýew suratlara sereden kişi bolup, Ýeňşiň özüni aşaklykdan synlaýardy. Onuň reňkiniň agaryp-dönüp durşy müýnli adamyny ýada salýardy. Ýeňiş ahyr bimejal sesi bilen: – Şüýä-hä tanyş ýüz – diýdi. – Häzir – naçalnik suratlary gyradeň goýuşdyryp, üçüsiniňem maňlaýdan ýokarsyny ak kagyz bilen ýapdy. – Meňzeşräk gerek?! – Çalym edýär. – Çalym etmelem. Soňra polkownik çepine ýarym aýlaw öwrüldi-de, gapdalyndaky apparatyň bir ýerlerini basdy. Aňyrdan ses eşidildi. – Diňleýärin, ýoldaş polkownik! – Suratlaryň asyl nusgalary gerek. – Üç minutdan taýyn bolar. – Ýagşy. Diýlen wagtda getirilen suratlaryň üçüsem bir görnüşdedi. Biriniň galstugy aýrylsa, beýlekisi sakgal-sapysyzdy. Üçünji suratdaky gür saçyň deregine beýleki ikisi bilen meňzeş gytygrak saç bardy. Şek-şübhesi galmadyk Ýeňşiň üçüsi bilelikde bir adamy şekillendirýän suratlar elindedi, indi ýeke suratly eli däl, tutuş göwresi saňňyldaýardy, titreýärdi. Özüni lampa oturgyja goýberip, iki egninden agyr dem aldy. Saňaty, süňklek barmaklary bilen maňlaýyny bürüşdirip, gözlerini süzdi. Suratyň aňyrsyndan görünýän garaňky geçmiş ony öz girdabyna dolap aldy. Ol dünýä barlygyndan namut galan adam ýaly, töweregini petikledip oturyşyna naçalnigiň suratlary ýene çekerine salyp, açyk penjiräniň öňünde ör durşuna sigareti ýogyn-ýogyn soruşynam duýmady. Başyny etegine salyp, ýazykly kimin bir möhletden soň, eşidiler-eşidilmez: – Tanadym – diýdi. Polkownik ony ýa özüne aýdylandyram öýtmedi, ýa ýigidiň çekip oturan derdini agratmazlyk üçin biparh boldy. Bärsine garaman, bir bolşuny dowam etdi. Ýeňiş bolsa stolda ýatan «stoliçnydan» birini alyp, çilim çekmeýän halyna, uguralla otlan boldy. Tüsse içine dolup, boguk-boguk üsgürdi. Öz başyna ysgynsyz: – Tanadym, ol Goç, şef bolmaly – diýdi. – Bad-a tanabilmediň? – naçalnik ýene bärsine dönmän, şol parahatlygyny saklady. – Ondan bäri nije gyş, nije ýaz geçdi. Görmän ýörseň, keşpler köneler gider ekeni. Ýedi ýyl mundan öňki çyrmaşykly kerep Ýeňşi penjesine gysdy. Goç bilen ilki tanyşlygy gözüniň öňüne geldi. Onuň ýörgünli ady şefdi. Hiç kim hakyky adyny tutanokdy. Asyl çyn ady bardyram öýdülmese nätjek! Goçuň welin kellesi goçuňky ýalydy. Saçynyň hemme ýeri tegelenip ösensoň, goçuň kellesine meňzäbem durdy. Eginleriniň üstlerine çenlem çogmuk-çogmuk tüý bolup, oňa birhili ýabany sypat berýärdi. Kellesine kybapdaş ýüzem, göwresem, eti-ganam bardy. Ýöne burny welin uly ýüzüne kiçi gelýärdi, onda-da gaty kiçi gelýärdi. Öz burnunyň şeýle bolanyndanmy, nämemi, Goç hemişe iliňki ýaly aýamy dolduryp duran burnum bolsady diýip, arzuw ederdi. Ýöne minneti burnundan däl-de, tüýlek goşary bilen ketgen kellesinden çekýärdi. Çaknyşanda elinden beter kellesini işledýärdi. Garşydaşyny haçan, nädip süsenini bilmersiň, epeý göwre eýýäm serlip ýatandyr. Göräýmäge, ýüzüni aşak salyp ýörse, mysapyr ýalydyr. Kölegesiz adam diýäýmelidir. Sähel gaňryşyna gaýdanyň goç kelle garnyna gütüläýär. Ýöne ol Ýeňşi urmadam, sökmedem, zoramadam. Ýyly peçiň gapdalyna geçen pişigiň arkasyny sypan ýaly meýmiredäýdi. Kakalygyndan gün ýamanyny gören Ýeňiş gaçyp internada gelipdi. Soňra günleriň birinde Goça sataşdy. Goç bu ýetginjegiň pagta bilen damagyny çaldy. Hoş söz bilen ony öňküdenem beter ilden çykardy. Pul diýse, sanaman berdi. Şeýdibem, Ýeňiş Goçuň, Parahat dagyň ilgençegine ildi. Heniz-henizem Ýeňiş bir zada haýran. Näçe batnyksyz, gyňyr adamyňam käte gowşak tarapy bolýan ekeni. Näme üçindir Goç özgelere çemeleşişi ýaly özüne çemeleşmedikä? Ýeňiş näme diýse, onuň baş ýaýkan sapary ýok ahyry. Ýeňiş bilen onuň jyny jyňkyryşdy. Keýpi göterilip, açylan pursaty gerdeninden tüýlek goşaryny aýlap, «Inimem» diýmesi bardy. Parahat soňky sapar kartda utduryp, lüt galan-da, Ýeňşiň oňa gol ýapmasyny Goç oňlamandy. Ýeňşiň göwni üçin şerti goýbolsun etse-de ederdi. Ýeňiş welin, ondan haýyş etmedi. Näme bolsak bile bolaly diýip, gaýta Parahadyň arkasyny tutupdy. Goçuň süňňi bir zat syzan ýaly. Ýeňşiň Parahat bilen bile gidenine gynandy. Olar giden dessine bolsa, ýerlerini täzelediler. Ýöne Ýeňiş ele düşende-de, olara garalyk getirmedi. Hiç kimi günälemedi. Mert durup, özi boýun aldy. Ne Goçuň, ne Parahadyň salgyny berdi. Dogry, ilki Parahady namartlykda aýyplapdy. Parahat üçin ol ele düşdi ahbetin! A ýeri, Parahat näme etsin! Menem şärik diýip, başyny etegine salyp gelsinmi? Ýo-ýok, jebri iki bolup çekenden, goý, öz başyny alyp gitsin! Soň daş gulakdan eşidişine görä, Goç Ýeňşiň halyna ýaman gyýlypdyr. Ýogsam Ýeňşiň oňa eden ýagşylygam ýok. Olar diňe sergezdanlykda dostlaşypdylar. Her niçigem bolsa, şol wagtam, şu mahalam Goçuň ala-böle özüni beýle apalanyna Ýeňiş akyl ýetirip bilenokdy... – Ol ýene peýda bolupdyr! – diýip, naçalnik bir haýukdan bärsine öwrüldi. Çilim püçegini küldanda mynjyratdy. Ýeňiş özi duýmazdan gaýtalady: – Peýda bolupdy-yr?!!... – Ýeke özem däl bolarly. Olar birmahalky jübä girýän ogrular däl. Uruşlary lomaý. Nätjek, biziň şu bol telki günümizde-de şeýle adamlar bar. Hany, sen ol barada häsiýetlenme berip bilmezmiň? Öwez Akyýew jogaba garaşman, ruçka alyp, öňündäki kagyza egildi. – Ýaşy? – Anyk bilemok, otuz bäşden aňyrdadyr. – Söýýän neşesi? – Çilim. – Halaýany? – Heleý. – Içgisi? – Konýak. – Içişi? – Ýagdaýly. – Maksady? – Baýamak. – Duýgurlygy? – Duýgur, sak. Sähel gymyldy bolsa, ýatyrka-da laňňa galýar. Uklaýandyram öýdüp bolanok. – Özüni alyp barşy? – Hatyrjem. Parahat ýaly görünse-de, syzgyr, galagop. – Ynanjaňlygy. – Özünden başga hiç kime ynananok. Burnunyň ys alyjylygy ysgaw it ýaly. Jaýa aýal giripmi, erkek giripmi, ulumy-kiçimi, derrew bilýär. Bir gezek ýoldaşlarymyzyň biri öýe aýal getirdi. Şol wagtam Goç peýda boldy. Aýaly krowadyň aşagynda gizledik. Bildirmez ýaly, odeýaly ýere degrip goýduk. Gelşine elini burnuna degrip, garşy-garşy çekdi-de: – Öýe aýal gelipdir – diýdi. Bizem haýran galdyk. – Güýji? – Güýçli. Özem şatyr, çalasyn. – Ähä?! – Öwez Akyýew bir möhlet başyny aşak salyp oturdy. Ruçkany kagyzda keseligine goýdy: Başga näme üýtgeşik häsiýeti bar? – Başga üýtgeşik häsiýeti! – Ýeňiş gaýtalap, nämelerdir hakydasyna getirjek boldy: – Ýadyma düşenok. – Ýany ýaraglymydyr? – Hökman. Ýatanda-da ýassygynyň aşagynda goýup ýatýar. – Diýmek, sen belet ekeniň. – Belet bolarça boldum. – Ýag-ş-y-y! – Öwez Akyýew sözi süýndürip, ýazgyny Ýeňşe uzatdy: – Göz gezdir-de, gol çek. Ýeňiş ýene bir gaýra okap çykyp, gol çekip yzyna uzatdy: – Ondan bäri ýoňsuz ýol geçdi. Üýtgäp ýörse-de ýörendir. – Häsiýet üýtgemez. Öwrenilen endikden el çekmegem kyndyr. Her edip, hesip edip, baýamagyň kül-külüne düşen adam hatarly bolar. Ýöne ol barada anyk maglumat ýok. Çak edilýär. Türmeden ýedi-sekiz aýlykda boşapdyr. Bize mälim zat şol. Näme işleýär, nirede ýatyp-turýar, onçasyny bilemzok. Ynha, dek düýn şeýle waka bolupdyr Öwez Akyýew oturgyçdan çalarak gobsunyp, hälki hereketini gaýtalady: – Düýnki pul ogurladanlar gelmedilermi? Aňyrdan ses eşidildi. – Geldiler. – Nirede? – Kabulhanada. – Bärik gelsinler. – Häzir. Şol haladam iki adam tirkeşip jaýa girdi. Içki bosagada çekinjeň sägindiler. – Geçiberiň. Çekinmäň. Olar gapa ýakyn oturgyçda biri-birine gysylybrak oturdy. Öwez Akyýew sag tarapky magnitofony basdy. Magnitofon sessiz-semirsiz ýuwaşja aýlanyp ugrady. – Siz ýene gaýtalamaly bolduňyz. Bu iş bilen tanşymyz bar, tanyş dälimiz bar. Kyn germersiňiz-dä hernä?! – Kynlygy ýok-la – Bäri çetdäki ýoldaşyna ýaltaklady. Ýeňiş oňa seredip, «Çopan bolaýsaň gerek» diýen netijä geldi. Ol inçeden uzyndy. Ýüzünde gan-pet ýokdy. Küti dodagy aşak salparyp durdy. Egni penjeklidi. Elinde sypal şlýapasy bardy. Tomsuň ýakyp-ýandyryp barýan iýun aýynda egniň penjekli, aýagyň gara köwüşli gezmek sähraly bolsa gerek diýdirýärdi. Ol titrewük bolan ýaly, kellesini bir ýerde tutup bilmeýärdi. Juk-juklap, hyrçyny dişleýärdi, başyny ýaýkaýardy. Jübüsinden «Belomor» çykaryp çekjegini-çekmejegini bilmän, ýaýdanýardy. Ýanyndaky oňa garanyňda parahatdy. Üstüne abanyp oturdy. Neýlon köýneginiň garşy-garşy ýakasyny düzedýärdi. Tyrryk jalbary boldumly göwresini daraldýardy. Äpet aýagyny jorapsyz geýen deşik-deşik äpet köwşi hem gysýan ýaly bolup görünýärdi. Polkownik sowal-jogaba başlady. – Siziň adyňyz? – diýip, öňündäki kagyz-galamy usully aýryp, beýleräkde goýdy. – Men-ä Kelew. Kärim çopan. Goýun çopany. – Ol ör turdy. – Oturyň, oturyň. – Bü-de Sapby. Saparam diýýärler. Kolhozda şofýor. Ikimiz bir obadan, bir köçeden diýsegem bolýar. – Ol ýene laňňa galdy-da, uludan-uludan öwhüldedi. Ornundan üýtgäp, ýoldaşynyň aňry gapdalyndaky boş oturgyja geçdi: – Gitdi. Hä, ýoldaş naçalnik, uwlap gitdi diýsene! Köpükme-köpük ýygnan maýam ýele sowruldy, ýele. Kakama näme jogap bersemkäm. Özem ýüregi agyryly. Onça puly aldyranymy eşidäýse, ýüregi ýarylar. – Gaýdanyňyzdan kakaň habary ýokmudy? – Aýtman gaýtdym. Aýtsam, goýberjek gümany barmy? Bir heleýim bilýä! Ejemem bilenok. Kassadan aldym-da gaýdyberdim. Ýeri, akkreditiw edäý-dä. – Ol kellesine ýumruklady: – Akmagyň biri akmak! Gitdigi-gitdigi bolaýarmy? Uç bermezmi? – Ýoldaşyň-a ýaman parahat? – Parahat bolman, pul oňky däl, meňki. Ony häki bir ýoldaş bol diýip alyp gaýtdym. Ýeri, köne maşynyňy satmak nämä gerek? Şakyrdat-da sürüber, nesibeli güni täzelärin diýip – Ol ýene öwhüldedi. Agzyndan ýalyn çykdy. – Öňki maşynyňy näçä satdyň? Kelew diýilýän oňaýsyz ýagdaýa düşdi. Öz dilimden özüm bela galdym diýýän dek, bir ýoldaşyna, bir naçalnige, bir-de diwanda ellerini owkalap oturan Ýeňşe ýaltaklady. – Çekinme-de aýdyber. Boljak iş bolupdyr. Ondan saňa garalyk gelmez. – Aý, ilem satansoň menem sataýdym. Öwez Akyýew bu gezek söze agram saldy. – Il diýmäňizi bir goýuň. Ili gönertlemäň. Ilden çykýaňyz-da, ýene iliň arkasyna bukuljak bolýaňyz. Satdyňmy-satdym diý. Sypjyklamak nämä gerek? – Satanym-a hak, ýoldaş naçalnik – diýip, Kelew der basan ýüzüni elýaglyk deregine ulanýan, kirli ullakan gülli ak ýaglygy bilen syldy: – On bir müňe satdym. – Warak maşynymy? – Il alarman, milletde pul kän. – Ýene il, ýene millet naçalnik diňe ýatlatdy-la dagy zat diýmedi. – Näçe ýyl bäri çopan? – Ýeňiş otluçöp gözläp, sermenýän Kelewe: – Kükürt. eliňizde – diýdi. – Kelew elini sandyradyp, çilim otlandy. Tüssäni işdämen sordy. – Ýigrimi ýyl bäri. On sekiz ýaşymdakam başladym. Arasynda weýennä gidip geldim. – Indi esasy gürrüňe dolanalyň – Öwez Akyýewem sigaretden birini aldy: – Puluňyzy nädip aldyrdyňyz? – Özümizem haýran. – Aeroportuň restoranynda oturamyzda boldy öz-ä diýip, Sapby söze goşuldy. – Içdiňizmi? Kelew gönüledi. – Içdik. – Ýanyňyzda ikiňizden başga adam barmydy? – Ýok. – Näme üçin ýok? Sapby Kelewe dikarynlady: – Soň iki adam gelmedimi? Ýanyňyz boşmy diýip soradam ahyry. Men «boş däl» diýsem, ýene sen «Oturyň oturyň boş» diýmediňmi? – Näme şolardyr öýdýäňmi? – Ýöne olaryňam elinde edil şuň ýaly el çemodan jygy bardy – ol oturgyjyň gyrasynda goýan kiçijik çemodany görkezdi. – Ikisi meňzeşmidi? – Bu gezek Ýeňiş Öwez Akyýewden öňürtdi. – Meňzeşmikä diýdik. Olaram ýolagçy ýaly görünýä. Sapby Kelewe igendi. – Bilmejege-de özi bildirýär. Döwüň janyny çüýşede saklaýşy ýaly, muňam jany çemodanda boldy. – O-how, sen bir pikir edip gör. Näçe ýylky azap. Ýigrimi müň manat oýunjak pul däl. Diş-dyrnak bolup gazanjak bol. Ýigrimi müň manat, ýigrimi müň manat! Käşgä az-küş bolsa, jähennem diýeli. – Şeýdib-ä sakladyň-da. Senem ýeňse damarymdan tutýaň-ow! Sapby çemodanjygy eline aldy. – Ynha görüň. Bolşy şeýle. Bir bagryna basýar, bir ýanynda goýýar. Birem stoluň aşagyna eltip, satanynyň arasyna salýar. Özem ogrulyk edýän ýaly, ýalt-ýultlap otyr. Onsoň aňmajagam aňar. – Wah, bilime daňaýmaly ekenim-le!.. – Ýeri, onsoň? Kelew dowam etdi. – Samolýota esli garaşmaly bolduk. Restoranda naharlanaýaly diýdik. Oturdyk. Adama ýüz elli gram aragam buýurdyk. Alyp bilen naharymyzam alypdyrys. Bir eden zadym, pully çemodanjygymy aýagymyň arasyna gysyp oturdym. Pugta gysýadymam. Mahal-mahal seredýädimem. Olaram iýdiler, içdiler. Sagbollaşybam turup gitdiler. Birki sagat geçensoň, çemodanjygymy elime alyp görsem, ýeňilräk ýaly görünýä. Ýüregim ýarylana dönüp, açary alyp açjak boldum. Açyk. Görsem, içi boş. Bäş-alty sany gazet ýatyr. Ine bar bolany. – Ähä – Öwez Akyýew elini maňlaýyna ýetirdi: – Olar şol aralykda çemodany çalşyp ýetişipdirler. – Çemodanam biziňki ýaly täzeje. Sapby Kelewiň sözüniň üstüni ýetirdi. – Asyl biziňki ýaly el çemodan aeroportuň dükanynda dolup ýatan eken. Soň gördük. – Olar nähili adamlardy? – Ýeňiş Kelewe ýüzlendi. – Nähili diýsemkäm. Biriniň daýawlyga Sapbyça baram. Özem geýnüwli. Biriniň welin... Kelew çekgesini dyrmalady: – Sakgal-sapy aşak düşüp giden. Saçam gyzyňky ýaly ösgün. – Daýawmy, burum-burum saçlymy? – Aý, ýok. Gaýta kellesi ýylçyrmyka diýdim. Ýeňiş naçalnige seredip, egnini gysdy. Kelew odukdy. – Ýoldaş naçalnik, indi nätmeli bolar? Heý, yş tapyp bolmazmy? Men kakama näme jogap bersemkäm. Haýyş edýän, siz bir entek oba ýetiräýmäň! – Siziň etjek alajyňyz ýok. Içiňizi tutun ýörmeden başga bize näme peýdaňyz deger. Ugruna çykarys. Anyk bir zat aýtmak kyn. Elden giden zady gaýdyp ele salmakda iş bar. Siz obaňyza gaýdyň. Bu ýerde goş basyp ýatmaň-da! – Biz siziň ýanyňyzda bolup, gözleşeris. – Köpläp almaly bolsa, öz adamlarymyzam ýeterlik. Kelew iki egninden dem aldy. * * * Aýperidir Jumagül sözünde tapyldy. Edebiýatdanam, taryhdanam Ýeňşi bagana eýlän ýaly eýlediler. Her predmetden döwnäp-döwnäp bişirdiler. Ýeňiş on, oniki günläp Aýperilere gatnap okady, öwrendi. A soň bolsa, soň bolsa ýitdi. Ekzamenlerden dynyldy-da, gürüm-jürüm boldy. Aýperi ilkiler-ä öýden habar tutar umydy bilen garaşdy. Utanyp, öýe-de zol-zol baryp ýörmäýin diýýändir öýdüp, uniwersitetden gözledi. Ýeňişden derek bolmady. Jaň ederine garaşdy. Jaň et nire, zat nire! Aýperiniň bolsa aýagy uniwersitetden çekilmedi. Kabul edilenleriň ýazgysyna göz gezdirýärdi. Her gün bir habar alyp gidýärdi. «Onuň özi menden beter gyzykmaly ahyry». Gyz gözlerini tegeläp, ýoluna gözlese-de, Ýeňiş gara berenokdy. Aýperi bu günem uniwersitete geleninde, töwerek-daş uly hümerdi. Aýakly tagtalara kagyz bary ýelmenipdir. Her kim boýnuny süýndürip, öz adyny görjek bolýardy. Aýperi hem yzrakdan dyknyşyga goşuldy. Barybir, daşdan okap bilmedi. Saýpallaryna garaşdy. Ýene saklanmaga sabyr-takaty ýetmän, gyradan itek-çomak edip, sümüldi. Esli eglendi. Birdenem: – Ilamanow, Ilamanow – diýip, begençli seslendi: – Bar ekeni. Geçipdir. Nätanyş gyzyň ýüzüniň ýagtylanyny, begenip guş bolup uçýanyny gören nätanşyň biri onuň özi kabul edilendir öýdüp: – Seň-ä bagtyň getirdi – diýdi-de, ýüzüni ak tam edip, özi köpçülikden saýlandy. Aýperiniň ökjesi ýere degmedi. Jumagüle buşlamaga alňasady. Umumy ýaşaýyş Jaýyna baranda «Jumagül kitaphana gitdi» diýdiler. Şol şatlygy, keýpi çaglygy bilen öýlerine gaýtdy. Ýeri, ekzamenden geçse, Ýeňiş geçipdir. Saňa näme? Beýle oda-köze düşüp ýörmäň näme? Ekzamenden ýykylýan, geçýän gytmy? Haýsyna begenip, haýsyna gynanyp durjak?! Ýok, Aýperi soňky wagtlarda özünde nähilidir bir özgerişlik duýýardy. O nämäniň alamatyka? Ýeňşiň adyny tutanda gyzaryp-gyzaryp gidýärdi. Ýigit şo gijeki wakadan soň özüne birhili ýakyn görnüp barýan ýalydy. Nurnazar kem-kem daşlaşsa, ol arany ýygryp, ýetdim-ýetdim edýärdi. Özünde syrly bir gozgalaňyň derdini hiç kime aýtmasa-da, göwnüne orak şekilli aýyň gün-günden tegelenip barşy dek ýüze çykyp barýanyny duýýardy. Birden ýigit mundan habarsyz bolaýsa! Onuň öňünde eýle-beýle zat ýokduram, Aýperi! Ýeri, seni naçar gowşaklygy eýeledimi? Ham hyýallara özüňi aldyryp, ýok zatlaryň, belki, hiç haçan bolup-da bilmejek zatlaryň gaýgysyny edýän bolaýma!.. Gyz ýüz-müň hyýalda agyp-dönüp, alňasap öýüne barýardy. Baran dessine-de ejesini gujaklap, pyrlady; – Geçipdir, eje, geçipdir. Şumat adyny okap geldim. – Ol çaga ýady şatlygyny saklap bilmedi. – Geçeni gowy. Ýöne seň beýle bökjeklemäň näme? Aýperi ulugyza mahsus utanjaňlyk bilen aşak bakdy. Ajap eje gyzynyň sözüne bap sowal berdi. – Geçenini özi beri bilýärmi? Aýperiniň açyk ýüzi durlandy. – Özüni tapyp bolanok-da! – Bir ýere giden bolaýmasyn. – Näbileýin-dä! – Ideseň, taparsyň. Meniň-ä arakesmäm gutaryp barýa. Nahary holodilnikde goýandyryn, gyzdyryp iýgin, gyz. – Nahar işdämem ýok. Aýperi ejesi gidensoň trubka ýapyşdy. Dürli-dürli nomerleri aýlap, esli güýmendi. Myhmanhana jaň etdi. Gepleşip bilen zady bolmady. Onsoň ýeňil gopup, öýden çykdy. Ol indi ullakan zalyň iki egnindäki otaglaryň nomerlerine seredip, çepe-saga dönüp barýardy. Gyza Öwez Akyýew pete-pet geldi. – Siz myhmanhana birini idäp geldiňizmi? Gyz anyk bir zat diýmedi. Akyýew myhmanhanadaky dem-dynç alynýan zala baryp, oňa-da gel, geç etdi. – Men sizi görenimden tanadym. Öň bir gezek ýanymyza gelipdiňiz. Adyňyz Aý-Aý, Aýperi bolmaly. – Dogry. – Okuwyňyzy gutardyňyzmy? Gyzyň gözleri tegelendi. «Nireden bilip ýörkä?» – Gutardyk. Studentligem hezildir. Işlemegem hiç neneň däl. Indi jogapkärçilik, öz-özüňden talap edijilik döwür başlanar. Bu gaýtam gowy. Tijenýäň. Aýperi söz arasynda külbikesi bilen stoly dyrmady. Onuň gürrüňini bölesi gelmedi. Ýeri, naçalnigiň özi näme üçin bu ýere geldikä? Öwez Akyýew bolsa gyzyň gelmesiniň sebäbini çen edýärdi. Şonuň üçinem gyza-da, özüne-de basalyk bermäge çalyşýardy. – Bi – diýip, birmahaldan Aýperi ýüzüni ýerden galdyrdy: – Ilamanow bu taýda ýaşanokmyka, görüp bolmazmyka? Öwez Akyýew bir möhlet sowaly jogapsyz goýdy. Bilgeşlin hat gazete güýmenen boldy. – Görüb-ä bordy welin ýok ekeni. Menem göräýjekdim. – Sizem oňa garaşýaňyz-da!.. – Geläýse-hä, garaşýas. Haçan geljegini kim bilýär? – Siz ony ýakynda gördüňizmi? – Ýok. – Be-e!.. Aýperi howsalandy. – Bir ýere gidäýdimikä? Okuwy nähili bolar? Özem ýaňyja karar çykypdyr. Kabul edilipdir. Özi bilýänem däldir. Öwez Akyýew egnini gysdy. – Bilmedik. Menem siziň ýaly. – Siz ony başga kimden soradyňyz. – Menem gelip durşum. Sizi tanap gürleşeýin diýäýdim. – Öz-ä myhmanhanadan-a çykmandyr. Nobatçy aýalam bilenok. Bir adamlykda bolmal-a diýdi. Gyzyň tolgunýanyny Akyýew aňsa-da, syr bildirmedi. – Be-e, birden zym-zyýat boldy. – Bizem haýran. Bir eden zadymyz köne ülpetiniň suratyny görkezdik. Ol barada maglumat aldyk. Şol dosty türmeden çykypdyr. Ýene ozal ikisi bile hereket eden. Şoldur-da-şol, bizem göremzok. Aýperä durarlyk galmady. Bu gürrüňler ähli şady-horamlygyny ýelem-ýüwlet etdi. Naçalnigiň özem kyn ýagdaýda galdy. Goç baradaky gürrüňi gyza aýdanyna puşman etdi. «Beýdip naçaryň ýüregini çişirmeli däldi. Menem aýdypdyryn». Aýperi sussupes halda turup ugranda, Akyýew: – Siz öý telefonyňyzy bir goýuň! – diýdi. Aýperi aýdyp, yzyna garaman çykyp gitdi. Uniwermagyň ýanyndan geçiberende magaziniň aýnasyndan egni ak halatly Nurnazaryň oňa gözi düşdi. – Bo-ow! – ol alçaksyrap gyzyň gapdalyndan çykdy: – Sen nire, bu ýerler nire? «Jitnikowdan» gelýärmiň? – Näme bu gelinmeýän ýermi? – Zygyr-zygyr gatnap dursuň, işe giräýdiňmikäň öýdüpdirin. Bu söz öňem ýangynly gyzyň çetine degdi. Gep alyp galmaýyn diýse-de, ýene özi bilen deň bolmady. Her niçigem bolsa, sypaýyçylygy elden bermän: – Işe giräýemde-de gelişmän durmaz. Onsoňam bükgüldäp ýörme, seni ýamanlasym ýok – diýdi. – Seňki ýene köne heň-ow, Aýperi! Gyz sesini çykarmady. Nurnazar gyzyň ädimine ädim goşdy. – Gel, şu gürrüňi soňlaly-la! – Ýok, täzeden başlaly. Ol soňlanmaly däl-de, başlanmaly gürrüň. – Gyssanmasaň, Lenin bagyna baryp, dyz epäýsek näder? – Ýör barsaň. Ýigit gidip barýarka haladyny aýryp, epläp eline aldy. Gyzyň näme üçindir, gaharlyragam bolsa, göwünjeňligi Nurnazara ýarady. «Şu gezeg-ä düşünşäýsem gerek!» diýip inçe tama etdi, Çola bagda ikiçäk oturan dessine Nurnazar batnyksyzlyk edip, gyzyň eline elini ýetirdi. Aýperi siltäp goýberdi. – Seň menden gaçgaklamaň näme? – Aňyrsyna ýetip soraýaňmy, ýetmän? – Bilýän bolsam, soramazdym. – Saňa onda burnundan aňyrsyny görmeýän ýigit diýerler. – Aýperi!!! – Birki günlükde bir eser okadym. Adyny aýtjak däl. Okasyň gelse tapaý. Bäş ýyl ýaşaşansoňlar är-aýal aýrylyşýar. – Täzelik däl. – Aýrylyşmalarynyň sebäbi täzelik. Göräýmäge sähel zat ýaly, arada ullakan dünýä ýatyr, – Ýeri näme? – Aýaly ärinden bezikdiren zat – ownukçyllyk. – Ownukçyllyk!.. – diýip, Nurnazar barmagyny biri-birine süýkedi. – Ýene sen bärden gaýdýaň. Pul mesele däl. Onuň edýän gürrüňi ownuk, ýaşaýşa düşünişi ownuk, adamlar bilen gatnaşygam öz häsiýeti arkaly ownaýar. Ine aýalnyň jynynyň almadyk, ýok ýigrenen zady. «Beýle ownuk adam bilen uly ýoly, uzak ömri arka atyp bilmen» diýýär. Diýse-diýsin. Aýrylyşsa, aýrylyşsyn. Bize näme? – Biraz wagt bile tirkeşeniň bilen adam tanadanok. Baryş-geliş edeniň bilenem tanadanok. – Bir ýassygy paýlaşmasaň, tanamak kyn diýjek bolýarmyň? – Hökman olam däl. Ondan bärde-de tanalýan eken. – Aýperi Nurnazara köp manyly seretdi. Nurnazar bu kakdyrmany duýmady. Gaýta ol: – Mümkin – diýdi-de goýaýdy. – Näme diýsene, Nurnazar?! – diýip, Aýperi özüni ele aldy: – «Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok» edýän adam gözüme gelenok. Däliden dogry habar. Nurnazar aýagyny çilşirip oturyşyndan deňine sallady. – Men şo günden bäri utanyp ýörün. Bagyşla diýmäge-de hajat ýok. Jaň edemde-de gepleşmek islemediň. Boljak iş bolupdyr, geçeni geçdi bileli. Birek-biregi tanarça bolduk. – Haýp biri-birimizi tanamandyrys. Sähelçe pursat bolsa seniň ýüzüňi görkezdi oturyberdi. Nurnazar, gönümelligimi bagyşla. Sen menden gatam görüp ýörme. Diňe ýazyk özüňde. Eger ikimiz tapyşamsoňyz şeýle ýagdaý bolan bolsa, şonda men dis-dirije ýanardym. – Onda beýle ýagdaýa ýol bermezdim. Ölerdim welin... – Ysnyşyp, söýşeniň bilen, aýalyň näme tapawudy bar? Ýa nikany, söýgini, adamkärçiligi saklaýan el ýaly kagyzdyr öýdýäňmi? Ýok, kagyz ynama, söýgä hiç haçan direg bolup bilmez. Adam adama kyn günde tanadýa. Ýogsam seni ýetik bilmezligimem ähtimal. Dogrusy, bilerdim, giç bilerdim. Sebäbi, beýle şahsyýet bilen uzaga gidip biljek gümanyň ýok. Ynan, şol pajygaly pursat ölinçäm ýadymdan çykmaz. Sen meni kyn halda taşlap gitdiň. Onsoň men neneň saňa ykbalymy ynanaýyn! Sen men-ä däl, özüň üç,inem göreşip bilmediň. Onsoň men neneň seni gaýdyp söýeýin. Iň bolmanda, ýaka tutuşan bolsaň, tutluşan bolsaň, iň bolmanda jan howluňa bir urnup, jiger daglan bolsaň, uzak ömrüm bil baglardym. Ýaralansaň, ýaraňy ogşap-ogşap gutarmaga-da razy bolardym. Ýarty adam bolsaň, gaşymy çytman gazygyňda garrardym. Gutardy, bary gutardy. Gowy zat, saňa heniz düýrmegim bilen berilmänkäm kimdigiň bilindi. Git, janymy ýakma-da, güm bol. – Aýperiniň imisalalygy bozulyp, barha dergazaplygy artdy. Otlukly-otlukly nazary Nurnazaryň içinden-bagryndan parran geçdi: – Git, git. Seni ýigrenýän. Ýylanyň narpyzy ýigrenişi ýaly ýigrenýän. Beýle sözler Aýperiniň agzyndan çykar öýdüp garaşmadyk Nurnazar öz gulaklaryna ynam etmedi. Ýüzüne köz bolup degýän ýazgarmanyň öňünde durmagy tap getirip bilmän, ýerinden galdy. Geplände tüýküligi syçrap-syçrap gitdi. – Giderin. Ýöne senem-ä öýe düşüp-çykan Ýeňşiň bilen bal güne bataýmarsyň... Gitdi. Aýperiniň gözýaşa ýuwlan ýüzi hasam aşak egildi. * * * Ajap eje gelşine çalşyrynyp, diwana çökdi. Demini dürsedi. Yssyň derdinden öl-suw bolan bedenini çalykdyrmak üçin köýneginiň ýakasyny çekip goýberip, ýelikdirdi. Kitaba güýmense-de, okap weji bolmadyk gyzyna aşaklykdan ser saldy. Ýüzi hatda hem bolsa Aýperiniň gözleri harpda däldi. «Öýe düşüp-çykan Ýeňşiň!» Ejesiniň özüne nämedir aýdýanyny Aýperi eşitmedi. Içini hümledip oturyşyna: – Eje, maňa bir zat diýdiňmi? – diýdi. – Saňa bir zat däl, kän zat diýjek. – Ejemi!? – Aýperi enäniň ýanynda çagasyrap, oýunlyga salsa-da, enäniň çynydy. Ajap ejäniň esli wagt bäri ýüreginde dykyn alyp duran heser ýatyrdy. Ony mahal-mahal diliniň ujuna getirýärdi-de, ýene ýeke dikraryna dözmän, ýuwdup goýberýärdi. Gyz derdi-ene derdi. Gyzlar enesine dert bolguç diýen gürrüň hakykat eken. Hem ata, hem ene ornunda durup, kemala getiren gyzynyň eline tiken batsa, ene ýürek gyýyljakdy. Ýeke perzendi diýip, Ajap eje hany-manyndan geçdi. Ömrüniň gylla ýaryny – ýigrimi dört ýylyňy erkek tenine teni düşmän ötürdi. Adamsyndan galan ýalňyz balasynyň häli turup äre gidäýse, ynjar, başy egsik bolar gorkusy bilen aýagyny jüp tutup, äriniň diken öýüni, gazan ojagyny saklap oturdy. 1948-nji ýylyň tebigy belasy ony ýanýoldaşdan ömürlik aýra saldy. Adamsy Döwleti ýer hopanda ýaşyna ýeten Aýperijik ejesi bilen oba – daýylaryna gezelenje gidipdi. Diňe ejesiniň ýatlamalaryndan kakasy Döwleti tanaýmasa, mährem atanyň keşbini ol göz öňüne getiribem bilenok. Ýöne öýde kakasynyň çarçuwa salnan suratyna seredip, ol keşbiň juda özüne, özüniň kakasy bilen bir almany iki bölen ýaly meňzeşdigine gözüni ýetirýärdi. Ejesi otursa-tursa: «Sen kakaňa çekipsiň. Boýuň-syratyňam, gylyk-häsiýetiňem agyn Döwlet» diýip, dilinden düşürenok. Adamsyny juda eý göreni, ýürekden berleni üçinmi, ajy aýralykdan bäri gyzyna gülden agyr söz diýse, gyzy däl-de, Döwlet ynjaýjak ýaly bolup dur. Emma käte soň dyzyňa urmazlyk üçin, ilki ynjytmaly bolýar. Enäniň welin, ynjaý-ynjaý gelýänini Aýperi bilenokdy. Ajap eje ýarylara pursat agtarýardy. Häli birden çylkasyzymy oklap, oglan ýüregini paralaýmaýyn öýdüp howatyrlanýardy. Enäni gije ukudan, gündiz işdäden kemdirýän zat gyzynyň ýetişenligidi. Abraý bilen başyny bogup, aýagyny uzyn saljakdy. Oňa kör köpük gerek däldi. Özem Döwlete halaşyp baryp, zat hantama bolmandy. Toýunyň harajadynam, galan gerek-ýaragam giýewsiniňki bilen bile çekmäge kaýyldy. A belki, gyzynyň ýanýoldaşyny hem ogul, hem giýew ediner! Bu Ajap ejäniň ýetibilmez arzuwy. Ol ýeke dikraryndan daş düşmese bolýar. Bir meýdan geçen-u-geljek günleriň aladasyny serinde aýlap, maňlaýyny tutup oturansoň: – Aýa, Aýam! – diýip, Ajap eje ýene saklandy. – Näme, eje? – Ol ýigidi sorap-idediňmi? Aýperi kitabyny bir gyrada goýdy. Teňligini basmarlap: – Bardym öz-ä!.. – diýip, gümürtikledi. – Aýtdyň dälmi? Ýa eýýäm özi bilipmi? – On-a tapmadym. – Nä-m-e-e-e!!! Haýran-serasyma bolmadan ýaňa garrynyň agzy öwelip galdy: – Ýokmy? – Tapylanok. Öňküsiniň üstüne bu-da enä urna boldy. – Seňki şeýle-dä! – diýip, gyjyt gatyşykly igesini gyzyna assa-ýuwaş süýkedi: – Beýlede bir zat bolar oguşýa. Ýalan bolaýmasyn. Nurnazar tetelliň saňa ýamanlyk üçin tapýan gürrüňidir bü. – Myhmanhana bardym, ýok. Nirä gidenini alla bilsin. Nobatçy aýal ýalan sözlemez ahyry. Birden ümdüzine tutduryberen bolmasa. – Myhmanhanada ýaşaýarmy özi? – Ady bar-da, özi ýok. – Işleýän ýeri ýokmy? – Heniz işe duran däl bolaýmasa. Belki, aýtman-diýmän işlese-de işleýändir. Diline bek, näbileýin. Ajap eje geň galmasyny sözsüz yşarat bilen aňlatdy. – Ýyldyza ýörän ýaly öz-ä! – Nurnazar diýseň, Nurnazar şeýle. Onuň bilen azak-tenek tirkeşdiň taşladyň, tanamansyň. Aýperi ýalbaryjy äheňde ýüzlendi. – Eje, şoň adyny agzamasana! – Agzamanyň bolýarmy? Senden beter eneň örtenýänini bilýärmiň? Guwanara senden başga kimim bar? Ýeri, indikiň näme diýsene?! Göräýmäge menikli ýigit ýalydy. Oňam beýle bolup çykaýşyny. Öwrenişäýipdirisem biz-ä, Erkek adam öýüň ýaraşygy. – Aýtman-diýmän ökje göteriberşi geň. – Onda adam bolaýmajakmy? – Ýo-ýok, beýtmel-ä däl – Aýperi tolgunýanyny bildirmezlige saldy. – Ony meň çöregim urandyr – Ajap eje jany ýangynly sözledi. – Eje, beý diýme. Seň bişiren nanyň diýip ölüp barýar-da! «Muňa hurş gerek däl» diýýärdi. – Haý, gyzym, gyzym! Ýigitleň alyna aldanyň. Ýeňşem Nurnazar ýaly pak çykdy diýeli-le. – Eje, Nurnazara näme diýseň, diý. Ýöne Ýeňşe beý diýme. Ol bize ýagşylykdan başga näme etdi. Ýerlän däldir, gidendir. Ajap eje gyzynyňam az azap çekmeýänini bilip, ýene ene giňligi bilen dymdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |