23:22 Ynsabyñ jezasy -13/ romanyñ dowamy | |
ON ÜÇÜNJI BAP
Detektiw proza
Köpetdag restorany merkezden sowarak bolsa-da, hemişe köp adamlydy. Mahal-mahal direktoryň yzyna adam tirkäp gelmegi adaty endige öwrülip gidipdi. Bu gezegem ýany ýaş ýigit, gartaşan adamly peýda bolmagy ofisiantkalary geňirgendirmedi. Beýle ýagdaý ýygy-ýygydan gaýtalangyçdy. Ýer ýetmezçilik edilende täzeden stol-stulyň goýlaýmasam bardy. – Buýruň, baş üstüne! – diýip, özüni ýaş babatda gelenleriň ýaşulusy bilen deňeçerräk saýýan girdenek direktor çeträkdäki stoly görkezdi. Derrewem: – Roza Mämmedowna! – diýip, gyryk sesi bilen aňyrda bir ýerde hasap-hesibine güýmenen birine gygyrdy. Owadan, süňk-başy irimçik Roza hanym gaýkyjaklap, seýkin basyp geldi. Altyn dişini ýaldyradyp, mylakatly salamlaşdy. Ofisiantkanyň göze geliwli katdy-kamaty, halkalaýyn dik depä göterilen tokmak saçlary, öpüş talap edip duran ýuka dodaklarydyr nar ýaňaklary ýaş ýigidiň nazaryny bada-bat özünde egledi. – Bular gazetden, žurnalistler. Restoranymyzda hyzmat edilişi göwünlerinden turupdyr. Iş bilen tanşyp, ýazaýma hyýallary bar. Surata düşürse-de düşürer. Roza gulagynda yrgyldaýan altyn teneçiri uzuk barmaklary bilen sypady. Näzli gülümsiräp, ýene altyn dişlerini ýaldyratdy. – Gaty oňat, gaty oňat. Bizem gazetçiler şeýdip ýatlap dursalar ýagşy. – Men ötägideýin, ýazuw-bozuw işim bar, gerek bolsam çagyraýyň – direktor izin sorap, öz kabinetine bakan gitdi. – Gulluk! – diýen garaýyşda Roza hanym öňlüginiň kisesinden galam, kagyz çykardy. – Bize iýer-içer ýaly zat gerek däl. Oturyň! – Ýaşuly ýumşak kreslony gaýrarak çekip, Roza uzatdy. Ýoldaşy bolsa boýnundan asylgy apparatyny stoluň üstünde goýdy. Oturmaga hyýallanan Roza ýene: – Belki, bir çäýnek, ýarym çäýnek çaý içersiňiz! – diýdi. Ýaşuly filtrli çilimini müşdüge ildirip, soňam zažigalkadan otlap, howlukmady. – Gürrüňiň gapdalyndan gök çaý kem-ä dälse däldir. Aýdylana mähetdel Roza gümmezekläp duran sagrysyny oturanlara öwürdi. Ýaşuly gelniň yzyndan ýene gijen gözlerini haýdadan ýoldaşyna igendi. – Näme, aýal görmedik ýaly, gözüň bilen iýäýjek bolýaň. – Beýle «dokuzy» düzüw gelni, dogrusy heniz göremogam, ýoldaş ma... – Ol näme üçindir soňky sözi gap bilinden bogdy. Roza çäýnek-käse getirip, ortada goýdy. – Noş bolsun, içip oturyň, Ýaşuly çaýy gaýtaryp-guýup, bilgeşlin eglendi. «Nämeden başlasakkak? Wäh diýen ýaly edäýmeli-hä däl. Tabşyryk şeýle». «Näçe aýlap-dolap, içgin aralaşybilseňiz, utarsyňyz. Bu gaty çylşyrymlydyr. Hiç kim bilmeli däl». – Onuň göz öňünde kimdir biriniň keşbi dikeldi. Ol salykatlylyk bilen pugta sargaýardy: «Gömelteý bolaýmaň. Inçeden yzarlaň. Tilki bilen tilki bolup, iş salyşmaly. Ýogsam, aldanarsyňyz. Ýetigem bolup bilmersiňiz. Ýöne bulaşdyraýmaň. Başarmasaňyz, ýagdan gyl sogurlan ýaly bolup gaýdyň. Soň dörjülemäň». Ol oý-pikirden aýňaldy. Häsiýetine çapraz düşýän endige-bisabyrlyga eýerjek bolsa hem gallawlygy, howlaýany bildirýärdi. Bu pille Rozanyň gabak asty olarymy, ýa olaryň aşaklykdan Rozanymy, garaz, kimiň kimi synlaýany belli deldi. – Adyňyz? – diýip, ýaşuly çekilip, dynnym ýaly bolup galan çilimini müşdükden aýyrdy. Müşdükde galan temmäkini üfläp-üfläp goýberdi. Roza adyny, familiýasyny aýtdy. Ýaşuly «žurnalist» bloknotyna belledi. – Kän wagt bäri işleýärsiňizmi? – Iki ýyl gowrak bar. – Ozal haýsy kärdediňiz? – Ozal «Türkmenbirleşikde» sekretar-maşinistkadym. – Muňa höwes edip gelensiňiz? – Höwes edip geldim. Sowal-jogabyň giňemän, çykmaly çygryndan çykman, dar çäkde gidip barýany üçin, ýaş žurnalist howpurgap, at goşdy. – Günde ortaça näçe adama hyzmat etmeli bolýarsyňyz, Roza Mämmedowna?! Roza gelin gara gaşlaryny çalaragada gerip, goýun gözlerini süzübräk, posalak, ak mapraç ýüzüni ýaş ýigide öwürdi. Ýaşuly bolsa ýoldaşynyň jaý ýerde goldanyna begendi. – Sanamzogam biz-ä. – Şonda-da, jijim, çak bilen bilýänsiňiz ahyry. Bu zarisowka üçin gaty derwaýys – ol tekrarlasa-da tekrarlardy welin, soňky jümle ysgynsyzrak, sesem özüniňki däl ýaly çykdy. Ýaş ýigit ogrynça ýoldaşyna, bir-de ofisiantka seretdi. «Hernä ony gürrüňdeşleri aňşyran däldir-dä!..» – Kä köp bolýar, käte az. Şenbede, ýekşenbede juda adam kän gelýär. Çarşenbede hem ýer ýetenok. – Maşgala durmuşyňyz? – Ejem bar, kakam ýok. – Adamyňyz? – Ýok. – Aýrylyşdyňyzmy? – Aýrylyşdyk. – Aliment alýaňyzmy? – Çagaň bolmasa aliment alarmyň? – Ýaşysyz? – Ýigrimi ýedi. – Bilim derejäňiz? – Orta. – Milletiňiz? – Ejem tatarka, kakam türkmen, pasportda türkmen ýazylgy. Ýaş ýigit ýene söze goşulmaga döwtalap bolup, saklandy. Apparatyny gabyndan çykaryp pagtajyk bilek arassalamaga durdy. Şol aralykda kimdir biri ofisiantkany hasaplaşmaga çagyrdy. Roza rugsat sorap daraklygyna basyp gitdi. – Bü-ýä, gala görünýä, jijim. Ýaş ýigit egnini gysdy. – Belki, soragy özüň alyp bararsyň!.. – Ýaşuly gaýşaryp, kreslony pyrlady. Aýagyny biri-biriniň üstüne atdy. Ýene bir zat diýmek isledi. Ýetişmedi. Gaz ýörüşini edip gelen uzyn boýly, giň gujakly Roza üstlerine abandy. Ýaşuly ýene çilimine güýmendi. Söz nobaty ýaş ýigide geçdi. Indi ol gözüni Rozanyň gözünden aýranokdy. Roza ortasy dilkaw bolup, akjaryp görnüp duran galbaň göwsüni görer gözden gizledi, köýneginiň ýakasyny çekişdirdi. – Aýlyk-günlügiňiz oňşuk ederçe barmy? Ýaşulynyň ak sepen gaşynyň astynda ýaldyraýan gözleri tegelendi. Dodagy müňk-müňk etdi. «Morta gepledi. Daşdan aýlamaly ahyry. Birden-kä beýle soragy bermek gödeklik. Göwnüne ýok güman geler häli». Rozanyň dodaklary çalaja çyzyldy. Bu onuň kinaýaly ýylgyryşydy. ýylgyranda öňküsindenem owadan göründi. Şeýle-de bolsa, gürrüňdeşiniň beren soragyna özüde düşündi. Ähtimal, bu onuň gazananyň bezeneniňe ýetýärmi diýdigidir. Ähtimal, altyn teneçiriň, altyn ýüzügiň, altyn dişleriň aňyrsynyň çöpi bardyr öýdýändir. Ähtimal, illerden saýlantgy görkezýän sap ýüpek lybasyna gijen gözli žurnalist betgüman gidýändir! Ähtimal!.. – Pul diýip, kişiň üstüne-hä baramzok – Roza birazrak garaşdyranyny saçyna timar, özüne reje berme bilen ýuwmarlady. Ýöne ýaş ýigidem ilki sowalynyň sowarak düşenine giç göz ýetirdi. Ofisiantkalara beýle diýmek ýerliksizdi. Bulary ikiçäk goýmak maksady bidenmi, ýa gaýra sebäbe görämi, ýaşuly ýerinden galyp, endigine eýerip, gezmelemäge hyýallandy. Restorandadyklary tiz ýadyna düşüp, ýene öňki ýerine geldi. Adamlar keýp çekip otyrlar ahyry. «Gezelenç eder ýaly park däl, bu göwün açylyp, degşip-gülşüp oturylýan ýer» diýäýmesinler häli. – Siz adamyňyz bilen sudlaşyp aýrylyşdyňyzmy ýa ýöne öz razylygyňyz bilen?! – Siziň soragyňyz žurnalistleriň soragyna meňzänok, prokuroryňka çalym edýär. – Roza muny kakdyrdymy, kakdyrmadymy belli däl, bu ýöne iki ýoldaşyň ýüregine jüňk boldy. Şu ýerde olar özlerini juda resmi alyp barandyklaryny duýdular. Adaty endikden saplanyp bilmändiklerini boýun aldy. Roza welin, sowalyň arasyna salym salman, jogabyny nagt etdi. – Kim sud üsti bilen nikasyny bozýa, kim şeýle aýrylyşýa. Bize-de şoň ikinjisi degişli. – Ýogsa-da Roza Mämmedowna, siziň janköýer dostuňyz kim? – Ine, bu gazetçileň beräýjek soragy. Janköýer dostum kän. – Atlaryny aýdyp bilmersiňizmi? Roza eli tabakly ýöräp barýandyr-u-hat-çotuna güýmenip oturan işdeş joralaryny görkezdi. – Bary hem dostum, joram. – Hakyky dost, jora adamda bir ýa iki bor. – Beýdip kategoriýa bölemok. – Ýoldaş ma... – diýip, ýaş ýigit ýene zordan dilini dişledi: – Siziň soragyňyz barmy? Ýaşuly başyny ikibaka ýaýkady. – Onda näme, Roza Mämmedowna, birki sany işdeş ýoldaşyňyzy çagyryň, surata düşeliň. Hä diýmän, gazetde ýalpyldarsyňyz. Roza oturan ýerinden iki ýoldaşyna ümledi. Olar ýylgyrjaklap geldiler. Ýaş ýigit ilki Rozanyň portret-suratyny aldy, soň eli tabakly görnüşde düşürdi. Üçüsini bilelikde alybam, bloknodyna adreslerini ýazdy. Müňkürlik etmesin diýen ätiýaçda beýlekileri ilki belleşdirdi, gezek Roza ýeteninde, ol öý adresini aýtmadan gaýra gaýyşdy. – Žurnalist halky gezende bolýar. Häzir bu ýerde bolsa, erte başga ýerde selpäp ýörendir. Suratlary bir ekzemplýar, bir ekzemplýar iberäýsek diýýäs. – Gazetde çykany bilen kanagat edäýeris. – Roza Mämmedowna!.. – Rugsat bolsa, iş-aladam bilen boluberjek. – Bolýa-da! – Bu gezek ýaşuly ýaş kiçiden öňürtdi, Olar hoşlaşdylar. Ýöne Roza Mämmedowna bu iki «žurnalistiň» kadrlar bölümine degip, özüniň öý adresini alandyklaryndan entek-entek bihabardy. Ol restoranyň ullakan penjiresiniň öňünde durup tutusyna bukulyp, köçä seredýärdi. Ýaňky ikisiniň gidenini-gitmänini biljek bolýardy. Birhaýukdan tirkeşip çykanlaryny görüp, uludan bir dem aldy. Olar tä awtobusa münýänçäler, gözi bilen ugratdy. Iş wagty gutarýança zordan çydam etdi. Sagatlar ýyla döndi. Wagt geçenokdy. Işini taşlap gidäýmäge-de bogny ysanokdy. Birtopary bilen indi hasaplaşmalydy. Owadan gelin gitdigiçe howsalanýardy. Bir ýerde durmaga, bir ýerde oturmaga karary ýetenokdy. «Hüm, hüm» edip garşy-garşy dodagyny müňküldedýärdi, näme üçindir, elden-aýakdan düşüp, öz-özi semender dek ot alyp, tutaşýardy. Restoran ýapylyp ýapylmanka, erkek adam ýaly her ýerden bir basyp, ýoly germeçläp ugrady. Ýüzugra geçip barýan maşynlara el galdyrýardy. Durmadymy, ýene ädimläberýärdi. Ahyr gök çyrasyny ýalpyldadyp, bir taksi gabadynda saklandy. – Nirä? – Mikroraýona. – Münüň. Maşynyň ýanynda ýol gaýgymy. Diýen ýerine bir salymda getirip taşlady. Roza birliginiň gaýtargysyna-da garaşmady. Haýsydyr bir gapynyň bosagasynda sömelip, yzyndan ýagy gelýän ýaly howlap, kakdy. Işigi açyp, çat maňlaýynda duranam Goçdy. Soňky deminde ölüp ýeten kimin, Roza gapyny zordan itiberdi. Başyny Goçuň gursagyna ýaplap, agyr-agyr sojady. – Ne beýle bimahal-la?.. Jogap bolmady. Ol henizem demini dürsemändi. Bütin göwresi bilen saňňyldaýardy. Goç özünden boýda-göwrede ejiz bolmadyk Rozany gujaklap töre äkitdi. Roza gözlerini otaglara elek-çelek edip, ýat kesiň ýoklugyny bilensoň, ynjaldy. – Hany ýoldaşlaň? – Dyr-pytrak boldy. – Geljeklermi? – Indiden soň gelmezler. Arkaýyn otur. Roza Goçuň howut ýaly boýnundan ak gollaryny dolady. – Habaryňy ber. – Eýgilik däl. – Anygy. – Şu gün restorana iki žurnalist bardy. – Barsa, barypdyr-da. – Yzyna gulak as. Biri žurnalist, fotohabarçy bolsa-da, biri däl. – Näbilýäň? – Gep salgyndan güman edýän. Birinjiden-ä, özüni alyp barşy gazetçä meňzänok. Harby adam-a çalym edýär. Ikinjidenem, ýoldaşy, ýoldaş diýer ýaly ýoldaşam dälmikä diýýän, şo birküç gezek dagy bir zat diýjek bolup, gümürtikledi. – Näme diýjek boldy? – O häki – Roza bir zady hakydasyna getirjek bolýan ýaly, böwrüne diň saldy: – Hä, Ýöne, ma... ma... diýip, yzyny aýtmady. Goç oýurgandy. Ak gollary özünden aýryp, bir möhlet oý-pikirde ýüzdi. – Öňünden ýoldaş ýa graždanin diýen-ä däldir. – Graždanin diýmese-de, ýoldaş-a diýdi öýdýän. Birhowa kelle döwen Goç uç tapdy. – Äh-ä! «Ma-...» diýmek, öňündenem «ýoldaş» goşulsa «ýoldaş maýor» bolmaly. Biçem däl. Nähili adamlar? Roza ikisiniňem salgyny berdi. – Tanamok. Agzyňy ysgap görmäge gelendirler öýdýäňmi? – Äheňlerini halamadym. Roza şuş-şu wagtam tolgunsa, Goçuň welin göwni bir ýaly görünýärdi. Daşyndan howsalanýanyny, howsalanmaýanyny eger-eger aňarly däldi. – Sen syr bermediň dälmi? – Syr bererinmi? Öý adresimi soradylar, aýtmadym. – Aýtmaly ekeniň. – Aýtsam!.. – Roza sägindi. Goç zlini silkip goýberdi. – Tapmazlar. Birugsat dörübem bilmezler. Aýdaýan bolsaň, onçakly müňkür bolmazdylar. – Senden bidin... – Durşuna dur dälmi? – Özüň üstünden alanyňdan galany dur. – Dagytmaly. Bölek-bölek edip, birküç ýerde goýmaly, ynamdar adamda. – Ejemlerde goýaýsam... – Bolmaz. Ejeň bilen seniň näme tapawudyň bar. Seni tapan, ejeňem tapar. Goç ýene kelle döwüp ugrady. «Näme üçin ala-böle Rozadan güman edýärler. Restorana barmamyzy kesäýsekmikäk? Kimdir biri ýetiräýdimikä? Kim ýetirsin! Ýeňiş allaowarrada gezip ýör. Maradam ýanynda. Kostýa-da öz ýanymda. Ýok, hiç birem garalyk getirjek oglanlar däl. Dillerine-de sak. Belki, zat ýok ýerden Rozanyň özi dow-dowa düşýändir». – Suratymyzam aldy diýdiňmi? – Ýekelikde-de aldylar, üç bolubam düşdük. – Haýsy gazetdendiklerini aýtmadylarmy? – Ýok. Menem soramadym. – Soramaly ekeniň. – Çintgäp durmaga çekindim. – Zyýany ýok. Puluň bir alajyny iýeris. Ony gaýgy etme. Ýöne sen olaryň birinden birini ozal restoranda – beýlekide gören-zat eden-ä dälsiň?! Roza bir nokada garap, dymdy. Hakydasyna ýol arçap, pikir ýumagyny çözledi. Esli mahal anyk bir zat diýmän, öz oýy bilen boldy. – Pylan diýsem ýalançy. Ýöne, hol arada dawa-jenjel bolmadymy, siz otyrkaňyz. Ýeňiş diýdiňmi, Ýemşik diýdiňmi, ana şol turuzdy özün-ä. Soňam ol dostuň bolup çykdy. – Hawa, hawa, bilýän. – Milisioner gelip, südenekledip ugranda, bir paýhasly adamyň töwella edeni ýadyňdamy? – Ýadymda. – Göwnüme bolmasa, şolar bilen bir stolda şu günki ýaşulam oturan ýaly. Wah, men olara hyzmat etmedim-dä, ýogsam tanardym. Indi Goç dymdy. Ýöne onuň dymmagy uzaga çekmedi. – Näme diýsene, birküç günden suratyňyz, diýeli, bir hepdeden, gazetde görünmese, sen mamla. Biz welin. gijä galmaly däl. Şu günden, galyberse-de, ertirdeş Soň giç bolar. Düşdüň, soň giç bolar. Bu gürrüň bir ýaňalyk edilen soň, gijäniň köpi geçip, azy galanda Goçuň agyr göwresi assa-assa Roza bakan egildi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |