23:53 Ynsabyñ jezasy -14/ romanyñ dowamy | |
ON DÖRDÜNJI BAP
Detektiw proza
Ýigrimi müň manadyň ogurlanan sesi çykan dessine polkownik Öwez Akyýew degişli adamlaryna duýdurypdy. Köpe guk bermän, operatiw işgerleri assyrynlyk bilen habardar edipdi. Ýöne olar sanlyja adamdy. Dillerine saklyk olara tabşyrylan ýalydy. Resul aga bilen komandirowkanyň telekesini edýän çagy hem podpolkownik Wadim Iwanowiç Sergeýewi, maýor Ýaýlym Abdyýewi, kiçi leýtenant Bapken Şamoýewiçi kabinetine çagyryp, bu operasiýany ýene bir gezek döwnäpdi. Dow-dowsuz, juda gizlin iş alyp barmagy tabşyrypdy. Çünki bu lomaý ogurlygyň üsti bilen gaýry şama-şaýyrdylaryň ýüze çykmagy ähtimaldy. Näçe hatyrjem bolunsa, organ işgärleriniň bähbidinedi. «Rozanyňam bu işde eli bar bolaýmasyn» diýlen gürrüň Öwez Akyewiň kabinetinde gulaklara degipdi. Ýöne belli-külli netijä gelmeden irdi. Aslynda häli-häzir gelibem bolmajakdy.. Onuň gitjek-gitjekde jany durman, işgärleri ýygnamagynyň bir sebäbem şoldy. «Wadim Iwanowiçe bu iş tabşyrylaýsa tüýs jüpüne düşjek welin, bölümde-de biri oturmalydy. Häli-şindi ministrlikden birden biri soralyp durdy. Ondan gaýry işlerem, gol çekip ugratmaly, kabul etmeli dokumentlerem azlyk eder ýaly däl. Podpolkownigiň paýhaslylygyna, inçeden yzarlap meseläniň düýp-teýkaryna ýetmäge dyrjaşyşyna polkownigiň syny oturýardy. Ol darykmaýardy. Her bir işde ilki günälenýän adamdan başlaman, töwereginden yzarlap ugraýardy. Mümkingadar janly şaýatlary ele salmaga ýykgyn edýärdi. Sypara deşik goýmaýan degerli faktlara daýanýardy. Ýaýlym Gelenowiç bolsa polkownigiň tanaýşyça gyzmarak adam. Her ädimde aňyrsy bärik gelip duran betlagamrak, hereketinde-de, gepinde-de ýumşaklyk ýok. Gullugyna öz akyl ýetirişi bar. «Organ işgäri egilişiksiz bolmaly. «Gamyşy gowşak tutsaň, eliňi gyýsa», adamlary gowşak tutsaň özüň hunaba ýuwudýaň! Ýuka ýüreklilik, geçirimlilik, mylaýymlylyk organ işgärlerine ýaraşmaz. Ol häsiýetleri alymdan talap et, mugallymlardan, şahyrlardan talap et. Bize welin demir ýaly berk bolmak derwaýys. Şu günüň adamlary gezüňe seredip içiňi bilýär. Ädim urşuňdan kimdigiňi anyklaýar. Adamlary belli bir akyla gulluk etdirmeli, uýdurmaly. Ýogsam olar jöwen çöregi ýaly pytrak. Şahsyýetler Ýöne ýerden şahs gazanyp, adamlaryň aňynda galan däldirler. Onda-da harby şahsyýetler». Ine onuň pelsepesi, eňeginden ýazdyrmak kyn. Muny Öwez Akyýewem, Wadim Sergeýewem özara gürrüňde onuň agzyndan telim gaýra eşidipdi. Hatda Ýaýlym Gelenowiç bir sapar ýygnakda hem şu äheňde çykyş edipdi. Podpolkownik Wadim Sergeýewiň bu zatlary ýatlamagy dek düýnki tabşyryklar zerarlydy. Rozaly gürrüňi maýor Ýaýlym Abdyýew bilen kiçi leýtenant Bapken Şamoýewiç ertesi mälim edipdi. – Ofisiantkanyň syzmasy bolmandyr – podpolkownik jyrk sary gaşlaryny galamyň ujy bilen gaşady: – Ýaýlym Gelenowiç, siz ilki Roza Mämmedowadan başladyňyzmy? – Edil özi, ýoldaş podpolkownik. – Oňarmansyňyz. Başga ofisiantka ýokmudy? Sowal-jogaby şolar bilen alyp barmaly. At gaýtarym beýlesinden aýlanmaly ahyry. Siz Bapken Şamoýewiç ýaly işe täze başlamaly däl, tejribeli adam. – Biz oňadyndan oňadyny etjek bolduk. – Rozanyň siziň maksadyňyzy duýandygyna ynanýaňyzmy? – Sebäbi ol sözüniň bir ýerinde «Siziň soragyňyz žurnalistiňkä meňzänok, prokuroryňka çalym edýär» diýdi. – Diýmek aňypdyr. Etjek alajyň ýok. Bähbit bolsun. Häli-häzir dörjülemäň haýry ýok. Goý, arkasyna biraz şemal çalsyn. Öz işiňiz bilen boluberiň. Abdyýew ör galsa-da, Bapken butnamady. – Ýoldaş podpolkownik! – diýip, Karapetýan nämedir aýdarman boldy. – Aýdyberiň. Bu sözi Abdyýew çala eşitdi. «Gaýdyberiň» diýýändir öýdüp, gapydan çykjak-çykjak bolanda, ýene podpolkownigiň özi saklady. – Siz nirä, ýoldaş maýor?! – Ýa gaýtmaly dälmi? – öňki ornuna geçip oturdy. – Biz birneme paňkyldabam-a gaýtdyk. – Düşünmedim, Bapken! – Suratyňyzy gazetde çykararys diýdik. – Indem çykmasa!.. – podpolkownik köp manyly dymdy. Ýene dowam etdi: – Direktor bilen gürleşiň. Jan ediň. Işine jürmi, dälmi. Käýinji-zady barmy-ýokmy? Anyklaň. – Direktor-a işe wagtynda gelýär, wagtynda gidýär, eýle-beýle sesini eşidemzok diýýär. Onsoňam kim bilýär boş wagtlarynda näme edip, näme goýýanlaryny diýýär. Başy boş aýaldyr-da diýýär. – Gazete hödürlenmese, başga çykalga gözlemeli bor. Belki, gazetde çyksa, bähbide çeker. Anygyny bil. Soň düşünişeris. Olar ýaňy gutardym edeninde yzyna bir aýaly tirkäp, uçastok inspektory Baba Möwlamow peýda boldy. – Mümkinmi? – Gir, Baba ag-ga, gir – diýip, podpolkownik oňa hemişe ýüzlenişini etdi. – Şu garry meniň gözegçilik edýän uçastogymdan. Garry diýer ýaly garram däl – Baba aga diýenini gaýdyp aldy. – Irden arz-şikaýat bilen geldi. Ynha, ýazgylaram – Wadim Sergeýewiň öňüne birtopar kagyzy süýşürdi: – Okap göräý, Wadim – Baba aga diliniň ram edişine bu gezegem eýerdi. Ol sakgaldaş bolany üçinmi, ýa köpden bäri bile işläp gelýäni üçinmi adyny resmi tutjagam bolmady. Soň ol Abdyýew taýa baş atyp: – Ýaýlym oglum, gurgunmyň? – diýdi. Yzysüre-de Karapetýan tarapa öwrülip: – Oglum, saglykmy? – diýdi. Baba aganyň aýdyşy ýaly gelen känbir gartaň däldi. Garryýasawdy, öňem etli-ganly göwresine holpuk köýnegi oňa hasam in berýärdi. Özüne serenjam bermäge, idi-suwat etmäge eli degmeýän bolara çemeli. Saçy-zülpi bur-bulaşyk, düýnde-şu günde darak degmän, uguralla kirjimek ýaglyk atynan. Bu bolsa ony sölüte görkezýärdi. Wadim Sergeýew ýazga göz gezdirip, geleni boýdan-başa synlamagyny dowam etdirdi. Bu mahal kabinetdäki işgärlerem öz hereketini gaýtalaýardylar. Baba aga öz ýanyndan arz-haýyş bilen gelen aýala seredip, Sergeýew barada pikir ýüwürdýärdi. Sergeýewiň özüne esewan edişi, ýeke starşiý leýtenantyň däl, kärdeşleriň gözüne ilgiçdi. Onuň geýen eşiginiň.epini bozulmaz. Kisesinde hemişe bölek mahmal matadyr. Sakgalyny günde iki syrmaga-da ýaltananok. Komandirowka giden ýerinde irden jalbaryny, köýnegini ütüklär. Ozal epini bozulmadygam bolsa, barybir suwlap ütük basmasa ynjalmaz. Bile dagy ýoldaş bolsaň bar onsoň, günüň geldigi. Turup-turmankaň, aýtman-diýmän, seniňem geýim-gejimiň ütüklidir, köwşüň arassalangydyr. Öz-özüň utanarsyň. Ol welin, bu endigini ertirem, birigünem gaýtalar... Baba aga gaşynda oturan aýal maşgala bilen Wadim Sergeýewi deňeşdirenine-de utandy. Ýöne bu aýal biçak sabyrly ekeni. Käbir erkekler, aýallar ýaly elden-aýakdan düşüp, ýüregi agzyndan çykyberenok. Ýogsam milisiýa işli gelýänleriň özüne basalyk berip oturany az-azdyr. – Aýdyber! – diýip, podpolkownik özünden ýaşkiçi bolansoň, oňa ilki nähili ýüzlenjegini bilmän sägindi. – Men-ä, doganlar, balam üçin geldim. Baba aga bilýändir. Dogman geçen bir oglum bar. Sergeýew onuň sözüni böldi. – Çagaňyz kän ýaly-la – kagyza seredi. – Hudaýa şükür, bar. Ilki gözümiziň göreni şol ogul. Galany gyz. Ýedi gyzyň arasynda bir ogul. Adamym gurluşykda işleýär. Özümem işlän bolýan. Magaziniň içini syryp-süpüren bolýan. Hudaýa şükür, günemamyz oňat. Gyzlaryň ikisi, gije okap, gündizine işleýär. Ýöne şu oglumyz guýruk tutduranok. Asla nirededigi- nem bilemzok. Ne gördüm-bildim bar, ne-de... Arzaçy assa-ýuwaş bir tabyny ýitirdi. Özüni saklap bilmedi. Ene ýüregi adaty ýukalygyny etdi. Kirpikleri nemlenjek-nemlenjek boldy. – Haçandan bäri öýe gelenok. – Wah, çagam, aýlap diýsene! Belli bir işiň başyny tutanok. Onda-munda selpäp ýör. Kakasam gaýta ýaş oglandyr, dura-bara düzeler diýýär. Düzel owarra. Wah, özümiz sandan çykardyk, özümiz. Çagamyza zordan on klasy gutartdyk. Okuwa girip bilmedi. Işe ýerleşdirdik, iş hoş ýakmady. Lälik öseniň işläp weji bolmaz ekeni, çagam. Ol gyňajynyň çowy bilen nemlenen kirpiklerini syldy: – Urşup, sögüşip, ýok ýerlerde görünmese-de razy. Gije-girim kaňkap ýörşünden her zat oslaýmaly. Siz oňa haý-küş edip bilmersiňizmi? Bolmasa, weýennä-zada alnaýsa, adam bolardy, çagam. – Tirkeşýän dostlaryny tanaýaňyzmy? – Dostly-ýaranly bolup, oňuşýan adammy ol. Sähel zat üste geýdirişmänem hiç zatça görenok. Öýe gelen wagtam jigilerine gün ýok – Ene bir zatdan howatyr edýän ýaly, sesini peseltdi. – Arada bir köwlenipdir. Menem dükana gidipdim. Gelip döküp-dörüp, kyrk manat alyp ýene zut gidipdir. Çekinip kakasyna-da aýdyp bilmedim, çagam. Ene ýanyp-bişip, gür berýärkä, näme üçindir Ýaýlym Abdyýewiň reňki üýtgäp-üýtgäp gidýärdi. Kalbynda hiç kime bilinmez harasat gopýardy. Baba aga bolsa «Ogulsyzlygam-a ýaman zat, ogullylaram şeýdip ýörse, biz-ä bilmedik-dä» diýýän manyda enäniň halyna gyýylýardy. Wadim Sergeýewiň welin, enä haýpy gelýärdi. – Ogluňyzyň öýde suraty barmydyr? – Bardyr, çagam, bardyr. Podpolkownik nazaryny Bapkene sowdy. – Hem-ä bu graždanini öýüne elt, hemem oglunyň suratyny alyp gaýt. Maşyny alyp gidäý... Bapken öwrülip gelende kabinetinde Sergeýewiň bir özi otyrdy. Kiçi leýtenant papkadan çykaran suratyny naçalnigiň orunbasaryna uzatdy. Mawy gözler ýaş ýigidiň keşbine dikildi. Bu Maratdy. * * * Marat bu pille Ýeňiş bilei allaowarradan çykypdy. Samolýotdan düşüp, nirädir alňasapdylar. Marat zol-zol töweregine ýaltaklaýardy. Soňra olar bir taksini sakladylar. Gurat ýeňil maşyn ýoly külterläp ugrady. Uzyn-uzyn til agaçlary zybyrt-zybyrt yza bakan at salýardy. Olar öňe myçman, göýä ýol ýakadaky billerine ak hek çalnan jortmak-jortmak guýma betonlar, hatara ekilen pürli-pudakly ýaş-garry agaçlar, kaşaň-kaşaň ymaratlar, gümmez şekilli jaýlar gapdallaryndan zymdyrylyp barýana meňzeýärdi. Şofýoryň ýola näbeletligi ýolda bilindi... Barmaly adresini gaýta-gaýta soraýardy. Maşyn indi tekiz ýoldan çykyp, çola, gyrymsy agaçlaryň içi bilen hallanlaýardy. Ýeňşiň birwagtlar bu ýoldan geçeni ýadyna düşdi, ýene şo ýol bilen gidip otyr. Ýoluň agramy yzda galypdy. Maşyn birden şüdügäre' ýet- di-de, loňkuldap, tapba ýatdy. Şofýor sögünjiräp düşdi, Kapodyny galdyryp, barlaşdyrdy. Onýança bir «Gaz-69» yraň atyp geçdi. Hernä çalt otlanaýdy. Ýene ýaýkanyp ugrady. Öňde gumak ýol görünýärdi. Ondan aňry ýene bulaşykdy. Ýoluň iki ýakasy biri-birine deňşir gurnalan, boýsuz, ýaýbaň in bolup duran pagsadyr çig kerpiç jaýlardy. Olaryň käsiniň gapysy ýol tarapa bolsa, käsiniňki aňry ýüzdemi, ilerdemi, gaýradamy, girip-çykyp ýörmeseň biler ýaly däldi. Obaçylykdan çykylan ýerde, ýoldan esli sowulybrak maşyny sakladylar. Şofýor maşyny yzyna öwürdi. Ýeňiş gyzyl onlugy tutdurdy. – Häzirlikçe şuny al. Şofýor gyssanýandygyny duýdurdy. – Garaşmaly borsuň. – Wagtym ýok. Maradyň göwnüne şofýor gidip barýana döndi. – Nar-nadyl etmeris. – Bolýa-da. Ýeňişdir Marat tirkeşip, gelen yzlaryna ýöredi, Soň çepe sowuldylar. Haýatlar, jaýlar olary tiz gözden ýitirdi. Ýeňiş ozal geleni üçin barmaly jaýyny gözläp, selpemeli bolmady. Tapsa-da göni baraýmaga ýürek edip bilmedi. Howly açykdy. Howlyň demir derwezesi äpetdi. Bir gyrada garysyny ýassanyp ýatan, boýny zynjyrly ala köpek hyňranmaga çemelenýärdi. Ol birden howlap-howlap, zähreleri ýarara geldi. Aňyrda bir ýerde, bölek keçe atylan sekide bir garry tesbi sanap otyrdy. Äwenokdy. Tüýden ýaňa gözi-ýüzi açyk saýgardanokdy. Sakgaly çürelip, döşüne ýetse, pişge murty agzyny ýapyp durdy. Seretseň, «beýlede bir gaşlak adam bolar ekeni» diýdirýärdi. Ýeňşiň içini it ýyrtdy. Goja tesbisini ýeke-ýekeden bir eýläk, bir beýläk geçiren bolup otyr. Kä pille bir çöwürmeli başyny galdyryp, henizem durmusyňyz diýen terzde äňeden kişi bolýar. Ahyr gojanyň ýeňsesindäki otagyň penjiresiniň tutusy birýanlygyna çalaja serpildi. Kimdir biri pyşyrdady öýdýän, goja hyk-çoklap hasasyna söýenip ýerinden galdy. Üç aýak bolup gelşine, itine haý-küş etdi. It guýrugyny ýamzyna gysyp, aňry çekiläýdi. Gojanyň türküçe çalgyrt gepleýänini Ýeňiş şu ýerde bildi. Iki taraplaýyn gepleşik. başlandy. Gojanyň gulagy agyr bolansoň, Ýeňiş bogazyna zor saldy. Marat sözlerden many ogurlap, çintgäp ugrady. – ... – ..? Emma goja Goçuň aýdyşy ýaly yzyna dolanmady. Çöňňe gözlerini ýylpyldadyp, ýigitleriň gözleriniň içine dikanlady. Soňam sagyna-soluna ýalt-ýult etdi. Adaty soňky soragy berdi. – ...? – Ýeňşem parolyň soňky jogabyny gaýtardy. – ... Goja ýigitleri yzyna düşürip barýarka «Ähüm-ühüm» edip, birki gaýra ardynjyrady, Ýeňşiň göwnüne bolmasa, ses çasly çykdy. Ýogsam ýap-ýaňam bogazyny gyrara getirip gepleşipdi ahyry. Indi goja taýagyna kän agramam salanokdy. Mytdyl-mytdyl ýörese-de, gurby özüne ýetikdi. Ol ýaňky oturan sekisiniň gabadyna gelip, öýe giriberiň diýip ümledi. Özi öňküje ýerinde oturyp, ýene tesbisini şytdyldadyp ugrady. Gapy açyldy. Emma hiç kim görünmedi. Ýeňişdir Marat söm-sak duruberdi. Diwardan çykýan ýaly bir ses eşidildi. Ýognas sesiň yzysüre iki ýognas göwre göründi. Olaryň ýüzi ýapykdy. Çadra şekilli örtgüsi bardy. Olar gerek-ýarak zatlary sorady-da, bir ýere sümüp, derrew alyp geldiler. Marat ilki pul berjek boldy welin, Ýeňiş böwrüne dürtdi. Onsoň ilki Ýeňiş hasaplaşdy. Harydyny çemodanyna gapgaryp, Marat puluny saňňyldadyp zordan sanady. Dem salymda ýüküni tutan ýigitler giren gapylaryndan çykmaga hyýallananlarynda ýaňkylar garaňkyň içinde başga bir ýerden äkitdi. Ýeňişdir Marat daşaryk çykan dessine Günüň ýiti şöhlesi gözlerini gamaşdyrdy. Äm-säm duran diňe ikisidi, ýogyn adamlaryň haçan galanynam duýmadylar. Ýeňiş töweregine göz aýlasa, jaýyň ne nomeri bardy, ne-de gapysy. Tesbi sanap oturan goja-da ýokdy. Diňe üýtgän zat: jübüleri boşap, ýükleri agralypdy. Herhal, jaýda kän eglenmedigem bolsalar olar galplyk etmändi. Harydy hem ýigitleriň alnynda guýup, ölçäp, sanap beripdiler. Ýöne dünýäler Ýeňşiň o görendäkisinden gaty üýtgäpdir. Ozal beýle däldi, açykdy, çaý-çörek berip, hal-ahwal soraşyp, hezzetläp ugradýardylar. Hany o ýagdaý! Garaşyp duran taksä ýetip-etmänkäler ikisi ýene saklandy. Çemodanlaryny açyp, janlaryny barlap gördüler. Ýerbe-ýer. Maradyň ädimleri ýeňil ädildi. Ýeňşiň bir bolşudy. * * * Öwez Akyýew eýýäm başga egin-başdady. Aerowokzalda graždan awiasiýasynyň işgäriniň geýimine girip, özüni tanatmazlyga çalşypdy. Samolýotdaka hem şol formadady. Gazete güýmense-de iki gözi Marat bilen Ýeňişdedi. Düşüp-düşmänkä ýene çalşyryndy. Ol ýolboýy komandirowkasynyň netijesi barada oýlansa, gytyjak murtly Rasul aga gaýtmanka aýaly bilen eden, sene-menesini ýatlaýardy. Aýaly adamsynyň janyndan gorkýardy. «Beýle çoh komandirowka olur» diýip, ýene adamsynyň uzak ýola atlanmaly bolanyndan nägiledi. Rasul aga bolsa adaty ýarym çyn, ýarym degişmä salyp, düşündirjek bolýardy. – ...Arwat, sän başa düşürsän. Gulluk war, gulluk war. Kätmesek olmaz. Män kätmä, sän kätmä, kim kädär, sän bilirsän, iş möhümdi. Galplyk eden kişini tutmah bezim bilendi. Oňşursän! Rasul aga gaýtsa-da, aýaly göwünsizdi. Üstesine onuň graždan formasyna girmegi ýanýoldaşynyň ýüreginde towşan turzupdy. Ýaragyny penjeginiň goltuk kisesine salanyny görüp, hasam howsalanypdy. Samolýotdan düşensoňlar Rasul aganyň bu zatlara gaýdyp eli degmedi. Öwez Akyýewem operasiýasynyň dowamy bilen boldy. Ýeňiş dagynyň maşyny ýolda togtanda gapdallaryndan yraň atyp geçipdiler. Yzlaryndan, esli aralykdan başga maşynly ýene başga adamlaryň gelýändiginden Ýeňiş dagy bihabardy. Öwez Akyýew öz parolyny aýdyp, ýolugra yzyndakylar bilen jaň arkaly gepleşýärdi. Yzarlanýan maşynyň togtanyny, özleriniňkiniň biraz ýuwaşamaklaryny sargapdy. Polkownigiň gapdalynda çürüje eňegini sypalap oturan Rasul aga olary bahymrak ele salmaga alňasaýardy. «Sypdyrmaly» diýip garşy-garşy gaýtalaýardy. Öwez Akyýew şeýdiläýse ähli operasiýanyň bir aşyk boljakdygyny,. häli-häzir bu ikisini tutmaly däl-de, merkezini gabamalydygyny düşündire-düşündire gelýärdi. Ýeňiş dagyň ýüklenip gaýdanyny, yzlaryna gidenlerini dürbi arkaly ala meýdandan Öwez Akyýew synlap durdy. Özleri buky ýerden görünmese-de, Maratdyr Ýeňşiň haýsy jaýa gireni, nireden çykanyna çenli mese-mälim görünýärdi. Ýöne ara biraz salym salmalydy. Güpbasdy edäýmekden irdi. Agza-burna gelen bu operasiýada bir möhlet baş rolda Rasul aga oýnamalydy. «Ýanyna birbada kimi kömekçi goşmaly. Birden oňarmasalar, şo ýaman». Esli wagtlap nazarlanýan jaýdan giren-çykan bolmady. Birden Öwez Akyýewiň gözi at gaýtarym daşlykdaky ýolagça düşdi. «Bäri sowulmazmyka?» diýip, içinde bir zatlary öwrüp-çöwren Öwez Akyýewiň barybir çaklamasy çykmady. Rasul agany pyýada yzyndan haýdatdy. Näme diýeni, nädip yrany belli däl, Ýöne Rasul aga arabakeşi arabasy-zady bilen bile alyp geldi. – Atam, ugur hanja? – diýip, Öwez Akyýew nätanyş ýaşuludan sorady. – ...Ugr-a ilerki oba. – ...Balçymyň? – ...Hä, oglum, bal alan bolsa, bal satýan. Ýaşulyň egin-eşigi sadalaçdy. Bal çyrşagy tegmil-tegmil galypdyr. Kellesine geýeni arydan goralýan örtükdi. Sap-sary geýimi onuň hakykatdanam balçydygyny alamatlandyrýardy. – Sen atam, bir sagat, ýarym sagat dem-dynjyňy alyp, bize garaşyk edip bilmezmiň? Bize şu araba bilen ýüküň gerek. Ýöne kän eglemejek bolarys. Ýaşuly ýöne ýerden haýyş edilmeýänini bildimi ýa özüniň köpi görenligi üçinmi töwekgellik etdi. – Meý-ä gaýtyp eglip-galmakçydymam. Öýle namazymy okaýsamam wagty – ýaşuly arabadan düşüp, eşeginiň agyzdyrygyny Rasul aga tutdurdy. Üstki geýim-gejimini çykaryp, täret kylmaga güýmendi. Balçy ýaşulyň egin-eşigini Öwez Akyýew başga milisionere berdi. Ony edil balçylar ýaly «bezäp-besledi». Milisioner formasy görünýän bolaýmasyn öýdüp, eýlesine-beýlesine syn etdi. Örtük ony mazaly basypdy. – Bar, «balçy» balyň geçginli bolsun! – diýdi-de arabaň üstündäki baly boşan gap-gaçlardan adama birini alyp galdy. Rasul aganydam eline ullakan köneräk sumkany berip, «balçyň» ters ugrundan iberdi. «Balçy» arabasyny jygyldadyp, ýanaşyk öýleriň çetinden girdi. Käte bir gamçysyny aýlap, zowladyp gygyrýardy. – Bal alan, bal alan! Ilerli-gaýraly öýlerden adamlar sallam-sajak gelşip ugrady. «Balçy» bilgeşlin saklanman, arabasyny maýdalyna sürýärdi. Maksady Rasul agany gözden salman, yzyna eýermekdi. Ýene gidip barşyna: – Bal alan, bal alan! – diýip açylmaly gapynyň açylaryna garaşýardy. Güňleç sesi bilen bal almajagam aldyrjakdy: – Maý baly, aryň baly, şeker garylmadyk bal, dadyp gör, agzyňda eräbermese alma. B-a-l a-l-a-n, b-a-l a-l-a-n! Ol hälki Ýediş dagyň çykan gapysynyň golaýjagynda saklandy. Ýöne pese öwrülip durdy. Sebäbi şo ýerden howlyň derwezesi ýakyndy. Gepleşseler eşidiljekdi. «Balçy» Rasul aganyň ýanyna Öwez Akyýewiň ýene birini goşanyny özünis balyny bahaladyp, «wah, gap getirmändiris-dä!» diýşip, geçip gidenlerinde görüp galdy. Ol eli gaply gelen aýal-u-erkege bal ölçäp ugranda hersi bir ýerden, başly-barat, kim gabyny goltuklap, kim elinde sallap, ondan-mundan kirpigini görkezen ýoldaşlaryna gözi düşdi. «Balçyň» eli işlese-de, gulagy derweze taýdady. Rasul aganyň «haý, ýit, ýoh bol, danyşmaga goýmarsän» diýen sesine çenli sypdyrmandy. Hasasyna agram salyp, özüne ýüzlenenlere bakan barýan gojany arabanyň üstünden synlaýardy. Indi ol durşuna gulaga öwrüldi. – Ötegçä ýol salgy ber, atam!? – Geliş nireden? – Nusaýdan. Ýaşuly: – Bir dem aýak çekiň! – diýdi-de yzyna öwrüldi. Gidişi bilen gelşi des-deň boldy. – Kimlerden. – Hojaýyn «Ýylçyr» göndermişdi. Ýylçyrlardan. Goja bu saparam degre-daşyna gorkuly ýaltaklady. «Balçyň» garabaşyna gaýdygyny, töwereginiň hümeriniň ýetikdigini görüp, «yzym bilen geliberiň» diýen yşaraty etdi. Olar howla girendirem, «balçy» gözlere güý düşüp, eşegiň böwrüne dürtdi. Agyra çydamadyk janawer ýöräberdi. Arabadaky bal neden dökülipdi. Bal almaga ýygnananlaram arabaň daşyna egrilişip, ýantyklap ýörediler. «Balçy» eşegini saklabilmedik kişi bolup, ala-goh turuzýardy. Eşek janawer Rasul aga dagynyň duran ýerine ýeteninde «balçy» «zordan» togtatdy. «Balçy» «meňkä guý, meňkä guý» boluşýanlara parh goýman, ýene sekide tesbisini sanap oturan goja ýüzüni öwrüp: – Bal alan, b-a-l a-l-a-n! Gel, atam, bal al. Aryň baly, maý baly. Däne-däne bal – diýip gygyrdy. Goja balçylaryň tomaşasyna goşuldymy ýa balçyň gižželemesine götergilendimi, tyrk-tyrk edip gaýdyberdi. Ol gelen dessine arabadan düşen «balçy»: – Atam, halys gabyz boldum. Çommalara ýer görkezsene – gojanyň gulagyna pyşyrdady. Goja howlyň içindäki hajathanany görkezdi. – Atam, gaýrat et-de, şu janaweri sakla, aç bolansoň gidiberýär. Özüm saňa balyň gowusyny bererin – diýdi-de, adamlardan birine garady: – Hany, inim, araba mün. Sen bir perşide sypat adam. Eliň rysgallydyr. Adamlary garaşdyrmaly, ölçäp beriber. – Hanyna-maýyna garaman nätanşy araba mündürip, eline susagy tutdurdy. Özi çermegini çekip, howlugan kişi bolup, howla girip gitdi. Onuň yzysüre gözlerden ogrynça Öwez Akyýew hem birküç ýoldaşy bilen şol tarapa gönüledi. Muny ne goja duýdy, ne-de beýlekiler. Öz işlerine güýmenen täze «balçy-da», bal alýanlar-da näçe wagtyň geçenini bilmediler. Ýöne bu wagt jaýyň aňry ýüzünde, Ýeňişdir Maradyň çykarylan «ogryn çykalgasyndan» üç adamy öňlerine salyp, Öwez Akyýew dagyň öz maşynlaryna garaşyp durandyklaryny bu ýerdäkiler näbilsinler. Düşüş şofýor şol wagtyň özünde «GAZ-69» güzledip geldi. Öwez Akyýew maşyna girip, telefona ýapyşdy: – Allo, allo! Men «maýak», «maýak». – Eşidýärin, eşidýärin. – Hemmesi ýerbe-ýer, spekulýantlar ele salyndy. Ýerli uçastok-inspektoryny tapyň. Ýene bir milisioneri sakçy goýuň. Sülçi, prokuror iş alyp barybersin. Howla, jaýa gije-gündiz gözegçilik ediň. Biz bular bilen bölümde gürrüňleşeris. Telefonda ýene şol ses gaýtalandy. – Ýest, ýoldaş polkownik! Soňra Öwez. Akyýew maşyndan düşüp, üstki egin-başyny aýyrdy. Tutulanlaryň gözleri hanasyndan çykara geldi. Polkownik bir gyrada ýylgyrjaklap duran goja balçynyň elini pugta gysyp: – Köp-köp sag bol, atam – diýdi – Taňryýalkasyn. Senem azara goýduk welin, aýyp-syn etmersiň-dä! – Soň goja bilen ýanaşyk ýöräp, goltugyňdan gol salyp, araba bakan ýöredi. – Ynha balyň, ynha arabaň. Eýelik et, atam. Hälki «balçy» milisioner bolsa goja balçynyň ýanyna ýylgyrjaklap geldi. – Eden söwdam şu – ol satan balynyň puluny goja uzatdy. Soň ol henizem eşegiň boýunbagyndan tutup, saklap duran tesbiçi gojany göterip maşyna dykdy. Maşynda öz ülpetlerini gören gojanyň agzy öwelip galdy. Adamlar bolsa bu bolan ýagdaýa düşünibilmän, olar gaýdansoňlaram aňk-taňk bolup durdular. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |