ON ALTYNJY BAP
Giňişlikden çykyp, şähere golaýlanlarynda Maradyň ýene gorky damary tirpildäp ugrady. Ýolda awtoinspektor duşsa hem özlerini saklaýjak ýaly duýuldy. Milisionerlerden biri seredäýse dagy jany bokurda- gyna geldi. Sözünde welin, tapyldy, şofýory nar-nadyl etmedi. Iki onlugy uzadyp, üstüni taňyrýalkasyndan gömdi. Ýeňşiň teklibini ilki unamasa-da ahyr onuňkyny mamla saýdy, çemodanlaryny el goşlary üçin niýetlenen awtomat gapda goýmaga razylaşdy.
– Çemodany şu gözenekde goý.
Marat ýaýdandy, ikirjiňledi.
– Goý, goý, gorkma, el degesi ýok. Ýanyňa göterip ýörjekmi ýogsam?
Marat çemodany bat bilen içine itiberip goýberdi.
– Üç sany belle.
– Belledim.
– Ýatda pugta sakla.
– Sakladym.
– Şol sany dogrulada, şu tegelejigi aýla.
Marat iç ýüzden bellän sanlaryny yzly-yzyna tirkedi.
– Aýladym.
– Ýap-da, çyzykdan ol bäş köpügi okla.
Demir gapyjyk öz-özünden gulplandy.
Ýeňiş daş ýüzüniň görkezijisini başga-başga sanlara getirip goýdy.
– Ony nätdiň?
– Haçan alamyzda gerekli sanlary aýlap, çekäýmeli.
– Be, täsin zat. Hiç kim el degirmezmi?
– Bellän sanyň bilinse bolmaz. Ony özüňden başga kim bilsin.
– Be-e, her hili zat çykjagaý.
– Ýör, indi ugraýançak gezeli.
Ikisi biraz aýlan-çaýlan etdi, barybir Maradyň müňkürligi aýrylmady. Göwnüne goşlaryny biri göterip gidäýjek ýalydy. Samolýotyň ugramagyna wagt bardy. Biletleri alyngydy. Zowzuldan Maradyň bir ýerde durasy gelenokdy. Ýüki elinde bolmasa-da bükgüldisi galmandy. Ilkinji gezek beýle töwekgelli işe baş goşandygy öz-özünden mälim. Gürs-gürsi ýetik. Ýeňşem syr bildirmän ýör.
– Goç begener, hä?! – diýip, Maradyň özi ýyrş-ýyrş etdi. Ol birde awunyň oňanyna begense, bir-de gapjarlar öýdüp çekinýärdi. Özüne düşjek oljadanam tamasy az däldi.
– Bilmedim-dä. Goç diýlen adam ýüzüňe gülüm-ýalym etse-de etjegi içindedir. Gözi gülse, ýüregi aglap durandyr. Birwagtlar gönümeldi. Ondan nam-nyşan galmandyr. Bar pikiri-zikiri Karun ýaly baýamak. Kim bilýär, nämäň kül-külüne düşdi. Ozal heleýe kowalaşýardy, içgä ýykgyn ederdi, dost-ýarlary bilen günde-günaşa keýp çekmese, bir zady kem ýalydyr. Indi görseň kän içgä-de özüni berenok. Jalaýçylyk etme hyýalam ýok. Gyza-gelne-de o diýen gyzygyp baranok. Diňe biri bilen bolaýmasa.
– Eýsem nämedendir öýdýäň?
– Nebsi otugypdyr.
– Sen, Ýeňiş, aýtsana, bu zatlar näçeräk bar.
– Häzir hasap edäýeris. Galam-kagyz barmy?
Marat jübülerini barlaşdyrdy.
– Ýok.
– Sen otur, men alyp geleýin.
– Çaltrak ýöne.
Ýeňiş jaýlara duwlanan dessine Marat beýle tarapdan bukdaklady. Şu mahal ýadyna düşen dek, Goçuň tabşyrygy esasynda hereket etdi. Ony gözden salmady. Burçdan-burça ylgap, Ýeňşiň yzyna düşdi. Ýeňiş bir ýerden ruçka alyp ýene aňry gitdi. «O näme yzyna dolanmady». Marat ot-elek boldy. Çüňkden-çüňke ylgady. Ýeňşiň telegraf agentligine sümenligini görüp, odukmak odukdy. Ullakan aýnaly jaýyň içinden Maradyň gytaklap gelýänine Ýeňşiňem gözi ilipdi. Ol içerden çykjak bolup durka, daşardan hasanaklap gelýän Marat bilen tas çakyşypdy.
Ýüzüniň gany gaçan Maradyň demi-demine ýetmedi. Çagadan hasap soraýan kimin, ýoldaşyna dazaryldy.
– Näme etjek bolýaň?
– Hiç zat.
– Ýok, seň sypjyklajak bolýaň.
Aňyrsybärik gelen Ýeňiş adamyň köplügine bakman, onuň ýakasyndan penjeläp silkeledi.
– Men-ä saňa bil baglamajak bolýan, senem maňamy?
Maradam yza tesmedi.
– Onda näme bu ýere gelýäň?
– Bu näme, gelmesiz ýermi, garagyň gapykmy? Bäbenegiň görenokmy?
Marat gowşady. Ýeňşiň elinde telegramma iberilýän gök kagyz bardy.
– Hiç ýerde kagyz ýok. Onsoň şuny almaga bu ýere sowuldym.
Marat dargursaklyk edenine ökünýän ýaly müzzerdi. Uzur ötünjek boldy welin, Ýeňiş elini silkip goýberdi.
– Eý, goýsan-a! Ýelem-ýüwletligiňi etmesene. Ýöne bil, saňa-da jogap bermeli mendirin. Goç senden hasabat soramaz, menden sorar. Şu bozgaklygyňy ýene gaýtalaýsaň, gatyja şäkärt dadarsyň.
Olar ýene öňki ýerlerine gelende, oturgyçda iki gyz otyrdy. Aerowokzalda mähelle köpdi. Hernä olar basym turaýdy. Ýeňiş «Gapdalyňyz boşmy?» diýenlere «eýeli» diýe-diýe ýadap, ahyr papagyny goýdy. Soň ýazyp-bozup bir zatlary hasap etdi.
– Bu näme!
– Uçmaly samolýotymyzyň reýs nomeri. Häli diktor çagyraýsa, bileti çykaryp oturandan şuňa seredäýmeli.
Ýeňiş goşdy-aýyrdy, aýyrdy-goşdy. Kagyzy doldurdy. Kä ýerini çyzdy.
– Öz sowanymyzam hasaplaýynmy?
– Eý, nämä gerek?!.
– Onda alan harydymyzy çykaraýjak. Sendäki bir, mendäki iki. Jemi üç. Şoň ikisi ýüpek, birem boýaga berildi. Maradyň gulagyna pyşyrdady: – Ýok ýerinde boýag çemçeläp satylýa. Ýüpegi geýim-gejim, milli egin-baş tikip satýanlar ýere degirmez. Näçe bahalasaň alarlar. Iki essesi alty bolýar. Üçüň alty bolsa, başga merk gerekmi? Bir ýerden satanda şeýle baha edýär, jellaplara bereňde. Elbetde, Goç ýa sen, ýa men aýlap satmajagymyz belli.
Öwez Akyýewiň adamlaryndan biriniň özlerine ogryn-ogryn garap oturanyny bu mahal özara hümürdeşýänler eger-eger gümanam edenokdy. Olar hasap-hesibe has gyzykdylar.
– Sanlyja günüň içinde üç-dört müň peýda görseň kemje-kerden däl. Onsoň Goç Goç bolmazmy? Ýöne biziň azabymyz reýgan bolaýmasa.
– Näme üçin?
– Biz bir günlükçi hökmünde, bokurdagyna gezip ýören adam.
– Bize-de emlär ahyry.
Ýeňiş «kim bilýär-dä!» diýen manyda garady.
– Seret – Ýeňiş çyzyşdyryp ýene bellik edişdirdi:
– Iki ýarym sagatdan barýas. Bi barmaly jaýymyzyň nomeri, bu uzyn çyzygam Atabaýew köçesi diýeli. Sen Atabaýewden Surikowa sowlarsyň. Men Swoboda prospektiniň üsti bilen giderin yzarlansak-yzarlanmasak bile gideris.
Soň Ýeňiş ruçkasyny Marada berdi.
– Kisäňde dursun. Kelle agyrtmaly-la. – Eliňdäki kagyzy düýrläp-düýrläp, zir-zibil gutusyna oklap goýberdi.
– Söwdamyz oňdy. Harydymyz ýanymyzda. Soňuny gaýgy edip, bizem gutaran-ow. Biziňki eltmek. Goçuň özi najatyny iýer. Aý, ýör, ýüz-ýüz içeli. Ýogsam wagt geçenok.
Olar ikinji gata çykyp, restoranda oturyp-oturmankalar, Öwez Akyýewiň iberen adamy zir-zibilli gutudan oklanan haty alyp, gözden gaýyp bolupdy. Muny ne Ýeňiş duýdy, ne-de Marat.
* * *
Ele düşenler şäher milisiýa bölümine getirilipdi. Öwez Akyýewem öz adamlary bilen naçalnigiň kabinetine ýygnanypdy. Dört pyýada bir hatar ugurda biri-birine gysylyşyp otyrdy. Polkownik sowal-jogaba, başga bir milisioner bolsa protokol ýazmaga taýynlanýardy. Sakgalyny gazamaga-da eli degmedik Rasul aga indi arkaýyndy. Ol ha çürüje eňegini sypasa, ha gytyjak murtuny ösüpmi-ösmänmi diýýän görnüşde barmagynyň ujy bilen barlap görýärdi. Bir gapdala ýatyrylyp, agy-garasy deňleşen saçyny daraklamagam unudanokdy.
– Adyňyz, familiýaňyz? – diýip, bäri başda oturana ýüzlendi. Ol adyny aýtdy.
– Käriňiz?
– Prowodnik.
– Prowodnik! – polkownik geň galdy: – Söwda-satyk edip gün görýäs diýsene, nä wagt bäri muňa burnuňyzy sokup ýörsüňiz.
– Edip ýören zadymam däldir-le. Ýöne häki bir...
Ol töweregine ýaltaklady. Birbada näme diýjegini bilmedi. Dymanyny kem görmedi.
– Ýylçyr bilen tanyşmy?
– Kim Ýylçyr?
– Tanaňok-da!
Ol dilini kentlewigine diredi.
– Jy-yk.
– At oýnatma. Pohiýjilik edeňsoň, gola salnaňsoň, bassyr-bussur etmäň geregi ýok. Süýji-süýji iýmäň, ajy-ajy gägirmesi bar. Eliň bilen edeniňi egniň bilen çek. Sen aragezer. Et diýleni edýäň, git diýlen ýere gidýäň, getirmeli zadam getirýäň. Günäkärmiň? Günäkär. Ýazyklymyň – mert dur-da, boýun al. Sypara ýol ýok.
Günäkäriň gerdeninden nähilidir bir güýç şatyrdadyp basdy.
– Hataňyzy boýun alýaňyzmy?
Öwez Akyýew sözüni uzaltman, gapa ýakyn oturan milisionere:
– Äkidiň – diýdi.
Dördüň ikinjisine nobat ýetdi.
– Polat Mömün – diýip, ol soralmanka aýtdy.
– Näme kär bilen meşgullanýaň?
Ol maňlaýynyň ýygyrdyny köpeldip, düşünişmändigini bildirdi.
– Zähmet çekýäňmi diýip soraýan.
– Zähmet çekemok, çilim çekýän. Onsoňam görlähetden habarym bar – bokurdagyny pitikledi.
– Gönülen.
– Meýli, meýli.
– Näme kärde?
– Satyjy.
– Sowet söwdasynyň işgäri bolup, spekulýantçylyk edýäňmi?
– Ýogsam eklenip bilemok, ýoldaş podpolkownik.
– Graždanin polkownik.
– Şo-da. Dokuz çagam bar. Aýalym öý-hojalykçy. Segsen manat aýlyk bilen on bir başa nan berjek bol, graždanin podpolkownik.
Öwez Akyýew ýene düzediş berdi.
– Graždanin polkownik.
– Şo-da.
– Aýalyňy işletmek gerek. Durmuşy bileleşip tigirlemek gerek.
– E-eý, graždanin podpolkownik – öz-özi birden – wiý, ýoldaş polkownik, hatynlar ata-baba işlemändir, indem işlemez. Hatyny işledip, minnetli nan iýip bilmeris – günäkär elini hereketlendirip, janykdy. – Hatyn öýe, maşgala seretmeli. Nan ýapmaly, nahar etmeli, kir ýuwmaly: – Ol döşüne ýumruklady: – Eklenç etmeli, pul getirmeli biz.
– Getirseň, halal gazanjyňy getir. Haramlyga baş goşmalymy. Çaga ýetişdirýäň, çaga kemala getirýäň ahyry.
– Eý-eýý, ýoldaş polkownik, siz ullakan adam welin, bärden gaýdýaňyz. Bir günüm-hoş günüm.
– Siz-ä «Ýylçyry» tanaýan dälsiňiz?
– Üstümde Alla bar, men ony göremok.
– Gönüňizden geliň!
– E-eýý, ýoldaş polkownik – Polat Mömin iki goluny döşüne goýdy: – Biz galplyk, söwda etsegem ýalan sözlemeris. Meň on bäş gün işläp, on bäş günem boş bolýan. Gelse işleýän wagtlarym gelendir...
– Siz beýläk geçiň-de oturyberiň.
Üçünji ýognas sesli ýogyn adamdy. Ol şu wagtam şar gara örtüklidi.
Öwez Akyýew ýaňsylady.
– Başatgyjyňyzy aýraýyň.
Ol buýtar-suýtarlyk etjek boldy welin, garşysyndaky milisioneriň gozgananyny görüp, haýykdy.
– Ýok, ýok, çykaryp bir gyrada goýaýyň. Çüw ýalaňaç dälsiňiz-le.
Dogrudanam, ol aýryp, epleşdirip goýdy. Ine, bir epeý adam. Ýüzüniň gany damara gelýär. Murty bir penje. Onuň murtuny görüp, Rasul aganyň öz murtundan göwni geçdi. Ol baldyryny syzladyp, bilini agyrdyp çörek iýýäne meňzänokdy. Öwez Akyýewiň gulagyna ýerli organ işgärlerinden biri çawuş çakdy.
– Hojaýynlary.
– Maglumat ýokmy?
Ol çykyp gitdi. Onýança polkownik nämädir güýmendi. Ýognas sesli ýogyn adam biparh oturyşyna ýerliksiz sorag berdi.
– Menden näme zat soraňzok? – Sesi hakykatdanam, turbadan çykýan ýaly ýop-ýognas eşidildi.
– Bisabyr adamdan zat soramagyň hajatam ýok. Özem aýdar. Özüňiz näme üçin tutlanyňyzy bilýäňiz ahyry.
– Bilmesine bilýän.
– Ýüregiňi ele almaň näme onda?
– Ýöne men «ýylçyr» diýeniňizi tanamok.
Öwez Akyýew ýerden gabagyny galdyrdy. Siňin seretdi: «Göwresine görä däl, boş ekeni, öwrüm ýok ekeni. Öz-özi aýtdy oturyberdi».
– Ony tanaýaňmy, ýokmy diýip, soramasak näme? Şeýle dälmi, Rasul Taýyrow?! – Muny Ýöne polkownik özara söhbet üçin aýdaýypdy.
Rasul aga gönüledi.
– Bu kişi çoh bilir. Tanyýyram diýdigi olmuşdyr.
Şu aralykda çykyp giden bir papka getirip polkownige uzatdy. Özem gapdalynda aýak üste durup, egildi. Öwez Akyýew ýazgylara göz gezdirdi, suratlara seretdi. Ýognas adamyň kiçi, uly suratlaryna garap, eglip duran bir zat-bir zat pyşyrdady. Polkownik hä, hawa berip, garşy-garşy baş atdy.
– Şu suratdaky sizmi? Bärik geläýiň?!
Ýognas sesli ýogyn adam patdyl-patdyl ädimledi. Egilse, bili döwläýjege döndi. Goç bilen ýanaşyk aldyran suratyny görüp, pezzik murtunyň towy söküldi, aşak sallandy, uly göwre biline urlan ýylan ýaly buruljady. Demini burnundan alyp, sessiz-üýnsüz läheň göwresini oturgyja goýberdi.
– Tussaghanada bile oturdyňyzmy?
Ýognas sesli ýogyn adam sessiz makullady;
– Adyňyz Tursun, familiýaňyz Hekim. Ýörgünli lakamyňyz Bek. Bolmalysy, Tursun Hekimbek ogly.
Ol ýene öňki hereketini gaýtalady.
– Biz sizi dogry aýyplaýarysmy?
– Dogry däl, dogry däl – diýip, Bek imisala otagy göçürere getirip, heňkirdi.
– Özüňizi raslaň.
Bek egnini sallap, aşak çökdi.
– Mundan iki sagat ozal üç müň manatlyk söwda edeniňiz dogrumy?
– Ýalan! Ýalan!
– Ýagşy, häzir göräýeris. Ine, şu iki müň manat siziň kisäňizden alyndy. Ýöne bi hemmesi däl – Onsoň polkownik iki milisionere buýurdy: – Ýene kiselerini dörüň. 5068195, 5068197, 5068198, 5068199 nomerli pullar kisesinden çykaýmaly, yzy kän, men ýene subutnama üçin aýdýan.
Ýognas sesli ýogyn adamyň kiselerini döküp-dörüp, zat tapmadylar. Olara tiňkesini dikip hemme hereketlerine pugta esewan bolup oturan Rasul aga goluny ýokary göteren Bekiň alkymyna dykylyp geldi. Gasygyň ýanynda galybrak görünýän çermegine ýapyşdy. Bek Rasul aganyň dyzyna aýagy bilen ýangynly gülçüldetdi. Rasul aga arkan serpilende, bada ýetişip, ýeňsesinden söýget berdiler. Şol halat bir milisioner çalasynlyk bilen Bekiň iki goluny ýeňsesine gaňyrdy. Bekiň ýene biri haýdan-haý eline zynjyr urdy.
– Köpeý ogly! – diýip, Rasul aga dyzyny tutup, agsabrak gelşine ýene çermegine el urdy. Çermekden kise edilip, rejelenen pullar dikligine salnypdyr. Ol getirip stoluň üstünde goýdy. Öwez Akyýew pullaryň nomeri bilen özündäki sifrleri deňeşdirdi.
– Deň gelýärmi? – Öz-özi jogap berdi: – Deň gelýär.
Olary Bekiň özüne hem oturanlara birlaý aýlap çykdy.
– Galyberse-de! – diýip, polkownik ozaldan kabinete getirilip goýlan tazdyr suwly kürüşgä Ýöneldi: – eline suw akydyň!
Milisionerlerden biri tazy Bekiň öňünde saklap durdy, biri onuň uzyn eline suw akytmakçy bolanda, polkownik:
– Sabyr ediň! – diýdi. Özi Beke ýakynlaşyp, sözüni dowam etdi:
– Eli, aýasy ak gerek!
Näme etmekçikä diýip, töwerekden üşerilişdiler. Tesbili goja-da, Polat Mömin-de gelip aňkardy. Öwez Akyýew sözüniň üstüni ýetirdi.
– Ak, ýuwaýyň.
Ýuwanlarynda Bekiň ak aýasy, barmaklary gyp-gyzyl boldy. Bekiň özem muňa haýran galyp, küti dodaklaryny wagty bilen ýygnap bilmedi.
– Pul ozal dermanlanypdy. Spekulýantlaryň etmişini boýnuna goýmak üçin. Indi günäňizi özüňizem boýun alýansyňyz...
Gezek tesbili gojanyňkydy. Gapy açylyp, girmäge rugsat soraldy. Hälki zir-zibil ýaşige oklanyp, mäjüm edilen kagyzy getiren Smirnow:
– Ýoldaş polkownik, ýene sagat ýarymdan samolýot uçmakçy. Aşgabat häli-häzire deňiç kabul etmedi – diýip, Ýeňişdir Marat dagyň reýsini görkezdi.
– Ýetişeris.
Öwez Akyýew sorag-jogaby dowam etdi.
– Ýeri, goja özüňi ýaman tüýe basdyrypsyň-la. Iş-alada kän bolýandyr. Birini ugratmaly, birini garşy almaly. Seňkem aňsat däl. Ýazygyňy tesbiň bilen bassyr-bussur etmekçimiň?
– Ä! Mana bir zat diýýäňmi? – tesbili goja gulagyny bir gapdalyrak öwürdi. Şypyrmasyny basyşdyrdy.
– Sen-ä goja türkmene-de meňzemän duraňok – Öwez Akyýew gezmeläň bolup, goja ýiti-ýiti seretdi. – Aslyň nireli?
Goja şytdyldadyp-şytdyldadyp, tesbisini oýnady. Polkownik ýuwaşja baragada ony stoluň üstünde goýdy.
– Hardan gälmiş sän – Rasul aga gozganjyrady.
Tesbisi elinden giden goja bu gezek barmaklaryny şakgyldatdy. Indi eli bilen gulaklaryny tutdy. Öwez Akyýew Resul aganyň ýanyna gelip, eşidiler-eşidilmez:
– Goja pugta üns berdiňmi? Heý, bir zat syzdyňmy? – diýdi.
– Eh, aňşyrmamyşam.
– Hany, bir syn et.
Rasul aga howlukman, aýagynyň gurşugyny ýazýan şekilde ör turdy. Gojanyň ýanynda äwmän dyzyny epdi. Göz gyýtagyny juda ýakyndan gojanyň üst-başyna aýlady. Oslagsyz ýadaýda birden eňegine ýapyşdy welin, oturtma sakgal eline geldi. Bolsa-da ony iş edip ýasapdyr. Synçy bolmasaň eňekden-ä biler ýaly däl. Onuň yzysüre gojanyň şypyrmasy gaýyp düşdi. Şypyrmaň aşagy gytygrak şar gara saç ekeni. Kimler pyňk-da-pyňk bolsa, kimler haýran galyp, aňyrsyna ýetip bilenokdy. Garrylyk alamatlaryndan saplanan goja ýaş ýigit boldy duruberdi.
– Indi seň kerligiňe-de dawam bar – polkownik gojaly gürrüňi häzirlikçe goýbolsun etdi. Günäkärleri idenekledip alyp gitdiler. Özli-özleri bolup ga- landa Öwez Akyýew ýerli organ işgärleri bilen bu operasiýanyň ýene esli başyny agyrtdy. Etmeli-goýmaly işler, yzarlanmaly adamlar barada pikir alyşdylar.
– Biz-ä näme, ýolagçy – diýip, polkownik birneme gyssanýandygyny duýdurdy. Galan işleri degişli ýerli işgärlere tabşyrdy. Özi bilen gelenleriň ýol telekesini etmelidigini ýatlatdy.
– Ýöne Bekiň Ýylçyr bilen ýanaşyk aldyran suragyndan birki sanysy bize-de gerekdi. – Ol naçalnik milisiýa ýüzlendi. Naçalnik milisiýa kimedir birine tabşyryp, basym taýyn etmeklerini haýyş etdi Sanlyja minutdan daşy dolangy, heniz gurap ýetişmedik suratlary Öwez Akyýewiň papkasyna saldylar.
– Onda näme, gaýtdyk. Siz sag, biz salamat.
Polkownik bile hereket edip, bile iş gören, birnäçe günläp tirkeşen kärdeşleri bilen sagbollaşdy. Özlerini uzadýan prokuroradyr milisiýa işgärlerine ýene bir gezek ýatlatdy.
– Til arkaly habarlaşarys. Bularyň ýene-de galan-gaçany bardyr. Gözegçiligi gözden salmaň. Bularyňam bir ýer bilen garynja gatnaşygy bolmaly. Ana, şony gola saljak boluň.
* * *
Maýor bilen kiçi leýtenantyň gönümel hereketi Wadim Sergeýewiň maňzyna batmady. Dogrusy, bu «ýaraň» sim alyp, azaýmagyndan çekindem. «Gumak ýola ýagan ýagyş çalyksa, aýagyňa batga ýapyşmaz» diýip, indiki edilmeli ädimler barada kelle döwdi. Ýene Bapkeniň gönülemesi, söz bermesi naçalnigiň orunbasaryny kyn güne goýdy. «Gazetde çykmasa, o birhili, yzarlanmalary bilinjek. Çyksa-da gelşikli däl. Göz astyna alnyp ýörlen, bu gün-erte jenaýatyň üstünde tutuljak adamyň suraty gazetde görünse, o birhili. Goç bilen eli bolmasa hijem...»
Podpolkownik ilki gazetiň redaktory bilen jaňlaşdy. Soň restoranyň direktoryna til urdy. Organ işgäriniň maksadyna redaktor aýlawlydan magat göz ýetirse, direktor özüçe düşündi. Ol işgäriniň öwlenini, restoranyňam agza-dile düşenini isleýärdi.
– Bizde işini ham edýän jerimä düşýär. Restorandan aýrylýarda, kafelere, naharhanalara geçirilýär. Bu bolsa ofisiantdyr ofisiantkalara gaty urgy. Şoňa düşmejek bolubam hoşamaý hyzmat etmäge, köpüň dilini tapmaga çalyşýarlar. Roza işini oňaranok diýip hiç kim aýdyp bilmez. Gaýta taryply ofisiantkamyz.
– Hawa-da, oňat adamyňam erbet taraplary bolýar, erbet adamyňam oňat taraplarynyň bolmagy mümkin.
Şondan soň Wadim Sergeýew bu operasiýany ýene Bapkene tabşyrdy. Birküç günden kiçi leýtenant işiň ahyrynda ýylgyrjaklap geldi.
– Ýoldaş podpolkownik, surat-a çykypdyr. – Ol gazeti uzatdy.
Wadim Sergeýew gazete göz gezdirip:
– Diňe surat hem adres ýazgysy – diýdi: – Bes, mundan artyk zat gerek däl. Sözümizde tapyldykmy-tapyldyk. Eltip ber. Apparatyňy ýadyňdan çykaraýma. Diňe iş barada gürleş. Juda soranjaň bolma. Indi beri göwnüne zat getiräýmesin. Ýöne beý diýsem, «boş» geljek bolma-da, fakt toplajak bol, fakt. Žurnalist halky faktsyz gymyldamaz.
– Maýor bilen bile gideýinmi?
– Abdyýewiň başga işi bar. Ikiňiz bile sömpüldäp ýörjekmi? Onuň görünmäni, seň ýeke baranyň gowudyr.
– Olam-a şeýle.
– Özüňem öňki egin-başda bol. Formaly gidäýme.
– Ýagşy.
– Ýene tabşyrýan. Artykmaç gep-gürrüň bolmasyn.
Karapetýan çykyp gaýtdy. Köçede, ýolda Rozanyň duşaýmagyndan howatyrlanyp, eşigini çalşyrmaga maşynly gaýtdy.
Ol geýindi, apparaty ozalkysy ýaly boýnundan asyp, restorana Ýönelende, garaňky gatlyşypdy. Bapken ädimini çaltlandyrdy.
Bapken ikinji gata çykanynda restoranda iýgiň-içgiň ýakymly ysy.burnuna ursa, çilim tüssesi başyny aýlady. Ýarym serhoşlaryň üzlem-saplam gürrüňleri, ugurly-utgasyz wagyrdylary o ýerden bu ýerden gulagyna ildi. Özüň keýpe şärik bolmasaň, keýp çekýänleriň yranyşyp oturmalaram, arak-şerabyň ajymtyk ysam daşdan geleni kejikdirýärdi. Ol tanyş ofisiantkalary tapyp, hersine bir gazet gowşurdy. Ikisi iki ýerden «žurnalisti» oturtmakçy bolup, stol hödürlediler. Etmedi.
– Hany, bu gün o ýok-la! – diýip, Bapken bilgeşlin üçünji ofisiantkanyň adyny tutmady.
– Rozamy? Oň bu gün smenasy däl.
– Ertir geler.
– Gowşurmaly zadyňyz bolsa goýup gidäýiň. Näme aýtmaly-diýmelem bolsa, özümiz ýetireris.
Bapken ýaýdandy: «Näme diýsemkäm! Şu gazeti gowşuryň diýsem, o däl, özümiň ýüzbe-ýüz bolmagym gerek. Keýpine-le diýsemem ertir sorap-idäp gelenimi aýdarlar. Gepim ýene iki çykaýmasyn...».
– Özüm görjek bolaryn.
Bu gyssag araň jogaby jüpüne düşdi. Duşsa-ha duşany, duşmasa-da görmedik adam: ugruna çykansoň, görmän gaýtmazlygy göwnüne jaý bilmedi. Rozanyň adresini tapyp, bosagada el ýeterde oturdylan garaja nokady basdy. Gapyny kiçik açan Roza görmekli ýüzüni görkezdi.
– Žurnalist, senmi? Gel, geç – Alçaksyrady. Gülümsiräp geplände altyn dişleri ýaldyrady. Teneçir öňki oýnuny gaýtalaýan ýaly, ýene-de adaja yrandy.
Bapken çekinjeň girdi. Aýakgabynyň bajygyny çözmäge eglende, Roza:
– Ýok, ýok, çykarma-da geçiber – diýdi.
Bapken giň otaga ätläp-ätlemän sakga durdy. Howy basyldy. Öňe ätlejeginem, yza tesjeginem bilmän, ýene şol ýaýdanmaçlygyny etdi. Çünki garşysynda ýarym-ýalaňaç, gödeksi elleri bilen gapak döşüniň çöpürini oýnap Goç otyrdy. Onuň Bapkene gözi düşse-de, gyly gymyldamady. Öňki biparhlygyny, äwmezligini saklady. Diňe rus dilinde çalgyrtsyz gepledi.
– Ýagşy myhman aş üstüne.
Stoluň üsti näz-nygmatdan doludy. Adyny tutan zadyň bardy. Törki otagdan haşamly rýumkany alyp gelen Roza Bapkeni gyssady.
– Näme dursuň, geç.
Közüň üstünden basjaga dönen Bapken süýşürilen oturgyja çökdi.
– Bimahal geläýdim öýdýän.
– Mahaly, bimahaly bolmaz. Öýdür, gelibermeli. – Goç endigine eýerip, ýylçyr kellesini sypady. Boş rýumka elini uzatdy.
– Me-men, häki bir, gazeti gowşuraýyn diýdim.
Emma Bapken bir gyradaky diwan-krowatda çalam-çaş bolup ýatan gazetleriň arasynda Rozanyň suratly gazetiniňem bardygyny bir bada görmedi. Goç:
– Haýsyndan? – diýip, sözüne gulak gabartman, arakdyr konýagy görkezdi.
– Meň içgi bilen hoşum ýok.
– O nä?
– Näsi-dä!
– Içýäň dälmi?
– Aý, käte bir toýda-tomguda, azak-tenek.
– Bizem dyzap durmarys. Žurnalist halky içegenräk bolýandyr, welin, sen-ä başdan ýüz öwrüp başladyň. Zyýany ýok. Ýagdaýyňa görä bolaýarys. Men-ä konýak içýän, Roza-da şampan şerabyny. Gel, biri birimiziňkä meňzemesin. Akdan göteräý. – Goç Bapkeniň «äsine» garaman, rýumkany aldy-da goýdy, göz gyýtagyny Roza aýlady. Oňa düşüş Roza assa basyp, ulurak kaşaň stakan getirdi. Bapken bialaç içmeli boldy. Ilki az-owlak tamşanyp, soň çakyşdyryp göterdi.
– Saglyga! – rýumkaly elini dik tutdy. Goç diňe ýekeje owurtlap goýdy.
– Gördüňizmi! – Bapken söze salym bolan pursaty eplengi gazeti açyp Roza uzatdy. Roza çalak-çulak seretdi, bu-da geleniň göwni üçindi.
– Sag boluň. Oňaraýypsyňyz.
Goç ümledi. Roza gazeti oňa berdi.
– Size bir sowalym bar, ýoldaş žurnalist!
Goç gazetden gözüni aýyrmady: – Uly-kiçi ähli makalalarda awtoryň ady ýazylgy. Bir şu suratda familiýa-da ýok, at-da. Düşdüň!
– Hapy! – Bapken geň galma bilen golsuz surata seretse, ikisi iki ýerden assyryn oňa seretdi.
– Bä, dogrudanam, görüp durşum. Esewanam bolmandyryn. Aldym-da begendiräýeýin diýip gaýdyberdim. Muny ertir hökman redaktordan soraryn.
– Roza üçin oň kän ähmiýetem ýok-la, Ýöne... – Goç köpmanyly dymdy.
– Ýönesi ýok – Bapken dogumlandy – Gonoraryny gaňryp alaryn gitjek ýeri nire?
Goç beýdip oturmagy özüne uslyp bilmedi öýdýän, oturgyjy aýlap ýarym ýeň köýnegini ýeňlendi.
– O hiç-le, hiç, düşdüň? – Ýene Bapkeniň stakanyny aldy.
Goç barybir guýdy. Öňüne süýşürdi. Bapken buldurap duran araga tiňkesini diken bolup:
– Roza bilen-ä tanyş, siz adyňyzy aýtmadyňyz-la – diýdi.
Goç loh-loh güldi. Gülküsine Roza-da goşuldy.
– Tanyşlyk açmaga at hökman däl. Gaýtyp adyňy aýdyp tanşylandan atsyz tanyşlyk gadyrly bolýar. Bir topar tanyş-bilişimiz bardy. Atlary ýatdan çykdy gitdi. Ýüzleri tanyş. Ýolda-yzda duşaýanlarynda-da at tutman görüşýäs, hoşlaşýas gidiberýäs. Biziňkem şeýle boljak bolsa, seň gazetde adyňy görkezmeýşiň ýaly, at tutulmany gowy.
– Ol aýdanyňam ugrundan barýar – Bapken kellesine gelen pikiri haýdan-haý daşyna çykardy: – Belki, ýadygär surata düşeris. – Ol laňňa galyp, diwanda goýan apparatyna ýapyşdy. Hiç kime nobat bermän gepläp, Rozanyň alkymyna dykylyp bardy: – Ynha, şujagaz ýerden görünýändir. Görünmese, towlaber. Bujagazy basaňsoň şyk eder, bolany: – «Bir gören tanyş, iki gören garyndaş» diýipdirler. Sen ilki bu ikimiziň suratymyzy al, soň men siziňkini alaýaryn.
Bu zatlary başam barmagynda pyrlap oturan Goç: – Gijelikde surata almak kyn bolmazmy näme? – diýip ýaňsylady. Soň läheň göwresini oýmuldadyp, apaň-apaň ätläp, Rozanyň ýanyna geldi. Elinden apparaty özbir boluşly hereketi bilen alyp, baragada bagyny Bapkeniň boýnundan asdy. Roza gyýarak garap, bu oýna tomaşa etse, Bapkep aňk-taňk bolup, dowamyna garaşýardy. Ýöne Goç dagy hiç zat diýmedi. Ýene öňki ýerine geldi-de guýulgy konýakdan owurtlap, garbanmaga durdy. Soňam polotensä agzyny, elini süpürip, çilim otlandy. Roza-da gelip oturdy. Bapken bolsa aýakgabynyň bagyny daňmaga-da howlukdy. Jaýdan çykan dessine yzyna gaňryldy-da, gyjyndy. Hiç kim ýokdur öýdüp, ýumrugyny düwende, gapy bilen boýma-boý duran Goça gözi düşüp, ümsüm süzüberdi.
Detektiw proza