12:25 Ynsabyñ jezasy -20/ romanyñ dowamy | |
ÝIGRIMINJI BAP
Detektiw proza
Goç Ýeňşi öz ýanyna işe aldy. Ýöne oňa berlen buýruk wagtlaýyndy. Ýeňiş şofýoryň ýanynda kömekçi bolmalydy. Ýük düşürmeli-goýmaly, eltmeli-getirmelidi. Indi üçüsem bir ýerde işläp başlady. Işe tirkeşip bile gelseler, bile-de gaýdýardylar. Goç piwo satyp, ýonan puluny geldigi hasaplaýardy. Baýamagyň ýene başga ýollaryny agtarýardy. Ol köpük ýygnap, baýaryn öýdenokdy. Geň zat, ogurlanan pul barada agzynam açanok. Kostýa-da bilmezlige salyp ýör. Goç welin, ýitýärdi, aram-aram nirädir zym-zyýat bolýardy. Onuň gözüni-başyny aýlap Rozamy? Roza özünden ökde çykaýarmy? Ýeňiş işe başlanyndan kän salym geçip-geçmänke, Goç günortan arakesmede: – Ýeňiş, şu gün Rozalarda seniň işiňi ýuwýas. Düşdüň! Taýynlanjakdyr. Özem taýlyja – diýip, gözüni gypdy. – Kostýa, senem gidermiň? – Ýok, men dynç aljak. Aragyň zäheri halys bedenime ornapdyr. – Içmezlik keselim ýene başlady diýsene. Içseň-ä içen şekilli, goýsaňam goýan şekilli goýýaň. Ýeňiş ýadyňdan çykarma, düşdüň! Ýeňiş bu duşuşyga begendi. Rozanyň jaýyny çen bilen bilse-de, içine girip germändi. Onsoňam bu owadan gelin bilen heniz gürrüňdeş bolmandy. Dow-dowuna gulak gabardyp, adyna aşyk bolup ýördi. Restorandaky ilkinji duşuşykdan soň, görmäň arzuwyndady. Goçdur Ýeňiş geýnip çykanlarynda, ikisem göze geliwlidi. Daýanykly göwresine mugapyk ini, eti-gany, apaň-apaň ädip barşy Goçy özboluşly haýbatlandyrýardy. Özüne göwni ýetýändigi kesesinden synlana-da mesaňa-mälimdi. Ýeňiş inçe kakuwdy. Goç bilen boýma-boýdy. Ýaş hem çakgan bolsun gerek diýdirýärdi. Goç gapyny kakmady, Roza-da açmady. Ol kiçijik açary gulpa ildirip, bir gapdala towlady. Aňyrdan «Geldiler» diýen ses eşidildi. Men diýen iki pyýada ýylgyrjaklaşyp girenlerinde, iki syratly gelnem ellerini öňlüklerine süpürip, aşhanadan çykdy. Altyn teneçirini hallanladyp gelen owadan Roza ak bileklerini Goçuň ýogyn boýnundan aýlady. Goç küti dodaklaryny ýuka dodaga basdy. Beýleki nätanyş gelin beýtmedi, näz, jilwe bilen Ýeňşe mylkyjak elini uzatdy, adyny aýtmady, Ýeňşem soramady. Kän eglenmediler, saçak başynda ýene iki erkek galdy. Pesi-pes, beýigi-beýik, katdy-kamatly gara gaýçak gelniň yzyndan heleýsek gözlerini haýdadan Goç Ýeňşiň gulagyna pyşyrdady. – Beýle gelinler aýgyr bolýarlar. Soň altyn dişini ýaldyradyp, Roza Goça galtaşyp oturdy. Zülpleri towly, saçlary buýra-buýra garaýagyz gelnem Ýeňşiň gapdalyndaky oturgyja geçdi. Ol ýigidiň öňündäki boş tarelkany alyp, nahar guýdy. – Utanmaň-da iýiberiň! Goç rýumkalara konýak guýdy. – Saglyga! – ilkinji tost dolulygyna başa çekildi. Goç gysga sözläp ilkem göterdi. Roza hanym içmän, Goçuň agzyna hyýar bölegini tutdurdy. Rozanyň özi içende Goç ony gaýtalamady. Rozanyň nakyslygy Ýeňşe ýaramady. «Gawun gawundan reňk alarlaryna» osup, atsyz gelnem Rozanyň hereketini gaýtalady. Ýeňiş göwni galmasyn üçin uzadylany aldy. Goçam, Roza-da olary görmezlige salýardy. Biri-birinden ýadyrgar öýdýärdiler. Atsyz gelin aşaklykdan syr bildirmezlige salyp, ýigidi özüne imrindirmäge çalyşjak bolup, jan çekýärdi. Gözüni-gaşyny oýnadyp, Ýeňşe näz edýärdi. Ýeňşiň dommarylyp oturyşyna Goçuň gahary gelýärdi. Ol Rozanyň ýüzüne dökülen saçlaryny yzyna gaýtaryp lebinden sorýardy. Bizi gör diýýän manyda ýoldaşyna garaýardy. Rozanyň bolsa gyjyklanýan çaga ýaly, gülküsi tutýardy. Ol gülende-de owadandy, gülmände-de. Ýöne beýleki gelniňem özüni onça görýändigi badyhowalygy aýdyp durdy. Dost-dosta, jora-jora päsgel bermesin ätiýaçda Goç açylmadyk konýagy açyp, täze tanyşlaryň öňünde goýdy. Bu onuň özüňiz guýup, özüňiz içiberiň diýdigidi. Ýeňiş çüýşä el ýetirdi. Gelniň garaýşyndan içmäge meýillidigini aňdy. Goç dagy biraz güýmenensoň, içki otaga geçdi. Gaz boýun, gaz ýörüşli Roza gelin garbanmaga odur-budur zat äkitdi. Gara gaýçak gelniň geçisi ýaýrady. Indi ol ýigide has gysmyljyrady. Ýeňiş bir bolşuny saklady. Onuň gulagy içki jaýa geçen Goçda-Rozadady. Ýanyndaka bildirmän, näçe üşerilse-de, hyşy-wyşylaryna gulak gabartsa-da barybir eşidilmeýärdi. Atsyz gelniň kem-kem gözleri süzülip, galpyldysy artýardy. Ýigidiň ünsüni özüne sowmaga dyrjaşýardy. Ýeri, Rozanyň ýigidi üçin ölüp-öçüp barşyna sered-ä? Alaçaly ýag dek garyşyp otyrlar! Atsyz gelin kimden pes! Onça ýokmy? Bolsa bolupdyr-da Roza başy boş aýal. Roza süýnüp-sarkanda, oýnaşynyň göwnüni tapanda ol başarmaz öýdýäňmi? Atsyz gelniň heserli gözlerinden şeýle uçgun syçraýardy. Erkek-erkek bilen bäsleşmese-de, aýal aýal bilen bäsleşer eken. Gelin aslynda bu ýere keýp-sapa çekmek üçin gelmedimi? Ýigitler näme oýnamaga gelendirler öýdýäňmi? Görsene, bujagaz ýigidiň nerme-näzik bolşuny! Aýalyň näzi çekilgiç bolar welin, atsyz gelin gaýta onuň üstüne sürünýär! Ýuwaşap-ýumşap, assa-assa melul bolup barýan gelin baly goýalan dodagyny erkek dodagyna ýakyn eltdi. Ýeňiş kükürt alyp, derrew çilim otlandy, onuň goluny yzyna itiberdi. – Siz Roza bilen bile işleýäňizmi? Ýeňşiň özüne hamrykmazlygyna gelin kürşerdi. Ýigit ony bilmezlige saldy. – Ýok – diýende gelniň sesi ynjyly çykdy. – O nä? – Men atelýede tikinçi. Geýimiň bolsa getiriber. – Nädip tanşyp ýörsüňiz? – Roza häli-şindi geýim tikdirmäge barýa. Şeýdip, tanyşdyk ötägitdik. Goç dagyň gümür-ýamyry kesildi. Şark edip biri çyranam söndürdi. Atsyz gelniň olara gözi gitdi. – Biri-birine mynasyp. – Ol näme diýerkä diýen pikir bilen ýanyndaka göz gytagyny ýeser aýlady. Ýöne Ýeňiş oňa ne hä diýdi, ne-de ýok. Gözleri garaluw gelniň bimaza oýkanjyrap oturyşy nije mahal bäri teni tene degmedik ýigidem otlara salýardy. Dogrusyny aýdanyňda, özüne zor salman, erkine eýelik etmegi başarman, gowşaklyk edäýse, bireýýäm öpüp-ogşaşyp oturmalydy. Şonda gelniň göwnünden turdugy bolarmyka? Şonda bu dyzmaç gelniň şoruny ýatyrdygy bolarmyka? Belki, gelin bäş minutlyk keýp üçin aryny-namysyny unudyp, bu gün maňa özüni güjeňlese, erte başga bir erkegiň gujagyna atylar. Näme üçin men munuň şelaýyn näzine özümi aldatmaly? Erkeklik höwesimiň öňüne erkek bolup serhet çekemde, bu zenan duýgusynyň öňüne böwet basyp bilmezmi? Näme üçin zenan gowşaklygyny edýärkä? Özüni ýat erkege atalamaga utanmaýarmyka? Muny Senem bilen deňeşdireniňde, ony toýlaýmaly. Aýperi hakynda gürrüňem ýok. Ondan ýekeje posa bir aljak bol. Ölse-de söýgüsiz posa bermejegine Ýeňşiň gözi ýetýär. Şeýle gelin-gyzlar hiç haçan gözelligini ýitirmeýärler. Gaýta barha gözelleşýärler. Tamşanmaga güýmenen atsyz gelin Ýeňşiň uzak-uzak oýlaryndan daşdady. Aňyrsyna bir zat düşürmese içen konýagy içinde ot gorsaýardy. Ýeňiş bolsa, ony ýigrendi, birden ýigrendi. Kirt-kirt edip hyýar iýşinem ýigrendi. Iki-eke galgaýan towly zülpünem ýigrendi. Soňabaka ol juda ýigrenji bolup göründi. Aňyrsy almaýan nahary öňünde goýlan ýaly, ondan ýüzüni sowdy. Ýeri, Goçuň munuň nämesine gözi gitdikä? Dodagyny boýanynamy? Gözüne, gabagyna sürme çalanynamy? Rozanyňky ýaly galbaň göwsem-ä ýok, ýapbaşyp ýatyr. Olaram hiç diýeli. Goý, ol tebigy gurluşy bolsun. Adamyny daşky sypaty bilen ýigrenip bolmaýa. Ýöne Ýeňşiň oňa seňrigini ýygryp seredýäni hakdy. Ol muny duýmaýardy. Ýeňiş onuň bilen indi gepleşmegem islemeýärdi. Birden turup gidiberse, onça-da boljak däldi. Erkek däl ekeni diýip üstünden güler. Goçuň, Rozanyň göwnüne näme geler! – Siz!.. – diýip, Ýeňiş her niçigem bolsa, gaharyny basmarlap, mylaýym ýüzlendi. Ýuwaş-ýuwaş jadylandyryn öýdüp göwnüne getiren garaýagyz gelin dodaklaryny ýyrşardyp, ýakyn-ýakyn süýşdi. Ýeňşe ondan ýakymly ys urman, garym-gatym, dürli-dümen atyr-beýlekiniň koky hapylady. – Näçe ýaşyňda? – Aýal adamyň ýaşy soralýan däldir – diýip, dilujy kikir-kikir etdi. – Otuz bäş-ä barsyňyz? Atsyz gelniň birden gülmesi galyp, ýüzüniň reňki düzlendi! – Hawa, otuz bäş-dä! Nädip bildiň? Roza aýtdymy? – Çen etdim. – Sen-ä ýeser ekeniň – böwregi böküp duran ýaly, ol ýene kikirdedi. «Ýeri, bu ýerde gülere käme bar? Görk akylyny talap giden bolara çemeli». – Näçe çagaň bar? – Bir oglum bar. Ony nämeden soradyň? – Hiç Ýöne. Birine baraýsaň bolmadymy? Atsyz gelin hälki kikirdisiniň yzyny hah-haýa ýazdyrdy. Arkan-ýüzin gaýşyp, buduna şapbatlap güldi. Gülküsiniň arasynda kellesini Ýeňşiň gursagyna ýaplap, gözi ýaşarýança güldi. – Adamymyň ýokdugyny näbilýäň? – Adamyň bolsa, beýdip ýörmersiň-ä! – Oglan bolýaň, oglan. Ol bir meni urany hudaý ursunlary. Ne keýp çekmäni bilýär, ne-de döwran sürmäni. Gowşak, içinde jany ýok ýaly. Atsyz gelniň sugşuryp-sugşuryp aýtmasy soň Ýeňşe eşidilmedi. Eşiderlem däldi. Onuň gözleri hanasyndan çykara gelýärdi. Durşy bilen saňňyldaýardy. Ýeňşiň bir zada gaty gahary gelende, akylyndan gaharynyň käte öňe düşäýmesem ýok däldi. Häzirem şol hetdine ýetipdi. Senem ýaşlykdaky hatasyna puşman ede-ede ölebilmese, bu gaýtam at aýagynyň aşagynda agsaýanlygy üçin buýsanýar. Masgara!.. Ýeňiş ýanaşyk oturan gelniň boýnunyň ýüzüne sag eliniň barmaklaryny aýasyna ýumup, doňdurdy-da: – Bu äriň üçin – diýdi. Ol oturgyjy-zady bilen çepe agdarylyberende ýene bir çepbekeýläp ýelmedi. – Bu-da ogluň üçin. Güpür-tapyra içki jaýdakylar ylgaşyp geldi. Ýykylany haýdan-haý ýerinden galdyryp Goç Ýeňşe alarlyp seretdi. Onuň gyňyr garaýşynda «Bu nätdigiň boldy?» diýen alamat bardy. Gelin bolsa başyny aşak egip, hem aglaýardy, hem agzynyň ýetdiginden gargynýardy. Roza bolsa bir çetde «Bu ýigid-ä tüýs urşuň öýjügi ekeni» diýip çekinjeň dymýardy. – Goç, Roza hanym, galyberse-de, sen, atsyz gelin – Ýeňiş ýangynly gepledi. Tüýküligi agzyndan syçrap-syçrap gitdi: – Bagyşlaň. Men kän zada baş goşandyryn. Ogurlygam etdim. Bijaýam gezdim, häzirem Goç bilýändir, ogurlyk-jümürlikden gaýdamok. Uruşmaly bolsa-da, uruşýan. Ýöne hiç haçan ärli aýalyň ýorganyna giren däldirin. Girmerinem. Ýoldaşly aýala el batyrman. Onuňam äri özümiz ýaly adamdyr. Onda-da ýürek, wyždan, namys bar ahyryn. Özümize ýakmajak zady etmäliň. Muňa entegem az. Ogly bilen äri bolsa, başga merk gerekmi. Olaryň ýüzüniň ýere salyndygy öz ýüzümiziň ýere salyndygy dälmi?.. Ýeňiş turmak bilen boldy. Ýoldaşyny ýeke goýbermejek bolup, Goç: – Dur, menem gitjek – diýdi. Ikisi gaýtdy, ikisem galdy. Ne ýolda, ne öýe gelen-oňlar Goç Ýeňşe ýagşydan-ýamandan ýeke söz diýdi. Ýöne atsyz gelin Ýeňşiň ýadynda şol atsyzlygyna-da galdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |