13:30 Ynsabyñ jezasy -21/ romanyñ dowamy | |
ÝIGRIMI BIRINJI BAP
Detektiw proza
– Şeýdip, ogurlanan puldan derek tapylmazmyka? Gidişi-gidiş bolaýarmyka? – diýip, Öwez Akyýew kabinetinde ikibaka gezmeledi. Adaty endigine eýerip, ullakan penjiräniň öňünde ör galdy. Žitnikow köçesinden ileri-gaýra geçýän adamlaryň sany-sajagy ýokdy. Galplyk edýänlerem şularyň arasynda, köpri gurýanlaram. Haýyr, şer iňňe-sapak ýaly tirkeşip ýör. Ýagşylaryň ýeňsesine bukulyp, ýyrtyjylaryň özlerini ýagtylykdan gizleýişleri ýaly, betpällerem gizlenýärler. Gije garaňkylygynda örýärler. Süregine ýetdirýänçäler garadan gaýdanoklar. Polkownik jany ýanan biriniň özüne beren soragyny gör, näçenji sapar ýatladýar! «Ogurlyk haçan gutarar? Galplygyň soňy bolmazmy, ýoldaş polkownik?». – Galplygyň soňy bolar. Ogurlygam gutarar. Belki, biziň häzirki gözleýänimiz galpyň iň soňkusydyr. Ir-giç öňi alnar welin, alnar. Howlukýan bolmaly. Bişmese, çybanam ýaryp bolanok. Atyma gelmese, awam aldyranok. Gyssananyň bilen etmişlem ele saldyranok ahyry – Kabinetde hiç kim ýokdy. Polkownik bolsa, kimdir biri bilen öňden gürrüňleşip oturana meňzeýärdi – Piwo zawodyndakylardan-a enteg-ä ses-üýn çykanok. Üýtgeşik gymyldam ýok. Üçüsi bir ýerden urup çykmaly. Özün-ä, burunlary deşilen ýaly gezişip ýörmäge ýürekleri etmez. O ýigitlere meňzänok... * * * Jumagül gelşine Ajap eje bilen eneli-gyz ýaly gujaklaşdy. – Kanikula çykdym-da görüp gaýdaýaýyn diýdim. Aýperi-de göresim gelýär diýip ýazansoň. – Gyzym, sen gelseň, menem ýigdelene dönýän. Jumagül oglan ýeňilligi bilen gopdy. – Ene, men saňa gör, näme getirdim! Ýöne göwne almasy ýok. Bolşum şeýle: – Jumagül çemedanyndan daşy dolangy bir zady çykaryp ýazdy! – Muňa Sakarçäge düýe ýüňi diýilýär. Ajap enem pensiýa çyksa, işsiz oturyp bilmez diýdim. Aýperiň bolsa ýadyna – oýuna-da düşýän däldir diýdim. Dogrudanam, häli-häzirem Aýperi jorasynyň näme etjek bolýanyna düşünenokdy. Jumagül getiren sowgadyny goltuklap, Ajap ejä berdi: – Örüp, özüňe goltuk gysar edin, jempir edin. Ýöne Aýperä beräýme, diňe özüňe – ol Aýperä garap ýylgyrdy: – Muny bolsa Maryň ak bazaryndan aldym: – Görseň, syýahatçylar aýtmyşlaýyn garrylar hemişe üns merkezimdedir. Şahyrlar diýmişleýin bolsa, ene-atany sylanyň erteki gün özem sylanar. Ulularyň ak patasyny alan ýaşlaryň özleri ile ak pata bererler. Ajap eje Jumagülüň alçaklygyna, agzy-agzyna ýetmän gep nokatlaýşyna haýran galsa, Aýperi jorasynyň şol bir bolşundan üýtgemän, bir durkuny saklap bilşine guwanýardy. Ýok, diýseňem, görnüş babatdan azak-teneň tapawut edipdir. Mamajanyň gerek ýeri, jorasynyň garalanyny ýaňsylap, baý, çetine deger-dä! Emma Jumagülem özüni gabadaýmaz. – Hawa, muny bolsa! – diýip gezek bermän gepleýän gyz ik bilen çişleri Ajap ejäniň elindäki düýe ýüňüň üstünde goýdy. – Egriber. Jorap ör, ellik ör. Garaz, üşeme. Sakarçägäň ýüňi gutarar ýaly däl. Hany aýdyň, pensiýa çykan näme etmeli?! Gününi-gijesiňi ýatyp geçirmelimi? Ýok, gazet-žurnal okap geçirmelimi? Ýok: – Jumagül bu gezek özüne garşy gitdi! – Ýok däl. Göz okap ýadansoň, dil sözläp ýadansoň, aýak ýöräp ýadansoň, nobaty ele bermeli. Şeýdilse, beýni dynç alýa. Ene, indi senem göz bilen beýnä dynç ber. Ýeňşiň ýoklugy bihal, bolan bolsa, ol hökman Jumagülüň sözünden özüçe many çykarardy. Igi, çişleri, ýüňdür ýumagy görüp, bialaç Senemi, olara güýmenen garry enäni, ýumagyň togalanyşyna jyny düşen ala pişigi göz öňüne getirerdi. Indi o garryň etmeli işini bu garry etmeli bolaýarmyka! Ýatdan çykyp giden rol täzeden oýnalarmy? – Gyzym, sen bizi ýeke-ýeke soraşdyň-da, özüň barada aýtmadyň-la. – Özüm barada näme aýdaýyn, ene! – Jumagül Ajap ejäniň gapdaljygyna geçdi: – Bir dana özüm barada aladalanmaga entek elim degenok diýipdir. Başga bir akyldar bolsa özi hakynda oýlanmadyk, özgeler barada-da giňiş pikir ýöredip bilmez diýipdir. Haýsynyňky dogry? Ikisiniňkem, rast aýdýaň, ene, hemişe il bara synda oýlanyp, arasynda käte özüň hakynda hem pikir etmek bor. Bu durmuşyň kanuny: – Jumagül heserlendi: – Ilkibada Mamajan bilen Aýperi şäherde galyp bolansoň, beý diýsem, hiç kim ýokuş görmez-le. – Degişmekdir-dä. Aýperi çalaja güldi. – Sözleň etimologiýasy bilenem iş salyşýamyň? – Bildiň. Onsoň bardym-da işläberdim: – Jumagül Aýperä dikanlady: – A gyz çaýyň sowandyr. – Çaý sowasa, içerler. – Biziňki ýaly lowladyp ojakda ot ýakmaly däl. Gyzgynjagyny goýaý. Aýperi turup gidensoň, Jumagül sözüni dowam etdi: – Ilkibada Mamajan bilen Aýperi şäherde galyp hak edipdirler – diýdim. Ýeriň deşigi ekeni. Şu ýerde bir zady ýatlaýyn. Muny marlylar gürrüň berdi. Obadan biri Arçmana gaýdypdyr. Gelip, «bir daş ekeni, daş ekeni, gidip oturmaly, gidip oturmaly otla münüp, ýeriň aňrujy oguşýan! Baý, bu dünýäň giňdigini! Ýöne şondan aňyrda-da itiň üýrýän sesi eşidildi welin, ýene obaçylyk bar öýdýän» diýipdir: – Muňa gülüşdiler. Ajap eje-de ýylgyrdy. Komik artist ýaly Jumagülüň aýdyşy täsindi. Sesini üýtgedibräk sada obalyň sypatyna derbi-dähil girişinde gülki ýasawy bardy. Başga biri aýdan bolsa, belki erinler onçakly ýyrşarmasa-da ýyrşarmazdy. – Öňküje titije Jumagülden derek galandyr öýden dälsiňiz. Ýok, özüme gyraçetdäki oba mekdebinde-de esewan boldum. Sebäbi seredýän göz köp. Ebtiňi agdyryp ýörseň, sendenem bir mugallyma bolarmy! Ýokary klasda okaýan gyzlar bilen köpräk iş geçirdim. Ene-atasyna ýakmasa ýakmasyn. Okuwdan alyp galanlarynyň özüm üstüne bardym. Gep haltamy başaşaklygyna silkdim. Ýetmedimi? Keminedenem karz aldym. Hiç kimem ýeňsesinden çörek iýenok. Düşündiribilseň gulak asýarlar. Kä mugallym baryp ganyny gaçyryp dyzaberýärmiş. Meniň bu hereketim kakçekge direktora ýakmady. Hasam iki aýagyny bir gonja sokduran zat onunja geçen bir gyzyň adyny žurnaldan öçüripdir. Onam durmuşa çykarypdyrlar. Menem onunjy klasyň ýolbaşçysy. Aldym-da şatyrdadyberdim. Uly goh turuzdym. Raýon magaryf bölümine-de hat iberdim. Hatyma bolşy-bolşy ýaly ýazdym. Galplygynyň ýeke-ýeke üstüni açdym. Näme ýazman? Beýtmäge haky barmy? Okuwçyň adyny žurnaldan näme üçin öçüripdir? Näme üçin okuwçy gyzy durmuşa çykarypdyr? Bu jenaýat dälmi? – Jumagül öz soragyna özi jogap berdi: – Jenaýat kemi ýok. Eger raýonda-da arza seredilmese, ýokara ýazjakdygymy duýdurdym. Gidişjek. Galpyň ýakasyndan elimi aýyrman. Şeýle hereket edýän adamyň köpe ýolbaşçy bolmaga haky barmy? Ýok. Göreşmeseň zat ýok. Bilýärmiň, adamyny ýokary göteren eller aşak düşüribem bilýär. Adamlar ozal kakçekge direktory sylap, ynam bildirip, direktor edipdirler. Indem aýyrsynlar. Ine, şular barada ýazdym. – Gol çekipmi-çekmänmi? – Aýperi bilgeşlin ýanjytdy. – Golsuz hat ýazýanlar ýek ýigrendigim. Rast hakykatçymyň, golly ýaz. Gorkup näme. Adam towşan däl ahyryn. Çybşyldydan ökje göterer ýaly, raýondanam wekil geldi. Ikimiz ýaňky gyzy tapyp pürenjegi-zady bilen partada oturtdyk. Bi beýlekilere-de sapak boldy. Onsoň pagta ýygymy başlandy. Menem okuwçylarym bilen bir brigada berkitdiler, kömek bermek gowy zat. Meýdanda hasyl dargap ýatar-da, göz gyýarmy? Ýöne bolýan zada seret: brigadir öz okuwçy gyzyna artdyryp hak ýazan ekeni. Menem bada bilmändirin. Baýragam şoňa berildi. Muny gyzlaryň birinden eşidäýdim. Brigadire ynanmadym. Özüm çekip ugradym. Onuň welin jany ýandy. Bir gün kakçekge direktor geldi. Olam: – Beýdip göz-ala bolup ýörme, Haýtyýewa?! – diýdi. Ýogsam ol arkamda durmaly adam: – Bilýän-bilýän, ýoldaş direktor – diýdim. Ýanymyzda başlygam bardy. – Kiçi ogluň näçenjide okaýar – diýdim. Kakçekge direktor boz-ýaz boldy. Näme diýjek bolýanyma bada düşündi. Gümmük-sammyk etdi. Gönüle diýdim. Ol bir başlyga, bir maňa gorkuly garady. – Birinjide. – Birinjilere menden belet dälsiň. Burnunyň maňkasyny oňaranoklar. Gelýänden gelmeýäni köp. Olary asla ýygyma getirmeli däl. Näme ajyňdan horlanýarmyň? Näme üç ýüz manadyň eklenmäge ýetenokmy? Gyzanymy aňan başlyk: – Näme, näme? – diýdi. – Siz zatdan bihabar, başlyk. Bi brigadir bilen dilleşip, günde sekiz ýaşly ogluna ýüz kilogramdan pagta ýazdyrýar. Kilogramyna on köpükdenem pul berilýär. Günde on manat. Ilkinji on günlükde sekiz ýaşly ogly ýüz manat aldy. Bir aýda üç ýüz, kakasy bilen desdeň. Başlyk gaharyna bäs gelip bilmän, direktoram, brigadirem sykajaga saldy. Pagtanam, alnan pulam yzyna gaýtardy. Kakçekge direktoryň şondan soň meň bilen ugry bolmady. Ol bir gün kabinetine çagyryp: – Jumagül Haýtyýewna, size bu ýer agyr düşýändir. Raýon merkezine geçiräýsek, nähili görýärsiňiz? – diýdi. Meňem näme adamdan söz alyp galjak gümanym ýok. Bolsa bolupdyr-da direktor. Işini menden alsyn. Kemçiligim bolsa aýtsyn. Dogry-da, gyz. – Özüňiz gidäýiň, meň-ä gitme hyýalym ýok – diýdim. Ol kakçekgesini sypalap oturyberdi. – Senem sypaýyçylykly bolaýmaly, gyzym. – Wah, ene, zannyňda bolmasa bolmaz eken. Sähel nädogrulyk, galplyk görsem aýt-aýt diýip, hakykat böwrüme dürtüp dur. Kä kişi göz ýumsa-da, men göz ýumup bilemok. Direktor bilen brigadiriň öňüne taýak atylmagy beýlekilere-de sapak bolupdyr. Başga-da brigadirlerde ýeke-iki el egrisi bar ekeni. Gördüňmi, žurnalistleriň dili bilen aýtsam, bu öz beýanyny tapdy. Bolmanda ähli nogsanlyklary özüm düzederin öýdemok. Bir şeriň alkymyndan alsam, şolam uly utuş. Baý, şu kakçekge direktora-da ýapja bar-a! Ýygnak-zat bolanda gözgörtele telegine-de hä, hawa diýip gapdalyndan çykýan bar. Bir gezek mugallymlar otagyňda üýşüp otyrdyk. Ýaranjaňy azymyň astyna alyp çeýnäýin diýdim, Adyny tutup: – Siziň ýokary bilimiňiz-ä bardyr – diýdim. – Gaýybana okap gutardym. – diýip, ol göwnüne zat getirmän jogap berdi. – Janyňyzam sagat. – Heniz-ä nalamok. Nan iýemde doýup aýrylamok, ýadap aýrylýan – Jumagül oňa öýkünip, goýras gepledi. – Bolasy, şular ýaly bir ejiz tarapyňyz bardyr, direktora guýruk bulap ýörmegiňiz şonuň üçiňdir, ýogsam aç galaýmagyňyz mümkin – ýüzüne tüýkürlen dek boldy. Oturanlar pyňk-da-pyňk boluşdylar. Ol bolsa: – Dillije gyz, dillije gyz – diýen bolup süzüberdi. Käte bir çaý owurtlap oturan Aýperi Jumagülüň dogumyna öz ýanyndan guwandy. Göwnüne, jorasy öz egnindenem galdyryp barýan ýaly, oňa meňzäsi geldi. Her ýerde özüni şeýle alyp barasy geldi. Jorasy özüne juda ýakyn bolup galdy. – Geň görmeli zat – Jumagül gurşan aýagyny ýazdy: – Direktor sylaga ýazylyp berlenmiş diýip eşitdim. O nähili sylag? Kim ýazyp beren? Ur-tut bolsa kakçekge direktoryň özi mälim edäýdi. Kä adamyň içinde gep ýatýarmy näme. Ady-abraýy götermäge ýogyn baldyr gerek. Beý diýsem öz dilinden sypdyrandyr öýdäýmäň, içip ýören, toýdan-tomgudan gelmeýän adam aragyny tapba goýdy oturyberdi. Haýran galmaň, emmasy bar eken. At gazanan beriljek bolsa, içýänim bir zyýan edäýmesin öýdüp gorkupdyr. Şol at berlensoň ýene içip başlajakmyş. Gör, onuň ikitaňrylydygyny! Beýle-de bir ýasamalyk bolarmy? Beýdip gözlere çöp atyp bolarmy. Men onuň beýle ada mynasyp däldigini ýokara ýazdym. Asla direktorlyga mynasyp däl. Mekdebiň iki gektara golaý ýeri bar. Ir-iýmişiň hetdi-hasaby ýok. Ony gara bokurdagyndan geçirýän kim? Direktor. Jaýyny mekdebiň hasabyna remont etdiren kim? Kakçekge direktor. Sekiz ýaşly ogluna galp pagta ýazdyran kim? Direktor. Her ýyl on, on bäş gyz mekdebi gutarýar. Biriniňem ýokary okuw jaýyna ýerleşmegi barada alada etmedik kim? Direktor. Onuň mugallymlary. Şu ýylam göreli bakaly. Höweslileri özüm äkeljek institutlara. Ýerleşjeklerine-de ynanýan. Alada etmeseň, goltugyndan götermesek bolýamy näme? Özümem dek ýatamok. Ylmy iş üçin temamy tassykladsam diýýän. Jumagül boldum etdi. Soň ýene özi: – A bi Ýeňiş doganymyz görnenok-la – diýende, Aýperiniň menekli nar ýaňaklary gyzgylt öwüsdi. – Ine, ol – diýen manyda şol haladam gapy kakyldy. Dogrudanam, gelen Ýeňişdi. Ýüzi-gözi kokaşyp durdy. Jumagül tarsa galyp, içki jaýda gizlendi. Ýeňiş ilki Ajap ejäniň hal-ahwalyny sorady. Oturyp-oturmanka Jumagül assa-assa gelip, eli bilen ýigidiň gözüni baglady. Ýeňiş ele el degirmän, bada-bat: – Tanadym, Jumagül sen – diýdi. . – Bildiň – Jumagül jak-jak güldi: – Nädip tanadyň? Ýeňşiň göz gygy Aýperä düşdi: – Aýperiniň senden başga jorasy gözümi tutup ýörenok. – Şumat seni sorap otyrdyk. – Aýakda bolanyňdan agyzda bolanyň ýagşy. Esli gümür-ýamyrdan soň, jyňňyrdan telefony Aýperi göterdi. Til kakan ýat adam bolara çemeli. Aýperi Ýeňşi çagyrdy, gyzyň gaşlary çalaja çytyldy. – ... – Hawa. – ... – Bar. – ... – Kim soraýa diýeli! – ... – Kimiň soraýany wajyp bolmasa çagyraýarys. Aýperi trubkany Ýeňşe berdi. Aňyrdaky ses ýigidi düýrükdirdi. – Bi nä boluş, Goç? – ... – Janyňy indi barlamaly? – ... – Men saňa gitjek ýerimi aýtmandym-a. – Goçuň bilmeýän zady ýokdur diýsene! – Ýeňiş ýaň sylady: – Molodes! – ... – Birek-birege ynanylmasa-ha... – Aý, bolýa-la... – ... – Birki sagatdan bararyn. Ýeňiş trubkany goýdy. Gözleri tegelenen Aýperi ýigitden nämedir bir zatlary soramaga hyýallandy, Ýene öýdäkilerden çekindimi ýa gaýry bir sebäbe görämi saklandy. * * * Ýere ýeňiljek gar düşdi. Ilkinji gar düşdi, ýok, ýok, kim üçin birinji, kim üçin gör, näçenji! Ýaş-juwanyň on ýedinji gary bolsa, garry-gurtynyň altmyşynjy ýetmişinji... garydy. Ak gar türkmen zeminine müň ýyl mundan ozalky ýagyşy ýaly ýagypdy, ak garyň ýene müň ýyldan soňam şeýdip sepelenjegine bu günki adamlar pitiwa beri edýärlermikä? Bu günki adamlar ýeňiljek ak garda süňňüni ýeňil duýup, agyr ädimlediler. Ýollarda-ýodalarda oýmur-oýmur yz galdy. Bu yzlaryň gar eräp, pagyş-para bolansoň ýitip gitjegine şek ýok, Gün gyzdyryp ugradygy ýom-ýok bolar. Eýsem şu gysga ömürli gar şekilli uly gatnawly ýollar daşlanyp, asfaltlanyp, gumak ýodajyklar ýitermi? Ot-çöp basar gidermi? Kiçi derýalaryň uly-uly deňizlere guýup, adynyň-sorunyň çykmaýşy ýaly, çeşmeleriň şirläp-şirläp, taňkyrap-gugaryp galyşy deýin, kiçi ädimlerem uly gadamlaryň astynda gömüler galaýarmy? Ýok, tylla sary ýaprak bolup dolanyp geler. Hiç bir zat gelşi kimin çyplak ötägitmeýär. Herki zadyň başlangyjy bar, soňy ýok. Degre-daşyny gurşan ap-ak görnüşe göwnüni awladan Ýeňiş serini dumanladyp, gyş bazarynda teňňesini haýal sanaýardy. – Gam girdabyna batypsyň-la! – Apaň-apaň basyp gelen Goç ýognas goluny Ýeňşiň gerdeninden sallady. Ýeňiş öňki sergezdan pikirinden bütinleý sabaman, has hyýalbent söz urdy. – Daşa gurt düşse, nädip çykarmalydygy barada oýlanýan. Goç ýylgyryp, kellesiniň etek saçyny sypady. – Düýäň şahy bilen aýraýmaly bolar. – Ulular oglanjykkak bizi şeýdip oýnardylar. Bizem ýeňsämizi gaşap: – Päý, walla, dogrudanam, nädip aýyrmaly bor-aý? – diýen bolardyk. Olar bolsa: – size agzaçyk diýerler. Jyrgyşjyk diýerler. Heý daşa-da gurt düşermi, düýede-de şah bolarmy»? diýip içleri gyrylýança gülşerdiler. Diýseň diýmeseň, Goç, bedendäki hapa gany sülük goýberip sordurýarlar. Daşdeşenem agajy köwläp, gurçugyny çöpleýär. Gara tegmilem gar bilen arassalasa bolýar. – Bizem bu durmuşymyza goýmazlar diýjek bolýarmyň – Goç Ýeňşiň aýlawyna düşündi. Ýeňiş welin ýylmanak, sypjyk balyk kimin ele ilmän towusdy. – Men Ýöne oglanlygy ýatlaýan. – Öňkiň oglanlykdan nyşan, soňkyň ululykdan. – Gatybir beýle-de däldir! Goç soňra ýoldaşyna kän bir ähmiýet bermän, keýpi kök hiňlendi. Diliniň ram edenini gaýtalady. Bu dünýäniň gy-zy-gy Ba-ýa-mak-dyr, ba-ýa-mak. Goç hiňlenjiräp oturyşyna aýasyny owkalady. – Elim gijeýär welin pul düşäýjekmikä, Ýeňiş! – Pul düşäýjekdir, ýa... – Ýa, aýt-aýt. Ýeňiş diýesi gelen zadyny ýaşyrman diýdi. Ol iňňä gaýry sapak ildirip, ýene öňkini düwüp sapdy. – Lomaý puly harçlajak bolýan bolma-da?! – Onuň üçin Goçuň ýüzüniň reňki üýtgemedi. Goç dostunyň gömülgi hazynany agtarýanlygyna-da, gürrüňi şonuň üstünden eltjek bolup dyrjaşýandygyna-da biperwaý boldy. Ýeňiş bolsa dilinden aňmasamam, garaýşyndan aňaryn diýen röwüşde jadylajak ýaly tiňkesini dikýärdi. – Hany bäri süýş, maslahaty jemläli. Goç stola agram berip oturdy. Ýeňşem Goçuň hereketini gaýtalady. Goç pasportynyň arasyndan eplengi üç kagyz çykardy. – Oka. Ýeňiş hersini aýratynlykda howlukman okady. Atlaryny içinden öwran-öwran gaýtalady. – Düşnüklimi? – Dil haty, şunça berdik diýip gol çekipdirler. Aldyňmy? – Äý, oň bilen işiň bolmasyn düşdüň! – Barmy? Bar. Rozadanam iki müň alsam. – Rozada onça pul barmy? – Oglan bolmasan-a! Tapar, tapmasa, tapdym eder. – Galýar on bäş. Bäşi eýeli. Jemi ýigrimi. Ýanymyza-da söwdadan oňan bölek-büçek pulumyzy götersek. – Onsoň? – Onsoň ikimiz maşynyň ugruna çyksak, merkezi şäherlere gidibersek diýýän. Kostýany ýanyma alsamam bolýa welin, ol bir başlasa, agzyna buýrup bilenok. Düşdüň. – Puluň maşyna ýeterlikmi? – Ýeterlik. Aňryýany bilen. Ilki satjak bilen gürleşip, söwdany bişirmeli. El berişmeli. Soň ol komissionnyý dükana maşynyny elter. Nyrh kesiler. Dokumentlerini düzedip, adyňa geçirip berer. Eýesi bilen näme el basyşan bolsak şonam bermeli bolar. Ol ilki puluny alyp, adyňa soň geçirer. Ýogsam ynanmaz, düşdüň. Ugry şeýle, änigine-şänigine ýetdim. – Haçan ugramakçy? – Roza bilen nikadan geçip. – Roza bilen nikadan geçip! – Neme geň galýaň? Ynanaňokmy? Hemişe sallah gezer öýdýämiň. Menem müjerret geçmegiň tarapdary däl. Roza erbet heleý bolmaz. Goç bilen ýüzbe-ýüz otursa-da, Ýeňşiň küýi-köçesi alyslarda at gamçylaýardy. Goç bilen özüni hyýal mizanynda terezileýärdi. Emma Goç içini daşyna çöwürdi. – Är-heleý bolsaň, şonuň özem tutaryk. Iki adamyň gazanjyndan süýşürildi. Roza öňden işläp gelýän adam. Dogry, meniň gazanç edip başlanyma kän wagt geçenok. Nireden aldyň diýäýseler Rozanyňky diýerin. Meniňem goşandym bar. Bolmasa-da satar goýbereris, arzanrak alsak, düşdüň! Şeýdip gözlere çep atmasaň, bolmaz. Roza-ha şaýat baýaky gelin bolar, maňa-da sen, düşdüň! Ýeňiş hopugyp barýan ýaly, köýneginiň iligini ýazdyrdy. Ertesi iş jygba-jyga gelende, Ýeňiş boýun towlady: – Men gitmäýin, Goç? – O nä? – Iki sebäbi bar? – Birini aýtsaňam, bes. – Birinjiden-ä, şol garaýagyz gelin barjak bolsa, meniň işim ýok. – Ýaraşarsyň gaýtam. – Aý, goýsana! Onsoňam, sen bir zady pikir et. Syrtymyz bu kärlikä ikimiz tirkeşip barmaly, gaçarak dursak kem bolmaz. – Munyň akyl gürrüň. Kostýany alaýmaly bolar. Sen onda maşynyň içinde garaşaý. – Tapawudy näme? Men öýde garaşaýsam!.. Goç ikirjiňledi. – Siz barybir öýe gelmeli ahyry. – Ýok, Rozalara barjakdyk. – Ýöne men o gelin bilen bir saçagyň başynda-ha oturyp bilmen. – Başga alaç ýok. Ýeňiş öz eňegine tutdy. Goçam aýak depip durmady. Ýeňiş öýde galyp, olara garaşmaly edildi. – Ýöne sen bir desse çemen tapaweri. – Muny oňaryn. Goç giden dessine Ýeňşem göterildi. Olardan öňem eli gülli gaýdyp geldi. Roza hanymy bolsa görmäge göz gerekdi. Beslenibilipdir. Gapdalyndaky garaýagyz gelin welin Ýeňşiň ähli keýpini gaçyrdy. Ýöne dil ýarmady. Stoluň üstündäki bir gujak çemeni görüp Goçam, Roza-da guş bolup uçdy. Kostýa bolsa bu tomaşa kemsinýän ýaly goşulyşybilmän kösenýärdi. * * * Öwez Akyýewiň tabşyrygy bilen maýor Goçuň dil hat alan adamlarynyň ugruna çykdy. Olary iş ýerinden tapsa-da gürrüňleşmedi. Öý adreslerini aldy. Gazançlaryny aýba-aý hasaplady. Amanat kassadaky goýum depderçeleriniň maýasyny gözden geçirdi. Soňam hersi bilen ýüzbe-ýüz durup gürleşmek islände polkownik: – Bolmaz – diýdi. Gyzgyny bilen alkymyndan almaga döwtalap maýor adaty badyhowalygyna eýerdi. – Soň giç bolaýmasyn, Öwez Akyýewiç. «Tamdyra gyzanda ýap» diýlendir. – Biziň işimiziň ot goýberilen tamdyr däldigini özüň bilýäň, häzir ýapsaň çöregiň çig-çarsy bolar. Galanam zer-zaýadyr. – Bu durşuna-da goýup bolmaz. – Bolar, tagapyl et. Häzir dörjülesek operasiýa şowsuz gutarar. – Maňa galsa-ha çöp döwen ýaly edäýjek. Käte şeýle töwekgellik soňundan wah diýdirýär. Şonuň üçin giň göwrümli hereket edilse, operasiýa biziň peýdamyza çözüler. Maýor, siz Rozanyň girdejisini hasaba aldyňyzmy? – Ýok. – Hasaplamaly ekeniňiz. Diňe şol üçüsi bilen kanagat edäýdiňizmi? – Görkezme bolmansoň takyklajagam bolmadym. – Biliň. Özi duýmasyn. Maýasy barmy-ýokmy anyklaň. Atelýedäki jorasynyňam gazanç-girdejisi bilen tanşyň. Öz gulaklaryna ýetäýse, agyz-agyzdan ýel alar, soň menem habardar edersiň. Soňky maglumat ozalky faktlaryň üstüni ýetirdi. Olar goş birikdiripdir. Bu gün-erte nirädir ugramakçy, agyz ulaňyndan aňlanyşyna görä. Bu pursaty sypdyrsak, ogurlanan puluň çekeleşigi uzaga gider. Muny ýagşy bişirmeli, kemini-kössüni goýmaly däl. Ir bilen çykyp gaýdan Ýaýlym Abdyýew ýene giçlik naçalnigiň kabinetine geldi. – Nätdiň? – Bilişdirdim. Wah, maňa käşgä kekirdeginden tut diýläýse, goýber diýseler, ýeňse damarymdan tutýar. Eglişik etmegi kes-kelläm islämok. Zannyma guýlupdyr. Ýazyklymy – demir gözenegiň aňyrsynda otursyn. Düzgüni bozdumy – jerime tölesin. Kanundan çykdymy-jezasyny çeksin. Ýogsam durmuş asudalygyny gazanyp bolmaz. – Ýagdaý bilen maýor, ýagdaý bilen. Ýedi ölçäp bir kesmeli däl, ýetmiş ölçäp bir kesmeli. Biz adam ykbaly bilen iş salyşýas. Günäli-günäsizi seljermeli, ýazyklyň ýazygyny kemsiz boýnuna goýmaly, galplygynyň, ogurlygynyň üstüni açmaly. Ýaýlym Abdyýew hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady. – Saňa galsa Goçam, Rozanam, dil haty berenlerem eleslediberjek-dä? – Ýogsam näme? – Telek, ýazykly bar, ýazyksyz bar. «Ýalňyşsyz adam bolmaz. «Dil haty berenleriň belki, ýüzüni gyzartmak ýeterlikdir. Belki, şol olara agyr jeza bolar. – Rozanyň amanat kassada hiç hili hasap depderçesi ýok. Ähli kassany barlap çykdym. Atelýedäki tikinçiniň öz adyna däl-de, adamsynyň adyna 150 manat 80 köpük goýum bar. Aýlygy 90 manat, Rozanyňkam ortaça 80. – Hemme bellikleriňi seýfiňde goý, beýleki üçüsiniňkinem. Gerek çagty el ýüzde bolsun. – Ýagşy. – Ertir bolsa operasiýanyň planyny çekeris. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |