01:38 Ynsabyñ jezasy -23/ romanyñ dowamy | |
ÝIGRIMI ÜÇÜNJI BAP
Detektiw proza
Şu gün Ajap ejeden habar tutaýyn hem Aýperini göreýin diýen. Ýeňşiň Goç üstüni basdy. Ätmer-sätmer edip geldi-de, ýekedaban ýaly ýumrugyny stola gütületdi – Düz! – Elindäki dörtgyraň kerpiç şekilli kagyz daňyny penjiräniň öňünde goýdy. Nämäniň düzdügini Ýeňşe soramak gerek däldi. Ony Goçuň hereketinden biläýmelidi. Şonda-da anygyna ýetmese ynjalmady. – Näme beýle guşuň turýar-la!? – Işler şow ýaly, şow. Onsoň Goç Goç bolmazmy? – Ýeri, ýeri, pessaýla. Goç iki gök bileti jübüsinden çykardy. Ýeňiş bolsa Marat bilen özüni geçen saparam şeýdip uzak ýola ugradandygyny biygtyýar ýatlady. – Düşdüň! Ýeňiş bu gün-erte gitmeli bolaryn diýip pikirem etmändi. Roza bilen goş birikdiren Goç baly goýalan owadan gelniň ýanyny alyp ýatar öýdüpdi. Hä diýmän göterilibermegi ol unamady. – Sen geň adam-ow, Goç! – Häzir bilýärmiň? – Öňünden aýtmaly-diýmeli. Haçan gidiljegini bir duýdurmaly. Üstüme abanýaň-da bol diýýäň. – Onda Goç Goç boljakmy näme? Düşdüň. – Bir özüňi bilýäň, meňem öz planjygym bar ahyry – Goç Ýeňşiň görejine dikan, seredip, çat maňlaýynda gol gowşuryp oturdy. – O nähili planjyk?!. O söz Ýeňşiň dilinden duýdansyz sypdymy ýa bilip aýtdymy, özem duýman galdy. Oýlanmaga hajat ýok. – Görmeli, hoşlaşmaly adamym bar. – Görmeli, hoşlaşmaly adamyň kim? Goçuň hüjüminden sähelçe haýykmadyk Ýeňiş giňlige saldy. – Seň araky öýüne jaň edeniň. – Ha-ha-haý! – Goç Goçak güldi: – Menem kimkä öýdüpdirin. Ýeňiş diýesi gelmese-de, diýmesiz sözi zordan diline getirdi. – Gyltyma kowalaşýan ýeke özüň dälsiň, pyh-pah, ilde-de maksat bar, arzuw bar. Goçuň gülküsi tapba kesildi. – Bi sözi kän wagt bäri eşitmändim. Alla ursun, eşitmändim. Düşdüň, pyh-pah gowy söz däl. Ýöne eşitmek hem ýakymly, hem ýakymsyz. O sözüň aňyrsynda demir gözenek ýatyr. O sözüň aňyrsynda bulam-bujarlyk ýatyr: – Soň Goç sagadyna seretdi: – Iki sagat wagtymyz-a bar. – Az. – Til kak-da hoşlaşaý. Ýeňiş ör turmakçy bolanda Goç egninden basdy. Äwmän baryp, özi apparady bagy-zady bilen sallap getirdi. Trubkany Ýeňşiň eline tutdurdy. Nomerleri özi aýlady. Uzyn-uzyn guguldydan başga ses eşidilmedi. – Düşdüň! Hiç kim ýok. – Ejesi bolmaly. Goç çilim çekmäge aňyrrak gitdi welin, Ýeňşiň özi täzeden synandy. Aňyrdan ses çykan badyna Ýeňiş maý bermän çalt-çalt gepläp ugrady. – Aýperi senmiň? Ýaňy näme ýokmudyň? Goç duran ýerinden sözleriň manysyny çigitleýärdi. Ýeňiş öňki bady bilen dowam etdi – Trubkany götermediň-le? Ejeňem gurgunmy? Men-ä komandirowka gitmeli boldum. Moskwa. Ýene bir sagat elli minutdan uçýas. Sargajak-goýjak zadyň bolsa aýt, ýokmy? Haçan geljek diýýämiň? – Özüne çiňňerilen Goç barmagyny dodagyňa dikligine tutdy: – Aýtma! Ýeňiş trubkany goýansoň, Goç: – Nirä gidýäniňi aýtmaly däldiň – diýdi. – Ondan zyýan gelmez! Ugratmaga Kostýa bararmy, sen şony aýt?! – Barmaz! Sen gelme-de diýdim. Geregem ýok. Ýöne şu puly nädip götermeli – Ol hälki kagyz daňyny aldy. Daňysyny söküşdirdi. Daşynyň rejeli dolanan kagyzyny aýyrdy. Pullar! Bilinden insiz kagyz halkajyk geçirilen pullar iki uzyn hatar edilip, aşak-ýokaryk endigan örülipdir. Goç gözi bilen ýuwdaýjak-ýuwdaýjak bolup dur. Baýamanyň kül-külüne düşen Goça şundan ýakyn näme barka? Onuň akyl ýetirişiçe ähli zadyň özeni şu pulmy? Şu ýüzlükler bilen garany ak edip, agy garalap bolar diýen düşünjä gulluk edýän eýsem bir özümikä? Ýeňiş nazaryny üýşmek puldan sowdy. – Näçe? – On sekiz. – On sekiz! Onuň geňirgenmegine Goç pitiwa etmedi. Lomaý görýändir öýdüp çaklan bora çemeli. Emma Ýeňiş oňy az gördi. Onuň bakyşy «Hany ýene iki müň?» diýen soragy aňladýardy. Dogrudanam, hany onuň iki müňi? Ol tegelek ýigrimi bolmaly ahyry! Iki müň eýýäm gurt edildimi! Goç eliniň tersi bilen sowurtladymy? – Ine bu-da bir müň! – Goç Ýeňşiň sessiz soragynyň jogaby hökmünde ony lomaý pula goşman aýry başga goýdy. «Ýene bir müňi nirede? Hany ýene bir müň?» Ýeňiş içki oýuny daşyna çykaryp bilmedi. Ony çintgemeden, dörjüläp oturmadan saklandy... – Getirişim ýaly götersegem-ä bolman durmaz. Hiç kim pikir etjek däl. Düşdüň! Lomaý pul diýip kim çaklar. Hiç kim. Köp pul beýdip göterilmez diýerler. Düşdüň. Ýöne bir gapdalyň bükgüldide boljak. Dyknyşykda-zatda kyn bolar. Nädeli? Nädeli diýseň men bar. – Iki bölüşäýeli. – Gel. Bilimize daňaly. Guşak guşanan şekilde Üstünden köýnek, penjek, palto düşse bildirmez. Goçuň aýdyşy ýaly edildi. Ýeňiş on müňi biline çekdi. Garny azajyk pökgerdi diýäýmeseň bildirip duranokdy. Galan sekiz müňi Goç öz jübülerine dykdy. Bir müňi hem Ýeňşe berip – Näme sowsak şundan sowaly. Goltuk kisäňe salaý. Öýden çykdyk – hojaýyn sen. Iýer-içere, taksä-beýlekä-de özüň ylgarsyň. Tölemeli zatlaram özüň töle. Düşdüň! – diýdi. Olar ellerine ýük almady. Dokument, biletlerinden gaýry agram berjek zatlary ýokdy. Iki degenek egin deňläp ýola çykanlarynda olardan galdyrbaslyk oslar ýaly däldi. Sigaretini ýogyn-ýogyn sorýan Goçuň ädim urşy dözümlidi. Göwre agyram bolsa, süňňi ýeňildi. Pul keýpine keýp goşýan bolsa gerek! Goç hemişe «Amanat pulam jübiňde göterseň, şolam keýp berýär» diýip ülpetlerine gürrüň berýärdi. Rast Goç puluň gulagyny şaňlatdymy, ugrunda bardyr. Goç ýöne ýerden puluň gybatyny etmez. Ýol gyrasynda duran iki pyýadanyň ýanyna boş taksi gelip saklandy. Oňa bakan ýöräp ugran Ýeňşiň Goç ýeňinden çekdi. Şofýora-da gidiber diýen yşaraty etdi. – Sen nä unutdyňmy, men hiç haçan ilkinji duşan maşyna münemok. – Haýsy bolanda näme? – Yrym edýän. Onýança başga bir «Wolgala» Goçuň özi el galdyrdy. Ikisem yzky zemmere geçdi. – Aerowokzala! Ýeňil maşyn asfalt ýoldan zymdyrylyp barýardy. Uly-kiçi keçeleri yzda galdyryp, süýnýärdi. Gelip düşenlerinde hem bir sagada golaý wagtlary bardy. Reýisleriniň gapdalynda» «saklanýar» ýazgyny okap Goçuň ýüzi gamaşdy. Haçan uçjagam näbellidi. Taksi duralgada aşakdan ýokarlygyna garan Goçuň asman hasam irişdesini üzüp, uçuşy yza çekýärdi. Goýry-goýry bulutlar ýere pessaýlap, ümür-duman assa-assa aşak eňňit edip gelýärdi. – Gyş güni ýola çykan özüň bolma. – Muňa samolýotyň halamaýan howasy diýerler. Goç! Goç sigaretiň birini söndürip, birini otlaýardy. Her näme-de bolsa, adaty asudalygynyň, rahatlygynyň biraz bozulany siňňin synlaýan Ýeňşe mälimdi. Ýöne ol Marat kimin töwereginden howy basylman, gaýtam adamlara buýsançly garaýardy. Goç töweregine biparh kişi bolsa-da, juda seresapdy. Eýlede-beýlede gaýmalaşýanlary hem nazaryndan sypdyranokdy. – Içigar galan, wagtam geçmez şeýle pursatda. Goç ýaly Ýeňşe-de dünýä içgysgynçdy. Agyr häsiýetli adam dek howa-da agyrdy. Asman giňişligini däl-de, ümür-duman öz durky-durmuşyny-da gaplap barýan şekilde duýulýardy. Goç sesini çykarman göwünli-göwünsiz ýöräp başlady. Gazet butgasyna eglip, ýene ýanyna gelen Ýeňşe. – Şun-a oňardyň – diýdi. Olam dik duran ýerinden gazet sahypalaryna göz gezdirdi. Barybir ýagdaý üýtgemedi. Ýene şol öňki ýürege düşgünç pursat dowam etdi. Ýeňiş çykalga agtardy. – Garbak-gurbak edinelimi? – Ýör bäri. Olar ikinji gatdaky restorana çykdylar. Roza hanym ýaly Goçuň kirpigini görenden ýüwrüp gelen bolmady. Boş stola geçip, esli garaşdylar. Restoranda adam kändi. Iýip-içişip otyrdylar. Içi gorlup ugran Goç wagty bilen gelmedik ofisiantka ümledi. Ol belleşdirip gidensoň, Goç egninden galyň paltosyny aýryp, oturgyjyna atdy. – Senem şeýdäý. Ýenşiňem dünýäsi giňän ýaly boldy. Şu aralykda Goçuň nazary garşy-garşy gapy tarapa gönükdi. Telpegini boş stoluň birine taşlap, etek saçyny düzedişdirdi. Kimdir biriniň özlerine aşaklykdan ser salýanyny gördi. Elini stoluň aşagyndan aýlap, ýoldaşynyň buduna dürtdi. – Seret, seret. Biriniň-ä gözi bizde. Gapynyň agzyndaky murtlujan-a tanaýan dälsiň? – Ýeňiş aýdylan tarapa nazaryňy öwürdi. Burnunyň astyndaky gytyjak çogmak murtuny sypap, kimdir biri otyrdy. Olam, gürrüňdeşem öz formasynda däldi. Beýleki kellesine depesi ýüplüklije beretka geýipdir. – Äý, men-ä tanamadym. – Ikisiniňem oturyşy bimaza. Onýança nahar geldi. Ofisiantka açylmadyk aragy gapdalynyň goşa stakany bilen getirdi. Birki gaýra başa çekilensoň, ody sönen sigaretini ernine gysdyryp, hälkiň biri bäri gaýtdy. Ol soraşman-ideşmän Goç dagyň stolundaky otluçöpi aldy. Soňam gür gaşlaryny gerip, Ýeňşe: – Män säni harda görmüşäm? – diýdi. Ýeňiş üstki dodagyny çömmeldibräk, çalaja egnini silkdi. – Özün-ä tanyş ýüz olur sän – diýip, ol hasam burnuna saldy. Ýoldaşynyň ýüzüniň bulutlaşyp ugranyny aňan Goç garaýşyny üm bilen aňlatdy: «Giň bol!» Serhoş yzyna entirekläp gitdi. Öňki oturan ýerine ýetip-ýetmänkä çasly gygyrdy. Elini salgady. – Arak getir, arak! Ol salym geçmänkä bogdak grafinyň düýbüni esli ýapyp duran arakly ýene Goç dagyň stoluna golaýlady. – Içmähden ýaghşi ne war? Içäk! – Ýok, ýaşuly, biziň içgimiz bar. Şu bes! – Goç çüýşäni görkezip, sypaýyçylyk etdi. Emma ol gulak asmady. Stakan – beýleki gözlejek bolup azara galman, grafini agzyndan goýberdi. Yzyndan bir dişlem nan alyp, duza basdy-da ýuwdup goýberdi. Ýene bazzyk-buzzuk edip, öňki heňine başlady. Töwerekden seredişdiler: Salyhatly adamyň biri gelip, oňa haý-küş etdi. – Iýlip-içilip otyr, ýagşy däl, ýaşuly. Ýaşuly diýen adamyň özem ondan ýaşkiçi däldi. Çarşagyny tarelkasyna degrip goýan Ýeňşiň töwellaçy bilen nazary kaklyşdy. Salyhatly adam serhoş bilen boldy. – Adamlaryň keýpini bozma. Bar, ýaşuly, ýeriňe bar. Tutaklap äkitdi. Serhoş barýarka-da hüňür-hüňür etdi. – Men nä diýerem. Pis zat diýmemişem. Içmeh olmaz ki? Salyhatly adam: – Ýoldaşyňa göz-gulak bolaweri! – diýip, onuň tabakdaşyna tabşyrdy-da öz ýerine geçdi. Nahar arasynda çilim otlanan Goç dagy ýaňky serhoşyň indi beýleki stoldaky biri bilen «gidişýänini» gördi. Goç aragyň soňuny iki stakana deňine sarkyryp: – Şunam içip turaly – diýdi. – Daşaram sowuk, oturaly-la. Emma «serhoş» olary arkaýyn oturmaga goýmady. Göze sap atyp, entirek-tentirekläp ýene geldi. Onuň ýöne ýerden öz ýanlaryna gelmeýänine Rasul aganyň serhoşam däldigine Ýeňiş ýetikdi. Hyrçyny dişlän Goçuň bolsa gözlerinde hasam ot ýandy. «Wah ýeriň däl-dä, ýeriň däl-dä»! Ol ýene bialaç dişini gysdy. Aragy zarp bilen başyna çekdi. Özüne giňlik berdi: – Mert bol, Goç! Goç adaty günler bolsa, beýdip giňlige salmasa-da salmazdy. Arman, bu pursat, lomaý pul elini-aýagyny zynjyrlaýardy. Ol adamyň petigulusyny beräýmäge gaýraty çatmaýardy. Ýeňşem, göwnüne bolmasa, özi ýaly saly gowşak, nämedendir çekinýän ýaly. Belki, olam öz syrlarynyň açylaryndan gorkýandyr. Ýeňşe nähilidir bir yşarat eden ýaňky adama ahyr Goç: – Endamy gijän sygram, şeýdip, agaja süýkenýär – diýdi. Goça Ýeňiş bu saparam eşitmediksirän ýaly bolup göründi. Goç oňa ähmiýet bermän, ýene çilim otlandy. Ýeňşem oturan ýerinden çalaja gobsundy. Birdenem Goç nämäniň-nämedigine düşünmän galdy. Niredendir eýýäm ýetişen beretkalam, aýy çalasynlygy bilen özüni dürsäp, «serhoşlygyndan» bada-bat aýňalan ýaňky «serhoşam», salykatly adamam Goçuň derrew daşyny aldy. Ýeňiş duýdurşa garaşýan ýaly, gobsunsa-da, ümsüm oturyberdi. Onuň bu parahatlygyna Goç ýene düşünip bilmedi. Ol entek-entegem zatdan bihabardy. Rejäniň geň däldigini aňan Goça paltodyr telpegini almaga-da puryja bolmady. Ýerli-ýerden üstüne abanan adamlar şatyrdadyp ellerini arkasyna towladylar. Penjiräniň, gapynyň öňünde ýene birnäçe milisioner peýda boldy. Juda hatyrjem milisionerlerden girere deşigiň galman, töwereginiň petiklenenine göz ýetiren Goç elini göterdi. Kimdir biri eline zynjyr urdy. – Baglaň, baglaň! – diýip, Ýaýlym Abdyýew beretkasyny düzedişdirdi. Rasul aga-da ondan kem galman: – Köpeý ogly, ýaman kişi sän. – diýip, gytyjak murtuny synap goýberdi. Öwez Akyýew bolsa köpüň içinde Ýaýlym Abdyýewiňem, Rasul Taýyrowyň artykmaç sözlerini onçakly oňlaman, paýhasly ädip ugrady. Ara alnan Goç welin gidip barýarka-da, demir gözenekli maşyna salnansoňam öz ýanynda Ýeňşi näler görmek islese-de, görüp bilmän galdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |