07:51 Ynsabyñ jezasy -24/ romanyñ dowamy | |
ÝIGRIMI DÖRDÜNJI BAP
Detektiw proza
Eli bagly Goç naçalnigiň kabinetine getirilende öz gözlerine özi ynanmady. Ynanmady. Balkyldap duran gözlerine ynanmady. Öz gözleri özüni heý beýle aldaýarmy? Eýsem, ol her näçe misginsokar suwa girip, gury çykýanlardan bolsa-da özünden ökdeleriňem bardygyna ynandy. Tilkilenip gezse-de, gurda duşdy. Ýok, Goç hiç haçan özüni beýle aldatdyrmandy, beýle ýagdaýa düşmändi. Eýsem, bu nähili oýun boldy? Garşydaşyny uta-uta gelýärdi. Bil tutuşanyny, ýyka-ýyka gelýärdi. Bu nähili göreş boldy? Geçen sapar öýe düşmeginiň sebäbi başga. Gadagan edilen harydy alyp gelýärkä güpbasdy edipdiler. Ondan alyp gaýdan öýüniň eli bolupdy. – A bu nähili beýle boldy? Ynananok. Eger-eger ynananok. Emma ynansa-da, ynanmasa-da hakykat-hakykatdy. Ertekilerde döwüň dişini çarhlap-çarhlap awuna topulyşy ýaly, Goçam gözüni içiňden-bagryňdan geçirere gelip, çat maňlaýynda bu bolup geçen ahwalata adaty bir zat hökmünde tarap, özüne onçakly ähmiýetem bermän, ýanyndaky bilen ýylgyryp gülüşýän ýigidi kerçem-kerçem edýärdi. Arman, alajy ýokdy. Ol gazabyna bäs gelibilmän, kellesini saga-sola ahmyrly aýlady, gyjynyp, aşaky dodagyny persala etdi. Ýene tyg-tyg kirpiklerini gezäp, goşa nilini oklap, alnyndaky ýigide çenendi. – Swoloç! Swoloç! Ýeňiş parahat ör turdy. Kelte synyny çekişdirip, galstugyny düzetdi. Gyzman, özüni sowuk alyp bardy. Ýaraly ýolbars kimin iňleýän Goç bolsa ýene ajysyny pürkdi. – Beýle-de bir eşeklik bolarmy. – Namart! – Ýeňiş ýuwaşja gezmeledi. – Kim namart? – Goç laňňa galdy. Iki milisioner şatyrdadyp egninden basdy. – Sen namart! – Öwez Akyýew sesine biraz bat berdi. – Ogurlyk eden namart bolman, garşysyna göreşen namart bolýarmy? Galplyk eden namart bolman, oka garşy göreşýän namart bolýarmy. Pyssy-pujurlykdan gaýtmaýan sen, egrilik tapsaň, dogrulyk islemeýän sen, kezzabyň kezzaby diýsänin. Haramylyk ede-ede, indem şerraýlyga ýüz urýarmyň? Saňa eden günäleriňden ýülünme ýok. Saňa şaýadam gerek däl, aklawjam. Şaýadam, garalawjam ine, şular – polkownik bir gyradaky stolda üsti ýapyk goýlan üýşmek puluň örtgüsini heserli galdyrdy: – Gördüňmi? Bular seň Daban azabyňmy? Der döküp gazanan hak-heşdegiňmi? Diş-dyrnak bolup gazanan pullaryňmy? Ýok. El egriligiň, ogurlygyň. Iliň bilini agyrdyp, işdäsini kesip ýygyp-süýşüren maýasy. Neresse çagalarynyň gözhaklary. Galplyk bilen uzaga giderin öýtdüňmi? Biz seni bir wagt ele salyp bilýärdik. Ýagymyz ýeke sen däl. Ine, biz, şulary eýesine gowşurmaly, ogryny tapyp, gaýdyp bermeli. Onuň üçin bolsa wagt gerek boldy. – Hilegärlik gerek boldy diýsene! – Bar seň aýdanyň bolsun. Hilegäre hilegärlik etmeli bolýar. Roza bilen nikadan geçip, gözlere çöp atjak bolduň. Oňa-da belet. Onuň asla maýasy ýok. Dilhat alsaň alyber. Gözboýagçylyk üçin är-heleý bolsaň boluber. Biz saňa ýetik, gaty ýetik bolduk. Sen alys ýerdäki ülpetleriň, gatnaşyk edýän adamlaryň bireýýäm etmişlerine görä jeza çekip ýörler. Sud boldy, iş kesildi. Sen olary gowy tanaýaň – polkownik çekerinden birküç adamyň dürli görnüşde aldyran suratlaryny Goçuň öňündäki stola oklap goýberdi: – Seret, seret. Olaram seň ýaly ogry-jümrüler. Ömürlerini kül edenler. Iliň gözünden düşüp, wyždanyny ýuwdan betnebisler. Goç suratlara gabagynam galdyrmady. Olary Öwez Akyýewiň ýene özi ýygnady. – Maşyn edinmek pirimiň paşmady. Ony öz halal zähmetiň bilen gazanmalydyň. Ili-güni çürkäp, agzyň ýagjarmaz, eliň rul tutmaz. Polkownik sözüne dyngy berdi. Indi onuň sözüniň üstüni Ýeňiş ýetirdi. Ol ilkinji gezek Goçuň çyn adyny tutdy. – Il ýüzüne özüňe Goç-Goç diýdirseňem, familiýaň Nedir. Öz hakyky adyň Goç. Günäkär Goç Nedirow! Goç onuň gazap bilen sözüni böldi. – Lal aç, satlyk, dönük. – Oýunçy utulanyňy bilse ýagşy, Goç! Isleseňem, islemeseňem günäňem boýun alyk. Ondan aklanma ýok Ýöne şu puluň ýetmezi bar. Gel, şoň üstüni dolaly. – Günäkär stoly ýumruklap, dymdy. Bu onuň menden söz almarsyňyz diýdigidi. – Kimde, nirede goýduň? Goç alaryldy, dagy zat diýmedi. – Dymmagyň günäňi ýeňledenok. Barybir taparys. Gowusy, mugyra geläý. Haýpyň gelsin. Puly eýesine gaýdyp bereli. Bir müň kimde? Goç ýene otlukly nazaryny Ýeňşe dikdi. – Rozadamy, Kostýada? Goçdan ses çykmady. – Beýdip oturmagyň artykmaç, Goç! Mert bol-da, boýun al. Özüňi peseltme. Sen pula, aýala namart, durnuksyz bolsaňam, mert taraplaryň bardy. Bir sözlüdiň, töwekgeldiň. Ogry-jümrüligiň bu häsiýetleň üstüne atanak çekdi. Erbet gylyk-häsiýetiň seni sandan çykardy, süýekden düşürdi. Gözüňi baglan baýamak. Olam ýene bir gezek aýagyňy gandallady: – Goçdan ýene ses çykmady. Uly äpet göwre kiçele-kiçele küçen ýaly bolup görünýärdi. – Onda näme, Öwez Akyýewiç, işiň dowamy bilen bolubermelimi? Polkownik gapdalyndaky apparatyň bir ýerini basdy: – Ýaýlym Abdyýew, sülçi Bapken Karapetýan, piwo zawodyndakylar bäri gelsinler. Goçy bir tarapda oturtdylar. Kabinete ýeke-ýekeden girdiler. Otag adamdan dolaňkyrlady. Polkownik sülçä protokoly tabşyrdy. Özi aýak üstünde durşuna elindäki kagyzlaryň birini okady-da: – Wasil Wasilewiç Petrow haýsyňyz? – diýdi. Iň bäri çetdäki jortmak pyýada yra-dara ýerinden galdy. Galsa-da dili tutulan ýaly, äm-säm durdy. Ýag ýoky siňen papagyny düýrläp-düýrläp, bir gysym etdi. – Men. – Gaty gowy. Birek-birege kömek etmek gerek. Polkownigiň aýlawyna ol birbada düşünmedi: – Siz bu dil haty mundan bir aý öň ýazyp beripsiňiz. Has takygy 25-nji noýabrda. Dogry gerek? Az-maz gowşan Petrow bu gezek kän garaşdyrmady. – Dogry. – Graždanin Petrow, siziň ortaça maşgalaňyz bar: bir ogul, bir gyzyňyz. Gaýyn eneňiziňem rysgy siz bilen. Diýmek, hojalykda bäş baş. Gaýyn eneňiziň pensiýasy 40 manat. Aýalyňyz redaksiýada tam süpüriji bolup işleýär, aýlygy 70 manat. Dogrumy? – Dogry. – Siziňkem 90. 200 manat hojalyga girýär. Diýmek, gurbuňyz çatmanam durjak däl. Dost-ýara kömek etmäge mümkinçiligiňizem bar. – Bar. – Siz şuňa kepil geçýäňizmi? – polkownik yzyna alan dilhatyny şykyrdatdy. Petrow birbada ýuwdundy. Ýeke taram düşmedik jyrk sary saçynyň düýbi derläp ugrady. Iki milisioneriň arasynda ýygrylyp oturan Goça garady. Öwez Akyýew äheňini üýtgetmän, soragyny gaýtalady. – Näme dymdyňyz? Siziň kassada iki ýüz manat 57 köpügiňiz bar. Bir ýyldan bäri goýmansyňyzam, almansyňyzam. Siz bir müň manady öýüňizde sakladyňyzmy? Graždanin Petrow, jogap beriň! Petrow gara suw boldy. Ýeňi bilen maňlaýynyň derini syldy. – Wasil Wasilewiç hakykaty sözläň. Rast pul bereniňiz çyn bolsa çyn diýiň, ýalan bolsa, ýalan. Men sizi gyssamok. – Berenim çyn. – Pul bereniňiz çynmy ýa dilhat bereniňiz?! Ol zordan: – Pul – diýdi. – Şeýdip belli karara geliň. Beýdip horlanyp oturmalyň. Onda näme, rast şeýle bolsa biz gürrüňimize üçünji adamam goşmaly bolýas. Petrow töweregine ýaltaklady. Bulardan biri bolsa gerek diýip çaklady. Emma polkownik: – Biz gynansagam, bu ýere Anýa Konstantinowna Petrowany çagyrmaly bolduk. – Anna Konstantinownany! – Näme graždanin Petrow, aýalyňyz bilen ýüzleşmek islemeýärsiňizmi? Petrowyň şyrky ýüzi erbet agardy. Maňlaýyna şagga der indi. – Diňläli, göreli, ol näme diýýär. Polkownik öz ýerine geçip trubka ýapyşanda, Petrow öňe süýşüp alňasady. – Graždanin polkownik, saklanyň. Aýalyma habar etmäň. Gopgun uly turar. Soňam maňa gün ýokdur. Bolşy-bolşy ýaly aýdaýyn. – Aýdyň onda. – Mende onça pulam ýok, zadam. Dil hatda berdim diýsemem, beremok... «Puluň gerek däl, dilhaty beräý» diýensoň, beräýdim. Polkownik boldy diýen yşarat etdi. – Häli boýun almalydyňyz, gör näçe wagtymyz ýitdi. Ony ýene öňki ýerinde oturtdylar. Ol gözüni alardyp, Goça otlukly-otlukly seredýärdi. – Siziň bolsa amanat kassada kör köpügiňizem ýok – diýip, Öwez Akyýew içinden öl geçmeýän ýaly hor, şilliň uzyn ikinji dilhaty berene ýüzlendi – Siziň 110 manat aýlygyňyz bar. Şoňam 35 prosentini alimente töleýärsiňiz. Özüňizem bokurdagyňyza buýrup bileňzok. Aldygyna içýäňiz. Ikinji aýalyňyz bilenem oňşugyňyz ýaramaz. Zawod siz barada otrisatel häsiýetlendirme berdi. Gulak asyň – polkownik öňündäki kagyzlardan sogrup birini aldy: – Siz şu dilhaty ýazan wagtyňyz Baýramalydaky keselhanada ýatyrdyňyz. Birinji dekabrdan onunjy dekabr aralygynda özüňizi bejertdiňiz. Dilhatda bolsa üçünji dekabrda diýlip gol çekilipdir. Şilliň uzynyň synçgylawugy tutdy öýdýän, sözlejek boldy, başarmady. Bokurdagyna zor saldy-da goýdy. – Suw içiň. – S-u-w-w iç-içen-iň bil-bilenem ga-almaz. Bo-bolşum şeýle. – Siziň, gepiň gysgasy, bir müň bermändigiňiz rast gerek?!. Şilliň uzyn baş atyp makullany bilenem kanagat etmän, ýene synçgylawugy tutýan ýaly boguk gor-gorlady. – Ber-beremok. – Onça puluňyzyň ýokdugyny aýalyňyzam delillendirsinmi? Reňki agyp giden şilliň uzynyň eli ikibaka hereketlendi. Bu ahwalata çydam edip bilmedik Goç zöwwe galdy: – Graždanin polkownik, haýyş edýärin. Bularda günä ýok. Men günämi boýun alýan. Artyk saklap oturmaň. Men zerarly bular bir ejir çekmesin. – Ýok, her kimiň öz ýazygy bar. – Men ýazmajagam bolsam, zorlap diýen ýaly ýazdyrdy – diýip, nobat berilmänkä üçünji adam söze başlap, Goçuň ýüzüne durdy. Ol kelteden dykyzdy. Göwresi ýaly kellesem togalakdy. Gözleri welin ýarydan deşilen ýaly, çala çyzylýardy. Kesedi. – Ýog-a, puluň çykanok, zat edenok, berdim diýeňde biliň agyrýarmy – bir gün piwnoýda boýnuma goýdy. – Köse pyýada oýmul-oýmul edip oturyşyna bokurdagyna pitikledi – Içdik. Ýok, içirdi. Öz kisesinden töledi. Onsoň menem ýazaýdym. Graždanin polkownik, şuň başga-da edip ýören işleri az däl. – Häzirbaý Bazarbaýew, bes! Ol ýene gepläp, Goçuň üstüne daş baryny ýagdyrjakdy. Otursa-da Goça gorka-gorka garap, burnunyň aşagyna hüňür-hüňür etdi. – Dogry-da walla. Polkownik şondan soňra sözüne agram berip, ýagdaýy düşündirdi. – Kim bilen iş salyşanyňyzy bilmeli. Näme üçin ozal-başda özüňizi jenaýaty iterýärsiňiz? Eger tanşyňyz ýa işdeş ýoldaşyňyz hakykatdanam, maşyn almakçymy, toý etmekçimi, kömek bermäň aýby ýok. Gowy zat. Birek-birege ýagşy günde-de, ýaman günde-de gerek. Emma siziň bermedik ýeriňizden berdim diýip galp dilhat bermäňiz telek. Neneň oňa bognuňyz ysdy. Bir müň hele-hüle zat däl. Ony köpükme-köpük ýygnajak bolsaň, esli wagt gerek. Emma bu oturan – polkownik Goça barmagyny uzatdy – siziň diýen adamyňyz däl. Etmişine laýyk jeza çekse-de ýola gelmedi. Ýene ogurlyga ýüz urdy, söwda-satyga baş goşdy. Ýigitleri sandan çykardy. Ahyram lomaý ogurlygynyň üstünde tutuldy. Kabinetdäkileriň ählisi gazap bilen Goça seretdi. Olar ony sözsüz dalaýardy. – A siz bolsa şeýle galpa, kezzaba eglişik etmek islediňiz. Indi siziň munyňyzyň nijesi bir pul. Abraýyňyzy dökmek dälmi? Biz sizi gereklesek ýene çagyrarys. Häzir bolsa boş. Gaýdyberiň. Olar çykyp gaýdansoň, polkownik ýene Goçy sykajaga salyp ugrady. – Ýazykly Nedirow, günäňizi boýun alýaňyzmy? Goç nadaralygyna tutdy. – Alýan, alýan. Ine, men, basyň, basyň. – Bolmanda-da seni goýberesimiz ýok. Heňkirme. – Ýigrenýän, baryňyzy ýigrenýän, ozalam ýigrenýärdim, häzirem ýigrenýärin. Mundan beýlägem ýigrenerin. – Bizem seni söýemzok. Ýüzüňden sypamajagymyzam çyn. – Bu durmuşy ýigrenýän. Ömri ýigrenýän. – Tersine, baýamagy söýýäň. Elbetde, sen beýle ömrüňi ýigrenmelem. Beýle durmuşyň üstüne atanak çekmeli. Sen kime derkar? Galplykdan, ogurlykdan doly ömrüň nämesine guwanjak! Goçuň çapgy ýassygy ýaly ýeňsesi tüňňerip, howut boýny aşak sallandy. – Ýazykly Goç Nedirow, sen göniňden gel-de, bir müňi kimde goýanyňy aýt! Jemläp eýesine gowşuraly. Goç içýakgyç, jany agyryly güldi. – Ine, muny aýtman. Tike-tike etseňizem aýtman. – Tapjagymyzyň ujy iki däl, Goç! – Ýeňşiň ýüzi hyrsyzlandy. – Tapyň. – Taparys. – Onda näme kürtdürişip dursuňyz. – Ýüregiňi ele alma. Daşyňa tor gurmany başaran, onuňam hötdesinden geler. – Sen edersiň. Saňa ýoldaşyňy satmany öwrenenje diýerler, pyh-pah. – Men hiç haçan ýoldaşymy satýan däldirin. Ýöne sen ýaly ömrümi köýdürenleriň, ogry, kezzaplaryň, bozgaklykdan başga zat çykmajak biweçleriň alkymyndan alýandyryn. Parahady zäherlän sen dälmi? Menem, onam garaňky gorpa gapgaran sen dälmi? Kostýany sandan çykaran sen bolman, kim? Maradyň ýaşlygyndan peýdalanyp, öýünden-öwzaryndan bezikdiren, haramlyga iteren sen däl-de, kim? Ýeňiş jany ýangynly dymdy. Goçuň otly gözleri bilen özüniňem otly gözleri sataşdy. Göreçler biri-birini sessiz-sedasyz iýerli göründi. Polkownik bir möhlet muňa tomaşa etdi, soň böwrüne diň saldy-da, adaty mylaýymlygy bilen iki milisionere adaja elini salgady. – Äkidiň. – Şeýdibem göräýsek, Öwez Akyýewiç – diýip, Ýeňiş öz özleri bolup galanda matlabyny mälim etdi. – Öz-ä bolman durjak däl. Olar meseläni «bişirdik» edip, daş çykdylar. Içeri işler uprawleniýesiniň naçalnigi şofýory çagyryp: – Nomeriňizi wagtlaýynça täzelemeli boljak: – diýdi. Düşüş şofýor iki aýtdyrmady. Maşynyny otlap, tiz gözden gaýyp boldy. Şol arada Ýeňşe naçalnik: – Ýanyňyza kömekçi aljakmy? – diýdi. – Aý, ýok. Onýança öňi «11» ýazylgy nomerine derek başga nomer goýlan ýeňil maşyn gelip togtady. Ýeňiş oňa bakan ýöräp ugrady. – Hatyrjem bol. Ýeňiş baş atdy-da, maşyna mündi. Emma Kostýany işde tapmady. Öýe howlukdy. Işigi açan Kostýa ýoldaşyny görenden: – Oho, uçmadyňyzmy näme? – diýdi. – Kabul edenok. Saklanmaly boldy. Men gyssanýan. Goç aeroportda garaşyp dur. Geçip barýan bir maşyny tutdum. Roza-da öýünde ýok ekeni. Goçam gyssap iberdi. Bir müň manadam getir diýdi. Oňam geregi çykar diýdi. Özüň gaýt diýsemem, men näme, sen näme diýdi. – Ol Rozada, Ýeňiş. – Dara-direde ony nireden tapjak. Ozal ýanymyza alaýmal-a. Goçam adam baryny sepil edip ýör. – Restorana bardyňmy? – Ýok. – Şol ýerdedir. – Bol, bile gideli. Çalt geýin. Birden münüş yglan ediläýmesin. Kostýa geýinmäge durdy. Gelýärkäler şofýor bilgeşlin gyssanýan kişi bolup, signal berdi. – Äl, halypa, sadylla edýäň. Ýeňiş gapyny açyp, Kostýany yzky zemmere geçirdi. – Nadyl etmeris, gardaş. Senden beter menem gyssanýan. Samolýota ýetişmeli. Nätjekdä? Ýene bir ýere baraly. Rozanyň ýanyna ikisi bile bardy. Olary göreninden Goça gözi düşene dönen Roza ýylş-ýylş edip geldi. Owadan gelnem Kostýanyň soragyny berdi. Ony bir gyra çeken Ýeňiş Goçuň özüni näme üçin iberenini aýtdy. – Ýöne ýanymda däl. – Nirede? – Öýde. – Aşakda maşyn garaşyp dur. Mün-de getiräý. – Özi näme gelmedi. – Gorgazdan diýip, düýn irden uniwersitetiň bir mugallymynyň öýüni talapdyrlar. Ikisini ele salyp, birini tapmaýamyşlar. Aeroportda-da, ýolda-yzda-da milisionerler. Çekinip, sen gitde getir diýdi. – Siz nirede garaşjak? – Şu ýerde garaşaýarys. Roza beýleräkde güýmenip duran ofisiantka: – Men häzir geljek. Sen bulary naharla – diýdi. Kostýany stol başyna geçirip, Ýeňşiň özi Roza bilen daş çykdy. Ony şofýoryň gapdalynda oturtdy. Maşynyň açyk gapysyndan eglip, Roza görsün diýen manyda gyzyl onlugy şofýora tutdurdy. – Häzirlikçe şuny al. Sür diýse sür, dur diýse, dur. Şofýor «ýolagçysynyň» üstüni hoş sözden gömdi. Yzyna öwrülip gelen Rozanyň näme üçindir öňki şähdaçyklygy ýokdy. Puly göwünsiz uzatdy, Ýeňşem sanap durmady. – Ýa özümem görüp gaýdybereýinmi? – Gözel göwnüň, Roza hanym. Aýagymyzyň astynda-ha suw ýaly maşyn. Ýene bir gyzyl onlugy jähennem ederis welin, lepbeý diýip duran şofýoryň bardyr. – Iş wagtam-da. Haçan gelersiňiz? – Jüpüne düşüşine bagly. – Goça iýer-içer ýaly zat salaýyn: – Seýkin basyp, ýöräp ugran Rozanyň Ýeňiş ak boldumly goşaryndan ýapyşdy. Goçuň heleý saýlap ýalňyşmandygyna eli ele degip durka Ýeňiş ýene bir gezek göz ýetirdi. – Göteren pullarymyz bilen hor bolsak, Roza hanym, biziňem bolmadygymyz: – Indi ýigidiň özi ikirjiňledi: – Sen nätjek? – Siz gidäýiň. Soň direktor bir zat diýäýmesin. – Bolýa-da, Kostýa gitdik. Bu saparam Kostýany ilki mündirdi. Özi welin, öňe geçmän, onuň gapdalynda ornaşdy. Şofýor maňlaýyndaky aýnajykdan Kostýany synlap oturyşyna: – Nirä? – diýdi. – Nirä bor öýdýäň. – Aeroporta: – Kostýa oýkanjyrap, arkasyny ýeňseki zemmere ýaplady. – Nireden alyp gaýdan bolsaň, şo ýere – Ýeňiş Kostýanyň hödürlän çiliminden birini aldy. «Wolga» Engels köçesignden saga sowlup, saklandy. Kostýanyň gözleri jerreldi. Ýeňiş bilmediksirän boldy. – Gardaş, sen bizi nirä getirdiň? – Düýn prawamy aldyrdym. Şu wagtam prawasyz sürüp ýörin. Habar tut diýipdiler welin, şu mahal ýadyma düşäýdi. Gaty howlaýan bolmasaňyz, baryp gaýdaýyn-la. – Sen-ä oňardyň – Ýeňiş gyssady: – Çaltrak bolaweri. Samolýotdan goýaýma. Şofýor Öwez Akyýew dagy bilen bile dolanyp geldi. Kostýa nämäň nämedigine şu wagtam akyl ýetirip bilenokdy. Öňe salnyp, alnyp gidilensoňam gaňryla-gaňryla özara hümürdeşip duran Ýeňşe seredýärdi. Şofýor ýylgyrjaklap, hälki on manady polkownik dagynyň ýanynda eýesine gaýtardy. – Bu nä? – Öwez Akyýew hem Ýeňşe, hem beýlekä garady. – Göwünlerine güman gitmesin diýip, hälki eden oýnumyz. Olar tirkeşip ýene naçalnigiň kabinetine ýygnandylar. Ýeňiş puly polkownige berdi. – Indi dürsmi? – Dürs. – Onda eýesine telegramma beriň. Gelip äkitsin. Ýöne oňa-da berk tabşyryň. Gaýdyp beýle galplyk etmesin. Maşyn gerek bolsa, nobata dursun, ýerinde arza. bersin. Kabinetde Ýeňiş naçalnik bilen ikiçäk galdy. – Sen-ä argyn görünýäň, Ilamanow! – Dogrusy, ýadadym, Öwez Akyýewiç! – Onsoňam, Öwez Akyýewiç, her kimiň öz öňünde goýan maksady bar. Haýsy kärde işleseňem ýokary bilim gerek. Oňa düşünýän. Hökman forma girip, jenaýata garşy göreşmeli däl. Organda işlemänem organa kömek edip boljakdygyna öz mysalymda göz ýetirdim. Hemmeler kanunyň goragçysy bolmaly. Her ýerde bolsamam size, organa peýda getirmäge, kömek etmäge hemişe taýyn. – Biz saňa mydama bil baglap bileris, Ilamanow. Käriň, işiň bolsa kiçisi ýok, hary ýok hemme iş özüňe bagly. Herki zada yhlas gerek. – Ýogsa-da Öwez Akyýewiç, Rozaly gürrüň nähili bolar? – Olaryň suduna çagyraýarys. Ýüzleşdireris. Şonuň özem ýeterlik bolsa gerek. Ýöne iş entek munuň bilen gutaranok. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |