23:56 Ynsabyñ jezasy -26/ romanyñ dowamy | |
ÝIGRIMI ALTYNJY BAP
Detektiw proza
Ýeňşiň ýene piwo zawodynda adaty iş günleri başlandy. Dynç alyşdan soňky ilkinji gün bijaý uzaga çekdi. Geçen hem gelejek gözüniň önünde salgym bolup gezekleşýärdi. Hyýalynda aýratyn heniz könelmedik geçmişe at salýardy. Goç barha alysa gaçýardy. Kostýa-da yzynda ser-sepil. A Marat? Maratdan derek ýokdy. Şondan bäri ne gördüm – bildim bar, ne habar-hatyr. Eýsem bu Ýeňşiň ýetmezi dälmi? Şu çaka çenli habar alman neneň takat edip bildi? Ol bir ýaş oglan. Häzir näme işleýärkä? Şunça wagtlap habar tutup bilmedim. Haýsy işde bolamda-da oňa kömek bermeli ahyryn. Özüň aýtdyň forma girmek hökman däl diýip. Onda näme?.. Ýeňşiň ýadyna bile tirkeşen günleri düşdi: Marat gözüniň öňüne geldi. Gözüniň ody alnansoň, belki, seresap ätlese gerek. Emma ony uzak garaşdyrmadylar. Öwez Akyýew piwo zawodynyň ýolbaşçylaryna jaň edip, Ilamanowyň işden saň öz ýanyna gelmegini haýyş etdi. Ýeňiş gelende otagda pensioner pisint bir ýaşulam otyrdy. – Bu goja arz bilen gelipdir – diýip, polkownik maksady düşündirdi: – Ynha, arzasy. Okap gör. Gürrüňleş. Ýaşuly goňşusyndan nar-nadyl. Ýokarky gatda ýaşaýan goňşusynyň bimaza ogly, nökerleri barmyş. Şolara haý-küş ediläýse diýýär. – Işe girişibermelimi? – Elbetde. Ýöne sen ýokuş görme, aňlaýşyma görä, olar seň belet adamlaryň. Işi ahyryna çenli dowam edersiň diýen umydym bar. Bu saňa ýene bir tabşyryk. – Ýagşy. Agşamara barjak bolaryn – diýip, ol gojany ýola saldy. Diýen wagtynda tapyldam. Goja bilen ümmüldeşip, Ýeňiş esli eglendi. – Depäňizden suw akdyran ekenler. – Ýeňiş ýokarsyndaky oýmur-oýmur yzy görüp aýtdy. – Üstüň ala depeşekmi diýsene. – Imisala ýaly-la. – Aýaklar çekilişensoň däliräp başlaýarlar. Bir zat diýseňem göçgünli jalataýlar dazaryşyp durlar. Aýdylana mähetdel ýokarda gopgun turup ugrady. Aýaklaryň tapyrdysyndan jaý sarsyp-sarsyp gidýärdi. Depäňde dep kakýan ýaly duýulýardy. – Ejesine-de gün ýok. Gijeki smenada işleýär. Ne ili ýatyrýarlar, ne-de özleri ýatýa. Baýramçylyk günleri bolsa, aýbam däl. Her gün şeýle. Goh-galmagal, şakyrdy gitdigiçe güýjeýärdi. Gojanyň sözüni şeksiz tassyklaýan görnüşde ýokary durşuna ala dükürdidi. Ýeňiş soňam esli güýmendi. Gyk-bak öňkä garanyňda iki esse artyp başlady. Ýeňiş ur-tut barmagy birhili görüp: – Goňşy aralykda ilki özüň duýduryş berip gaýtsaň näder? – diýdi. Ýaşuly göwünjeň bolmasa-da, özi üçin alada edýän adamyň raýyny ýykyp bilmedi. Asgyryp-üsgürip ýokarky gata çykdy. Onuň gapyny tyrkyldatýany aşakda diň salýana-da eşidildi. Salym geçmänkä yzyna öwrüldi. Ýüzüni ak tam edip: – Aýtdym-a, olara ýanaşan özüň bolma. Südenekledip goýberdiler. Entirekläp gitdim – diýdi. Ýeňiş gapyny kakmaly bolmady. Açykdy. Onuň baranyny hiç kim duýmady. Jaýy göçürere gelýän şaňňy sesleriň, aýaklaryň tapyrdysynyň zenzelesi özüne ýetikdi. Bir gyra süýşürilen stoluň üsti iýgi-içgiden dos-doludy. Tyrryk köýnekli stil gyzlar, saçlary ýagyrnylaryna düşüp, sakgal-sapylary aşak sallanan ýigitler otyrýerlerini kä saga, kä çepe taşlap, tans edýärdiler. Öz aýaklarynyň hereketleriniň şowhunyny öz dilleri ýetirýärdi. Çilimiň, arak-şerabyň ajymtyk ysy Ýeňşiň burnuna hapylady. Kellesi aýlaw gyzyň biri Ýeňşi gören halady towlanjyrap geldi-de, sen-men ýok boýnundan aslyşdy. Ýeňiş ak gollary batly siltäp goýberende, gyz süssenekläp, gapynyň söýesine degip ýykyldy. Şakyrda bary bäri bakdy. Birden sem bolundy. Ýigitlerden biri balkonyň açyk gapysyna bakan eňdi. Ol aşak düşmäge aýagyny sallap-sallamanka Ýeňiş ylgap baryp özüne bakan dartdy. Idirdedende gözi ýüzüne düşdi. – Marat!.. Bu, hakykatdanam, Maratdy. Ol Ýeňşi görüp, onda-da bu ýagdaýda görüp birerbet utandy. Otagdakylaram duran-duran ýerinde geň-taňdy. Emma olardan biri jikgerip, Ýenşiň alkymyňa dykyldy. – Bizden saňa näme gerek? Aslynda kime aýdylmaly sözler? Ol gaýta Ýeňşe aýdylýar. Ýigit adresini ýalňyşmadymyka? Ýetginjek müýni bardyr öýtmän, hor-hor edýär. Munuň zemzen haýbaty nämekä? Müýni bardyr öýdenok. Ýeňiş ony synladygyça, Öwez Akyýewiň tabşyrygy ýadyna düşdi. «Bi işde öz işgärimiziň biriniňem garyndaşynyň eli bar, gatnaşygy bar. Sen ýöne çekinme». Kimkä? Öwez Akyýew adyny näme üçin aýtmadyka? Ol birden öňräk Smirnowyň beren gürrüňini hakydasyna getirdi. Şonda maýor Ýaýlym Abdyýewe mazalyja käýelipdi. Emma ol özünde ýazyk goýman, aýalyny, aýalynyň jigisini gönertläpdi. Belki, şonuň garyndaşydyr! Şol gönertlenýäniň eňeginiň aşagynda jedirdeýänini Ýeňiş entek bilenokdy. Dogumyna bäs gelmese-de, ýetginjegiň köwükligi öz özünden mälim boldy. Onuň parran açyk ýakasyndan görünýäň zenanyňky ýaly ak döşüne bolsa ýarym-ýallaňaç gyzyň suraty çekilipdir. – Seni tanaýan, güýjüňe baýrynma, düýeden uly pil bar. Akmak öz aýbyny özi açar diýenleri ýene bir gezek aýan boldy. Ýeňiş onuň gaňryşyna gaýtman, uguny ýekeledi. – Bilmändiris, kim borsuňyz. – Ony bilmeýän barmy? Maýor Abdyýew diýýändirler. Men onuň aýalynyň jigisi. Ýetginjek muny ýöne ýerden agzamadyk bolara çemeli. Sebäp, protokol ýazylar gorkusy bardy. Garyndaşyny ara goşmagy geleniň howuny basmak üçindi. Ol ikisi düşünýänçä gyzlar ýagdan gyl sogrulana döndüler. Öýde diňe dört erkek galdy. Ýeňiş gyzlaryň ýantyklap çykyp barýanyny aňsa-da, aňmazlyga salypdy. – Ini batyr! – diýip, Ýeňiş kimdir birinden eşiden sözüni gaýtalady: – Ýagdaý bilen. Men hatlaşyp oturmaýyn. Ýaýlym Gelenowiçiň garyndaşyndan aýyp, gaty aýyp. Onuň adyna çirk getirýäň. Meňk-ä aýtmak. Agyryly dişi sogrup dynýarlar. Beýdiberseň, kimiň garyndaşam bolsaň, öňüňe taýak atarlar. – Eý-eý, diliňi ondan-mundan urma. Ýeňiş batnyksyz bilen deň bolup duranyna uýaldy. – Hany, sen göteril şu ýerden! – Abdyýewiň aýalynyň jigisi bialaç gowşady. Ýuwnuksyz ýigit çykjak-çykjakda öý eýesidir Marada: – Ertir görşeris, hä? – diýdi. – Ertir görüşmänjik geçersiňiz. Öý eýesi oňa bir zat-bir zat ümledi. Bu olaryň dilleşdigidi. Soň Ýeňiş ýerli ýaşaýja birki agyz diýdi. Bidüzgünçilik ýene gaýtalanaýsa, oňňullyga çözülmejegini duýdurdy. Maratdan toparjyklarynyň änigine-şänigine ýetdi. «Dargatmak gerek» diýen netijä gelen Ýeňiş Marady öýlerine çenli ugratdy. Marat nämedir bir zady telim gaýra diline getirdi-de, ebeteýini tapman, ýuwdup goýberdi. Belki, ýaşlygy açylmaly ýüregine böwet basandyr. Ýeňiş ertir öz ýanyna barmagyny tabşyryp, yzyna dolandy. Ertesi gelmeli Marat köwlenmedi. Ýeňiş bükgüldä galdy. Ynjalman, öten agşamky jaýyna köw urdy. Gulply. Içerdenem ses-semir eşidilenok. Dagaşaýdylarmyka? Ýa ýene başga bir ýerde başlary jemlendimikä? Öz maýdalyna köçelere aýlandy. Olardan hijisine ýol- da-yzda gözi ilmedi. Birigün, ah, şol birigün bar bolsun. Şumluk şol gün ýüze çykdy. Ýogsam ol Aýperi bilen teatra gitmelidi ahyry. Biletem alyngy. Ony gyza eltip gaýdany gowy bolaýypdyr. Aýperem garaşar oturarmyka? Gör, Ýeňiş näçenji gezek sözünde tapylanok. Öwez Akyýewiçiň bildirki aýdanynyň jany bar ekeni. «Bize kömek etjek bolsaň, wadanam, oturylyşygam äpbermeli pursatlar bolar». Şol gün işiň aýagynda elem-tas bolup Marat geldi. Hawa, Marat geldi. Özem nä gelmek! Yzyndan ýagy ýetip gelýän ýaly, demi-demine ýetenok. Garşy-garşy sagadyna garaýar. Hassyldap, ýüregi agzyndan çykara gelýär. – Weý, sen maňa öňde-soňda etjek kömegiňi şu gün etmeli. – Hany, demiňi bir dürse – Ýeňiş Marada suw uzatdy. Marat başyna çekdi. – Öz-özüň bilýäň – Marat sakyndy. Ýene sagadyna seretdi: – Elli minut galdy, elli minut. Ýetişermikäm? – Marat, men saňa onsuzam käýejek bolup ýörün. Maradyň reňki bir agyp, bir dönýärdi. Turýardy, oturýardy, iki ýana zowzuldaýardy. – Ýöne häzir wagtymy alma. Jan Ýeňiş, şu mat däl. Erte. Ertir näme diýseň, edeýin. Nirä iberseň gideýin. Men häzir hökman baraýmaly, hökman: – Marat ýalbardy, özelenipler ýalbardy: – Otuz manat ber. Soň iki esse gaýtar diýseňem gaýtaraýyn. Şol otuz manat maňa – Marat barmagyny kekirdegine süýkedi: – Şundan gerek. Hiç kimden tapmadym. Öýümizem dördüm. Ýok. Aýlyk almandyrlar. – Ol saňa nämä gerek? – Şu gün meň nobatym. Otuz manady, sen bilýäň-ä, şolara harç etmeli. Oturylyşyk guramaly. Düýnki göreň gyz-oglanlaryň bilen. Ýeňiş oýurgandy. Näme etjegini bilmän, özi Maratdan beter agyr hala düşdi. Şu ýerde bir mahalky özüniň oglanlygyny ýatlady. Parahady ýatlady. Goçuň bolşy alnynda dikeldi. Eýsem özi-de, Parahat-da şeýle ýagdaý bilen bulaşmanmydy? Eýsem Parahadyň-da, özüniň-de Maradyňky ýaly zowzuldan saparlary az bolupmydy? Şol galplyk bu günem gaýtalanýarmy? Bu haçan gutarar?! Haçan gutarar? Özüniň ýalňyşyny hut gözüniň alnynda başga bir ýaş ýigit gaýtalap ýör. Öwez Akyýewiç bolsa saňa bu işi ynandy. Eýsem bu-da Goçuň etmişleriniň dowamy boldugymy? Ogrulyk, kezzaplyk, haramylyk onuň bilen soňlanmadymyka? Nätmeli? Agyr-agyr oýlanan Ýeňiş: – Eger barmasaň!.. – diýdi. – Hökman baraýmaly. Ýeňşiň sesi galagop ýaňlandy. – Barmasaň diýýän! – Barmasam bolmaz. Otuz manady tapmasamam baraýmaly, tapsamam. Tapmasam gylyklary geň däl: – Rejäniň enaýy däldigini Maradyň howsalasam aýdyp durdy. Ol hem gorkýardy, hem üşüdýän mysaly sandyraýardy. – Şeýdip düşnükliräk aýdarlar. Onsoň Ýeňiş kisesinden puluny çykardy, stolda goýdy. – Büýä azrak. – Gaýrat etsene. Otuzdan ýeke manat kemem bolmaly däl, artygam. – Ýagşy, ýoldaşlarymdan soraýyn. Ýeňiş bilgeşlin baryny ýok etdi. Organ işgärlerini habardar etmäge tapan bahanasydy. Ol esli eglenip geldi. Hiç kimden soraman özünde baryny berdi. – Otuz-a bolmady. Emma Maradyňam elli minuty geçeňkirledi. Ol puly kisesine gapgaryp, ylgaşlap gitdi. Bir zady welin bilmedi. Özüniň yzyna öňden taýynlykly Ýeňiş dagynyň maşynly düşenlerinden habary ýokdy. Marat ilkinji duşan maşynyna mündi-de, howlukmagyny haýyş etdi. Ýeňiş dagy yzyndan garama-gara haýdady. Marat maşyndan düşüşine her ýerden bir basyp, ullakan jaýyň gapdalyndan ýerzemine girip gitdi. Oňa iki ýigit garaşyp oturan eken. – Hany, gyzlar? – Hany gyzlar!? Öňňin Ýeňşe zemzen haýbatyny atan ýigit agzyna öýkündi. Marat ona parh goýman, puly orta dökdi. – Garaşyp-garaşyp gitdiler. – Bir manadyny taksä berdim. Kemräk boldy. Ikiň biri pula açgöz ýapyşdy. – Ýigrimi dört manat. Sen otuz getirmeli, otuz. – Ataşka, nädeýin. Entäp-entäp şunam zordan tapdym. Kakamyň dostundan kakam bersin diýdi diýip aldym. – Bizi nädip alanyň gyzyklandyranok. Her etmeli, hesip etmeli, tapmalymy, tapmaly. Başga ýol ýok. Şert etdikmi – gutardy. – Men getirdim ahyry – Marat boýnuny burdy. – Sen bizi ýüňsakgal etdiň. Gyzlar ýüzümize tüýkürip gitdi. Lebziňi ýuwutdyň. – Hany ýene bäşi? Ata öz-özünden ýel alýardy. Beriljek jezadan habarly Marat elden-aýakdan düşdi. Wowka ýalbardy, Atanyň üzennisinden üç geçdi. Wowka özüni saklasa-da, Ata ýazylmady. – Saňa bu sapar geçirimlilik etsek, indikide bužurygyň artar. Biz göz ýumup biljek däl – Ata sözden herekete geçdi. Ikisi iki ýerden hüjüme başlady. ...Maradyň eglenmegini Ýeňiş gowulyga ýormady. Hiç kimiň ýerzeminden daş çykmazlygy milisionerlerem hopukdyrdy. Olar aladasyz gezmelän bolup, gözlerden sap atýardylar. Ýöne Ýeňşiň sabyr käsesi dolupdy. Ýoldaşlary ýerzeminiň çykalgasyna golaý gelipdiler. Biri diwara, biri gapynyň ýeňsesine bukulypdy. Ilki töweregine ýaltaklap, Ata çykdy. Gapynyň arkasyndaky adam şatyrdadyp, maýyny bermän, elini towlady. Wowka buýtar-suýtarlyk etjegem bolman, ýanyna geleniň ümsüm öňüne düşüberdi. Marat çykmandan soň, Ýeňiş garaňky ýerzemine okduryldy. Otluçöp çakyp, ýoluny saýgardy. Nirededir bir ýerden iňňildi eşidildi. Ýeňiş oňa bakan egilende bir öl zada eli batdy. Kükürt ýagtysyna barmaklaryny görse, ol gyzyl gandy. Daşardakylara: – Biriň bärik! – diýip gygyrdy. Ýeňiş ýer sermenip, ýakyp-öçürijini tapdy. Ýörite otag şekilli gurnalan ýerzeminiň bir burçunda agzyna esgi dykylyp, gara gan bolup ýatan Marady gördi. Ol krowata gaýym saralypdyr. Ýeňiş dessine çözüşdirdi, bada esgini aýyrdy. Maradyň Ýeňşe gözi düşüp, mejalsyz «Senmisiň?» diýdi. Hersi onuň bir goltugyndan girdi. Çem gelen maşyny saklap içeri işler ministrliginiň keselhanasyna getirdiler. Ýeňiş gaýdyp gelýärkä ýanyndaka: – Rukoýatka bilen urupdyrlar – diýdi. Ýoldaşy elýaglyga dolangy zady Ýeňşe uzatdy. – Bu näme? – Ýanlaryndan çykan pyçak. – Pyçak ulanmakdan çekinendirler, kezzaplar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |