07:39 Ynsabyñ jezasy -27/ romanyñ dowamy | |
ÝIGRIMI ÝEDINJI BAP
Detektiw proza
Atanyň jenaýata baş urup, ele salnany baradaky habar Ýaýlym Abdyýewi atdan agdardy. Häli-häzir hiç kim ýagşydan-ýamandan zat diýmese-de, ýüzüni asyp gezdi, tanyş-u-nätanyş adamlara dogry garap bilmedi. Her ädimden kimdir biri ýüzüne bazyrdadaýjak ýaly göründi. Öz öýünde örüp ýören, ekläp-saklap gelýän Atasynyň ýazygy Ýaýlym Abdyýewi ikelläp bogýardy. Onuň hatasy bigünä adamy aldym-berdime salýardy. Ýaşkiçiniň etmişi ýaşulyny lerzana getirýärdi. Eýsem ol günälimi? Abdyýewiň bu ýerde ýazygy näme? Jenaýat etse aýalynyň jigisi edipdir, onuň bu işde eli ýok ahyry! Onda onlap göz ýok, her bir garyndaşynyň yzyndan ikisini haýdadar ýaly. Atada hilesi barmy? Bar. Kemala getirdimi? Getirdi. Iýdirip-geýdirdimi? Öýünde sakladymy? Terbiýeläp bilmese, kim günäkär? Elbetde, maşgalabaşy. Şu iki gapma-garşy sowal Abdyýewi çekeledi. Bu meselede özüni hem ýazykly saýdy, hem bigünä. Ýok, ak guş bolup oturmasa-da, belli bir bölegini gerdenin-de çekse-de, taýagyň tommaýly tarapy Atada. Ah, ol barada söz bolup bilmez. Indi özünem edil günäkär kimin eleslederler. Tükezzibana tutarlar. Abdyýewiň muňa gözi ýetip dur. Hakykatdan-da, kanuna sygynanda-da, moral jähtdenem günäni ogly ýaly terbiýeläp ýöreniniň başyna atyp, özi sypba sypyrylyp galybermäge ýuridiki hakam ýok. Ýeri, onuň öňüni alman, şu çaka çenli näme edipdir? Hany, onuň garyndaşlyk borjy? Ýaşlar barada hemişe aladalanmaly. Olar bir gutarnykly, möwsümleýin alada däl. Ine uludan-kiçiniň diýjek zatlary. Sen kanun adamy, kanunyň goragçysy. Özgeleri ýola getirmäge çalyşýarsyň. Özüňe ýakyn adamy bolsa terbiýeläp bileňok. Ogluň zyňan kesegi ata deger. Ýazykly ogul üçin ata jogapkärçilik ýüklenýär. Ata bolsa Abdyýewiň ogly däl-de, aýalynyň jigisi, Ýöne ogly ýaly seredip gelýär ahyry. Onsoň ogul bilen onuň arasynda kän tapawut ýok. Ine adamlaryň diýäýjek zatlary. Bulary göz öňüne getirende, Ýaýlym Abdyýewiň dünýäsi öňküdenem daralýar. Heý, beýle pursatda eliň işe bararmy? Elleri işden buza döndi. Gözlerini ýumup, pikir kölüne batsa, boýnundan ýazyk tagany asylan Ata gapdaly konwoýly dur. Gözlerini açsa, ýene şol görnüş. Ýeri, muňa aýaly Jemile näme diýer? Ol ýene köne heňine başlar. Kelle güwledi, soň durşuna güwwüldä öwrüldi. Çaşdy, dagady. Bir ýerde oturmaga mydary ýetmedi. Çaý demlendi. Bogazyndan öl ötmedi. Ertirden bäri çagyrylmadyk kabinetine ikinji gezek bardy. – Ýaýlym Gelenowiç, gulluk! – diýip, naçalnik şol öňki bolşy bilen mylakatly ýüzlendi. – Meni çagyrypmydyňyz? – Ýok. – Bagyşlaň. Turup gaýtdy. Öwez Akyýewiçem geň adam. Zatdan bihabar kişi bolan bolup otyr. Eşiden däldir öýdýäňmi? Aňyrsyna-da geçendir. Onda näme ýüzüň üstünde burnuň bar diýenok. Ministrlikdenem ideýäň adam ýok. Ýaýlym Abdyýew ýerinde çüýlendi oturdy. Soň-a daş çyksa, ideler öýdüp, butnamadam. Gözem, gulagam, elem telefonda boldy. Jaň edýäniň ýoklugy ýaman. Tanyş-bilişlerinden biri jaň etse-de, ziňkildäň galdy. Birden stolunyň gyrasyndaky yşyjak ýylpyldady. Diýmek, naçalnik çagyrýar. Ozal naçalnigiň kabinetine dözümli ýöräp barýan adam bus-bus bolan şekilde bir gyrada ýygryljyrap oturdy. Öwez Akyýewiň sözüne agram bermegine garaşdy. – Ýaýlym Gelenowiç! – diýip, naçalnik säginende, indi diýjegini diýer diýip, oňa bap gaýtarga özüni taýynlady. – Ýeňiş Ilamanowa sagbolsun berlipdi, şony iş ýerinde gowşurmagy unutmaweriň. Naçalnik gutardym etdi. Maýor şonda-da otyr. – Şoň üçin çagyraýdym. Gaýdyberiň. Naçalnik ýene agzamady, olam ümsüm turup gaýtdy. Günüň birinji ýarymyny şeýdip geçirdi. Ikinji ýarymy başlandy welin, özüne artyk basalyk berip bilmedi. Başyny etegine salga, gönümel bardy. – Ýoldaş polkownik, maňa näme diýjek bolsaňyz diýiň. Dymmaňyz kebzämde taýak döwenden beter täsir edýär. Men muňa çydap bilemok. Aýalymyň dogany üçin men ýanyp-bişmelimi? Öwez Akyýew kagyzdan başyny galdyrdy. Ruçkasyny keseligine emaý bilen goýdy. Garşysynda oturan işgärine aladaly seretdi: işine jür, nebsine bek, işde ýaltanmany-ýadamany bilmeýän, etmişlä eglişiksiz daraýan, Ýaýlym Abdyýew düýnki Ýaýlym Abdyýewe meňzänokdy. Häsiýeti agyr, özüne pugta milisiýanyň maýory biweç garyndaş zerarly häzir öňünde peselipdi. Emma polkownik kyn günde-de birtap, öz tanaýan, esli wagt bäri bile işleşip gelýän yzgytsyzrak Abdyýewini göresi gelýärdi. Ýöne ony oýurgandyrýan zat başga. Abdyýew, göwnüne bolmasa, öz aladasyny edýän ýaly. Ýa içine sygdyryp bilmän gelşimikä? Nämeden, garyndaşynyň etmişini ýuwmarlajak bolanok. Kä atalar-a günäkär oglunam aklajak bolup dert-azarda. Dogry, ol onuň ogly däl, bolaýanda-da Abdyýew beýtmez. Ol ömründe hiç kime eglişik etmändi, haýyş bilen ýüz tutmandy. A belki, aýalynyň igenjine çydamaz. Ýok, Abdyýew adamkärçilikde ugursyz bolubersin, hiç kimiň gepine gitmez. – Işiň bilen boluber. Naçalnik sesine bat bermän aýtdy. Abdyýew köwejekläp duransoň, ýene tekrarlady. – Arkaýyn işläber. Emma arkaýyn işläp bilmedi. Günäkär Ata zerarly özüniň ýanaljagy ýadyna düşdi durdy. Ýene bir zada şükür et. Hernä ölmän galypdyr. Ýeňiş dadyna ýetişmedik bolsa, düýäň ulusynyň köprüde iýýän taýagyny onsoň görerdiň! Şol haladam: – Mümkinmi? – diýip, eli papkaly Ýeňiş geldi. – Gel, gel. Olar birbada hiç kime dahylsyz gürrüň etdi. Söz arasynda Ýeňiş: – Bu işe ozaldan dahylly bolamsoň, Ataly ýazuw-bozuw-a maňa tabşyryldy, ýoldaş maýor! – diýip, sypaýyçylykly aýtdy. – Ony aýtmanyňda-da bilýän. Diýmegiň geregi ýok, jijim. – Aý, häki, Ýöne bir... – Organda gümmi-sümmi bolmaz. Günäkärmi-garagy çyksyn. Ýüz görjek bolmagyn. Eglişik etseň, seniňem bolmadygyňdyr. Ol-a meň garyndaşym ekeni, öz garyndaşyňdan birine iş gozgamaly bolsa-da, ýukalyk edäýmegin. Adama ýüz tutaýmagyn. Başyň ýaşdyr entek. Men ikilik eden adam däl. Özüm-ä galpy sylamok. Sargydym, jijim, senem sylama. Sen maňa dogry düşün. Gyşyk gürleýändir öýtme. – Ýok, ýok. – Kada-kanun bilen ýöräber. Ýöne o neressäň taby neneň? – Hiç neneň däl. – Işden soň bile sorap gaýdaly. – Ýagşy. Maýoryň ygraryna berkdiginiň Ýeňiş ertesem şaýady boldy. Ony şol mesele bilen Öwez Akyýew çagyrdy. Barsa, kabinetde üýşüpdirler. Gözüniň ýaşyny süpürip oturan bir aýaly Ýeňiş soraman bildi. Ol Abdyýewiň aýalydy. Ýeňiş bolşy-bolşy ýaly mälim etdi: – Waka üstümizdäki ýylyň mart aýynyň penşenbe gününde ýüze çykýar. 18 sagat 22 minutda üçüsi duşuşýar, öň belleşilgi. Esasy günä Ata Ataýewde. Wolodýa oňa kömekleşen. Rukoýatko bilen uranam şol. Agzyna esgi dykanam. Gyzlaram Atany ýazgarýar. Atanyň eliniň yzy ekspertizada subut edildi, surata alyndy. Ynha ekspertizanyň gelen netijesi – ol birküç suraty, plýonkany uzatdy. – Gyzlar diňe meň jigimi ýazgarýarmy? – diýip, elliň onuna giren aýal Ýeňiş sözüni soňlap-soňlamanka saklanyp bilmän dillendi. Ilamanow ýaňyja ýapan papkasyny täzeden açdy: – Ynha, düşündirişleri. – «Ganjyk guýrugyny bulamasa, köpek yzyna eýermez»: – ol agyz-burnuny towlaşdyryp, morta gepledi. Ýaýlym Abdyýew aýalyna gözüni alartdy. Ýeňiş adaty parahatlygy bilen: – Siz prosese düşünmänsiňiz, daýza! – diýdi. – Men düşünmesemem, bu näme işleýär? – Ol indi adamsyny nyşana aldy – Şu ugurdan çörek iýýän diýjeksiň ýene. – Düşünip, düýp-teýkaryna-da ýetik. Sen Ýöne özüňi ele al. Oturan ýeriňi unutma. Bu ýeri ikimiziň öýümiz däl, sene-mene edişer ýaly. Agşam şunça gulagyňa guýdummykam öýdüpdim. Asyl o gulagyňdan girip, bu gulagyňdan çykan ekeni. – Etsem, öz jigimiň agyrysyny edýän. Sen ýaly doňbagyr däl. Men ene, garabagyr ene. Sen öz ogluň bolmansoň, agyrysyny edeňok. – Ene halky sarpalyrak olur, düşür sän – diýip, zähmet rugsadyndan gelip, işe täze başlan Rasul Taýyr ogly gytyjak murtuny sypady. – Ikimizem onuň arkasyny çalmaly däldiris, Jemile! – maýor gobsunjyrady. – Belaň körügi sende. Sen barkaň, köwşümi süýräp bu taýa men gelmelimi? – Kim saňa gel diýdi. Ýeke öz jigiň gamyny iýýäň. Janyna kast ediljek bolnan barada diliňem ýaranok. Onuň nä enesi ýokmy, ol nä ogluny dogança görýän däldir öýdýäňmi? Onuň nä aýal dogany ýokmy? – Il bilen işim ýok. Ol kakamyň ady dakylan Atam. Şondan başga erkek doganym ýok. Ýaýlym Abdyýew birneme gyzdy. – Neneň oňa diliň barýa! Jigiň ile ot ýakdyrmasa, ganda-pyçak bolup ýörse, il bilen işiň ýok-da?! Onda ilem etjegini eder, senem ile azar berme. – Ahe-eý, meň başyma dürdäne bolduň. Saňa geple diýseň. Basylansoň yzyndan selpejek özüňsiň. – Gerek bolsa, selpärinem. Gaty giden garyndaşa selpemenem. Bu taýda heňkirşip durmaly. Ýör meň jaýyma, ýogsa-da öýe ugra. – Ugra-ugra diýip, maňa-da höküm etjek bolýarmyň? Oturanlar Ýaýlym Abdyýewiň aýalynyň gylyksyzdygyny daş gulakdan eşitseler-de, beýle yňdarmadyr öýtmändiler. Ol adamsynyň elini silterläp goýberdi. – Seň ýanyňa gelemok. Neçelnigiň ýanyna geldim. Maýor töwereginden utanjyna ýere girip bilmedi. Her näme-de bolsa höre-köşeläp: – Öýde düşünşäýeli-le, Jemile – diýdi: – Işli adamlaryň wagtyny alyp oturma. Bar alada bir mesele däl. – Bellisini bilmän ätmenem. – Eýle bolsa, göreli. – Maksadyň näme, Jemile Abdyýewna! – diýip, söz nobatyny alan Öwez Akyýew gönüledi. – Siz meni gepletjekmi, ýok. – Geple. Maýoryň gözleri ýiteldi. – Ertirden bäri lakgyldanyň azmy? – Senden zat soramok. Öz ýeke doganymyň derdine ýanmaga hakym barmy? – Bar. – Ä-h-ä-ä! – Jemile dagynyk zülplerini gulagynyň ýeňsesine gysdyrdy. – Indi sen aýt, doganyň dogana janköýer bolmagy gerekmi, gerek däl? – Gerek. – Eşitdiňmi, Ýaýlym. Ol seň perzendiňden aýry däl, sen weli gaty daş bolduň, gaty daş. Sen ony ogluň ýaly görmeli, ogluňa seredişiň ýaly seretmeli. Sen ondan daş bolduň. – Ýakyn bolup, sen näme hokga çykardyň? – Sen öýüňi-öwzaryňy bilmediň. Edara bilen öýüňi bir aýakdan sürdüň. Küpür gepleýändirem diýersiňiz. Içimi dökmeli pursat geldi. Belki. Ýaýlym pisintlerem bardyr. Äriniň ýüzüne gelip dur diýmäň – Jemile ykjamlandy. Her sözi börtüp-börtüp aýtdy: – Bu gürrüňimi öýde-de tapardym. Arman, siz eşidip biljek däl. Atanyň ýoldan çykmagyna seniňem, meniňem belli bir derejede sowuklygymyz sebäpkär. – O nähili? – Diňle. Men-ä «Atam, Atam», ýalňyz doganym diýip apaladym. Senem ugruny indemediň. Öýde-de işdäki endigiňi ýöretdiň. – Zandyma guýulyşyndan üýtgäp bilmejegim açykdyr. – Çagalar digdiredi durdular. Olara, hatda maňa-da jenaýatkäre seredişiň ýaly seretdiň. Aýyn bolmasa «Bu kär halys süňňüme ornapdyr» diýýäň. Dogrumy? – Dogry. – Asyl däl diýip bilmersiň. – Sagatly işlemek gaýgyň ýok, gulagyna guý-da otur. – Sen yzgytsyz, paýhassyz erkek. Şoňa ýanýan. – Men paýhassyz bolsam, sen parhlyrak bolmaly. Adam häsiýetiniň çalşyp duran pasyl däldigini bil. – Eneden milisiýa işgäri bolup doganam dälsiň. Näme üçin Atany okatmadyň, okatmaly bolanda. – On ýyllygy gutaransoň, boýunmündik edip ýöreýinmi? – Iller ýaly ýokary okuw jaýyna salan bolsaň, beýle-de bolmazdy. – Ine muny edip biljek däl. Öz güýji bilen girse gireni, girmese täterime girsin etdim. Maňa-da hiç kim gol ýapmandy. Okasyn, jan etsin. Bu ýyl girmese, indiki ýyl girerdi. Ömrümde kömek sorap, haýyş bilen adama ýüz tutmandym, tutmarynam. Öz arzymy-özüm gaçyryp bilmen. Men oňa ýol bersem, il näme diýer. Men kanuny bir ýoýsam, iki ýoýjagam bardyr. Beýdip galplyga iterilip bilmen. Işe ýerleşdirdim, bes. Eňegine sakgal çykansoň, başyny çaraman, ýörejek ýoluny görmän, körmi! – Boljagy bolup, boýasy inine siňdi. – Goý, jezasyny çeksin. Akyllanar, döw çalasy ýok. – Agyn gürrüňiň şü, öýde-de o tutuldy, bi tutuldy. Töweregine göz gyýtagyny aýlan Ýeňşiň göwnüne nije göz olara tomaşa edýän ýaly duýulýardy. Hiç kim är-heleýe tebil berenokdy. Diýseňem bu öý-hojalykçy aýalyň dabanyndan ot çykýar. Dar düşünjeliligi üçin eýsem täk özi günäkärmi? Onuň gözüniň ýetip durşy şeýle. Tutan ýerinden kesýär. Gözýetimli, herki zatdan başy çykýan bolsa, onuňam dili başgarak saýrardy. Ol öz çäkli dünýäsine eýerýär. A Abdyýewiň bärden gaýtmasy ýokmy? Onuň yzgytsyzlygyny hut ýassykdaşy diline çolaýar. Abdyýewiňkem telek. Artykmaç taraplaram kän. Köp-köp adamyň döz gelip bilmez hereketine başyny dik tutup dur. Şeýle adamlar köp bolsa, hakykat hemişe hemme ýerde ýol alar diýesiň gelýär. Ýeňşiň pikir jylawyny Abdyýew özüne sowdy. – Hak aýdýaň, Jemile. Men muňa boýun alyk. O hatany gizlemek hem islämok. O tutuldy, bi tutuldy diýip gürrüň edýän bolsam, hakdyr. Men näme üçin eden, edýän, etmeli işlerimi aýtmaly däl. Saňa içimi dökmän, kime dökeýin. Kim-de bolsa birine gürrüň bermeli ahyry. Onsoňam işim, hemişe aladam bir zat: jenaýat eden. Men olardan gaçyp nirä gideýin? Bir gün däl, bir aý däl, bir ýyl däl, ömrüme galplar bilen, galplyk bilen söweşe-söweşe gelýän. Onsoň men olardan gaçyp nirä gideýin?! Her günde onlarça kagyzy günälileriň günäsinden doldurýan. Gulagymyň dawa-jenjelden, sowal-jogapdan kamata gelme kemi galmady. Onsoň men başga nähili bolaýyn! Her gün ýazyklylar bilen bir hatarda menem ezýet çekýän, öz-özümi iýýän. Onsoň keçä çyksam, ýüzüme garan adamlarymam galp ýaly bolup görünýär. Olar maňa seretmäge ejap edýärler diýip düşünýän. Özümem sähelçe ýüzi üýtgäne sen hataňy ýaşyrjak bolýan, aýbyňy gizlemäge nähak arrygyňy gynaýarsyň diýip ýakasyndan tutaýjak, bolýan. Siz menden, bagyşlaň, Jemile, sen menden komik artistiň hereketlerini talap edýärmiň? Sen meniň keşbimden toýuň şowhunyny aňasyň gelýärmi? Ýok, menden öz işine berlen, wyjdany päk, sakgalyny bu ýolda agardan agyr ýüzi Abdyýewi görersiň, «Göreşde ataňam bolsa ýyk» diýlenidir. Maksady şahsy bähbidiňden gaýra goýmak galplyk bolar. Etmişiň öňüni sen almasaň, men almasam, kim alsyn! Köpüň bähbidi hemişe-de ileridir. Ol-a seň doganyň ekeni, ilden çykan ogla-da eglişik ýokdur. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |