01:00 Ynsabyñ jezasy -2/ romanyñ dowamy | |
IKINJI BAP
Detektiw proza
Ýeňiş!.. Pyýala gözler petredi. Allaniçigsi tisginip, söýä ýapyşyp durşuna bu göwre gözüne görünýärmikä öýtdi. Ak ýüz öňküdenem agardy. Ýiriljik ýakadan görünýän ak tenini elini sandyradyp, görer gözden gizledi. Bur-bulaşyk zülplerini maý tapyp gulagynyň ýeňsesine gysdyrdy. Özüni ele alma derek gaýta elden-aýakdan düşdi. Üstüne abanyp durana henizem ynam etmän, siňin-siňin seredip huk boldy. Myhman şeýdip daş işikde söm-saýak durmalymy ýa hödür-keremiň barmy, Senem? Ýeňşiň ýarym çyn, ýarym degişme bilen aýtmasyna gelin hasam özüni ýitirdi. Şondan soň gapyny giňräk açyp: – Giriň, giriň – diýdi. Ýeňiş jaýa girip, köwşüni çykardy. – Geçiber. Pol sowukdyr. Şuny aýagyňyza sokaýyň – ol öýde geýilýän mata köwşi uzatdy. – Bi öz geýýäniňiz ýaly-la. Siziň köwşüňiz maňa bolarmyka? Men kyrk iki nomerli aýakgaby geýýän, siz bolsaňyz otuz alty. – Wiý, şeýlemi?! Hä, näme, otuz alty! – Senem aljyraňňy halda gaýtadan Ýeňşe çiňerildi. Ýaňy bir nepesi durlanyp ugranda, ýüzi ýene howsalandy, gözleri ýene tegelendi. – Senem, aljyrama, – Wi, aljyrap näme? Ýöne sen ýatkeş ekeniň. Aýagymyň ölçegini-hä unutmansyň. – Senem bir unudyp bolarmy? Ynha, bi taýda ýaly-la – Ýeňiş köwşi aýagyna sokansoň, Senem: – Stol başyna geçjekmi ýa ýerem bolýamy? – diýdi. – Tapawudy ýok. Biziňki näme et diýseň, şoň bilen – Ýeňiş Senemiň ýaýdanýanyny aňdy: – Gaty stoldanam iripdirin. Keçäň üsti kem bolmazmyka diýýän. Ýeňiş ornaşansoň, Senem gapdalyna ýassyk oklady. Özi oturjagyny, aňry gitjegini bilmän aýak üste durşuna: – Oglanlaň kakasam-a işdedi welin... Çaý içersiň-ä, çaý goýaýyn! – diýip, gümürtikläp aşhana tarap gitdi. «Medeniýetli gidäý diýdigimikä bi». Ýeňiş kyn güne galdy. Ýakasyny düzedişdirip, saçyna reje berip gelen gelin diwanda oturdy. Iki gözem Ýeňişdedi. Ýigit keçäniň gülüni dyrmalap oturşyna Senemiň ýüreginiň aram tapmagyna, göwün-göwrüminiň giňemegine garaşýardy. Senem bolsa elini bir eňegine eltýärdi, bir aýyrýardy. Bir-de diwanyň uzyn-uzyn çylgymynyň arasyna düşen owunjak hapa-supany çöpläp, güýmenýärdi, – Ýeri, onsoň hal-ahwal niçik? – Ganymat. – Ýüzüňizi bir göreýin diýdim. Gelin kinaýaly ýylgyrdy. – Senem görmek bar ekeni hernä! – «Ölme-de – ýit» diýenleri. Senem ýerinden turdy. Penjirä golaý baryp, öýden daşarky dünýäni synlady. Onda-da nazary eglenmedi. Gelip, ýene öňki ýerine çökdi. Köýneginiň etegini aşak çekişdirdi. Indi keşdeli geýim görünmedi. – Geliş nireden? – Senem muny Ýeňşiň üst-başyndan çen tutup aýtdy. – Men-ä göreniňden aňansyň öýdüpdim. – Güman etjek boldum. – Güman edip oturma. Öýe düşüp, boşap gelşim. – Onsoň göni şu taýyk geläýdiňmi? – «Suwsasaň daýhan ýanyna, ajyksaň çopan ýanyna» diýipdirler. Sögülseňem, söýen gyzyň gaşyna maňlaý diräýin diýdim. – He-ýä!.. Ýeňiş bilgeşlin kakdyrdy. Çetine degip, janyny barlamak isledi. Senem tosandy. Ýüzündeň-gözünden gar ýagýardy. Her sözünde şerebesini pürkjek-pürkjek bolup oturana meňzeýärdi. Beýdip özüne zor salýandygy Ýeňşe mälimdi. Gaharlanmak düýbünden gelişmese-de, gaharlanýar. Näz-de kereşme bolup otursa, ýüz esse, ýok, ýok, müň esse owadan görünýär ahyry. Hany, onuň Ýeňşi heýjana salan bir mahalky näzi? Pyýala gözlerini güldürip, özüne çeken owsunçylygy! Ýa indi öňki Senem dälmi? Ýeňşiň gaşynda otursa-da gaýry dünýä-älemli Senemmi? Ah, Senem! Senem!.. Emma ol ýigidiň ýürek gürsüldisinden bihabardy. Belki, bu zary duýsa-da duýmazlyga salýandyr. – Näme diýsene!.. – yzyny aýtmaga gelniň bogny ysmady. Gazda goýlan kitiriň gapagy şakyrt-şakyrt seslendi. Senemiň siltenjiräp çaý demleýäninem Ýeňiş soň bildi. Eli çäýnek-käseli gelen öý eýesi olary saçakda goýup-goýmanka: – Alyň, çaý içip oturyň! – diýdi. Ýeňiş gaýtardy-da, käsä çaý guýdy. Senem ýene öňki ýerine geçdi. Çaý içip oturan Ýeňşe seretdi. Göreçler sataşdy. Ýeňşiň bakyşy müýnli görünse, Senemiň garaýşy ýangynlydy. Peýkam bolup, ýigidiň içinden-bagryndan geçip barýardy. Ozaldanam sussupes ýigidiň başy hasam aşak egildi. Heniz hiç bir gözüň öňünde beýle peselmändi. Muny Senem duýaýdy gerek, jaý ýerinde atmaly pursat geldi. – Näme diýsene, Ýeňiş-ş!.. Ýene bolmady. Ünsi bölündi. Penjiräniň aňry ýüzünde güneşe ören bir gyzyl ary wyzlady. Mahaly bilen aýrylmady. Ýylmanak aýna dyrmaşyp, ýokary galjak bolýardy. Bolmansoň, wyzlap-wyzlap, ýene aşak gaýdýardy. Senem gyrgy nazaryny gaýtadan Ýeňşe dikdi. – Nä ýüzüň bilen geldiň? Ýeňiş giňlige saldy. – Senem açyk gürleşeli-le. Gyzyberýäň. Diliň bir zat diýýär, ýüregiň bir zat. Öň beýle häsiýetiň ýokdy-la. – Häsiýet goýduňmy adamda. – Men uzak ýoldan aryp geldim. Örän uzakdan geldim. Ýedi ýyllyk ýoly arkada goýup geldim. – Mugyra gelipsiň-dä! Geň. Senden geň. Ozal-a demiň zagara bişirýärdi. Ýeňiş çaýdan işdämen owurtlady. Gant bölejigini çaýa batyryp, dişleriniň arasyna saldy. – Sen üýtgäpsiň, Senem? Ruhy taýdanam, tebigy taýdanam üýtgäpsiň. Biraz ýognapsyň. Dogrusy, gygyňam ajapdyr. – Henizem özüme erk edip oturşym. Özüň bilen deň bolsaň-a!.. – Ýeri, ýeri!? – Ýeňsäňden depmeli. – Dogry aýdýaň. Ýykylanyň ýeňsesinden depiläýmesem bardyr. – Seň oýun ýadyňa düşýär. Meniň bolsa ýüregim çat açýa, çat. Meni nä günlere salanyňy beri bilýärmiň? Saňa ýedi ýyl bermeli däldiler, on ýyl bermelidiler, on ýyl. Ýeňiş, hakykatdanam, Senemiň köräp durandygyna, dura-bara lowlap ýanyp barýandygyna göz ýetirdi. – Ýagşam-a erkek ekeniň. Sadalygymdan peýdalanyp, gözümi-başymy aýladyň. Tas haramlyga iteripdiň. Ýigit Seneme seredibilmän, nazaryny çäýnege dikdi. – Meň saňa garaşmalydymmy?! Ýedi ýyllap gözümi ýoluňda goýmalydymmy? Seniň özüň maňa kimdigiňi aýtdyňmy? «Daşy jäjek, içi möjek» ekeniň. Hajyk-hujugyňa osdum. Mysapyrsyň öýtdüm. Saňa sud bolanynam köwlenmäňsoň bilip galdym. Çeken jebrimi sen bileňok. Dünýä sygmadym. Janyma kast edesim geldi, kast. – Menem jebir çekip gelýän, aýtmaly bolsa. – Seňki başga, meňki başga. Sen diňe öz başyňy alyp gitmän, musallat baryny inderdiň. Naçar maşgala erkek adam däl ahyry. Gören görgimi it görse, gözi agarar. Men senden hamyla boldum, eşidýärmiň hamyla! Nikadan geçmänkäň beýle bela uçramak, eý, alla, nähili aýylganç! Senem ýüzüni tutdy. Ýere bakyp oturan ýigit bolsa başyny galdyrdy. Senemiň ýaşly gözlerine nazary dikildi. Emma geplemedi. Oňa derek Senem möwç aldy. – Söýüp-sowamak ýaman agyr. Sen-ä ýygnaldyň. A men nätmelidim? Ejemiň gazan ojagynda, tutan öýünde ikigat gezibermelimi? Ejem pahyra-da dert şondan galdymyka diýýän. Ýanyny ýere berdi, soň aýňalmady. Söýmedik bolsam beýle ölüp-öçmezdimem. Ýeňiş beýle bolar öýdüp garaşmandy. Elbetde, öňki-öňküligiň däldigini bilýärdi. Ýöne bu gürrüňler gulagyna degmändi. Degdem-dä! Näme etsin? Gözenegiň aňyrsyndakaň delalatyň degermi? Jenaýat edip, garalanan adamdan nädip haýyr gözlejek?!. Gerdeninde daş göterýän Ýeňşi ol barha basmarlady. Ýüzünden, maňlaýyndan düwme-düwme der akdy. Ol ajy çaýyň deri däldi. Ýigitlik etmişiniň aldym-berdimli bogýan deridi. Şu halda-da her gezek Senemi sorap geleninde, güler ýüzli garşylaýan ene alnynda janlandy. Hanha, garrynyň oturan töri. Ol şol ýerde ýumagyny togalap, ik egrer oturardy. Gapdalynda myrlap ýatan ala pişik bolsa, ýumagyň böküp-böküp çözlenişine gyjynyp, turagada baryp dyrçanagy bilen saklardy. Garry ýumagy beýleräk süýşürerem welin, ýumak ýene togalana togalana pişigi gyjyndyrar. Hany, olar? Hany, o durmuş? Indi ne igini pyrlap oturan garry bar, ne-de ýumaga jyny düşen ala pişik... Ýeňiş gabagyny galdyrsa, Senem gelägede ýüzünden penjeläberjek ýalydy. Onsoň bialaç nazary ýere çüýlengidi. – Ýöne bir aýylganç bolmagam däl, – ol ýerinden galyp, penjiräniň öňüne geldi, ýene köşeşmän, Ýeňşiň alkymyna dykylyp, ony gözi bilen iýäýjek boldy. Indi onuň ünsüni ýürege düşen arynyň wyzzyldysy-da, bir gysym bolup oturan ýigdiň oýurganmasy-da çekmeýärdi. Dyňzap, hyň urýan gazap böwedini ýazdyrmasa, hiç bir weçden kaýyl däldi. – Seniň biweçligiň zerarly ýandym-bişdim. Tas özümi heläkläpdim. Ilkinji gujagyma doljak çaganyň mährinden kesildim. Bu etmişleriň günäkäri özüm. Galyberse-de sen. Seniň gözleriň alyna aldandym. Seniň şelaýyn sözleriňe aldandym. Çalbaş, ýaş beýni bolup seni tanaman durnuksyzlyk etdim, saňa ýürek berdim. Erkime eýelik edip bilmän namysymy depeletdim. Meni öldürmeli, meni. Aňyrsyna ýetik bolmadyk ýigidiň gujagyna atylyp göriň barmy? Ah, men seniň ýylan bolup çakjagyňy näbileýin! Akmak men, duranja akmak men... Ýeňşiň ýüzüne bäş barmak gara çekildi. Özem bäşini ýüzüne örtüp, gyjynma bilen maňlaýyny bürüşdirdi. Barmaklaryny gaharly maňlaýdan eňegine çenli syrdy. Biraz tüňňüräk burny-da, gasyn atan ýaýbaň maňlaýy-da, gyýyk gözleri-de ýasy aýanyň içinde gizlendi. Ähtimal, nemlenen kirpiklerinem atanak-atanak çyzykly aýa Senemden ýaşyrandyr. – Ýaşlykda goýberilen hata soňam tyg bolup, bogazyňa dürtülýär. Şeýdibem, köp zady ýitirýäs... Jaýy çilim tüssesine burugsadyp howany zaýalaýas. Ýogsam çilim çekýänem, dem alýanam özümiz. Sen welin, palak çykdyň, men sendenem beter. Ýöne göreşmeli ekeni. Göreşsiz bagt gazanyp biljek gümanyň ýok. Senden jyda düşüp göreşmegi öwrendim. Emma garaşmadym. – Maňyzly şänigiň üstünden indi bardyň. – Sebäp, hozlaryň içiniň zaýasynyň bolşy ýaly, sen zaýa çykdyň, zaýa. Onsoň näme diýip garaşaýyn?! Enter-pelegimi öwreniň üçin garaşaýynmy? Güýzlik terne ýaly gemrip-gemrip, äpberip gideniň üçin garaşaýynmy? Saňa hem gyz gerek, hem jenaýat. – Diýmek, maňa garaşmansyň-da! – Urup aglaýaň. Namysda, uýatda goýup, ile ryswa edip, yzyndanam «Şeýle bolaýdymy?» diýen bolýaň. Seniň munyň dabany bilen garynjany mynjyradan düýäniň soňundan bagyşla diýmesine barýar. Etjegiňi edeňsoň, uzur ötündiň näme, ötünmediň. – Garaşmadym diý gutar-da. – Garaşmadym. Ýagdaýyň barada el ýaly kagyzam rowa görmediň. Çyrşap iberäýeňde bolmadymy? Namys bildiňmi? Ýoldaşlaryňa-da gaýtam aýtmaň diýip sargap-sargap gidipsiň. Sende idili ýoldaşam-a ýok welin... Etmiş edeňde utanman, jezasyny çekeňde utanýarmyň? – Senden utandym, senden. Gözüňe görünmeden, sözüňi eşitmeden utandym. – Indi müzzerip oturanyň bir köpük. Meniňem beýdip janymy ýakmam hupbatly geçen günleriň öwezini dolanok. Onýança aňyrky otagda çagajyk aglady. Derrew ýelk ýasan Senemiň: – Turaýdyňmy, garaja gözüm. Ajygansyň, – diýen sesi eşidildi. Çaganyň ýakymly sesi, enäniň söýgülemesi Ýeňşi birhili sökdi. Ýüregine nämedir bir zat çawuş çakyp giden ýaly boldy. Nämekä? Bu sesden soň bedenine nähilidir bir ýylylyk aralaşyp, çep taý gursakda adaja ýakymly gürsüldi oýandy. Bu nämekä? Ýüreklere söýgi, mähir bildirmän girýär diýýänleri rastmyka? Nähili-de bolsa, Ýeňşiň taby öňküligi däldi. Çagajygyny gujagyna alyp gelen Senemde gözleri eglendi. Ýok, enesinde däl, çagajykda. Ýigide has bolmadyk agraslyk bilen galyp, Senemiň ýanyna bardy. Gödeňsi gollaryny tagaşyksyz gerip, posalajyk, buýra-buýra saçlyja, agzyndan diňe arassa süýt ysy gelýän çagajygy eline aldy. Gelin Ýeňşiň bu bolşuna haýran galsa-da, ýiti-ýiti seretse-de zat diýmedi. Çagajyk bolsa eliň üýtgänini aňyp, ýat adama gorka-gorka garap, kemiş-kemiş etdi. Ol gelişmese-de ikibaka ýörän bolup, çagany goltugynda öňe-yza hallanlatdy. Bu huwwaladygydy. Çagajyk bolsa gözjagazşy tegeläp, birden aglaberdi. Ýeňiş alaçsyz ejesine äberdi. Çagajyk emme emýärkä-de hork-hork etdi. – Gorkma, oglum, gorkma. Ejeň gorkany bes. Sen bir ynjama, garaja gözüm. Bu sözleriň bir ujunyň öz çetine degýändigini aňan Ýeňiş sesini çykarman, ýene öňki ornuna geçip oturdy, Senemem çagajygy ýatyrmaga gitdi. Myhman ýene düýpsüz ummana gark boldy. Ýaňky ýürekde oýanan duýgy ony ýene lerzana getirdi. Henize – bu güne deňiç ýat bolan, ol duýgy barada pitiwa-da etmedik – özüniň çaga mährine mätäçdigini hut şuş-şu mahal duýdy. Çaga küýsedi. «Ýanky ýalyja meniňem oglum bolsady» diýip, ýigrimi bäş ýaşynda etmedik arzuwyny etdi. – Ulujamam oglan. Ol baga gidýär. Alty ýaşynda. – Senem gelşine gepledi. – Ýeňiş, näme diýsene, däliden dogry habar. Seniň näme maksat bilen geleniňi bilýän. – Seni görmeden gaýry maksadym ýok. – Ýalan! Bar, bar! – Senem birden gyzyp ugrady: – Ýönelige gelen dälsiň. Ýeňşiň gözlerine gelniň saçlaram hüžžerip, ony tassyklaýan ýalydy. – Gözleň aýdyp dur. Niýetiň-päliň henizem dürs däl. Şo-ol öňki Ýeňişsiň-dä. Emma men öňki Senem däl. Eşidýärmiň, öňki Senem däl. Sen menden el çek. Meni öz günüme goý. Men indi düýbünden başga adam. Gyzym, oglum bar. Adamym bar. Ýany bir özümizi tutup ugradyk. – Gowy-da. Bize gowy bolsa-da, saňa gowy dälse däldir. Içiňi bilip durun ahyry. Ýene meni tora salasyň gelýär. Özüň bilen aragatnaşyk saklamagymy isleýänsiň. Şonuň üçinem gelenje diýerler saňa. Emma ony etmen. Öläýmesem adamyma biwepalyk etmen. Onuň ýüzüni ýere salman. Bes. Ozalky ýalňyşyma-nätjegimi bilemok. Çagajyklarymyň arasynda arkaýyn girip-çyksam, dagy zat gerek däl. Ynan, adamymy söýýän. Seniň meni söýşüň ýaly däl. Ýürekden söýýän, onsoň aýagymy gyşyk basmajagym çyn. Nura gelemde-de aldamadym. Bolşy-bolşy ýaly aýtdym. Birini söýüp, soňam söýgiň puç bolandygyny soň ýüzüň gyzaranyndan ilki boýun alanyň gowy. Nury: «Geçeniň geçdigi bolsun. At aýagyň aşagynda agsamasa bor» diýdi. Indi sen meni unut. Gaýdyp gapa-da salma. Indi beri maňa haýpyň gelsin. Senem aglady. Ýuwaşja, emma tutuş göwresini sandyradyp aglady. Ýeňşe durarlyk galmady. Ol Senemi hiç zat bilen ynandyryp biljek däldi. Naçaryň ýüreginde özüne bolan ýigrenç besse-bessedi, gert-gemre baglap gidipdir. Indi ol gaýtma hyýaly bilen boldy. Ýöne, näme üçindir, hökman aýdylmaly sözleri aýdyp bilmedi. Senemden yzyn sorajakdy, sorap bilmedi. Ýeri, özüniň ýaman niýet bilen gapysyndan gelmändigini, gelmejekdiginem gözi ýaşly naçara nädip aýtsyn. Goý, şu mahal ynanmasa ynanmasyn, uzagyndan welin, biler. Geçmiş Senemden beter Ýeňşem ökündirýär ahyry. Arman, alajy ýok. Ol, hakykatynda, Senem bilen derdini paýlaşmaga, içini döküşmäge gelipdi. Olam bolmady. Ýöne ýigit gelenine ahmyram etmedi. Senemiň gözüne gözi düşdi, aman-esenligini bildi. Gül ýaly durmuşyna begendi. Senem ýigidi sowuk garşylasa-da, ol hoş bolup turdy. Senem Ýeňşi bosaga çenli ugratdy. Aýdylmaly, aýdylmadyk sözlere çenli ugratdy. Gaýdyp el bermez görnüşde, içi kitiwli halda ýola saldy. Ýeňiş welin, hoşroýdy. Ol agyr halda Senemiň bosagasyndan ätlese-de, gaşynda ýere giribilmän oturan bolsa-da, nämedendir, gaýdanda ädimleri ýeňil ädildi. Ol özüniň şo-ol öňki Senemini görerin öýdüpdi. Emma täze Senemi gördi. Hawa, täze Senemi gördi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |