01:25 Ynsabyñ jezasy -5/ romanyñ dowamy | |
BÄŞINJI BAP
Detektiw proza
Aşyklar şäherini baharyň ortaky aýynda görmeseň, gördümem diýme. Ilerini ýassanyp ýatan Köpetdagyň goýnundan syzylyp çykýan çeşmeler egrem-bugram ýol ýasap, ýokary gapdala eňňit edýär. Aşak tarapdan dagyň etegini ýakalap, Hazaryň üstünden gaýdan şemal ýüz-gözleri öpüp-ogşap geçýär. Aňňat-aňňat gum depelerine, her birinden düýe asaýmaly sazak-çerkezlere basyrylyp oturan Garagumy gören göz haýran. Daş-töwerek gül-gunça, apreliň sowgat beren göm-gök serpaýy Şu iki ortada-da maňlaýy, ýagyrnysy gije-gündiz çygjaryp duran Aşgabat gol gerip otyr. Gün öýlä sananda şäher şowhuny hasam gyzan bazara çalym edýär. Ylaýta-da uniwersitetiň öňündäki meýdança gaýda-gaýmalaşyk. Okuw jaýynyň depesindäki goşa göwre-de aşak düşüp, ýüzläp, ýok, ýok, müňläp el tutuşyp gezim edip ýören oglan-gyzyň arasyna goşulan ýaly. – Aşgabat ýylyň şu wagtlary kurort küýsedenok – diýip, töweregiň beýhuş ediji gözelligine humar bolan Aýperi kiçijik atyzlarda açylsam-açylsam diýýän mahmal bägülleriň deňesinde aýak çekdi: – Olara gözüň gidýär gerek!? – Gapdalynda egin deňläp duran ýigit güllerden nazaryny sowman sorady. – Gitse nätjek! – Saňa gerek bolsa?! – inçe göwresine kybapdaş jalbar geýenindenmi ýa hortap bolany üçin satanlak görünýänindenmi, ýaňky ýigit ätämer-sätmer edip güllerden ýolarman boldy. – Ýok, ýok, el degirme. Meň elimde solar. Ol ýerde bolsa penje-penje açylar. – Ysgarsyň! – Dogry, güli ysgap oňmaly, ony iýip bolanok. Ýigit güýmenje tapmaýan ýaly, soňam ýerde ýatan daşjagazy ujy çiş, ökjesi beýik köwşi bilen depip goýberdi. Daşjagaz honda atylyp düşdi. – Eliň, aýagyň dek durasy-ha gelenok – gyz köşek gözlerini balkyldadyp, nägile garaýyşda mälim etdi. – Saňa duşsam, arman, dilime badak atylýar – ýigit özi duýmazdan tel-tel bolup duran leýlisaçyň bir sünbülini şarta ýoldy. Ony garry mamanyň ýumakly igi pyrlaýşyna öýkünip pyrlady. Aýperi aýak üste durup ýadadymy ýa degre-daşdan özlerine seredilýänini aňdymy, pürli-pudakly ýaýbaň leýlisaçyň astynda goýlan boş oturgyja garap: – Gel, birsellem oturaly, Nurnazar – diýdi. Ikiçäk oturdylar. Nurnazar Aýperiniň sülük barmaklaryna ýuwaşja elini ýetirdi. Gyz bu gezek yza çekmedi. – Basym okuwam-a gutarýaň, Aýperi! – Bäş ýyllap bile okan kursdaşlarymdan aýrylyşýanyma gynanýan. Dogrusy, uniwersitet bilen hoşlaşmak hem ajy, hem süýji. Gutaranyňa gynansaň, işe başlajagyňa begenýärsiň. Täze iş. Täze kollektiw. Studentlik bir başga, özüň köpüň öňüne çykmak bir başga. Onsoň hasam minutyň, sagadyň hasaply. Bir minut işden gijä galsaň, gör, näçe adamyň wagty ýitýär, Seňki ýeke minutdyr welin, olaryňky ummadan gidäýer. – Ýogsa-da, nirä işe bellediler? – Aşgabada. Mikroraýonda täze onýyllyk açylypdyr. Oňa dil-edebiýatçy gerek ekeni. Jüpüne düşdi duruberdi. Ýogsam ejemiň ýeke özi galýar, nätjegimi bilmän ýördüm. Gaty gowy boldy. – Ejeň işleýär ahyry. – Işlände näme? Ýeke goýup gitmek kyn. Seni okatdy, adam etdi. Ýeke gyzym diýip oturdy. Ähli zady kör etdi. Indi senem ezeneginden galdyrman gidiberseň, nähili görer! «Eje, şu ýerde işe galdym» diýdim welin, pahyr bir begendi. Ene-dä, sähel ýyly söze gül-gül açylyp, gatyrak gepleseňem göwnüne alyp dur. – Meniň işimiň nähilidigin-ä bilýänsiň? Ynsabyňa bagly. – O nähili ynsabyňa bagly?! Biölçeg zat barmy? – Ynha görersiň, sanlyja wagtdan maşynlyja Nurnazaryň gapdalynda oturan Aýperiň bardyr. – Durmuşda höwes edýän zadyň şomy? – Hezillik. Alyjylar bilen tutaklaşyp ýörmäňem öz keýpi bar. Mydama bükgüldide bolýaň diýseler diýibersinler. – Gaýym bolsaň, işiňe jür bolsaň, ynsabyňa haý diýseň, bükgüldän ýeriň bolmaz. – Ol-a şeýle. – Işiňi oňarsaň, her ýerde senden gowy işgär ýok. – Onyň-a dogry. Onsoňam... – Onsoňyň näme? – Seni häli-şindi görüp durmasam karar taparynam öýdemok. Aýperi oturgyjyň erňegini dyrmalady. Topugyny ýapyp duran mämişi köýnegini aşak çekişdirdi. Ýakadaky kiçijik gülýakasy günüň şöhlesine ýaldyrady, ýigit gyzy özüne bakan adaja çekdi. Aýperi tez maral ýaly bolup gobsundy-da gözlerini tegeläp, ýigidiň goluny aýyrdy. – Aladany birýüzli etdik diýsegem boljak. Durmuş meselämizde indi okuwyň süýrenjeňlige saljak gümany ýok. Sen hä diýmän ýokary bilimli, Aýperi! Bu habara öňden garaşýan ýaly, Aýperiniň dodaklary açylyp, sadap dişleri göründi. Ýylgyranda çep ýaňagynda ýarym aýlaw çukanak emele geldi. Bu gyza hasam gelşik berdi. Nurnazar oňa gözügidijilikli seretdi-de, ýuwdunyp oňaýdy. Belki, ol ter-tämiz, tirsildäp duran ýaňaga heniz dem degen däl bolsa gerek diýip, öz ýanyndan oý edendir. – Dek otursana, Nurnazar! – Aýperi aýdansoň duýan görnüşde ýigit gyzyň ýüzüginiň gaşyny sypalamasyny goýdy. – Şu gün işe baranymy aýtdymmy? – Aýtdyň öýdýän. – Barsam, brigadir hum ýaly çişip otyr. Bir ýanýa, bir ýanýa... «Näme?» diýsem, «Äý-le» diýip, elini silkip goýberdi. Nämemiş, bir satyjymyz aragy dört manatdan satypdyr. – Alypmydyrlar ýa satypmy? Tapawudy näme, satyj-a satandyr, alyjam alandyr. – Tapawudy kän. – Satyjyň maksady: bir manady iki etmek. – Ana, onusy nädogry. Alyjam garzynyp tapýar ahyry. – Ownuk-uşak gaýtarylybam durlanok. – Şo-da adamy sandan çykarýar. Alyjyň özi talap etmeli. – Munyň başga gep. – Onsoň satyja näme çäre görüpdirler. – Görsem men görmeli. Müdir men. Zat diýmedim. – Näme üçin? – Aý, diýmedim-dä. – Diýmek, seňem eliň bardyr. – Satyjylara näbelet ýaly. – Ine munyň bolanok. – Alyjylaryň özleri ýaman öwredýär. – Şyhmütrüni pugta towlan bolsaňyz, satyjy gaýdyp gaýtalamazdy. – Beýtmesi bize-de bähbit ahyry, ýa senem-ä, Aýperi! – Şeýdibem, jenaýat döreýär. Etmişine laýyk jeza çekip gelen, bolsa, ikinji gezek bek bolardy. – Bu dözümliligiň bilen pedagogikany saýlanyňam bir gowy zat. – Söwda sistemasam geçirimliligi talap edenok. – Jedele ýazyp barýa. Bize galmandyr-la, güme gitsin. Hanha, alyjy, hanha satyjy, hanha-da haryt. – Men beý diýsemem, seň diýmäge hakyň ýok. Bile işlejek adamyň erte lomaý urar. – Äý, soňunam görüp gelen ýok. Görübermeli bolar, Ýigit ör turdy. Haýyna-maýyna garaman, Aýperiniňem elinden tutup, ýokary galdyrdy. Gyzyň kirpikmen gözlerine dikan seretdi. – Kino gidäýeli? – Bu gün däl. – Haçan? – Ýene bir gün. – Aýtmasaň, eliňi goýberjek däl. – Ýadab-a goýberersiň-dä! – Ýok, çynym, Aýperi! – Menem oýun edemok. – Onda ertir. – Ýagşy. Nurnazar Aýperiniň elini goýberdi. Gyz üst-başyny kakyşdyrdy. Ýaglygyny düzedişdirdi. – Onda ertir «Baharda» tapyşmaşak! – Näçede? – Sekizde. Bararmyň? – Baraýyn diýdimmi, barmaly bolar. – Häzir öýüňize çenli ugradaýyn. – Azara galma, özüm giderin. Gök baglyk Aýperiniň garasyny Nurnazaryň gözünden ýitirdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |