12:40 Ynsabyñ jezasy -7/ romanyñ dowamy | |
ÝEDINJI BAP
Detektiw proza
Aýperi adam boýy aýnanyň öňünde durup, özüne serenjam berdi. Şamar saçlaryny timarlap, bir sura-ýyl gerdenine düşürdi, bir halkalaýyn ýokary galdyrdy. Ýene goşa örümi öňden sallady, ýakasy reňkine laýyk keşdelenen, soňky biçüwdäki gyrmyzy köýnegini geýdi. Kiçijik göwher gaşly gülýakasyny boýnuna dakdy. Gülýakanyň bir sere aşagy gümmezekläp, ýuka, ýüpek köýnegi çalaja tolkunladýardy. Köýnek bilen kybapdaş pürçükli gotaz dakylan gysyma sygmaz gara örüm-örüm saç göwsüň gapdalyny ýakalap aşak goýberilenden gyz hasam gelşigine gelen ýaly boldy. Näme üçindir, Aýperi şäher terbiýesini alyp, şäher inip-çykyşyna kemsiz ýetik bolsa-da, saçlaryna gülap sepmedi, gözüne-gaşyna sürme çekmedi. Diňe ter hyýaryň gabygyny maňlaýyna, ýüzüne endigan süýkäp, esli eglendi. Adama tebigylygam gerek ahyry. Häliden bäri gyzynyň aýnanyň öňünden aýrylybilmän, sypanyp-sülmüräp durşuny synlan ene: – Bezenip-beslenip bir ýere gitme hyýalyň barmy, gyzym? – diýdi. – Wiý, eje, aýdamagammy? – Birden ullakan aýnadan bäri garap duran keşp ýitdi. Aýperi saýhal basyp, ejesiniň ýanyna geldi. Onuň dolmaç gerdeninden gol salyp, ýüzüni ýüzüne degirdi. – Eje, senden hemişe mele-myssyk nanyň ysy gelýär. – Nan bişirseň, nanyň ysy geler-dä, gyzym! – Ýok, eje, beýle däl. Kä adamdan düýbünden edýän işiniň ysy gelenok. Senden welin, ýakymly nanyň müşgi burk urýa. – A häzir nämäň ysyny alýaň? – Ene goltuklap oturan gyzynyň at ýüzüne gelşik berýän gönümel burnuna süýem barmagy bilen basdy. Aýperi ejesine gysmyljyrap, ulugyza mahsus endigi bilen mylaýym güldi. – Şekerli kökäň ysyny. Ajap eje-de ýakymly ýylgyryp, ýerinden turdy. Garry agraslygyna eýerip, aşhanadan bir mejime şekerli köke getirdi. – Gyzgynjakka iý, gyzym. Aýperi gaz peçde bişirilen ýukarak börek şekilli kökeden alyp, çalaja kirtilletdi. – Aýtdym-a, eje, seň eliň tagamy bir başga diýip. – Ýöne sen soragyma jogap bermediň-le. Ýa ejeňden syr gizleýärmiň? – Eje, kimden gizlesemem senden gizlemen. Ýeriň ýüzünde ýeke ejem bar ahyry. – Aýt onda, gyzym. – Men-ä kino gidäýsem diýýän. – Indiden soňmy? – Men çaga däl ahyry, eje. Sekizdäkä gireris, on töweregem gutarar. – Joralaň bilenmi? Ejesiniň soragy Aýperiniň sussuny basdy. Birbada näme diýjegini bilmedi. Ol «kimden syr gizlesemem, senden gizlemen» diýse-de, heniz ejesiniň ýanynda söýgüden söz açmandy. Aslynda açmaga esas beri barmy? Gyzyň göwüsleriniň göterilip, ýüzüniň menekleri ýetişenliginden habar berse-de, ol entek özüni yşk söwdasyndan yrakda tutýardy. Uniwersiteti gutaryp, okuwy bir ýaňalyk etmese, ikisi birden hezil bermejek ýalydy. Oňa baş goşdugy okuwdan eli sowarly görünýärdi. Muňa özüniň joralarynyň mysalyndanam magat göz ýetirýärdi. Söýginiň alyna ulaşan kursdaş gyzlaryndan gör, nijesi ýaş başdan özüni çaga basdyrdy! Ne oňly sapaga gatnap bildiler, ne-de äbe-jüýje bolup ýaşadylar. Gaýybana geçeni geçdi, geçmedigem orta ýolda äpberdi oturyberdi. Ähli azaplar reýgan boldy, ýaşlyk arzuwlary garynda garrady. Şolaryň gününe düşüläýmesin häli diýip, Aýperi käte adam öz göwnünden baş çykarmasa-da, göwne eneke biçäre bolsa-da herhal, ädimini seresap ätmäge çalyşýardy. Özüni içiňden-bagryňdan geçip barýan otly gözlerden, yrgaragy çaşy göz edip, çarhy pelegini öwürýän şirin-şeker sözlerden, dogumyna bäs gelip bilmeýän kellegöçgünliräk ýigitleriň gödeňsi oýunlaryndan sowarak tutmaga jan edýärdi. Käbir gyzlaryň dem degmedik dodaklaryny pak hozuň daşky gabygyna sürtüp, gülälek suwunyň şerbetine aldanyp, gap-gara edäýmesi hem ýok däl. Elbetde, bu zatlar Aýperini pikir etdirýärdi. Ýöne ähli zat durmuşda oý edişiň ýaly bolup duranok. Hakykatdan üzňe käbir romanlaryň položitel gahrymanlary ýaly hereket edip, geljekki ykbalyňy öňünden aýdyp bolýarmy näme? Düýpsüz oýa gark bolan Aýperi bir haýukdan özüne aýdylan söze öwrülip geldi. – Joralam bilen-ä däl. Ajap ejäniň gözleri tegelendi. Gyzyň menekli ýaňagy tirpildäp gyzardy. Içki howsalasyny, her niçigem bolsa, sarpaly enäniň sarpasyny saklap, gyzlyk çygryndan çykman, bada-bat daşyna çykarmaga ejap etdi. Ýap-ýaňam tamdyrdan çykan nana meňzeş, dogup gelýän Güni ýatladýan Ajap ejäniň ýüzüne indi ak sowult çaýylypdy. Aýperi şowurdap baryp, ejesini çaga bolup gujaklady. – Gaharlanýamyň, eje?! Ajap eje gyzynyň togar-togar saçlaryny sypady, enäniň rahatlygy bozulanam bolsa, syr bildirmedi. Şonda-da göwne getiren gümanyny bütinleý ýuwdup goýberäýmän, ynjysyny mälim etdi. – Azak-tenek gaharlanmanam duramok. – Ol oňat oglan ahyry, eje! – Onyň-a ýagşy welin... – Gorkma, eje, biedeplik edesim ýok. Senden bidin mydyrt etmen. – Olar ýaly bolsa, özüň bil. Ýöne gyz maşgala gije-girim entäp ýörse, ýagşy däl. Irgözin öýe köwlenjek bol. Ýogsa-da ady nämedir o ýigidiň? – Nurnazar. – Nur-na-zar! – Ajap eje heçjikledi-de, hoşroý ýylgyrdy. O-da öz aýdyşyň ýaly, dil-edebiýatdamy? – Ýok, ol söwdada işleýär? – Söwdada?! – Ozal bile okadyk. Soň okuwdan çykdy-da, söwda işine geçdi. Elbetde, ýagdaýy bolan däldir-dä. Üç ýyl söwda ugrundan okady. – Ýeri bolýa-la. Aýperi seýkin basyp, çykjak bolup durka ejesine göz gytagyny aýlady. Ajap eje bolsa «Gidiber, gyzym, gidiber» diýýän terzde mylaýym baş atdy. Kino-teatryň işigi hümerdi. Ýigitler bezemen gyzlarynyň golundan çalaja iltäp, ikiçäk-ikiçäk durdular. Gazet butgasynyň ýanynda eli gülli garaşýan Nurnazary Aýperi birbada görmedi. Afişalara güýmenen gyzyň ýeňsesinden pişik basyşyny edip gelen ýigit baldakly bägülini ýakynrak uzadyp çekende göz göze kaklyşdy. – Garaşdyran-a däldirin! – Aý, ýok, ýarym sagady hasap etmeseň. – Bagyşla onda! – Aýperi näzli gülümsiräp idin sorady. – Men-ä gelseň, razy boldum. – Mende beýle häsiýet ýok. Ýigrenýänim ikisözlülik. – Ine, seni şunuň üçinem... – diýip, ýigit yzyny aýdyp bilmän, gümürtige urdy. «Söýýän» diýmäge bogny ysmady. Emma Aýperi ol aýdylmadyk, aslynda aýdylmaly mahalyndan juda ir dile gelen matlaba dähil düşündi. Menekli ýaňaklar gyzarjak ýaly etdi. Nurnazar ara düşen böwşeňlikden peýdalandy. Ozaldanam ýylgyrasy gelýän, ejiz zenan maşgalanyň ýüregini bir bakyşda-da ersdirip biljek owadan gözlerini güldürip: – Wi, bi saňa! – diýip, ter, köz ýaly gyp-gyzyl mahmal bägüli gyza uzatdy. – Sag boluň. Nurnazar köwşüniň burnuny ýapyp duran giň manjetli jalbaryny ýelikdirdi-de, sag tarapky üýşmeleňe seretdi. – Häzir! – diýibem etjek-goýjagyny aýtman, howlukmaç aňryk gitdi. Baragada nobata duranlaryň öňdäkisiniň gapdalyndan binobat süsdürildi. – Iki moroženoýe daýza, iki, gaýtargysyz-zatsyz – diýip, bölek puluny oklap goýberdi. Nobata duranlar nägileliklerini heniz bildirip-bildirmänkäler, ol eýýäm alypdy. Gelip, birini gyza berdi, birinem özi aldy. Kagyz gaply moroženony ýarpylap-ýarpylamankalar, zala çagyryş jaň eşidildi. Soňky lokgasyny howlukmaç tutuşlygyna lak-luk atan Nurnazaryň dahany durşuna buza öwrüldi. Ýuwdup bilmän, yzyna çykarmagam gyzyň ýanynda uslyp bilmän, agzyny öweldip, ony demi bilen ýylatjak bolýardy. Ýigidiň gözgyny bolup durşuny görüp, Aýperi zordan gülmän saklandy. Assa-ýuwaş eräp, suwuklyk aňyrsyna gidip başlansoň, ýigidiň jany aram tapdy. Beýlesine öwrülip, gülli elýaglygy bilen ýaşaran gözüni syldy. Beýle güne düşäýmekden ätiýaç eden gyz galanjasyny urna taşlap, ýanjygyndan elýaglygyny alyp, barmaklaryny, dodagyny süpürdi. Ýerli-ýerine geçip, oturyp-oturmankalar zal garaňkyrady... – Täsin film ekeni – diýip, Nurnazar syrdam-syrdam agaçlaryň aralygyndaky trotuardan egin deňläp barýarka ümsümligi bozdy. Ýaňyja görlen filmiň täsirindenmi, wakalaryny kellesinde aýlap barýanyndanmy, ýa oňa onçakly pisindi oturmanyndanmy, häzir Aýperi öz-özüne gümrady. Ýigit soragyny ikinji gezek gaýtalady. – Nähili gördüň? – Näme diýsemkäm? – gyz ýene oýurgandy: – Belli bir zat aýtmak kyn. – Men-ä dogrusy, haladym. Dedektiw romanlaram, dedektiw filmlerem gowy görýän. – Men welin, tersine. Tutda-baslyklary halamok. Adam häsiýeti örän çylşyrymly. Häsiýet açylsa, durmuş inçeden yzarlansa oňat görýän. Arada gyzlar bolup, Sergeý Gerasimowyň «Kölüň kenarynda» filmine tomaşa etdik. Sabyr-takaty ýetmän, çykyp gidenlerem boldy. Näme diýip, näme aýtjak. Onda inçe gatnaşyklar şeýle bir orta atylýar, şeýle bir döwnelýär, haýranlar galýaň. Gapma-garşy gylyk-häsiýetler barada şeýle bir ynandyryjy gürrüň berilýär. Gozgalýan meselä seret. Warra-şarra, urdum-şalyk bolsa, meniň-ä gaty bir synym oturanok. Elbetde, her kimiň öz kabul edişi bardyr welin... – Ine gördüňmi, meniňem düşünjäm seňki bilen çapraz. Tark-turk kowdum-gaçdym bolsa heziller edinäýýäň. Gör, ýaňky filmdäki ogry nähili ugur tapyjy. Emma organ işgärlerem ýeser. Ele salyşlaryny gördüňmi? – Diýmek, ol jaýdan böküp aýagyny döwdürmedik bolsa, tutuljagam däl-dä? – Tutulardy. – Nädip? – Ýaragly milisionerlerden, howpsuzlyk komitetiniň wekillerinden sypjak gümany barmy? – Ol dogry. – Gitjek ýeri nire eýsem? – Ine, munyň däl. Gitjek ýeri kän. Ol ýeňil ýarag bilenem, dokument bilenem gurat. Daşary ýurda aşybilse, baryny gutardygy. – Başyny gutarmaga goýmazlar. – Ele düşüşi ynandyryjysyz. Men-ä düýbünden ynanmadym. Beýdip ýedi derýadan gus-gury geçe-geçe gelýän adam sekizinji derýada gark bolaýmaz. – Ahyr ele düşmelimi-düşmeli. – Mesele hem şonda. – Onda näme janyňy ýakýaň? – Täsiriniň azlygy üçin, ýasamalygy üçin. – Kinodyr-da. Oça-büçe bolmasa, oýun diýiljekmi, film diýiljekmi? – Şeýdibem, özümiziň işimizi görýäs. Käte durmuşa sowuk-sala garaýanlygymyzyň sebäbem, şeýle geleňsizlik, perwaýsyzlyk. Türkmeniň jähennemi özgä şam bolanok-da, sagat syna urlan palta bolýar. – Baý-bow! Sen-ä ümdüziňe tutdurdyň. Şondan soň Aýperi-de dymdy. Wagt bolsa birçene ýetipdi. Gümür-ýamyr edişip, olar esli salymyň geçeninem duýmadylar. Aýaklaryň dükürdileri indi allaowarradan eşidilýärdi. Köçelerde maşyn gatnawy seýrekleşipdi. Aýna ýaly arassa, ýagty, giň köçäni aýlaw görüp, Aýperi bilen Nurnazar ýoly gysgaltmak, wagt utmak maksady bilen gönüläp ugrady. Garaňkylyga gark bolan baglaryň arasyndan germeçläp baryşlaryna birden ikisi-de doňňara daş boldy. Çat maňlaýda iki epeý pyýada düýşde görünýän ýaly söm durdy. Biri gamasyny ýaldyradyp, ol elinden bu eline geçirip, oklap-gapsa, beýlekisi butnaman mäkäm gysymlaýardy. Gursakdan inderdim-inderdim etmäge çemelidi. Haýýaty göterilen Nurnazaryň bada agzyna uçuk gaýnady. Ýüzünde reňk-pet galman, gözüniň ody alnan çaga ýaly, ýeli gaçan pökgi kimin myssardy. Gürrüňini edip gelýän filmindäki ogrusy häzir ýadyna-oýuna düşenokdy. Onuň başa-baş söweşişi, garşydaşyny başyndan agdaryp urşy bu dara-direde heý, hakydasyna gelermi? Göz gytagyny Aýperä aýlap, buýtar-suýtar etjek boldy welin, ýalaw ýaly gamaly: – Butnasaň, bagryňy paralaryn – diýdi. Eller ýokary galdy. Gamaly gamasyny kükregine dürtüp, bir eli bilen goltuk kisäni barlady. Nurnazar ýene haýpy gelmek bilen Aýperä seretdi. Beýleki gyzyň ýanjygyny döküp-dörüp, zat tapmansoň, ony bir gyra zyňdy. Soň gyzyň tözlenen göwsüne el degirjek boldy welin, Aýperi gulak tozuna sugşuryp goýberdi. Beýle gaýtawula garaşmadyk gamalynyň aňyrsy-bärik geldi. Gamasyny ýaldyradyp, keşdeli köýnegiň ýakasyny parran böwüsdi. Onýança niredendir bir ýerden çykan zarply gülçüldi gamalyny ýere ýazdy, emma ýaragyny elden sypdyrmady. Nurnazary aldym-berdime salan beýleki gamalynyň boýnunyň ýeňse damaryndan läheň penjelän nätanyş ony-da ugrybir tüwdüripdi. Bagryny ýere beren soňky gamaly galjak bolanda, nätanyş aýagy bilen onuň gamaly elinden dözümli basdy. Ol dişini gyjyrdadyp, penjesini mejalsyz ýaýdy. Nätanyş eglip, derrew gamany aldy. Şol haladam tarp-tarp edip bäşiň biri ökje göterip, baglaryň astyndan aýagaldygyna eňdi. Ilkinji urlan eýýäm ýerinden galyp, nätanşyň ýakyndan el bermejegini bilip, amatly urga çemelenýärdi. Gyza tarap golaýlan nätanşyň çat maňlaýydyr-da alla diýip gamasyny zybyrdadanda, gama nätanşyň çep gözüniň üstüni gyltyz kakyp geçdi. Gan paýrady, awusy nätanşyň ýüregine ornady. Ikinji şäkärt dadan ýerden sermäp-sermäp tapan daşyny nätanşyň ýeňsesinden doňdurdy. Nätanyş ýüzin ýykyldy. Ikisi iki ýerden üstlerine haýdap gelýärkä özüni ele alyp, demini dürsän Aýperi pursaty elden gidermän, naçar sesini edip, uly ili bilen gygyrdy. – Mi-li-si-ýa!!! Bu aýylganç sesden soň olar ýazzyny berdi. Ýakasynyň bölünip, göwsüniň akjaryp görnüp duranlygyna parh goýman Aýperi haýdan-haý nätanşyň üstüne egildi. Ganyny eli bilen duruzjak boldy. Bolmady. Ylgap, goşawuçlap palçyk getirip basdy. Gan saklatmady. Nätanyş ýeňsesinden urlan jaýdar urgy zerarly henizem huşsuz ýatyrdy. Birden ýadyna düşen dek Aýperi başyndaky ýaglygyny epledi-de, ganly kelläni mäkäm daňdy. Ýene goşawuçlap, beýleräkde şildireýän joýajykdan suw getirip, nätanşyň ýüzüni ýuwdy, maňlaýny ölledi. Nätanyş aýňalyp, gözüni açdy. Göwsi açyk gyzyň özüniň ýüzüni, maňlaýyny sypalap, ýarym-ýaş aglap durşuny gerüp, birhili boldy. Yra-dara ýerinden turdy, gyzam ýer galdy. Nätanyş urgularyň yzasyny häli-häzir duýýan dek ilki ýeňsesine, soňam maňlaýyna elini ýetirdi. Aýperi neden tisginene dönüp, açyk göwsüni elleri bilen ýapdy. Nätanyş ýerde ýaldyraýan gamany topraga sünjüp-sünjüp aldy-da: – Nirede ýaşaýaňyz? – diýdi. – Ilerräkde. – Ýörüň, eltip gaýdaýyn. Ýanaşyk ýöräp ugradylar. Aýperi nätanşyň ysgynsyz halda hassyldabrak barşyna dözmän, goltugyndan söýget berdi, bir elinem ýakasyndan aýyrmady. Bir- meýdan ýöränsoňlar, nätanyş aýak çekdi-de egninden penjegini çykardy. Haýyna-maýyna garaman gyza geýdirdi. – Gijäň çigregi bar. Gijäniň çigregi ýokdy. Gaýta yssydy. Petiş howa demiňi daljykdyryp barýardy. Uzakly gün gyzyp, sowap ýetişmedik asfaltdan howur göterilýärdi. Aýperiniň küýi-keçesi bu yssyda nätanşyň penjek ýeňlenmesi däldi, oňa häli-häzir elem degenokdy. Ol bir gepiň gerdişine görä aýdylaýan sözdi, gyzyň alaň-açyk bolup barmazlygy üçin edilen çykalgady. Aýperi muny duýupdy, nätanşyň kellesine daňylan ýaglygyň gaty çözülip, ujy ýelpeselenýärdi. Aýyrmaga hyýallanýanyny gören Aýperi: – Çözme, çözme – diýdi. – Çözme diýseňiz çözmenem. Nätanyş gyzdan sere boýy saýlanyp barşyna eglibräk garap, ýylgyrdy. Garaňkyda bu ýylgyrmany Aýperi görmedi. Oňa derek nätanyş naçar horkuldysyny eşitdi. – Aglaýaňmy? Aýperiniň hork-horky sowalyň jogabyna öwrüldi» Yzy bilenem garşy-garşy çaga ýaly burnuny çekdi. – Munyň-a bolanok, keýgim. Aglamak aýyp bolmazmy? Onda menem aglabermeli. Emma aglamak onuň at gaýtarym beýlesindenem aýlananokdy. Öldür gözünden çyg çykmaz. Içine salar. Oglanlykdaky bu endigi ulalanda-da aýrylmady. Ýigitlikde-de hemra boldy. Mundan buýana-da «o keselden» saplanmajagy açykdy. Ýöne erkek adamlaryň derdi-gussany, gaýgy-gamy içlerine salyp, çekip-çydaýandyklary oňa aýdyňdy, şonuň üçinem olar basym garraýarlar. Naçar maşgalalaryň aglap, gözýaş döküp, biraz derdini egismeleri bar, olar agyr ýüki şeýdip ýeňledýärdi. Aýperi bolsa hakykatdanam, aglaýardy. – Ejemiň gözüne nädip görneýin? – Bolan zat ýok ahyryn. – Bolan zat ýok welin, elem-ebtat bolup barsaň gowumy? – Şoňa-da şükür et. – Onyň-a dogry. Aýperileriň yşygy sönmändir. Diýmek, ejesi ýoluna göz dikip otyr. Aýperi üç gat jaýyň ikinji gatyna çykyp, sag egnindäki garaja nokady basdy. Aňyrdan çybşyl-çybşyl ses eşidildi. Ajap eje gapyny açdy-da, yza serpikdi. Aýperi-de ejesiniň gözüne dogry garap bilmedi. Gyzyň başaçyklygy, saçynyň hüwjerip durşy, gan tegmilli penjege gysylyşy enäni aňk etdi. Beýleräkden kellesi saralgy, saçy ýaňy syh-syh dürterip gelýän, uzynak hortaň biriniň beren salamyny-da ol eşitmedi. Girsemmikäm-girmesemmikäm diýip ýaýdanýan nätanşy Aýperi öýe ündedi. Ajap eje-de: – Gir, hanym – diýdi. Aýperi penjegi diwana oklap, içki jaýa çalt girip gitdi. Nätanşam diwanyň bir çüňkünde çugutdyryp oturdy. Ajap eje gyzynyň giden otagyna girdi. Enäniň sesi galagop çykdy. – Näme boldy, Aýym! Üsti-başyň dagy nätüsli! Bir zadyň üstünden bardyňmy? Wah, bimahal çak gezme diýdim-ä? Köýnegiň jyrram-jyrram-la! – Ene elden-aýakdan düşdi: Aýperi birden möňňürip goýberdi-de, ejesini garsa gujaklady. – Şu mat zat sorama, eje jan. Soň aýdaýyn. Ene aýasy bilen gyzynyň gözýaşyny süpürdi. Bulaşyk saçlaryny sypady. Dilnen ýakany görüp, içini çekdi. – Hakyt pyçak bilen bölünipdir. Kim ýer ýuwutmyşka, eline okumalar çyksyn-da. – Soňam horkuldap duran gyzyna: – Bar, çalşyr köýnegiňi – diýdi. Ajap eje yzyna dönüp, oňaýsyz oturan nätanşa çekinjeň garady. – Düşek üste geçäý, hanym! Ullakan per ýassygy gütüledip, nätanşyň gapdalyna oklady. – Men-ä gaýdaýsam diýýän. – Şu pillemi? Gijäň ýarymyndamy? Çaý-suw içmän gitmek bolmaz ahyry. Demini alyp duran çaýym bar. Aýperi geler diýip, basyryp goýupdym. Birki käse iç. Garry aşhana tarap gitdi. Nätanşyň gaýtsam-goýsam diýen sesini eşidipmi, ýa çalşyrynyp bolupmy, özüne reje beren Aýperi geldi. Gyz utanjyrap, diwanda oturdy. Nätanyş gyzy täzeden görýän ýaly, siňin-siňin seretdi. Onuň gyzda nazary eglendi. Seredilmegindenmi ýa hälki bolan wakadanmy, nämemi, Aýperiniň ýüzi iki ýeke haljagazyna çenli gyzardy. Bu bolsa gyza nar öwüşginini berdi. Birden Aýperi tawus ýaly pasyrdap laňňa galdy-da, hasa, derman alyp geldi. Ejesi orta saçak ýazyp çaý goýdy. Aýperi nätanşyň sargysyny emaý bilen aýryp, hasa derman çalyp, täzeden gelşikli daňdy. Gyzyň mylaýym eliniň yzy, ýakyndan alýan demi nätanşyň ýüregini gopdurdy. Aýperi hasany aýlap bolup: – Eje, gaýçy ýokmudy? – diýdi. Ene gaýçyny äberdi. Gyz hasanyň ujuny kesip daňdy. Ejesi bilen ýanaşyk oturybam nätanşa çaý guýdy. – Çekinme-de, içiber. Özüne uzadylan käsäni alyp, nätanyş gabagyny galdyrdy. – Nany özüňiz bişirýäňiz öýdýän!? Aýperi ejesiniň ýüzüne seredip, ýylgyrdy. – Näbilýäňiz? Nätanşyň gözi ýene saçaga düşdi. – Gördüňmi, eje, seň çöregiňdigini aýtmamyzda-da bilýärler. Ajap eje bolsa köçä düşen nan owuntygyny aýasy bilen sypap alyp saçaga atýardy. – Ejem çörek zawodynda işleýär. Görseň, ýüzi nana-da meňzeşdir – Aýperi mylaýym ýylgyryp, ejesine bakdy. Garrynyň göwrümi biraz giňedi. Eýýäm gyzyndan bu zady eşideni bellidi. Änigine-şänigine ýetmän, goýjak gümany barmy, ýogsam beýle ynjalmazdy. Ol indi içinden alnynda oturan ýigide alkyş baryny okaýardy, minnetdarlygyny söz bilen däl-de, garaýyş bilen mälim edýärdi. Ajap eje: – Ajygansyň, surnugansyň, oglum, arkaýyn iýiber, içiber. Öz öýüň ýaly gör, Nurnazar! – diýdi. Aýperi bu ady eşidip, ýalta ejesine bakanynam duýman galdy. Ýüzi erbet üýtgedi. Ýöne ene sepini bilmedi. Nätanşam muny ýa eşitmedi, ýa-da eşitse-de duýmazlyga saldy. Garry ýene bir öwrümde ýigidiň adyny Nurnazar diýip tutdy. «Başga adama öwrülip barýan bolaýmaýyn. Käbir gyz maşgalanyň durmuşa çykansoň adynyň üýtgeýşi ýaly, menem adymdan daşlaşyp ýören bolaýmaýyn häli» diýip, nätanyş öwrüp-çöwürdi. Onsoň hiç bir zady göwne getirmän, ýakymly ýylgyryp, özüni tanatdy. – Men Nurnazar däl, ene, Ýeňiş! Ene gyzyna bakdy, gyz ýere. * * * Ýeňşiň irden Öwez Akyýew üstüňi basdy. Graždan geýimindäki polkownik myhmanhananyň darajyk otagyny içgin-içgin synlady. – Üç adamlykmy? Bir adamlyga geçirerler. Gepleşildi. Harç ýagdaýyň nähili? – Bar. Ýatsagam gazanç etdik ahyry. Polkownik şondan soňam Ýeňiş bilen esli gümür-ýamyr edip oturdy. Çäş wagty golaýlanda-da turup gaýtdy. Geleninden biraz wagt geçip-geçmänkä, kabinetine ýygnanyşyp başladylar. Nobatçylar agşamky ýagdaý barada hasabat bermäge taýýarlyklydy. Smirnow söz berlen dessine öz nobatçylygynda gören eşiden wakasyny gürrüň bermäge durdy. Oturanlaryň ünsüni çekmäge ol ýeke dili bilen däl, bütin göwresini hereketlendirip jan çekýärdi. Sary gaşlaryny ýazyşdyryp, bürüşdirip, söhbeti gyzykdyrýardy. Onuň janygyp berýän gürrüňini Öwez Akyýew öz ýerinden sessiz-üýnsüz diňleýärdi. Ýeri, beýle-de bir zat bolar ekeni. Özüniň ýap-ýaňy eşi- dei wakasy bilen Smirnowyň gürrüň berýän zady hem des-deň. Ýeňşiňem oňa ýetiren gürrüňi şu-da! Bir gijede iki meňzeş ýagdaý. – Ine onsoň tanşymyňkyda esli eglenäýipdirin. Wagt gijigiberende turdum. Öý eýesi gitme diýip köp aýtdam-la. Etmedim. Sykylyk atan bolup gelýärdim. Polkownik söz arasynda oturanlara göz aýlady. Aýratyn birine dikanlap seretdi. Oňa barha üşerildi. Göwnüne birhili güman gitdi. Ony nirededir bir ýerde görenine meňzetdi. Niredekä? Öz-ä tanyş ýüze çalymdaş. Onsoňam onuň organ işgärleriniň arasynda näme işi bar? Oňa kim rugsat etdikä? Bu ýere näme üçin goýberdilerkä? Polkownik sabyrlylyk bilen garaşdy. Ýöne ony her näçe jan etse-de tanap bilmedi. Her näçe syn etse-de bilip bilmedi. Soň ýene Smirnowyň gürrüňine dolandy. – Görsem, öňümde iki degenek. Bir ýetginjegi garaňkyda ara alyp, elesledip durlar. Menem barşyma biriniň ýeňsesinden penjeledim. Beýlekisi zut göterdi ökjäni. Ýigidi özüm bile alyp gaýtdym. – Olar ýaragsyzmydy? – oturanlardan kimdir biri sorady: – Ele salnany getirip tabşyrdyňmy? – Ýok. – Olar ýoldaş ekeni. Gyz üstünde sözleri azaşypdyr. Özümiz oňşarys diýensoňlar, zadam diýmedim. – Oňarmansyň, jijim! – Adresini-zadyny beri alyp galdyňmy? – Aljagam bolmadym. – Näme üçin? Smirnow sägindi. Kimdir biri öňürtjek boldy welin, Ýaýlym Gelenowiç nobat bermedi. – Beýlekisiniň gaçmasy näme? – Näbileýin. Gorkandyr-da. Ýaýlym Gelenowiç sesine bat berdi. – Ol-a gorksa, ýoldaşam dözmezçilik etse, senem perwaýsyzlyga ýüz ursaň, bolupdyr-da! Ýagşam-a bir iş bitirýäňiz. Owal-başda, Öwez Akyýewiç, kadrlary mazaly saýlap-seçmeli welin, teý edilenok. Mundire ysnat getirýänleri bu işden gyrahlatmaly. – Onda? – dyp-dykyz göwresine erk edýäni daşyndanam bildirip duran çypar Smirnow bir zady aýdarman boldy-da, ýene saklandy. – Hä, onsaň näme? Aýt, jijim, aýt. – Aýtsam, gaçan meni tanap, ökje göterdi. – Ökje göterse, ökjesine mün. – Ökjeler göni siziň öýüňize alyp baraýjak. Ýaýlym Gelenowiçiň agzy öwelip, gözleri hanasyndan çykara geldi. Bir Öwez Akyýewiçe, bir Wadim Iwanowiçe çiňerildi. Töweregindäkileriň keşbinden many aljak ýaly, oňaýsyz ýaltaklady. Kimdir biriniň küldanyň erňeginde goýan çilim püçegini aldy-goýdy. Soň filterli sigareti çykaryp, haýbatly müşdügini geýdirdi. Ony zažigalkasyndan otlady. – Kim bolsa-da: sylamaly däl, ýoldaş Smirnow. Emma bu kütek artistiň ýasama hereketine öwrüldi. Sesem öňki ýagjymak, zarply sese meňzemän, ýöwsel çykdy. Ýöne bu wagt diňe Abdyýewiň özi kyn ýagdaýda galman, naçalnikleriňem başy aşak eglipdi. Her niçigem bolsa, agyr pursady ýarym çyn, ýarym degişme bilen ýene Akyýewiň özi ýumşatdy. – Bolsa-da, Smirnow, eýläk-beýläg-ä, baý, urundyň, aýtmajak bolup, Abdyýewem erjel adam. Sypdyrar ýaly däl. Ýöne gürrüň öz öýünde örüp ýören ýetginjege dirände, Ýaýlym Gelenownç, öňki badyhowalylygyňy ýitirmegiň-ä bolanok. – Şol garyndaş sumakdan meň-ä ädim ýanan – diýip, Abdyýew özüniň köpüň içinde ýeňse damaryndan tutulanyna namys etdi: – Ýaýlym Gelenowiç, sen oňa-da şükür et. Beterinden beteri bar. Ynha, menem agşamky bir wakadan habarly. Olam hammama baryp, soň kino görüpdir. Kinodan çykybam şeýle waka sataşypdyr – polkownik oturan ýerinde gepledi. Ýeňşiň beren dolangy gamasynyň kagyzyny aýryp, ortaky stolda goýdy. Ýene şu pursatda seretmäýin diýse-de, hälki ýüze bialaç garady. Ol äwmän otyrdy. Sesinem çykaranokdy. Polkownik ýene öňki soragyny gaýtalady: «Ol bu ýerde näme işleýärkä? Abdyýew dagy bilýändir. Ýogsam beýdip biziň aramyzda oturmaz». – Arman, olam ele salyp bilmändir. Smirnowyň aýdyşy ýaly olar iki, ol ýeke ekeni. – Polkownik ýene nätanşa synçy nazaryny aýlady. Ol biparhdy. Şol haladam sekretar geldi-de, biriniň girmäge rugsat soraýandygyny habar berdi. Çykan dessine gapyda Aýperi peýda boldy. Hälki adam, polkownige nätanyş onuň gelenine geňirgense-de, syr bildirmedi. Geleniň gözleri welin, oňa dikilipdi. Dikilse-de, ýene üýtgeşik alamat syzyp bilmedi. Ol bir bolşundan ýazman otyrdy. Aýperem oňa biparh bolan bolara çemeli. – Haýsyňyz naçalnik bolsaňyz, men-ä şoň ýanyna gelipdim. Özüňiz düşünişersiňiz-dä. Bu meniň düşündirişim. Ýeňiş diýen bir ýigit agşam meni howpdan halas etdi – nireden, näme kärdedigindenem habarym ýok. Soramagam unudypdyryn. Ähli göreç gyza gönükdi. Gyzyň gözleri diňe goşa göreçde eglendi. Ol ýene nazaryny Aýperi bilen gezekleşdirdi. Aýperi ol utanar, gyzarar öýtdi. Emma ol utananokdam, gyzaranokdam. Ol Nurnazardy. Aýperi geň galdy, gaty geň galdy. Gözler çaknyşanynda bir tabyny saklap bilýän adama geň galdy. Özüniň züwwetdinliginden söz açylanda-da biperwaý bolan bolup, sarsman, üýtgemän oturyp bilýäni ömründe ilkinji gezek gördi. Beýle ýüz, beýle keşp hiç zatda-da reňkini çalşyrmasa gerek. Neneň beýle häsiýete girip bilýärkä? Neneň beýle-beýle oýunlary oýnap, oýnamadyk ýaly bolup oturyp bilýärkä? Ýalaň ýüz diýilýän şeýle bolýarmykan? Şuş-şu mahal Aýperiniň gyrgy nazarynyň gabadynda-da eger-eger derläýinem diýenok, müzzereýinem. Abdyýewiň keşbi welin, düýbünden başgaça ekeni. Derrew ýüzüne çykaýdy. Bada ýüzüniň reňkem üýtgedi, sesem. Aýperi bir alamat syzaryn öýdüp, ýene oňa garşy-garşy tiňkesini dikdi, bary-bir «ýüzük» ondady, Ýöne ol çykarjak däldi. Aýperi uýala-utana durşuna: – Başga sorajak-goýjak zadyňyz bolmasa... – diýdi. Öwez Akyýew ýazga ýeňil göz gezdirip, öňüne süýşürip goýdy. – Siz gaýdyberiň. Aýperi çykan dessine Nurnazar: – Menem agşamky bolan wakany aýdaýyn diýip gelipdim. Hernä gyzyň özi geläýdi. Menem janly şaýat. Rugsat bolsa, turjak – diýdi. – Möhüm bir işi bardyr öýdüp saklaýdygam. Aýdan bolsaň, öňräk diňlärdik. Ikiňiziňki bir zat bolsa, gaýdyberiň. – Graždanin naçalnik, ýöne huliganlary tapjak bolaweriň. Nurnazar köçä çykan Aýperiniň yzyndan gygyrdy, – Aýperi! Gyz yzyna öwrüldi, ýene ýöräberdi. Nurnazar deňleşdi. Aýperi ýüzüni turşatdy. – Näme at dakjakmy? – Bi, näme?!. – Nurnazar sakawlady. – Ýeri, näme?!. – Aý, hiç-le... – Seniň näme käkelejek bolýanyňa düşünýän. – Men, Aýperi!.. – Hawa, Men Aýperi, sen Nurnazar. Ýöne sen nä ýüzüňe maňa görnüp bilýäň. Ýene erkek diýjeksiň. Naçaram bolsam, men-ä ýüze gelibilmezdim. – Aýperi, sen bir düşün!.. Olar iki, men... Aýak çeken Aýperi ýüzüne garap, ýangynly sözledi. – Olar iki, sen ýeke. Soňky gelen ýoldaşlymydy? Ýa oň dört eli barmydy? Men saňa takal okap oturjak däl. Asla geregem ýok. Seni nebsiniň ugrunda hallan atan diýýärler welin, ondanam başga züwwük ekeniň. Seňki perdä bukulmak, göze çöp atmak. Söwda burnuňy sokmaňam şondandyr. Emma men al saljak gyzyň däl. Bu bolşuň bilen uzaga gidäýermikäň?.. Nurnazar gyzyň yzyndan aňkaryp galdy. * * * Ýeňşiň aýak üstünden gelip-gitmegi Parahady odukdyrdy. Onda-da öýe barman, iş ýerine görünmegi geň. Öýi tapman duran bolsa käşgä! Göwnüne bolmasa dostuny nämedir bir zat biynjalyk edýän bolara çemeli. Gelşem, söz urşam öňki Ýeňiş däldi. Her näçe giňlige salsa-da, dostunyň peýda bolan gününden Parahadyň howsalasy artypdy, öňki taby peselipdi. Soňky görünmesi hasam üstüne urna bolupdy. Duýdansyz üstüni basdyran Parahadyň şu wagtam sesini-üýnüni çykarman, beýleräkde duran Ýeňşe birhaýukdan gözi düşüpdi. Agregatyny dyrmalamasyny goýmadyk bolsa, belki, Ýeňiş şol endigini entek-entegem dowam ederdi. Ýakýan ýeri onuň ses-sedasyz durmasy. Aljyraňňylykda eliniň ýagyny süpüren esgisine Parahat ýüzüniň derinem süpürip goýberdi. Howsalasyny zor aýakdan içde gizläp, dostunyň ýanyna geldi. Salamlaşdylar. Ellerini ykjam gysyşyp, gap-gadyrly görüşdiler. – Bu nä boluş, Ýeňiş? Duýdurman zat etmän... – Tebil bermäýin diýdim. Işli adamyň wagtyny alyp, päsgel berseň, gelşikli däl. – Azajyk tagapyl et. Nobaty çalşyp öýe gideris. – Öýe gidip oturmaly. Ýöne göräýeýin diýdim. – Nämeli geldiň? Parahadyň sowaly birbada jogapsyz galdy. Ýeňiş bilgeşlin elinde pyrlap duran gowaça çöpüne güýmenen boldy. Parahadyň gözi birden ýol gyradaky maşyna düşdi. Düşnükli! Ýene gözler bir-biri bilen çakyşdy. Olar bir-birine şeýle çalt, içgin-içgin seredişip, birdenem aşak bakdy. Bu sessiz çaknyşyk sesli çaknyşykdan beter hopukdyrdy. Emma ony dile getirmäge hiç haýsynyňam bogny ysmady. Soň dostlar ekin meýdanyndan bir tarapa çekildiler. Ondan-mundan başly-barat gürrüň etselerem, hersi öz gamy, öz derdi, öz dünýäsi bilendi. Parahadyň göwnüne, Ýeňiş bimaksat gelmeli däldi. Ylaýtada bu gelşi, maşyny bilen oňlulyga gelmese gerek. Özi ýaly dostunyňam nämedir bir zatda az azap çekmeýänine Parahadyň gözi ýetip durdy. Herhal, ol Ýeňiş syr saklaýar diýen netijä geldi. Ýeňiş syr saklasa-da, saklamasa-da dostuna duşanynda içgysgynç dymyşygy bozdy, tiz özüni ele aldy. Dostunyň geňlemesini bada-bat duýup, alçaksyrady. Parahadyň uly-kiçisini, goňşy golamyny ýeke-ýeke soraşdyrdy. Arman, ol Parahadyň açylmagyna çykalga bolmady. Uzak eglenmänem gitdi. Yzynda tozan turzan maşyn henizem Parahadyň nazaryny özi bilen alyp barýardy. Maşyn gözden ýitdi. Emma Ýeňiş Parahadyň alnyndan aýrylmady. Çaýyrly çile çykan ýigit öz oýuny, pikirini kä daşyna çykaryp, kä içine salyp, örtenýärdi. «Ýöne göräýeýin diýdim». Munyň Ýönelige meňzänok, Ýeňiş dost! Bir emmasy bardyr. Belki, Parahat, seniň eden serpaýyňa dostuň unan däldir. Göwrümine geňeşendir, göwnüne sala salandyr, onsoň başga-başga many çykaran bolsa bildiňmi? Ýöne Ýeňiş sen iki ýüzli, iki sözli ýigitleriň hilinden-ä däldiň... Şu ýerde Parahat geçen günleriň girdabyna düşdi. Bir wakany ýadyna saldy. Ondan bäri köp ýyl geçipdir, gaty kän ýyl. Ol ýedi ýyldanam aňyrrakdan habar berýär... Goçuň synagy-synagdy. Hykgyl-çokgulsyz, mert barlagdy. Kim bolsa-bolsun öz aralaryna goşulan täze ýaranyny «şef» synag eleginden geçirýärdi. Lebizde-de, töwekgelçilikde-de şol şerte, synaga sygmasaň, ýeňsäňi el ýaly edäýmelidir. Parahadyň ilki duşuşykda özüne goýlan synag-şerti Ýeňşiňem alyna geldi. Oňa diňe Goç, Parahat, Ýeňiş – üçüsi gatnaşypdy. O gezek Goç, hakykatdanam, Ýeňişden «ekzamen» alypdy: – Ýigreneniň?! – Namartlyk. – Ýok göreniň! – Lebzini ýuwdan. – Dostuň? – Kyn günümde goldan. – Duşmanyň! – Ärine biwepalyk eden aýal bilen onuň oýnaşy. – Ho-op ýagşy. Şu aralykda Parahat söze at goşarman boldy. Goç eli, gözi bilen: «Sen dur, nobat meňki» diýen yşaraty etdi. – Hakyky dost adamda näçe bolup biler? – Bir ýa iki. Sowalyň jogaby Goçuň aşygyny alçy gopdurdy, Göçdi. Epeý göwresini zordan saklap, oturan oturgyjyndan turup, keýpli gezmeledi. – Eklenç barada pikiriň? – Başarsaň halal iý. Başarmasaň haram. Açyk ýüz gamaşdy. Ýene oturgyja özüni goýberdi. Ýeňşiň gözleriniň içine seretdi. – Belki, tersinedir. – Men öz düşünjämde galýan. Ýeňşiň özdiýenliligi, töwekgelligi Goça ýarady. Ol has aýlawlyrak köteliň üstünden eltmäge synandy. – Şärikli zady neneň görýäň? – Şärikli zady ýigrenýän. Ýekeje zada şärik bolasym gelýär. – Aýt. – Özüňde dert bolmasa, dost derdine şärikli bolup ýanmagy... Bu söz şol wagt Parahady onçakly pikirem etdiren däldir. Häzir welin, ony ýatlap durşuna many-maňzyny saldarlady. Kellesinde gopýan tüweleýi umma kowup, öz-özüni çekelemesinden wagtlaýyn bolsa-da, uzaklaşana döndi. Sen ony subudam etdiň, Ýeňiş! Dostuň derdine ýanybildiň. Men saňa nähak bil baglamajak bolýan. Ýeri, boljak iş bolansoň, meniň indikim näme diýsene! – Ol gaýras-gaýras seslenip, ýaltalyk bilen ýene işine ugrady. Ýene Ýeňşiň giden tarapyna seredip durdy-da, pikir jylawyny bialaç özüne öwürdi. – Köne derdiň täzeden gozgaýmasam bardyr. Käbir zat soň ýüze çykaýgyjam bolýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |