14:58 Ynsabyñ jezasy -9/ romanyñ dowamy | |
DOKUZYNJY BAP
Detektiw proza
Ýeňşiň bu gün düýnkä garanyňda süňňi agyrdy. Durky-durmuşy goram-gowşamdy. Ýogsam agyz dolduryp aýdar ýaly eden işem ýok. Soňky günlerde ol arhiw materiallary bilen gyzykýardy. Oňa galyň ýazgyly papkaňy getirip berdiler. Myhmanhanada ony ýekeme-ýeke dörjüledi oturdy. Çylşyrymly operasiýany «başdan geçirip» erbet ýadady. Dynçlyk bermän gije-gündiz özüne zor salan äpet beýni ýaly ýadawdy. Şondan soň maňlaýy nirä diremegiň aladasyny etdi. Ýene alada. Aladalara gutarma barmyka? Ýa aladalary diňe aladalar gutaryp bilýärmikä? Başlangyjy bar-da, ahry ýok aladalar. Olar bişe-bişe, peýwende erik ýaly pudakdan tänýärler, öwezini bolsa täze nowçalar dolýar. Ýeňşiň bu üzlem-saplam hyýallarynyň, argynlygynyň üstüne ýekelik derdi goşuldy. Ol Senemlerde çaga küýsänligi ýaly, jagylda-jugullygy küýsedi. Onuň şu mahal Parahatlarda gyzyl-gyran gülşüp oturyşlary ýaly, jaýy göçürere gelýän şatlyk-şowhunyň içine düşesi geldi. Ýeňiş ýekesiredi. Gaty ýekesiredi. Giň dünýä gözüne dar göründi. Näme etjegini bilmedi. Nirä gitsin? Tötänleýin bir duşuşykda onuň Baba aga syny oturdy. Şeýle adam bilen gürrüňleşmegini müň paý gowam görýär. Aýperileriň gapysyny kakaýsa, mele myssyk nanyň hoşnut ysyny ýaýradyp, Ajap eje garşylamazmy? A belki, Aýperi näme üçin geldiň diýäýse!.. Birdenem onuň ýadyna Goç bilen bolan wakalar düşdi. Bimaksat gezilmeler, çekilen keýpi-sapalar öçüp barýan yşyk ýaly daşdan, gaty daşdan öçügsilendi. Ýeňiş ýekelik derdinden ezýet çekdi. Töwereginde adam sili joş alsa-da, ol ýalňyzlykdan kösendi. Eýsem ol ýene içini hümledip oturybermelimi? Heniz ýarpylabilmän ýören dedektiw romanyna güýmenermi! Onuň bilen çökgün göwün teselli taparmy! Ýa ýene sülçiniň ýazgylaryna gümrüksinmi? Soňsuz oýlara gark bolan Ýeňiş bimaksat ugrady. Nirä? Kimiň ýanyňa? Kellede tüweleý gopýardy. Hyýal at gamçylap uguralla ýüwürýärdi. ýigidi daşyndan synlan adam gerdende agyr ýük göterip barýana meňzetjekdi, çykgynsyz ýagdaýa düşüp, şonuň gamyny iýýärmikä öýtjekdi. Şol pytraňňylygy, dagynyklygy bilenem Aýperileriň gapysynda häzir boldy. Haýsy güýç, haýsy gudrat oňy bu ýere getirdi? Gözi gyzyň gözlerine düşer welin, näme bahana tapar? Saglygyňyzy biläýeýin diýip geldim diýäýermikä? Olam ynamsyz bolar. Ýa Ajap ejäniň mele myssyk nany ony jadylap, erk-ygtyýaryny elden alyp, bäri ätdiräýdimi? ýigidi Aýperiniň gözleri jadylan bolmasyn! Emma ýigit özünde üýtgeşik bitakatlyk duýmady. Aýperiniň laçyn bakyşy-da häli-häzir höwesini oýarmady, tar-tar zülpleri-de gozgalaň döretmedi. Daşky bosagada äm-säm durşuna goňşularyndan biri görer ýeýdüp çekindi, Gapyny kakjagyny, yzyna dönjegini bilmän, ýene ýaýdandy. Ine-de, gapy birýanlygyna serpilip çat maňlaýynda özi bilen boýdaş bir gyz peýda boldy. Diýmek, Ýeňiş gapyny kakypdyr! Kakdam-da! Ýalňyşaýmalymy? Ýigit gözüni süzgekledip, gyza siňin-siňin seretdi. Oýalygymyka, düýşümikä? Düýşde görünýän ýaly, gapyny parran açyp, bu gyzyň lal-jim durmasy näme? Özi geplemese-de, ol bir zat diýmeli ahyry! Gaýta ne git diýýär, ne-de gel. Ahyr Ýeňşiň özi ýuwdundy-ýuwdundy-da, gyzaryp-bozaryp: – Men ýalňyşaýypdyryn öýdýän. Bagyşlaň. Ajap ejeleň öýümikä öýdüpdirin welin... – diýdi. – Wiý, size Ajap eje gerekmi? Şolaň öýi şü – gyz derrew aňyrsyna dönüp, duran ýerinden gygyrdy: – Aýa, Aýa, sizi biri soraýar. Onýança aňyrdan özüne serenjam beren Aýperi ýylgyrjaklap geldi. – A gyz, myhmany beýdip saklap durmaň näme, goýber girsin ahyry. Bu gyzyň huk bolup durşuny – diýip, Aýperi alçaksyrady. Ýigit bilen elleşip görüşdi-de, äsine garaman tutaklap öýe saldy. – Ýagşy myhman aş üstüne! – diýip, öňüne öňlük atynyp, saçagyň üstüni dürli-dümen naz-nygmatdan dolduryp ýören Ajap eje Ýeňiş bilen baş atyp salamlaşdy. – Öz ýadyma-da düşdüň. Nireden tapjagymy bilmedim. Ejemem gelsin diýip kän aýtdy ýogsam. Geleniň gowy boldy – Aýperi utanyp duran ýigide oturgyjy süýşürdi: – Şu gyzyň dogan gününi belläýeli diýdik. – Gaty gowy. Onýança aňyrdan garagözelek, hortap, pes boýly agzalan gyz-gelip, elini uzatdy. – Jumagül. – Alçakdyr görseň. – Beýdip meni utandyryp bilmersiňiz. – Kelte boýly gyz agyz-burnuny towlap, godur-godur etdi. Onuň pert-pert gepleýşine Ýeňiş öwelip galaýdy: – Ýigrimi üçi şu gün arka atyp, ýigrimi dörde aýak basýas. A gyz, bir kem ýigrimi bäşiň dälijesi biz bolýasmy? Beý-bä, ýaşalypdyr-a! Gapyny açan gyz pişik basyşyny edip geldi-de, jedirdeýän boýdaşynyň gerdeninden gol saldy. Boýnuny burubrak ýigide tiňkesini dikdi. Menem tanyşdyr diýýän terzde Aýperä göz gyýtagyny aýlady. – Sen hemişe ýatdan çykaýýaň. Şü-ýä bolanok. Özüň gelmedik bolsaň, ýene ýadymyza düşjek däldiň. Käbir adamyň durmuşda bary-ýogy bildirenok. Senem edil şo kysym. – Munuň bary-ýogy, baý, bildirýändir. Il bilmese- de, Jumagül! Aýperi yzyny aýtmady. – Goýsana, gyz! – diýip, ol jorasyny hürsekledi. – Diýseňem-ä, gözi ýoldadyr. – Hany, gyzlar ýaňkalaşyp durmaň-da, işli-işiňiz bilen boluň. Ýeňiş ozalam ýygrylyp otyr, siz bolsaňyz ýigit görmedik ýaly. – Aýperi gabanýar – Jumagül kikirdedi, tarsa galyp, aşhana bakan gitdi. Iki gyz aňyrda özara pyşyrdaşdy. Ýeňşiň gulagyna öz ady tutulan ýaly boldy. Aýperi gyzarybrak: – Aý, gyzlardyr-da! – diýip, stuly dyrmalady. Aýperidir Ýeňiş ikiçäk galanda, ýigit: – Men ötägideýin, Aýperi. Bilmän, häki bir... – diýip, sözüni soňlap-soňlamanka, gyz gürrüňi başga ýana sowdy. – Bäş ýyl bäri bir kursda. Her ýylam şu ýerde dogan gününi belleýäs. Dogumyň öýi. Kalinin stipendiýasyny alýa. Uniwersitetde galdyrjak bolsalar etmedi. «Gitjek» diýip, aýak depip dur. «Men bagtymy körpeleriň arasyndan gözlejek» diýýä. «Ýokary okuw jaýynda okaýanlardan mekdepdäkilere köpräk alada gerek. Bilimiň hamyrmaýasy mekdep. Orta mekdepden oňat gözli-başly bolup çyksaň, soň aňsat bolýar. Studentler – özbaşdak ýörelgeli, özüçe pikir ýöretmäni başarýan adamlar, olar oda-suwa ýykylmaz ýaly bolanlar. Körpelere idi gerek, nebir-nebir zehinli ýaşlar ýaşlykda ýitip gidýärler. Belki, men şo ýitenlerden yzyna gaýtararyn, ýitjekleriň öňüni alaryn. Diýmek, men o ýerde has gerekräk...» Ine, onuň pelsepesi. Dogrusyny aýdanyňda, Jumagül mamla. Oňaýsyz oturan Ýeňiş özüni Aýperiniň bilgeşlin gürrüňe güýmeýändigini bilýärdi. Maý bolan pursaty Ýeňiş ýuwaşja ýerinden galdy. Aýperi aşak oturtdy. – Bolmaz, bolmaz. Ejemem, boýdaşlarymam beýtseň, ýokuş görer. Men Jumagülüň ýene bir pikirine goşulýan. Ol gaty köp okaýan gyz. – Mümkin bolsa, ýaşlary okatmaly diýýä. Okasalar, köp zada gözleri ýetýär. Öý-hojalykçy aýallaram okatmaly. Goý, olary çaga bassyn, öýüň-içeriň keşigini çekse-çeksin, düşünje bermeli. Sowatly bilen sowatsyzyň çaga terbiýeleýşi deňem däldir. Ene-ata sowatly bolsa, perzentlerem şo tap bolýa. Soň ýokary okuw jaýyny gutaryp, işleseler-ä ne ýagşy, işlemeseler özleri bilsin. Taýyn kadr. Gerekli çagy, baý ideler-ä! Ýeňiş ýene gobsundy. Ýöne bu sapar Aýperiden öňürtdi. – Men onda gol gowşuryp oturmaýyn. Joraň doglan gününe bir zatjyk alyp geleýin. – Otur, otur. Ynha, men aldym. Şuny ikimiziň adymyzdan, ýok, ýok, ejem üçümiziň adymyzdan beräýeris. – Aýperi kagyza dolangy kiçeňräk ýaglygy çykardy. – Seňkiň öz ýeri bar, meňkiň öz ýeri. Ol gyzyň haýyna-maýyna garaman, jaýdan çykyp gitdi. Indi Ýeňiş hälki sussupes Ýeňiş däldi. Ýap-ýaňam gerdeninden daş asylan bolsa, häzir goltugyndan bir» gop berýän ýalydy. Aýaklary ýeňil ädilýärdi. Tizräk dükana baryp, tizräk yzyna dolanasy gelýärdi. Onuň gidişi bilen gelşi des-deň boldy. Bu gezek gapyny Aýperiniň özi açdy. Ol ýigidiň elindäki zatlary görüp: – Näme etjekdiň azara galyp?! – Nägilerägem bolsa, sesi ýakymly eşidildi. Saçak başynda Aýperi Ýeňiş bilen ýanaşyk oturdy. Ajap eje öz eli bilen bişiren içi bally nanyny ortada goýdy. Nanyň ýakymly ysy oturanlaryň burnuna urdy. Nähilidir bir yşaratdan soň gyzlar kesip-kesip öňlerine aldy. Aýperi naharyň gapdaly bilen nandan bölüp, ilki Ýeňşiň, soň öz tarelkasyna saldy. Hiç bir resmiligem bolmady. Gyzlar Ajap ejäniň ýüzüne seredip, nämädir garaşdy. Ajap eje bolsa oturan ýerinden, tamdyrdan çykan nana meňzeş ýüzüni mähirli galdyrdy. Sada enelere has bolan.endik bilen ýylgyrdy. Bu ýylgyrma ýeke-ekeden gyzlara geçip, ýylgyrmajak Ýeňşem ýylgyrtdy. – Oglum, guzym – diýip, Ajap eje limonad guýlan käsesini eline aldy: – Pes günüň şular ýaly bolsun. Durmuş toýuňda-da, beýleki toýlaryňda-da şeýdip oturaly, gyzym Jumagül! Üç gyz üç ýerden el çarpdy. Jaýy şowhun gaplap aldy. Jumagül şampan şerabyny owurtlady-da, baryp Ajap ejäniň nanyň gyňagyny ýatladýaň ýüzünden ogşady. Soň ýerine geçip oturan dessine Aýperi Ýeňşiň getiren portfelini ýene Ýeňşe berdi. Ýeňiş Aýperä tarap süýşürip, nätdiň diýen röwüşde gyýa garady. Aýperi pyşyrdady. – Ýok, özüň ber. – Beýtmesene, Aýperi! Onsuzam... Indi Aýperi eşidiler ýaly gepledi. – Gör, onuň ýersiz ýere utanan bolup oturyşyny. Öz-ä Jumagülüň doglan gününe niýetledi, ýene-de özi gowşurmajak bolýa. Ilki gapyny açan gyz bölejik ak kagyz bilen dodagyny süpürip: – Özi gowşursa, Ajap ejemiz ýaly ogşalar öýdüp gorkýandyr – diýdi. Bary gülüşdi. Ýeňiş gyzaryp, ýere bakdy. Jumagül bolsa ýanaşyk oturan Ajap ejä garap diýen ýaly: – Ene, sowgady posa bilen üzlüşsem razy-la! – diýdi. Muňa gülüp, özem hezil etdi. Beýleki gyz: – Hemme kişem özüniň öpülmegini isleýändir – diýende, Ýeňiş elýaglygy bilen derini çaldy. – Beýtse, Jumagülüň basym deregi dagaýmasa! – Aýperi şeý diýeninden Jumagül arkan-ýüzün gaýyşyp, içini gyrara geldi. Jorasynyň çapada dönüp barýanyny görüp: – Ýaramady, Aýperä ýaramady – diýip, sözüniň yzyny, jakgylda berdi: – Men doganlarça, uýalarça ogşaryn ahyry. Aýperiniň Jumagül gülküsini keseninde barmagyny çommaldýanyny Ýeňşem gördi. Birden Ýeňşiň öz ady tutuldy. – Sen oglan, henizem otyrsyň-la! – Aýperiniň näz-kereşmeden doly gözleri Ýeňşi ör turuzdy. – Men-ä bir söz sözläp ýören adamam däl. – Ol geýim-gejimi bilen reňkdeş galstugyny düzedişdirdi. Biraz sägindi. Nahara güýmenen bolsa-da Jumagülüň gulagy bärdedi. Beýleki gyz bir-de Ýeňşiň syrylan kellesine, bir-de inçeden uzyn göwresine çiňerilýärdi. Aýperi bu mahal juda bimazady. Ümsüm, parahat görünse-de howsalasy artypdy. Ellerini stolda biri-biriniň üstüne goýup, ýene aýryşy, dem alanda döşüniň aşak-ýokaryk galyp durşy, saçynyň ujuny çözüp-örüp oturyşy asudalygynyň bozulanyndan habar berýärdi. – Jumagül, alçak, açyk gyz. Alnam açyk bolsun, bagtam – Ýeňiş gaýrarak çekilip, portfeli uzatdy. Jumagül bolsa joralarynyň garaşmaýan zadyny etdi. Ol Ýeňşiň ullakan elinde kiçijik elini saklap: – Sag bol! – diýdi. Ýeňiş ýerine geçende, Aýperi stakany şampandan püre-pürläp oňa uzatdy. Gabagyny galdyryp, ýigide ogrynça seretdi. – Seň içgiň-ä däl welin... Ýigidiň myssa ýylgyrmasy onuň düşnükli jogaby boldy. – Ene, näme diýsene! – Jumagül çeňk ýaly göwresini Ajap ejä tarap çalarak aýlap, söze başlady: – Işläsim gelýär. Şeýle bir işläsim gelýär. Enem-atamyň bardygyny özüň bilýäň. Kerki şäherinde. Şäherde önüp-ösdüm, elimi sowuk suwa urdum diýsem ýalançy. Ilk-ä şäher mekdebi, soňam uniwersitet. Ine, bar gören zadym. Meniň welin, göreş gazanynda gaýnasym gelýär, bişesim gelýär. Edil poladyň otda taplanyşy ýaly taplanasym gelýär. – Şoň üçinem, gyzym, daş ýere iberilmegiňi islänsiň. – Isledimem. Gitjegem. Sakarçägä düşdüm. Sakarçägäňem çölüň içindäki mekdepleriniň birne gitjek. Täze mekdep açmalam bolsa, açjak. Her ýere barjak, ýüz tutjak, çölde üç öýli, bäş öýli bolsa-da, şolaryň çagalarynyň okamaklaryny gazanjak. Bir akyldar aýtmyşlaýyn, durmuşda taýyn zat ýok. – Etjek diýeniňi etmän goýjak däl-lä! – Etjek diýdim, ederinem, Aýperi. Ynha, görseň, ýetginjekleri yzyna tirkäp, uniwersitetiň, institutyň gapysyndan girip barýan Jumagülüň bardyr. Kursdaşlaryň üçünjisi at goşdy. – Seniň sypatyňy häzirden göz öňüne getirýärin. Bu wagtky titije Jumagülüň deregine, ýüzi ýeňsesine öwrülip giden şo-ol Jumagüle meňzeş gyzy görerin. Ýüzi gararak, ýanyk-ýanyk. Elleriniň aýasynda, edebiýatçylar aýtmyşlaýyn, guş höwürtgeläbermeli. Gara saçlary sähranyň sary reňkini alan. Ýene näme diýsemkäm!... – Ol birhili ellerini terslin-oňlyn salgady. – Ýöne welin, öz maksadynyň yzynda ýüwrüp barýaram diý. Tomusda ýumurtga bişirýän Garagumda dabanymy bişirjek, depämi gaýnatjak. Ejizje haýwany diriligine doňdurýan şatlama aýazyň şarpygyny datjak. Bular hiç. Göwräm kiçi bolsa-da, maksadym uly. Aýperi ikiňiz şäheriň sowujak şemalyna ýakaňyzy açyň-da ülpüldäp geziberiň. Aýperi derrew elini ýakasyna ýetirdi. Kiçijik gülýaka alkymynyň aşagynda ýaldyrap duransoň, ynjaldy. Ol şu ýerde kimiňdir: «Biri ýanyňda dodagyny, burnuny sypasa, şol saňa-da duýdurdygydyr» diýen sözlerini ýatlady. Jumagülüň sözünden özüçe many alan ejesiniň saklanyp bilmänini Aýperi indi-indi duýup galdy. – Aýa janam-a işiň ýeňiline çapýan däldir. Ýöne iki baş bolamyzsoň, pytramaly diýdik. Aýperi ejesiniň jorasynyň häsiýetine belet däldigine gynandy. Beýle edilende Jumagül örç alýardy. Ony eňeginden ýazdyrmak kyndy. Eger mugallymlardan biri oňa dörtlük goýaýjak bolsa, her eder, hesip eder, goýdurmaz, erte-birigün gijeler ýatman okar, gözleri pökgerer gider, Ýöne okuwda däl, pagta gidilende-de ýygymçam bolmasa çytylar ýatar. Öler-galar welin, ýygymçylara goşulyp, berilýän baýraklardan alar, ony iterýän, nebisjeňligi däldi, erjelligidi. Şol gylyk-häsiýetine ýetik bolany üçin Aýperi onuň tersinden gopmady. – Ene, Aýperi kynçylykdan gaçmaýan bolsa, meniň bilen gitsin-dä, Maral Mamajanyňk-a düşnükli – diýip, Jumagül Aýperi bilen bilelikde beýleki jorasynyň çetine degip ugrady! – Ol-a okuwy gutararyna mähetdel. Şark-şurk goş birikdirjek. Şu wagtam ýoldaşyny ýeke taşlap gaýdanyna nätjegini bilenok. Ajap eje göwnüne gelşiçe sadalaç söz urdy. – Wiý, onam alyp gaýdaýmaly eken-dä! Aýperi gyzaryp, aşak bakan Mamajana kömege ýetişdi. – Ejemiňem gara çyny. Jumagül oýun edýä ahyry. – Ynanma, ene. Kim oýun etse-de, Jumagül oýun etmez. Öňde bir dramaturgyň «Men oýun edip, oýun ýazdym welin, tomaşaçylar ony çyn saýaýdy» diýşi ýaly, meniňem oýunymy siz çyn kabul ediberiň. Telefon jyňňyrdady. Ajap eje: – Işden meni soraýan bolaýmasynlar. Käte ýaraman zat etmän galýan bolýar, şoň ýerine-de çagyraýýarlar – diýip, turarman boldy. Aýperi ýerinden galdy. – Özüm alaryn, oturyber, eje! Aýperi telefon trubkasyny gulagyna tutdy. – Hawa, kim sen? Men Aýperi. Näme, näme? Ýok! – Aýperi trubkany şakyrdadyp goýdy. Ýüzi salyk geldi. Dymyp, negada bir şerap owurtlap oturan Ýeňşe soragly bakdy. Aýperi reňkiniň üýtgänini, keýpiniň bozulanyny bildirmejek bolsa-da, sesi mälim etdi. – Nurnazar-la! – «Laň» näme gyz? – Hiç zatdan habarsyz Jumagül hüjüme geçdi: – Adama beý diýmek gabahat. Saňa gelişjek zat däl, Aýperi! Aýperi jorasyna gaty-gaýrym söz diýmän, gaharyny ýuwdup, dymdy. – Ol araky ýigitmi? – sowalyna Aýperiniň baş atanyny gören Mamajanam elini silkip goýberdi: – Hany, Jumagül, gürrüňiň bilen bolsana. Onsoň sen nirä gitjek diýdiň-ä? – Mamajan zor aýakdan diýen ýaly söz jylawyny başga tarapa öwürdi. – Heniz taksileriň gatnamaýan ýerine, maşynlaryň gürsüldisiniň, zawodlaryň ýogyn-ýogyn turbalaryndan çykýan goýry-goýry tüsseleriniň ýok ýerine. Göçme dükanlaryň, göçme kino-teatrlaryň setanda-seýranda baryp gaýdýan ojagyna. Olara derek enaýyja guzujyklaryň sürlenişip ajyganda enelerine mäleşip eňýän ýaýlasyna bakan atlanjak. Däri-derman degmedik, tebigy gudrat bilen ösüp-ulalan, penje-penje açylýan gyzyl gülälekli sähra baş goýjak. Ýasama güller bilen hakyky gülleriň has oňat tapawudyny bilerim ýaly. Eklenç, ýeňil ýaşaýyş bilen hupbatly, göreşli durmuşyň hemişe gadyryny bilip, biri-birine ullakan parh goýarym ýaly. Ine, meniň hyýalbentligim däl-de, bu gün-ertirki amal etjek arzuwym. – Ajap arzuwyň bar, gyzym. Jumagülüň arzuwçyllygyna, baý ruhy dünýäsine Ýeňşiň gözi gitdi. Adama daşky görnüşi boýunça pylan diýäýmeli däl. Çepiksije gyzyň tutumyna äňet. Duranja dogumyň öýi. Durşuna arzuw bilen maksat. Durmuşda şeýle adamlar bolýar. Olara hyýalbent, arzuwçyl diýip ýalňyşýarlar. Şeýle polat erklilere, ýanbermezlere maksada okgunly hereket edýänler diýmeli. Olary maksadyndan ne garşylyk, ne kynçylyk dönderip biler. A näme üçin Mamajan beýle däl! Özem bile gutaran. Elbetde, onuňam öz öňünde goýan maksady bar. Aýperi ejesini ýeke goýmazlyk üçin şäherde galdymy? Belki, Mamajany-da, Aýperini-de şäheriň jana şypaly howasy goýberen däldir. Adam bilen adamyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut ýatyr. Ýeke ýer ala, ýurt ala däl, adamlaram ala. Ýeňşiň bu çepiksije gyzdan gözi dokundy. Näme üçindir, ömründe birinji gezek duşsa-da, ony gara çyny bilen halady. Şeýle gyza ýar bolanam bagtly erkek. diýip göwnüne gelşiçe pikir etdi. Bu ýerde ýigidiň hiç kimiňkä meňzemeýän häsiýet damary özbir boluşly tirpildedi. Ol birini oňat görse, kes-kelläm, müň bol-da ýamanla dur, ynanmaz. Şol sulhy alan adamy oňatlygyna-da galýar. Gaýdyp ol garalyk etmejek, ondan ikilik çykmajak ýaly bolup gözüne yssy görünýär. ýigrenenem-ýigrenen şekilli bolaýmaly. Kimidir jyny almadymy, ol barada oda okap otursaňam haýry ýok. A näme üçin Jumagül ýaly bolup bolanok. Aslynda onuň ýigrenýän adamy beri barmyka? Jorasy ýaly bolmagy Aýperem başaranok. Trubkany şakyrdadyp goýmagy, «Nurnazar-la» diýmegi onuň gaharyna bäs gelip bilmeýändigini alamatlandyrmaýarmy? Jumagül bu meselede-de Aýperi ýaly bolmazdy. Gaharyny ýuwdup, uguny ýekelär. Ol beýle edende-de, etmände-de her kim öz agramynda galýar ahbetin. Tasanjyrap, ýüzüni alma bilen ýamana-da, ýagşa-da etjek täsiriň ýok. Aňyrsy görünmez dumanly pelsepeden Ýeňşi ýene Jumagül aýňaltdy. – Eşidişime görä, sen Ýeňiş bolsaň, Ýeňiş ýalam bolmaly. Okaýaňmy? Ýeňiş sypajaklady. – Gündelik gazet-žurnalymy? – At oýnatma, dogan. Ony okamasaň-a nanyňy hurşsuz iýýäne dönersiň. Men ýokary okuw jaýynyň gürrüňini edýän. – Okamok. – Aýperem şeý diýdi. Gel, bir zat edeli. Aýperi ikimiz seni şeflige alýas. Sen razy gerek, Aýperi!? Aýperi gülümsiräp baş atdy. – Şu günden seni taýýarlamak biz bilen. Ertirden başlap, dokumentleriňi düzetmek seň bilen. Onsoň üç bolup, uniwersitetiň gaýybana bölümine bararys. Sen hukuga höwesek ýaly, eşidişime görä. Ýeri, razymyň? Birden gelnen beýle karar Ýeňşi agyr oýurgandyrdy. Näme diýjegini bilmän, uguralla ýeňsesini gaşady. Jumagülüň teklibinden soň, oturanlaryň ählisiniň nazary Ýeňşe dikildi. Ony der basdy. Içinden pikir öwürdi: «Öwez Akyýewiç dagy bilen maslahatlaşaýyn. Belki, kömek ederler». – Ýöne biz seni günüňe goýmarys. Okasaňam okadarys, okamasaňam. «Iş gyssagda biter» diýipdirler. Iki gyzyň arasyna düşseň, nädersiň, mumly ýüplük ýaly bolaýsaň. Biz saňa garaşýas, ýigit! Ýeňiş gapdalynda oturan Aýperä nätsemkäm diýen manyda seretdi. Hälki öýke-kinesi umma gidip, şähti açylyp, ýakymly ýylgyrýan Aýperi oňa derek jogap berdi. – Ýeňiş razy. – Özi aýtsyn. Biz ony ekzamene taýýarlasagam, boýnumyza göterip bilmeris. Ýeňiş öz nobatyna eýelik etdi. – Men siziň aýdanyňyz bilen. – Hakykatynda Aýperiniň aýdany bilen diýmek islediň welin, zyýany ýok. Onda gepleşdik. Sen okuwa ýerleşseň öz ornumyza seni goýup gitdigimiz bolýar. «Okuwa garrama ýok» diýipdirler. Kimler gutarar, kimler bolsa girer. Bu gürrüň bir ýaňalyk edilen soň, yzy özara degişme, gülüşmä ýazdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |