00:37 Ynsabyñ jezasy / detektiw roman | |
YNSABYÑ JEZASY
Detektiw proza
«Köýen ýyllar» romany, ençeme goşgular kitaplary bilen okyjylara giñden tanalýan Gowşut Şamyýew sowet milisiýasynyň kyn we jogapkärli durmuşyndan söhbet açýan "Ynsabyñ jezasy" romany çylşyrymly hem gyzykly wakalara baý. Ýazyjy öz gahrymanlarynyň içki dünýäsinde bolup geçýän öwrülişikleri yzarlap olaryň aňyndaky özgerişi çynlakaý suratlandyrmaga ymtylýar. Elektron görnüşine geçiren Erkin Çaryýarow ▶ BIRINJI BAP Äpet gapy ahyrsoňy açyldy. Bu gije bilen gündiziň arasyna çekilen belent serhetdi. Garaňkylyk indi onuň aňyrsynda galdy. Ýedi ýyl öň, mundan ýedi ýyl öň bolsa şeýdip ýagty jahan, röwşen dünýä bu gapynyň bärsinde galypdy. Şol ýat bolup giden älemine ol indi aýak basyp dur. Töwerek-daşy gat-gat tikenekli simli dünýä ýene öz çäkliginde dowam edýär. Dört burçundaky tagta jaýjagazda eli awtomatly duran gözegçilere ol sowuk nazaryny aýlady. Şol bada-da ini tikenekläp gitdi. Neden biri «saklan» diýäýmesin öýdüp howpurgady. O ýerden tizräk garasyny saýlanyny kem görmedi. Birneme ýöräp ýene aýak çekdi. Kükregini dolduryp-dolduryp dem aldy. Dem alanda kükregi däl, eginlerem aşak-ýokary galdy. Ýene gaňrylyp, arka ýüzüne seretdi. Belent diwaryň aňyrsy!.. Ol asla çykmajaga dönüpdi. «Taňryň güni darydan kän» ekeni. Girilen deşikden çykmagam bolar oguşýan. Sowujak şemala ýüzüni tutup barsa-da, degre-daşy petiklenen, hut şuş-şu mahal gaýdan dünýäsine ýene biygtyýar garanynam duýmaýardy. Ýüklüje geçen günler häli-häzirem onuň egninden basýardy. Ol indi erkin ahyry. Azatlykdaky adam. Bilýärmiň, azatlykdaky adam! Hol-ha, al asmanda pasyrdaşyp ýören guşlar ýaly erkin. Göçüp-gonup, ýazylyp-düýrlenip, islese ýagyp, islemese, Burkut atanam ýalançy edýän bulutlar ýaly erkin. Sagynda-solunda jagul-da-jugul, gaçyp-kowalaşyp oýkaşyp ýören çagajyklar kimin çar tarapy açyk. Emma özüniň şolar bilen deňdigine ynananok. Mundan beýläk gapdaly gözegçisiz gezjekdigine beri bil baglaýarmyka? Güpbe bir zat ýadyna düşen dek könelişen, gaty könelişen penjeginiň jübüsine el sokup, pasportyna, aklaw hatyna ozal telim gaýra göz gezdirenem bolsa, ýene bir garady. Düzüw. Onda nämäniň gaýgysyny edýäň diýsene! Sen häzir geçeni, ähli zady unudyp, asmanda agyp-dönýän guşlar ýaly ganat açmaly ahbetin. Ýedi ýyldan soň azatlygyňy gazandyň. Eliň bilen edeniňi egniňde çekip, bu guşly-gumruly, ýelli-ýagmyrly, aýdym-gülküli äleme dolduň. Dogrusy, dünýä täzeden indiň. Şonda-da gül-gül açylybereňok. Ony köýneginiň iligi bogdy. Ýazdyrdy. Barybir dünýä giňemedi. Basylandaky darlyk ýene şonlugyna galdy. Näme üçin? Özem haýran. Ýoluň birki ädim çepine sowuldy. Krandan suw akyp durdy. Bürgüt burun turbajyk guşaklykdan aşak gaýdyp, öýüň içi ýaly ýeri suwarypdyr. Insiz joýajyk .ýasap, suw goňşy atyza bakan şildiräp ugran. Ol suw içesi gelmese-de, eglip krana agzyny tutdy. Suw ýakadan syrygyp gitdi. Güýmenje tapynan oglan ýaly, keýp edip ýene ýüzüni suwuň aşagyna eltdi. Suw indi tapyşara gelýän gür gaşyň arasy, üsti bilen düwünli burny yzarlady. Soňam bu gözler birazrak kiçiräk gelýär diýdirýän at ýüzünde düwmejikler galdyryp, ýere bakan eňdi. Aýasy bilen ýüzüniň sarkyraşyp duran damjalaryny sylanda edil gapdalynda özüne gözügidijilikli seredýän garry enäni gördi. Ene bedresini elinde sallap, ýigide çiňerilýärdi. Tanyş gördümikä? Ýa ogluna meňzedip seredýärmikä? Ýolda-yzda ogluny ýatladýan ogly görende guwanyp, nazaryny aýlaýmak eneleriň edähedi. Birdenem garry oýmul-oýmul edip geldi-de, heniz ulanylmadyk sabyny ýigide uzatdy. – Ýuwun, oglum, ýuwun. Meniňem özüň ýaly oglumyň irden-giçlik bilinden ýokarsyny ýalaňaçlap, sowuk suwa ýuwunmasy bardy... Garry aýtsa-aýtmasa, ýigidiň özem ýuwunmak meýillidi. Penjegini, köýnegini çalasyn aýyrdy-da, ýigit ýarty göwresini täzeden suwuň aşagyna tutdy. Kellesine çenli sabynlap, şalpy-şaraň boldy. Bir gyra çekilibem üst-başyny sarkyrdy. Soňam: – Ene, getir bedrädi! – diýip, derrew ony suwdan doldurdy: – Nirä eltmeli? – Taňryýalkasyn, oglum. Özüm elterin, sen azara galma. – Azary bolmaz. – Ýolundan galma, oglum. Kera-mara gymyldabererin. Işim-güýjüm galyp duranok. Ýigit esli ara açanda-da, garry yzyndan garaýardy. Ol indi süňňünde ýeňillik duýdy. Ädimini çaltlandyrdy. Awtobus duralgasyna ýetmäge gyssandy. Gabat alnyndan peşeneli, ak sakgaly döşüni ýapyp duran bir ýaşuly çykdy. – Salawmaleýkim, atam! – diýip, ol nätanyş adamy bilenem ikelläp görüşdi. Ýaşuly geňirgemedi. Gaýta elini gysdy. Ýaşula has bolan endik bilen saglyk-amanlyk soraşdy, ýigide boýdan-başa syn etdi. Seredýäninem bildirmejek bolup azara galdy. – Gözüň aýdyň, oglum! – diýip, ýigidiň gelýän tarapyna ýene seretdi. Onsoň elini köweldibräk ýüzüne aýlady-da, bir zatlar-bir zatlar pyşyrdady. Soň goja-da, ýigidem öz ýoluna rowana boldy. Ýigidiň welin, hasam şähdi açykdy. Gözüň aýdyň! Çäk-serhetsiz giňişlikde oňy ilkinji göz aýdyňlan şol goja. Ak pata-da berdi. Gojalar synçy bolýar. Synlamakçy bolsaň, özüňi synlaýarlar! Awtobus garaşýanlar kändi. Ýolagçylar ikibir-ikibir gürrüňleşip, wagt geçirjek bolýardylar. Ýigit baran ýerinde saklandy. Ara sümüljegem bolmady. Ana, kimdir biri ýoldaşyna ümläp, dodagyny müňküldetdi. At gaýtarym ilerdäki tussaghanany görkezip, köpe goşulman durana garady. Bu garaýşy ýigit özüne çekdi. Ýene biri bir zat diýdi welin, ol: – Ä, näme? – diýdi. – Ýok, saňa zat diýemok, ýoldaşym bilen. Ýigidiň howa görmän, ot-çöpüň astynda galan gül ýaly sargylt öwüsýän, içine çöküp giden duluklary gyzarjak-gyzarjak boldy. Göwnüne bolmasa, ähli kişiň gözi özünde. Dodak gymyldasa, özüne bir zat diýilýän dek duýuldy. Awtobusam garaşdyrybildi. Ýel turjak-turjak ýaly etdi. Gözetimde sary-sadyl reňke meňzeş sary ýelmi, niredendir bir ýerden guran ýeňil ot-çöpleri düýrläp, sary çägäni sowurmaga hyýallanan tüweleými, garaz, howada nämedir bir zat kem-kem bäri süýşüp gelýän ýaly göründi. Gelnalyjyň atbaşçylary ýaly, tüweleýiň habarçysy bolup, ilki bir howurly şemal ýüz-gözleri ýalap geçdi. Alys meýdandanam pezzik peşmekleri, agramsyz syrkyn-selmeleri togalap, ýüzugra gopjak-gopjak bolup duran çalamydar ot-çöpi özi bilen düýrläp-dolap tüweleý geldi. Çaňy-tozy göze-ýüze urmasyn ätiýaçda ýolagçylar ters tarapa bakyşyp, ýygrylyşyp durdular. Tüweleý gelşi ýalam sowuldy. Ýöne ýigidi welin, papagynyň yzyndan biraz ylgatdy. Taýak atymdaky könäniň içine taşlanan papa- gyny alyp, kakyşdyryp, duralga gelende, ol adamlardan erbet utandy. Şyrky çykan papagyny getirse-de, geýmän, şo ýerde goýdy. – Goý, munuňam ýyllar bilen gitdigi bolsun. Bolmanda-da geýerligi galmandyr. Ol töweregine ýaltaklady. Emma hiç kesiň onuň bilen işi ýokdy, biri-biri bilen gümrady. Ahyr maşyn geldi. Ýolagçylar maşyna mündüler. Olam indi köpüň arasynda. Awtobus beýlekileriň hatarynda ony-da günbatardan günorta alyp barýar. Indi ol köpüň içinde. Öňem köpüň içindedi. Emma giňiş ýer bilen töweregi petikli ýeriň tapawudy kän. Awtobusyň aýnasyndan sowujak şemal ýüzüne urýar. Tüňňüräk burnunyň tompurak ujunyň üstündäki iki-ýeke tüýjagazlar çalaja yranýar. Indi onuň burnuna ýoluň iki ýakasynda guş gonduryp oturan gülleriň-gülälekleriň, syrdam-syrdam pürli-pudakly agaçlaryň ýakymly ysy urýardy. Gulagyna özüne hapany siňdirmän, bu ýerde bulansa, on ädim aňyrda durlanýan, teşne topraga bakan ýüwürýän durnagöz akaryň hoştap şaggyldysy eşidilýärdi. Ilerde bolsa seleňleýän Köpetdagyň belent-belent gerişlerine bulut kerweni çöküp, ýagmaga hyýallanýardy. Nirededir bir ýerde gaýraky Garagumuň jümmüşinde çopan tüýdüginiň şirin owazy ýaňlanýardy. Maşyn myçyp barýar. Ýetmeli menziline howlugýar. Dolup gidişi deýin, ýene dolup geler. Ýolagçylar agras ädim bilen işine dagar, kimler bolsa öýüne näçe tiz ýetse, şonça şatdyr. A sen nirä? Sen nirä barýarsyň?.. Ýigit iki egninden agyr dem aldy. Hakykatdanam, onuň ugry hanja? Bimaksat gidip barýany şu mahal hakydasyna geldi, indi özi, diňe özi hakynda oýlanmalydygyny duýdy. Ýok, ol öňem, boşansoňam, boşamanka-da bu barada oýlanypdy. Bir dananyň aýdyşy ýaly «özi barada pikir etmeýän adam, özgeler barada-da kelle agyrtmaz». Emma ol her näçe ýol kesse-de, ölçerip-dökse-de belli-külli karara gelni bilmändi. Nädip gelsin! On sekizinde basylan ýigit ýigrimi bäşinde erkinlige çykdy. Ozalam-a daşyny dolap duran hossary ýok. Ýokmuka?.. Häzir bu barada pikir tanapyny külterlemäge hajat beri barmy? Häli-häzir özem onuň gamyny iýesi gelenok. Ýöne nirä, haýsy gapydan barmalydygyňy saldarla! Baraýanda ýüz beriljekmi?! Sen küje, olar küje!? O döwürlerden sygyryp oba göçdi. Ýeňsuz ýyllar geçdi. On ýaşyňdaky gören oglanjyklaryňy on ýedi ýaşyňda tanarmyň beri?! Heniz görmedik, bilmedikleriňem ýedi ýaşapdyr, ýedi! Indi ol tanyş-bilişlerini ýeke-ekeden gözüniň öňüne getirip ugrady. Arman, olar alysda galypdy, gaty alysda galypdy. Edil özüniň kakabaş ýetginjekligi, baş bilmez, jylawsyz taý ýaly aldymgaç, ýelginli on ýedisi-on sekizisi kimin baryndan jyda düşüpdi. Belki, ykbal olaryň hersini bir jelegaýdan çykarandyr. Belki, öz başyndan geçirenleri, öz gören günleri olaryňam boýnundan syrtmak bolup inendir. Ähtimal, aman-esendir! Çoçgara çolaşman ýaşap ýören bolsa bil- diňmi? Hemmesi bilen bolmasa-da, garaz, duşuşmalsyha bar. Ýigidiň göz öňünde Parahat janlandy. Ýigidiň alnynda Senem ör-boýna galdy. Ýigidiň garşysynda Goç dikeldi. Maşyn awtostansiýa gelip saklandy. Iň soňundan özi düşdi. Düşübem, ýene günorta tarapa ýöräp ugrady. Birküç ýüz ädim ýöränsoň burnuna ýakymly, işdäňi açar ys urdy. Çişlik! Çişlikçi köçäniň burçunda syhyny düzüm-düzüm edip, çişlik bişirip durdy. Gelen bolsa gabadyndaky jaýyň ýazgysyny okady-da. «Şo-ol «Ak altyn-ow!» diýdi. Nobata durdy. – Ikimize bir porsam bor-la! – diýip, oýturyklap gelen iki adam ýigidiň yzyndan nobat belledi. Ýoldaşy gapdaldan çişligiň jyzyrdamasyna agzyny suwardyn, boýnuny uzatdy. Agzyndan-burnundan demikdiriji ys aňkady. Töweregine ýalt-ýult edibem nätanşyny çalarak hürsekledi. – Üçleşmersiň-ä?! Ýigit bada-bat näme gaýtargy berjegini bilmedi. Iňkise gitdi. Üçleşmek düýş bolup galypdy. Ol ýaşlyk ýelgini bilen ýetginjekkä içgä baş urupdy, Ýöne üçüň biri bolmandy. Goşulyşyp, pul sanap, deňine çykaryşmandy. Baryny orta dökäýerdi. Sanaşyp içmäni halamaýardy. Ony ownuk hasap edýärdi. Ikirjiňlenýänini aňan nätanyşlar indi söz bilen däl-de, bakyş bilen mälim etdiler. Biriniň-ä bokurdak düwni galyp-galyp gitdi. Beýlekem ýuwdundy welin, ony gören ýigit ýetim oglanyň aşa ymsynyşyny ýatlady. Onsoň kisesinden bäşligi çykaryp uzadanda ikiň biri: – O – h-o! – diýip aňaldy. Onýança-da beýleki gypdyklap, ýagdan gyl sogrulan ýaly boldy-da, dükana tarap ýelk ýasady. Hä diýmän çişligem, aragam dik durmada orta alyndy. Bir çüýşäni deňje üçe bölen ülpetdeşiň biri bäşligiň gaýtargysyny eýesine tutdurdy. Ýigidiň gaşy çytyldy. – Ýok-ýok, onyň bolmaz. – Ýogsa-da, seň adyň näm-ä! – diýip, bir zarbada doly stakany eňteren, soňam sogan ysgap duran beýlekisi sorady. – Ýeňiş. – Ýeňiş! Gowy adyň bar ekeni. Içip, duz datman, «Pamirden» otlan ikinjisi goýry çal tüssäni burnunyň goşa deşiginden süýkdürip goýberdi. – Uruş turanda doglansyň-da! – Uruş gutaranda bolupdyryn. – Ýeňiş bilen gelen çaga Ýeňiş dakylar. – Hawa-da. Ýeňiş şuş-şu mahal nazaryna ilýän mysaly ýaňky çilimkeş çilimini syňragynda gysdyryp, kir-kesmek baglan şyp-şyrky dişini görkezdi. – Kelläň ýalaňaç welin gün geçenokmy? – Depäňi gün gyzdyrsa, dabanyňy ýer ýylatsa, oňa ýetesi näme bar. – Ýöne soraýdym. Ýeňiş gürrüňdeşine bugdaý reňk at ýüzüne onçakly mahsus bolmadyk kiçiräk gözüniň birini hasam kiçeldibräk, siňin çiňerildi. Gür gaşlary öňki ýazylganlygyny ýitirdi. Bir zat diýmek isledi. Dile getirenini ýuwdup goýbermegi ýokuş görýän-de bolsa, herhal, öz endiginiň tersine gaýtdy. Sypaýyçylygy elden bermedi. – Iýdik-içdik. Siz sag, men salamat. Arakesmäňizem azalyp ýörendir. – Ýatladanyň gowy bolaýdy – diýip, ikisi iki ýerden ýeňsesini görkezdi. – Siziňki gowy-la. Işe barýaňyz. Men nirä howlugaýyn – Ýeňiş öz başyna gepledi. Ýöne şonda-da howlukdy. Haýsydyr bir gapyny kakmaga howlukdy. Ozaldan ýüreginde besläp ýören arzuwy bilen joşdy. Şol arzuwam ädimini ýeňil ätdirdi. Biri goltugyndan gop berýän hökmünde has ýeňil gopdy. ...Günleri yzyna tirkäp, aýlar geçip durdy. Aýlardan pasyl ýasap ýyl yzyna ýyl geçýärdi. Şeýde-şeýde, uzak, gaty uzak bolan ýyl agza-burna gelip, bir ýyla diräpdi. Şu geçen ýedi ýyl içinde ol köp zady görüpdi. Dürli gylyk-häsiýetli adamlar bilen iş salyşdy. Olara ýetik boldy. Günäsini boýun almaýan günäkärlerede sataşdy. Gedem, soňuny saýmaz jalataýlara-da uçrady. Sähel zat üstünde aňyrsy bärik gelýän dargursak kakabaşlar bilenem islese-islemese, birerden girip-çykdy, Eden etmişine öküne-öküne aňyrsyna çykyp bilmeýän puşmançylara-da duşdy. Hatasyna gaýtmyşym etmeýän azatlyga çyksa ýene haram haka baş urjak biweçlere-de göz ýetirdi. Ol boşamazyndan öň tussaghana ýörite çagyrylan adam bilen özüniň duşuşdyrylmagyny haýyş etdi. – Men-ä siziň ýanyňyza geldim – diýip, Ýeňiş naçalnigiň ornunda oturan adama elini uzatdy. Bu Ýeňşiň heniz görmedik, ilkinji gezek ýüzbe-ýüz bolan adamydy. Ol adam kärini, adyny, familiýasyny aýtdy. – Tussag Ilamanow, hoş gördük – milisiýanyň polkownigi henizem aýak üste duran tussaga otur diýen yşaraty etdi: – Gulluk, näme haýyşyň, işiň bolsa aýdyber. Ýeňiş çekinjeň gepledi. – Men basym boşajak. – Ýagşy. Ýeňiş sägindi. Ýaýdanyp durdy. Polkownik tussagy gyssamady. – Boşamsoň size işe geçäýsem diýýän. – Bize! – Hawa, hawa, size, organa. Polkownik garaşmadyk bolara çemeli. Bendi beýle iş bilen gelendirem öýtmändi. Asla ol bu barada pikir etmändi. Ýazykly adamdan beýle zada garaşmak geňdi. Tussagyň bu oýnumyka, çyny? Ýa bolmasa, tussaglykda oturyp çykanym-günäden ýülündigim däl diýdigimikä? Eden etmişimi öz elim bilen ýuwsam diýdigimikä? – Başga zady göwnüňize getirmäň, graždanin polkownik. Dogry düşüniň, men size gerek, gaty gerek. Men diýmegimi aýyplaşmaň. Men taýynlykly adam. Köpi gören. Özümem her hili adamlar bilen iş salşan-u-köp-köp wakalaryň şaýady bolan adam. Ýeňiş maksadyny aýdyp dymdy. Polkownik dowam etdi. – Bize beýle teklip edýän gaty seýrek. Dogrusy, maňa sataşan-a sen. Ýöne bir zat Goşun gullugynda bolup gelenlerem işe saýlap alýas. Jenaýaty agtaryşda, organda her öňýeten işläp bilmez. Sen, elbetde, beýlekilere garanyňda men köpräk peýda bererin diýip umyt edýäň. Gynansagam, ogurlyk-jümrülik heniz ýok däl. «Ogurlyk, galplyk haçan gutarar?» diýen soragyň jogabyna biraz tagapyl etmelimikä diýýärin. Biz hemişe şeýle niýetde: belki, biziň ele salmalymyz ogrynyň iň soňkusydyr. Şonam her etmeli, hesip etmeli, gözlemeli, agtarmaly, tapmaly. Şonam awlap bilsek, soňuna sogan ekildigi bolar. Arman, şoňa çenli iş bar. Ýene-de gaýtalap aýdýaryn, tussag Ilamanow, sizi organa işe almaga kanun ýol berenok. Ýöne siz bize ýakyndan, hut öz islegiňiz boýunça kömek berip bilersiňiz. – Meniň isleýänim şol. Nogsanlygyň öňüni almak. – Tussag Ilamanow, ajap niýetiňiz bar. Ýöne, entek arassa howa bir çykyň. Soň ymykly gürleşeris. Beýle pikir öwürmäň gowy zat, elbetde. Diňe özüň hakynda-da oýlanmaly däl. Bir özüňi bilip ýaşamakda many ýok. Ýöne... Düşünýäň gerek?! Ýeňiş polkownik bilen bolan gürrüňi duz-çörek bolýan ülpedine ikiçäk otyrkalar aýtdy. Ol ynanmady. Tussagyň bärden seretseň, düýbi görnüp duran burnunyň deşikleri ussanyň sanajynyň düýrlenip-ýazylanda ýel alşy ýaly ýelikdi. – Sen meni kimdir öýdýäň? – Ýoldaşym. – Çaga gürrüňini edýäň. – Sen çaga bolup diňleýän bolmasaň, men-ä ulyň gürrüňini edýän. – Sen ony synajak bolduňmy? – Men bendilik hakda aýdamok, azatlyk barada sözleýän. – Heý, öýe düşüp-çykanyň öz islegi bilen beýle iş etjegi barmy? – Bolmasa, bolar-da, Men köp zada göz ýetirip aýdýan. Ýeňşiň ýoldaşy arasy açylan dişlerine dilini diräp, tüýküligini jytylatdy. – Ýalňyşýaň. Goýun bilen gurdy bir agylda görenem ýokdur. – Kim goýun, kim gurt, düşüner ýaly etmediň. – Öýe düşüp-çykanyň küljümek papak görse, gyr jynydyr. Kän gözüne gelýän däldir. – Sebäbi, namart ýoldaşyndan görerlerini edýänem barsa bardyr. – Özüňi basanlar bilen bir julbadan goparmyň? – Näme gopman?! – Küpür gepleýäň. – Ol ýene ýangynly tekrarlady – heniz tussaglykdan çykanyň beýdeni ýok. Senem ilden üýtgeşik dälsiň. – Men Ýöne saňa sala salýan. Onçasyna pylanam diýme. Ýigrimi bäş ýaşdaky adama eder-etmezem diýme. – Seň etmejegiňi bilýän. Ýakaňdan towlap tutup, demir gözenege dykanlardan hiç-haçan içiň ýylar öýdemok. – Jenaýat etseň, ogurlykda tutulsaň, ondan beterinem gözüňe görkezerler. – Görmäge başym dik, gözüm sag bolsun – ol içýakgyç, ýaňsyly güldi: – häli boşamyzsoň bizi beri jenaýat agtaryşyň gapysyndan itekläýme. Ençe mahal bäri iýeni aýry gitmeýän ýoldaşynyň kemsitmegini Ýeňiş ýokuş gördi. Herhal, özüne basalyk berip: – Dost diýip geňeşdim welin, senem ak towugyň saman seçişini etdiň – diýdi. – Il ynanmaz gürrüňi dogram bolsa aýtma. Ýeňiş içine salyp, dymmak bilen oňaýdy... Dymsa-da, ýene öz oýuna tutdurdy. Geçen ýedi ýyl öz täsirini ýetirdi. Ýeňşiň gözüni açypdy, ýalňyşlyklaryna ökündiripdi. Ýedi ýyllap ol özüni iýdi ahyry. Ýeri, bir ýylyň, bir günüň getirjek peýdasyny, ömürde oýnajak roluny aýt. Şunça döwrüň içinde. Ýeňiş kän zada gözem ýetirdi. Azatlygyň gadyryny bildi. Öz-özünden talaby artdy. Ine, muňa bolsa bendilikdäki ülpedi düşünenok. Düşündirjek bolubam azara galýar. Näme üçin ýedi ýyllap naçalnikdir gözegçiler Ýeňşe ynanan-da, döşi çöpürli ýoldaşyň ynananok. Ýeňiş ýene öňküsi ýaly ynamdan gaçaýarmy? Gaýta ynama girmedimi? Şu ýedi ýylam juda boş geçäýen däldir. Gijesine okap, onbirýyllygy gutardy. Kär edindi. Ýöne ýerdenem onuň bir ýylyny azaltmadylar ahyryn. Bu näme aklanmagyň alamaty dälmi? Ilki başda-da käbir ülpedi oňa gyýyk göz bilen garapdy. Nämemiş, Ýeňiş diýleni edýämiş. Nämemiş, çignine gyzyl mata dakyp, tertibe göz-gulak bolýamyş. Otrýad ýolbaşçynyň Ýeňşi dilinden düşürmän gelende, içi ýylamadygam bar. Olar görüp bilenokmy? Ýa podrazdeleniýäniň ýolbaşçylary oňa bil baglanda, olaryň ynamsyz garamagy näme? Ýa tussaglykda özgäň zyýanyna çapan Ýeňşem-ä däl. Dogry, ol Goça duşup, ogurlykdan gaýtmady. Emma öz ýoldaşyna ikilik eden däldir. Dogry, söýgüsi bişow boldy... Bu güne düşüp, onuň ykbaly bilenem gyzyklanyp bilmedi. Eýsem ýoldaşynyň şeýle diýmegine näme esas bardy. Tussaghana-da oňat işleýänlere edilýän teklip Ýeňşe-de edilipdi. «Ejeňe hat ýaz. Gelsin. Görüşdireli». Şondan soň ejesine hatam ýazdy. Ejesini göresim geldi. Emma ne hatyň jogaby geldi, ne-de görme-görşe ejesi. Tussaghanada özüni göreldeli alyp barýanlara berilýän ýeňillik Ýeňşe-de berlipdi: «Saňa ýanyň konwoýsyz gezmäge rugsat edýäris, tussag Ilamanow!» Ýeňşiň soňky iki ýyly şeýle-de boldy, Äkitmeli-goýmaly, getirmeli-eltmeli zat bolsa, şofýoryň ýanyna ony goşup iberdiler. Bu näme ynamyň netijesi dälmi? Ýokary suda onuň özi arza ýazmady. Bir ýylynyň geçilmegini haýyş edip, degişli işgärler ýazdylar. Gowy häsiýetlendirme-de berdiler. Olam köpüň pikiri bilen razylaşylyp edilen işdi. Ýeri, onsoň ol näme üçin bu aladalar hakda oýlanmaly däl, geçilen ýoly öz nazaryndan ölçäp görmeli däl. Bu özi barada artykmaç kelle döwmekmi, özüň barada-da oýlanmak aýp däl ahyryn. Ertirki etmeli işleri barada hem oýlanyp telek eden däl bolsa gerek! Ýöne dosty welin indiki etjek hereketleriňi unamady. Olam ynamsyzlykdan. Ynandyrmak bolsa özüňe bagly zat. Ine, ynanybam ony bir ýyl öň azaplykdan boşatdylar, sekiz ýylyňy ýedä getirdiler... Ýeňiş bu zatlary Ýöne ýerden ýatlamady. Olar islese-islemese mahal-mahal beýnisini gazaýardy. Ylaýta-da, tussaglykdan boşajak-boşajakda ertirki gün barada köp pikir etdi. Eýsem täze gün nähili başlanar? Nämeden uzap ugrar! Ilkinji ädimi nämeden, nireden başlamaly bolar? Ine, ol şu mahalam şeýle oýlarda agyp-dönýärdi. Bu gün bolsa erkin, azat ýigit niredir bir ýerini nazarlap ugrady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |