"ÝOKARDAN BERLEN GÖRKEZME BOÝUNÇA IŞLEDIK"
■ ýa-da alym Nedir Kulyýewi ýatlap...
Söhbetdeşimiň ady Nedir, familiýasy Kulyýew. Ol türkmen filosofarynyň arasynda ylymlaryň doktory bolan ikinji adam. Birinjisi Gelgi Orazowiç Çaryýewdi. Türkmen alymlarynyň arasynda ylmy ateizmden ilkinji bolup filosofýa ylymlaryň doktory diýen ady aldy.
«Beýlekiler ýaly, ylymda at gazanan ady aljak bolup, ýa döwlet baýragyna dalaş etjek bolubam ýöremok. Mende ýaranjaňlyk diýen zat ýok. Gurluşym şeýle. Para-da beremok, para-da alamok. O zatlary oňaramok» - diýip aýdýar.
Nedir Kulyýew 200-e golaý ylmy işiň awtory. Durgunlyk diýilýän döwürde yzarlanylan adam. Şol hem meniň onuň bilen söhbetdeş bolmagyma sebäp boldy.
- Nedir Kulyýewiç, siz Ylymlar akademiýasynda döredilen filosofýa we hukuk sektorynyň ilkinji müdiri. Ol ellinji ýyllara degişli. Söhbetimizi şo döwürlerde ýadyňyzda galan wakalardan başlaýaly.
- Men garşy däl.
1954-nji ýyldy. Roslýakow dagy professor Öwlüýä Kulyýewi milletçilikde günäkärläp, «Türkmenistan kommunisti» žurnalynda çykyş etdiler. Mesele - 1916-njy ýylyň gozgalaňy. Gürrüň aýratynam Tejende, Eziz hanyň ýolbaşçylygynda bolan gozgalaň hakda barýardy. Şonda bir orus streloçnigi ölüpdir. Gozgalaň bolanda näme pidasyz bolmaýar-da.
- Üç-dört sany adam ölen bolmaly.
- Hawa. Ine, çykyş edýänler ony ruslara garşy gönükdirilen diýip ýazýarlar. Öwlüýä Kulyýew bolsa milli-azat edijilikli hereket diýip ýazýar.
Şol wagtlar Öwlüýä Kulyýew, taryh arheologiýa we etnografýa institutynyň direktorydy. Haýdan-haý işinden aýyrdylar. Menem instituta garaşly flosofýa sektorynyň müdiridim, hemem ilkinji partiýa guramasynyňam sekretarydym. Öwlüýä Kulyýew işden boşadylansoň, institutyň direktorynyň wezipesini ýerine ýetirmegi maňa tabşyrdylar. Az wagtlyk.
Şol döwürde organlardanam ýanyma gelip: «Ony ýygnamaly boljak» - diýenlerem boldy. Menem: «Muny beýtmek bolmaz. Nädogry. Öwlüýä Kulyýewiç meýletinlik bilen fronta giden. Urşuň ilkinji günlerinden tä soňuna çenli söweşen adam. Kapitan çini bar. «Gyzyl Ýyldyz» ordeninden ikisi bar. Onsoň ol nädip milletçi, halk duşmany bolup biler?» - diýip, özümiňem olaryň pikirine garşydygymy aýtdym.
Edil şo wagtlaram bu mesele hakda akademiýanyň prezidiumynyň ýygnagy boldy-da, men şonda çykyş etdim. Akademiýanyň prezidentem Tagan Berdiýewdi. Öz pikirimi aýtdym. «Öwlüýä Kulyýewiçe mümkinçilik döretmeli. Arhiwde işläp, belki, ýene-de täze materiallar tapar. Kemçiliklerini düzetsin. Ýöne ony milletçilikde aýyplamak bolmaz» - diýdim.
«Täzeden işlemäge mümkinçilik döretmeli» - diýen ýaly mazmunda karar çykardylar.
Ertesi meni Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi komitetine çagyrdylar. Çagyran MK-nyň ideologiýa sekretary Nurjemal Durdyýewady. O-da: «Sen bulaşdyrdyň. Sen bu işe goşulmaly däl ekeniň» – diýdi. «Men institutyň ilkinji partiýa guramasynyň sekretary hemem direktoryň wezipesini ýerine ýetiriji. Goşulman bolmaz-a» - diýdim.
- Öwlüýä Kulyýewi, sizden başga-da gorap çykyş eden adam boldymy?
- Boldy. Lihaçew diýip medinstitutyň marksizm-leninizm kafedrasynyň müdiri bardy. Şo gorady. Onuň özi häzir ýok. Eger ýalňyşmaýan bolsam, Mämmetdurdy Annagurbanowam goraýdymykan öýdýän. O wagt ýaş men. Bulaň hemmesinem tanamok. Ýöne olam şeýleräk pikirdemikän öýdýän.
Men ideologiýa sekretarynyň ýanyndan çykyp, MK-nyň birinji sekretary Suhan Babaýewiçiň kabulahanasyna bardym.
- Ol seni özi çagyrdymy?
- Ýok, özüm bardym. Onuň kömekçisi Mämmet Gurtgeldiýewdi. Şoň üsti bilen men «Kabul et» diýip, Suhan Babaýewiçiň ýanyna bardym.
Oňa ýagdaýy gürrüň berdim. O-da: «Nedir – diýdi - şo çykarýan tomlaryňyz (Türkmenistan taryhynyň iki tomlugy. Esasy gürrüň onuň birinji tomunyň üstünde barýar) - halkyň hakyky taryhy bolmalydyr. Özem marksistik taryh bolmalydyr» - diýip, aýratyn nygtady. Soňam: «Baryň işläberiň, hiç kim size degmez» - diýip, goldap goýberdi.
Men birinji sekretaryň ýanyndan çykyp gelip, birtopar şertnamalary täzeden maşynkadan geçirdip, birinji tomuňam ähli baplaryny alyp, Daşkende gitdim. Daşkentde-de akademik Masson ýaşaýardy. Ol iki tomlugyň baş redaktorydy. Ýanyna bardym. O-da kömek edip, şo baplary özbek alymlaryna paýlap berdik. Olaryň zähmet haklaryny öz ýanym bilen getiren şertnamalaryma ýazdym. Baplar okaldy. Olara otzyw ýazyldy. Şeýdibem Aşgabada dolandym. Soň tomlar neşir edildi. Öwlüýä Kulyýewiçem akladylar. SSKP MK-nyň «Kommunist» žurnalyndaky baş makalada «Öwlüýä Kulyýew ak ýürekli sowet alymy» - diýip, onuň ady agzaldy. Öwlüýä Kulyýew ýenede direktor bolup işläp başlady.
- Ol ikinji gezegem garalanypdyr öýdýän?
- Ikinji gezek garalanyşynyň sebäbi başga zat. Sebäbi ol Hruşýowyň Hytaý bilen baglanyşykly syýasatyny nädogry hasaplapdyr. Şo döwürde Hytaý bilen Sowet Soýuzynyň arasyndaky gatnaşyk bozulypdy.
Moskwada bir adamyň ýanynda gürrüň edýär. Olaryň ýanynda-da ýene-de iki adam oturan eken. Onuň gürrüň beren türkmen adamsy, familiýasy ýadyma düşenok, otstawkadaky polkownik gelip, Merkezi Komitete muny habar berýär.
Bularam ony çagyrýarlar. Ýanlaryndaky üçünjisi akademik Geldi Orazowiç Çaryýew eken. Ilkibada bular: «Munuň ýaly gürrüň bolanok» - diýýärler. Geldi Orazowiçiň ýeke özüni býuroda alyp galýarlar-da: «Seni partiýadan çykarýas, akademikligiňem alýas, doktorlygyňam, professorlygyňam alýas» - diýenlerinde gorkup, eýläk öwrülýäde: «Diýdi» - diýýär. Şeýdip, Öwlüýä Kulyýewi ikinji gezek garaladylar. Soň ony partia dikeltdiler. Üç-dört ýyllykda pahyr boldy. Ýöne özi güýçli taryhçydy. Gaty güýçlidi.
- Siz Şaja Batyrowiç bilenem işleşen bolmaly?
- Elli dokuzynjy ýylda Şaja Batyrow akademiýanyň prezidenti bolup işle geldi. Men şo saýlawa gatnaşdym. Ony daşyndan görsem-de, entek gürleşip gören adamym däldi.
Şondan kän wagt geçmänkä, meni Moskwa, bir ýygnaga çagyrdylar. Gitdim. Ýygnak gutarandan soň, meni alymlaryň delegasiýasyna goşup, «Çehoslowakiýa gitmeli» - diýdiler. Menem Aşgabada jaň etdim. Şaja Batyrowiç Çärjewe maşgalasyny göçürip getirmäge gidipdir. Akademiýanyň wise-prezidenti Kerim Kerimowiç Maşrykowdy. Oňa jaň edip: «Şuň ýaly, şuň ýaly boldy. Gitmeli boldum. Şaja Batyrowiçe aýdawer!» - diýdim. «Hökman aýdaryn. Sen gidiber» - diýdi. Awgustyň aýaklary, sentýabryň başlarydyr-da, gaýdyp geldim. Şaja Batyrowiçiň ýanyna bardym. Barsam, ýanynda Maşan Hamzaýew oturan eken. Dil we edebiýat institutynyň direktory. Şaja Batyrowiç men girenimden:
- Garaşyp otyryn saňa - diýdi. Orusçalap gepleşdi: – Ты, что не признаешь меня? – diýdi.
Men türkmençe:
– Şaja Batyrowiç, biziňem arkamyzdan ýel çalar-ow diýip, begenip ýördük - diýdim.
- Nirelerde gezip ýörsüň? - diýip sorady.
- Daşary ýurtda, Çehoslowakiýada.
– Näme üçin men muny bilemok?
Düşündirip aýtdym:
- Bärik jaň etsem, Çärjewe giden ekeniňiz. Telefona Kerim Kerimowiç Maşrykowy çagyrtdym. Ýagdaýymy aýtdym. O-da: «Men hökman Şaja Batyrowiçe aýdaryn» - diýdi. Menem gitdim.
Ol şo wagt öz ýanyna Kerim Kerimowiçi çagyrtdyda: «Şuň ýaly zat boldumy?» - diýip sorady. Olam:
- Hawa. Şaja Batyrowiç, bagyşla. Meň ýadyma düşmändir. Iş bilen başagaý bolup, aýtmandyryn - diýdi.
Men Moskwa «Bilim» jemgyýetiniň üsti bilen iberipdiler. Jemgyýetiň başlygynyň birinji orunbasaryna Tabeýewa Rawek Matweýewna diýýärdiler. Oňa-da jaň edip, onuň bilenem gepleşdi. Olam: «Siz ýokduňyz» - diýidi. Sebäbi o wagt daşary ýurda gitjek bolsaň, häsiýetnamasyz gidip bolanok. Onam Merkezi Komitet tassyklaýar. Tabeýewa-da şeýle diýensoň Şaja Batyrowiç stolunyň üstünde ýatan kagyzy aldy-da: «Aý, onda buýrugy ýyrtýan» - diýip, gözümiň alnynda ony ýyrtdy. Ol maňa berilmeli käýinç hakdaky buýruk eken. Käýinç taýýar eken. Ol: «Şuň ýaly zat bolanda, men bilmeli» - diýip, soň meniň bilen gürrüňe başlady. Biziň onuň bilen ilkinji tanyşlygymyz şeýle boldy.
Biz onuň bilen tä ol aradan çykýança bile işledik. Onuň bilen duşuşyklar örän köp boldy. Meniň müdirlik edýän flosofýa we hukuk bölümi gös-göni akademiýanyň prezidiumyna degişlidi. Şeýle bolansoň, men hemişe onuň ýanynda kabulhanasynda oturýan gelne: «Nedir Kulyýew gelse, saklama. Göni giribersin» - diýip tabşyrypdyr. Men Şaja Batyrowiçiň kabulhanasynda garaşyp oturman, ýanyna göni girýärdim. Bir gezek meni öz ýanyna çagyrdyda: «Şu haty oka» - diýdi. Hat Bütindünýä filosofýa taryhynyň alty tomlugynyň redkollegiýasyndan gelen eken. Hatda «Redkollegiýa gelen material mazmun tarapyndanam, möçber tarapyndanam bizi kanagatlandyranok. Şuny başga bir adama ýada filosofýa sektoryna tabşyrsaňyz» diýip, ýazypdyrlar. Hemem şo materiallaryň TKP MK-nyň ylym we okuw jaýlary bölüminden geçirilmelidigi aýdylýardy. Ol:
- Nedir, muny näderis? - diýdi.
Materiallarda XIX asyryň aýaklaryndan XX asyryň başlaryna çenli döwri almalydy.
- Şaja Batyrowiç, bu wagt bilen bagly bolar.
- Näçe wagt gerek bolar?
- Alty aý.
- Bolýar, alty aý möhlet berýän.
- Ýene bir haýyş, partkom meni mydama «leksiýa oka» diýip, köpçülik işine ylgadyp ýör. Şolaram maňa azar bermesinler.
- Bolýar, aýdaryn.
Işi dört aýyň içinde ýazyp getirdim. Ondan öňinçä maslahatdan geçirdim. Başga alymlardan otzyw aldym. Merkezi Komitetiň degişli bölümine-de eltip berdim. Bölümiň müdiri Ýazguly Hudaýberdiýew:
- Şaja Batyrowiç, indi goluňy çek-de iberiber. Iş taýýar - diýdim.
- Bolýar. Okarys - diýip, alyp galdyda: «Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz» – diýdi. Onuň bu sözleri meni ganatlandyrdy.
Material Bütindünýä filosofýa taryhynyň bäşinji tomunda ýerleşdirildi.
- Nedir Kulyýewiç, Muhammetguly Atabaýewiň, Artykgül Tekinskaýanyň, Han Ýomudskiniň atlaryny ilkinji gezek türkmen magaryfynyñ esaslandyryjylary hökminde ylmy dolanyşyga girizenem siz ekeniňiz?
- Munuň özboluşlu taryhy bar. Aýdyp beräýeýin. Elli dokuzynjy ýylda Moskwa komandirowka gitdim. Ýeri gelende aýtsam, men kyrk dokuzynjy ýyldan ellinji ýyllar aralygynda arhiwde köp işledim. Aşgabatdaky arhiwi iki gezek dörüp çykdym. Daşkendiň arhiwini gördüm. Soň Moskwa arhiwlerinde işledim. Muhammetguly Atabaýewiň, Tekinskaýanyň atlaryna duşýan-da, «bular kimkä?» - diýýän. Esasy materiallarymyň daşyndan gabat gelýär. Ahyrsoňy Moskwanyň Oktýabr rewolýusiýasy arhiwinde «Departament polisiýa» diýen fondunda, olaň delolaryna duşdum. Gaýgysyz Atabaýewe degişli hem material bar eken. Olam rewolýusiýadan öň syýasy taýdan ynamdar däl diýlen adamlaryň sanawynda eken.
Şo materiallary alybam Şaja Batyrowyň ýanyna geldim. Materiallary maşynkada geçirdim. Bir nusgasyny onuň eline berdim. Ol:
- Nedir, muny bada-bat makala et-de, akademiýanyň žurnalyna ber - diýdi.
Şol agşam öýe Berdi Kerbabaýew maňa jaň etdi.
- Näme materialyň bar? Şo materiallary al-da ertir irden meniň öýüme gel - diýdi.
Ertesi sagat onlarda öýüne bardym. Ertirlik edinip oturan eken. Materiallaryň bir nusgasyny Berdi aga goýup gaýtdym. Rewolýusiýadan öňki döwre degişli materiallary Berdi aga «Gaýgysyz Atabaýew» romanynda ulanypdyr.
Şaja Batyrowiçiň aýdyşy ýaly tapan materiallarymyň esasynda ylmy makala ýazyp ony akademiýanyň žurnalyna berdim. Şo wagt jemgyýetçilik ylymlary bölüminiň başlygy hem-de şo žurnalyň baş redaktory akademik Tagan Berdiýewdi.
Makala tabşyrylansoňam çapdan çykanok. «Haçan çykjak?» - diýip, redaksiýa baryp gaýdýän. Bir günem barsam, meň materialym Tagan Berdiýewiň bir işi çykýan eken-dä, şoňa goşaýypdyr. Menem muny gelip prezidiuma habar berdim. Merkezi Komitete, Ýazguly Hudaýberdiýewe-de ýagdaýy aýtdym. Çünki ol meniň tapyndylarymdan onuň habary bardy. Ýazguly Hudaýberdiýew ýanymda Kerim Kerimowiç Maşrykowa jaň etdi. Şaja Batyrowiç ýerinde ýok eken. «Düzetmeli» - diýensoň, Maşrykow: «Nedir meniň ýanyma gelsin. Düzederis. Bolmasa kitapda şo ýerini N.Kulyýewe salgylanar ýaly ederis» - diýensoň ynanyp, arkaýyn gezip ýörün. Bir görsem, ýaňky kitapça çykypdyr. Men ýene Merkezi Komitete barmaly bol dum. «Näme etmeli?» - diýdiler. Bu işe Şaja Batyrow dagylaram gatyşdy. Ony akademiýanyň ýolbaşçylary wise-prezident Sergiýenko tabşyrdylar. Olardan indi diňe Sergeýenko diri. Olam maňa: «Näme edeli?» - diýdi. Menem: «Bilmedim» - diýdim. «Onda seň makalaňy çykaraly-da, şoň aşagynda: «Şu material Tagan Berdiýewiň kitabynda peýdalanyldy» - diýip görkezäýeli”- diýdi. Başga çykalga ýok. Men razylyk berdim.
MuhammetgulyAtabaýew, Tekinskaýa, HanÝomudskiý Türkmenistanda ilkinji magaryfandyryjylar. Olar demokrat. Türkmenistanyň özbaşdaklygy ugrunda göreşenler. Türkmen halkyny sowatly, medeniýetli etmek ugrunda alada edipdirler. Halky rus kolonizatorlarynyň elinden boşatmagyň aladasy bilen ýaşapdyrlar. Olar muny gizlemän, gös-göni ýazypdyrlar. Kolonizatorlar biziň şol magaryfçylarymyzy, demokratlarymyzy pantürkizmde, panislamizmde aýyplapdyrlar.
Bizem soňky döwürlerde şolaň diýenini gaýtalap geldik. Häzir döwür, syýasat üýtgedi. Häzir biziň flosofarymyz taryhçylar bilen birleşägetdin, panislamizmiň, pantürkizmiň asyl manysyny hakykaty bilen ile ýaýmaly. Täzeden seretmeli.
1965-nji ýylda Muhammetguly Atabaýewiň dogduk obasynda Garrynohurda boldum. Atabaýewiň 1915-nji ýylda saldyran mekdebine aýlandym. Mekdebi synlap, şol adamyň öz halkyna niçiksi jan-teni bilen berlendigine ýene bir gezek göz ýetirdim. Şol wagt mekdebiň direktory Çary Dolyýewdi. Häzir ol hormatly dynç alyşda. Biz şo ýerde M.Atabaýewiň adyny öz saldyran mekdebine dakdyrmak hakda ýygnak geçiripdik. Ýygnagyň protokoly bilen Gökdepe raýkomynyň birinji sekretary Aşyrgeldi Saryýewi tanyşdyrdyk. (Şo döwürde Bäherden raýony Gökdepä birleşdirilipdi). Saryýew mähriban adamdy. Ol muň ýaly zada gowy düşünýärdi.
Biziň pikirimizi ikielläp goldady. Şondan soň Nohurdaky mekdebe Atabaýewiň ady dakylypdy.
Ýenede bir waka ýadymda. Elli ýedinji ýyldy. «Ýaş kommunist» gazetiniň bölüm müdiri Gara Berdiýew medeniýet meselesine degişli makala ýazyp bermegimi haýyş etdi. Makala ýazyldy. Ol şo ýylyň 12-nji awgustynda bir sahypa edilip çap edildi. Men şol makalada respublikada medeniýeti ösdürmegiň problemalaryna degip geçdim. Munuň üçin «Medeniýet» ady bilen gazet döretmekligiň zerurdygyny nygtapdym. Şol makala çap bolup çykandan soň medeniýet ministri Gara Seýitliýew meniň bilen gürrüňdeş boldy. Onuň bilen gatnaşygymyz gowudy. Pikirimi oňlap, şeýle gazetiň zerurlygyny belledi. Aradan köp wagt ötürmän, «Edebiýat we sungat» gazeti çykyp başlady. Şol gazetiň çykyp başlamagyna makalamdaky teklibim azda-kände ýardam edendir diýip pikir edýärin.
- Nedir Kulyýewiç, eşidişime görä Siz yzarlanypsyňyz. Beýle yzarlanar ýaly näme howply iş etdiňiz?
- Men öz pikirimi aýdyp goýberýän. Terbiýe alşym şeýle. Pikiriňi aýtsaňam, yzyň adamly bolýan eken. Muny men öz başymdan geçirdim.
Bir gezek şeýle ýagdaý boldy. Din bilen baglanyşykly arzany barlamak üçin Aşgabat obkomy meni raýona iberdi. Ýanymda-da obkomyň instruktory bar. Ol häzirem bar. Ikimiz gidip şo arzany barlap ýörkäk, Gökdepäň dälihanasyna-da barmaly bolduk. Iş bilen. Dälihanaň baş wraçy meni tanaýan eken. Çaý berdi, zat etdi. Mart aýlarydy. Ol: «Şu taýda Kekilowa ýatyr» - diýdi. Gyzyklanyp soradym. Şonda ol şuny gürrüň berdi: «7-nji martda meň ýanyma gelip: «Ertir aýallaň baýramy. Açlyk yglan edýän. Siziňem meni zorlap iýdirmäge hakyňyz ýokdur» - diýdi. Bir gün geçdi, iki gün geçdi. Ozalam ol zordan aýak üstünde dur. Horja, zat iýenok. Bizem muny açlykdan öldürmejek bolup, burnundan bir suwuk zady goýberdik. Oňa çydabilmän: «Men agzymy açaýyn» - diýdi» - diýip gürrüň berdi. Baş wraç şeý diýensoň, menem bir bahana bilen daş çykdym. Ýanymdakydanam çekinmän duramok. Kekilowa bolsa gepleşip göräýjekdim. Sebäbi ýaňky zatlar däliň aýtjak sözleri däl.
Howlyň içinde däli diýýänleri oturan eken. Doly adam. Bulaň içine aýlanyp çykdym. Ýöne haýran galmaly, däli diýýän adamlary haýwança-da ýok. Hiç zat duýanoklar. Sanjyp-sanjyp işlerini görüpdirler. Menem şolaň içinden Kekilowany gözledim. Emma ol ýok eken. Şo taýdan işgärleriň birinden sorasam: «Ol ýaraman, aýallaň palatasynda ýatyr» - diýdi.
Menem näme, gören zadymy edarada-da gürrüň edäýýän. O wagt filosofýa bölüminde ylmy işgär bolup işläp ýördüm. Meni müdirlikden işden boşatdylar-da, ýerime Merkezi Komitetden kowlan birini goýdylar. Ylmy ateizmden zat bilenok. «Seniňki nädogry» - diýip, dogryňy aýtsaňam bolanok. Aý, garaz ol meň bilen gyr-ýagy boldy. Bir gün yzymdan birini iberipdirler «gelmeli» - diýip. Şo gün meniň işlemeýän günümdi. Ýaňkyň maşynyna münüp bardym. Partbýuronyň ýygnagy geçirilýän eken. O ýerde «Seni mejbur edip, dälihana äkidip görkezjek. Gitmeseňem milisioneri ýörite çagyrdyk» - diýdiler.
Şonda Gökdepäň dälihanasy güpbe ýadyma düşdi. «Dälihana girer ýaly, men däli dälä» - diýdim. O taýda-da býuronyň çleni bolup bölüm müdirimiziň uly dogany otyr. Dälihanaňam baş wraçy bolan giýewleri. O ýerik giräýsem, meniň soň çykjak gümanym ýok. «Seniň özüň samsyk, özüň däli» - diýip, bölüm müdirine aýtdym. Kekilowanyň düşen ýagdaýy göz öňüme geldi-de, zut gaçyp gitdim. Milisiýa çagyrdyk diýseler-de, yzymdan kowalan adam bolmady. Soň ol müdir: «Meniň şahsyýetimi kemsidip, Nedir Kulyýew maňa «samsyk, däli diýdi» - diýip, meň üstümden şikaýat edýär. Ikinji gezek meni partbýuro saldylar. (Ol maňa şo mesele bilen baglanyşykly ýazan düşündirişiniň golýazmasyny görkezýär).
- Ýaňy öz aýdyşyňyz ýaly döwrüň üýtgemegi bilen syýasatam üýtgedi. Dine bolan garaýyş hem indi başgaça.
- Ateist-filosof hökmünde dine bolan garaýşyňyz üýtgedimi?
- Leniniň din bilen baglanyşykly aýdan zady ylmy esasda. Ateist bolup ýörenleň köpüsi, şu wagtam şeýle, dini bilenoklar. Dini bilmeseň, ateizmi hem bilmersiň. Din dörände, ateist hem döräpdir. Ikisiniň arasynda gadymyýetden bäri göreş dowam edýär.
Ellinji ýyllarda men bu zatlara has göz ýetirip başladym. Elli dördünji ýylmykan öýdýän, men öz pikirimi, tekliplerimi TKP MK-nyň birinji sekretary Suhan Babaýewe ýazyp iberdim.
Hristian dininden bolan adamlar ýogalanda gonamçylyga orkestr bilen äkiderdiler. Mazarastana çenli orkestr çalnardy. Şo köçede awtotransport hereketi ýatyp galýardy. Agşam sagat altylarda alyp çykýarlar. Senem işden ýadap gelensiň. Her kim ölüsini jaýlamaga pyýada äkiderdi. Maşyn ýokdy. «Ölülerini jaýlamak üçin transport bermeli, tertibe salmaly» - diýip, teklibimi girizdim.
O teklip bada-bat kabul edildi. Munuň bilen MK-nyň partiýa işleri bölüminiň müdiri Wasiliý Kuzmiç Akulinsew gyzyklanypdyr. Ýanyna çagyryp: «Munyň-a kabul edýäs» - diýdi. Ikinji bir teklibim, türkmen gonamçylyklary baradady. Olaryň içinde mallar gezişýärdi. Eşekmi, sygyrmy, düýemi basgylar ýörerdi.
Gonamçylyklaryň daşyna haýat salyp, tertibe salmaly. Bu teklibem soň kabul edildi. Ýazguly Hudaýberdiýew düşünýän adam eken, şol hemaýat etdi.
Üçünji teklibim - gurban baýramy hakyndady. Baran ýerinde sorag berýärdiler: «Nämüçin hristian dini boýunça täze ýyl geçirilýär? Ýogsam oňam düýbi dini ahyryn?» Dogurdanam, näme üçin Gurban baýramyny geçirmeli däl?
«Partiýa bilen halk bir bütewidir» - diýen şygar ýörgünlidi. Eger şeýle bolýan bolsa, onda nämüçin partiýa, komsomol halk bilen bile bolmaly däl. Olaram halkyň içinde bolmaly. At çapdyrmaly, göreş tutmaly, ýaşlaryň festiwallaryny geçirmeli... diýip, teklip etdim.
Bu barada men soň, 1959-njy ýylda «Туркменская искра» gazetinde makala bilen çykyş etdim. Makala çykandan soň, meni eýläk-beýläk çagyrdylar. Meň garşyma Gurban Akmyradow çykyş etdi. Onuň makalasy, bir günde hem «Sowet Türkmenistany», hem «Туркменская искра» gazetlerinde çykaryldy. Radioda türkmen we rus dillerinde okaldy. Meni antimarksistlikde we antikommunistlikde aýypladylar. TKP MK-nyň şo wagtky ideologiýa baradaky sekretary Şamyrat Täşliýew ýanyna çagyryp: «Sen türkmen halkynyň ünsüni başga ýana sowýaň. Gürrüň häzir pagta barada gitmeli» - diýip, käýäp goýberdi. Şaja Batyrow şo wagt akademiýanyň prezidentidi. Emma bu hakda ol maňa bir sözem diýmedi. Şolam meni alyp galdy. Ýogsam men hakda «daýylar» diýýänimiz hem az soran bolmaly däl.
Meň tanaýan ateistlerimiň köpüsi sowatsyz. Dini gowy bilmeýärler. Ýaňam aýtdym, gowy ateist boljak bolsaň dini gowy bilmeli.
Araplarda bir däp bar eken. Gyz dogsa, ony diriligine gömýän ekenler. Ol ulalanda başga bir taýpa durmuşa çykyp, şo taýpany güýçlendirmesin diýip. Muhammet pygamber bu däbi ýatyrýar. Şolam: «Öz çagaňyzy öldürmäň» - diýip, Gurhana girýär.
Gurhanda dört aýallylyk gürrüňi bar. Emma munuňam şo döwürde öz sebäbi bar. Muhammet pygamber yslamy bütin dünýä ýaýratmak isläpdir. Ähli ýerde onuň tuguny galdyrmaly. Munuň üçin esger ýetmeýär. Köpeltmek üçinem her erkek adama dört aýal almak ejaza berlipdir. Muny şo döwür bilen baglamaly. Gurhanda, yslamda ahlak meselesine köp seredilýär.
Biz ýokardan berlen görkezme boýunça işledik. SSKP MK karar çykarýar. Soň TKP MK öz kararyny çykarýar. Bizem şo kararlary ýerine ýetirdik. Dogrusyny aýtmaly. Baran ýerinde-de: «Din halk üçin tirýekdir» - diýip, şeýdip gezdik. Emma onuň bal ýerem bar eken. Biz o taýlaryny diňe reaksion diýip geçdik.
- Nedir Kulyýewiç, siz partiýa mekdebinde gaýybana okaýan TKP MK-nyň birinji sekretarynyň zaçýot depderçesine baha goýmansyňyz diýip eşitdim weli, ugrunda barmydyr?
- Men SSKP MK-nyň ýanyndaky Ýokary partiýa gaýybana mekdebinde işleýärdim. Aşgabatda. Ýolbaşçylar gaýybana okaýardylar. TKP MK-nyň birinji sekretary Jumadurdy Garaýew hem şonda okaýardy.
Gaýybanaçylary ýylda iki gezek Aşgabada çagyryp, konsultasiýa bermeli, ekzamen almaly. Bir gezegem mart aýlarydy. Elli sekizinji ýyl bolsa gerek. Akulinsew çagyryp: «Ýerlerdäki ýolbaşçylary çagyrsak, onda ekiş möwsümi ýatar. Sen gowusy konsultasiýa bermelem bolsa, ýerlerde oka, ekzamenem şo ýerde al» - diýdi. Ylalaşyp, Daşhowuz oblastyna gitdim. Komandirowkama-da Suhan Babaýewiç gol çekip goýberipdi. Daşhowuz obkomynyň birinji sekretary Jumadurdy Garaýewdi. Oňa näme maksat bilen gelenligimi aýtdym. Ekzamen güni onuň özi gelmedi. Ikinji sekretaram Wasilýew. Bulam ýaňy raýonlardan gelip durşy eken. Biletlerdäki soraglara-da jogap berip bilenok. Birden turdy-da, paýyş sözem aýdyp goýberdi. Öz kabinetinde otyrys. Eýleki okaýanlarymam hemmesi raýkomlaryň başlyklary. Obkomyň birinji sekretaryndan özgesi bar.
- Näme boldy ýoldaş Wasilýew? - diýip soradym.
- Taýýarlyk görmäge wagt bermediler. Şumat kolhozlardan gelip durşum - diýdi.
Ýaňkylaň ýanynda muny ýykyp goýbermegem birhili. Meň üçinem bir utanç. Abraýy gaçmasyn diýdim.
- Ýoldaş Wasilýew, sizden ekzamen aljak däl. Taýýarlanyň! - diýdim.
Beýlekilerden ekzamen alyp, Aşgabada jaň etdim.
Trubkany Wasiliý Kuzmiç Akulinsew aldy. «Şuň ýaly ýagdaý boldy» - diýsem, - Onda näme etjek? – diýdi. «Birki gün bärde bolaýyn. Oňa konsultasiýa bereýin. Onsoň ekzamen alaýaryn» - diýdim. «Galyber» - diýdi.
Aşgabada geldim. Şo döwürräkde-de Suhan Babaýewi işinden boşatdylar. Ýerine-de Jumadurdy Garaýewi goýdular. Soň görüp otursak, bular topar-topar eken. Ýaş, bilemizok-da.
Bir gün meni MK-nyň işgäri Çary Saparow çagyrdy. Elindede Jumadurdy Garaýewiň zaçet depderçesi.
- Nedir, şuňa baha goý – diýdi.
- Men muňa baha goýup bilmen. Sebäbi düzgün boýunça bilet çekmeli - diýdim.
Beýleki bir sebäbem, biziň ekzamenimizden soň Moskwada şu predmetden döwlet ekzamenini tabşyrmaly. Bärde-hä men oňa gowy baha goýsam, aňyrda-da geçip bilmese, nätjek? Men onuň bilim derejesini bilmeli ahyryn.
Ýaňky:
- Eger şuňa baha goýmasaň, biz seni garalap aýrarys - diýdi.
- Çary, men nähili garalanman aýrylmaly? - diýip soradym.
- Garalanman aýryljak bolsaň, arzaňy ber.
Menem şo ýerde: «Işimiň agdyklyk edýändigi üçin işden aýryň» - diýip, arzamy ýazyp berdim.
Merkezi Komitetden çykyp, akademiýa gelip oturanym hem şoldy welin, ýaňky jaň edip: «Sen häzirden işden boş» - diýdi. Kabinetimden çykyp, Şaja Batyrowiçiň ýanyna bardym. «Şuň ýaly boldy» - diýdim. «Ekzamen alýan adamymyň bilim derejesini men bilmel-ä. Galyberse-de, ekzameniň biletlerinde «SSKP MK» - diýlip ýazylan», (Men häzirem şo biledi arhiwimde saklaýan) - diýsem, «Oňarypsyň» - diýdi. Ýogsam käýärmikän öýdüpdim.
- Şaja Batyrowiç ýogalandan soň, Sizede hezil bermändirlerdä.
- Hawa. Ömürlik zat ýok welin, allanäme işläp ýören bölüm müdirligimden boşatdylar. Başga-da ýüregiňi göz-görtele agyrtjak zatlaram etdiler. Haýsy birini aýdyp çykjak. Hut öz ylmy işim bilen baglanyşykly o ýerik, bu ýerik çagyrsalaram müň bahana tapdylar.
Men bir gezek Kanadada geçirilen bütindünýä filosofaryň kongresine çagyryldym. Wiza almak üçin akademiýanyň haty gerek eken. Şoň üçin Roslýakowyň ýanyna bardym. Ol şo wagt wise-prezident. «Aý seni ogurlarlar» - diýip, bir çykdy. «Walýuta ýok» - diýip, bir çykdy. Aý, garaz wagtynda hat bermediler. Şeýdibem şo kongrese gatnaşyp bilmedim.
Ikinji gezegem Waşingtondan çakylyk hatyny aldym. Maýamyda bütindünýä yslam konferensiýasy geçýän eken. Sebäbi yslam boýunça bir kitap ýazypdym. Şo kitap hakda Londonda syn çap edilipdi. Bilýän ekenler.
Gitmek, gelmek mugt, üstesine-de sowalga üçin 500 dollar berjek diýip ýazypdyrlar. «Gel» - diýipdirler. Çakylygyň gelen günüdi. Iş ahyrlap barýardy. KGB-den bir ýigit geldi. KGB-nyň şo wagtky başlygy hatdan habarly eken. «Hat bilen Boýko gyzyklanýar» - diýip, çakylygy alyp gitdi. Şo gidişi gidiş boldy. Habaram tutulmady. Şo gezekki gitmeli saparymyz hem şeýdip galdyryldy. Göwünlerine gelen zatlaryny edýärdiler. Sebäbi jogap soralmajagyny bilýärdiler.
Häzir men pensiýada. Işläp biljek adam. Ýöne işe alanoklar. Ýene bir zat hakda aýdasym gelýär. Habarçy-çlenligi ýada akademikligi üçin birtopar pul alyp ýörenler bar. Ol ummasyz pul. Halk bilenok o zatlary. Işlese-işlemese ýaňky agzanlarymyza ölýänçe pul tölenýär. Ol ylma näme beripdir? Şony aýyl-saýyl etmeli. Meniň pikirimçe, akademikligem, habarçy-çlenligem mugt etmeli. Iş etse alsyn. Ýöne ony ömürlik etmeli däl. Şuny men öňem aýtdym. Gaýtam ýigrenji boldum.
Menem öz wagtynda habarçy-çlenlige arza beripdim. Hatda arzama-da seretmediler.
Indem men dynç alyşda. Ýaşym altmyşdan geçdi. Ýöne men işläp biljek adam. Emma ugruňy idän adam ýok.
- Nedir Kulyýewiç, söhbetdeş bolup, beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň.
- Mazaly içimä dökdüm. Idäp tapanyň üçin, senem sag bol, inim!
1992 ý, fewral.
Edebi makalalar