18:27 Ýumurtga / hekaýa | |
ÝUMURTGA
Hekaýalar
Kakamyň dogabitdi şadyýan, göwnaçyk adam bolandygyna ynanýaryn. Ol otuz dört ýaşyna çenli Ogaýo ştatynyň Biduel şäherçesiniň golaýyndaky Tomas Batteruorsyň fermasynda batrakçylyk edipdir. Özbaşyna aty bolansoň, ol her şenbe güni garaňky gatlyşansoň, özi ýaly batraklar bilen oturyşyp-turuşmak üçin şähere gatnapdyr. Ol Ben Hediň garbanyşhanasynda ýaňlanýan aýdymlara, töweregindäki gürrüňlere gyzyp eglener eken. Gije sagat ona golaýlaberende, kakam obanyň içinden geçýän ýeke-täk gumak ýol bilen atly yzyna dolanypdyr. Öýe gelensoň, ilki atyna idi-yssuwat edipdir, soňam özüni ýatalga oklagada, dünýeden müňde bir razy bolup, süýji uka gidipdir. Elbetde, ol wagtlar onuň küýünde uly-uly derejelere ýetmek ýaly hyýallar bolmandyr. Bahar günleriniň birinde kakam otuz bäş ýaşyndaka ejem ikisi toý tutupdyr. Ejem şol wagtlar obada mugallymçylyk edipdir. Soňky ýazda-da sesimiň ýetdiginden jägildäp, men dünýä inipdirin. Ana, şondan soň nähilidir bir döw çalyp, olaryň ýaşaýşa bolan hyjuwy artyp başlapdyr. Ikisiniňem dünýäsini, her bir amerikalyda bolşy ýaly, durmuşda öz mynasyp ornuny tapmak arzuwy gurşap alypdyr. Munuň sebäpkäri ejem bolsa gerek. Käri mugallymçylyk bolansoň, onuň kitapdyr žurnaldan habarlydygy öz-özünden düşnükli. Çakym çak bolsa, ol Garfildiň, Linkolnyň, şulara meňzeş başga-da birentek amerikalylaryň garyplyk bilen göreşip, oňa hötde gelşi, şeýdip meşhur, beýik şahsyýetlere öwrülişi hakda-da okan bolmaly. Men ýaňybir dünýä inip, ejemiň ýanynda ýatyrkam, ol belki, haçan-da bolsa bir gün meniň adamlaryň öňüne düşüp, oba-şäherleri dolandyrmagymy arzuw edendir. Herhal, nähili bolanda-da, ol kakamy batraklygy taşlamaga, atyny satmaga, hiç kime elgarama bolman zähmet çekip, erkana ýaşar ýaly özbaşdak işini ýola goýmaga razy etdi. Ejem geplemezek, uzyn boýly, jüýk burunly zenandy, onuň çal gözleri hemişe aladalydy. Özüne galsa, oňa hiç zat gerek däldi. Kakam ikimize gezek gelende welin, etsem-goýsamydyr isleg-arzuwy tükeniksizdi. Enem-atamyň töwekgellik edip, ilkinji döreden kärhanasy netije bermän, gaýtam tersine boldy. Olar Biduelden sekiz mil uzaklykdaky eýlesi-beýlesi on akrlyk, ideg görmedik daşlyk ýeri kärendesine alýar-da, towukçylyga girişýärler. Men şol ýerde oglanlykdan saýlanyp, agy-garany seljerip başladym. Ilkibaşdan mende elhenç duýgular galdy, gözümiň göreni betbagtçylyk boldy. Eger men häzir hyrsyz, daş-töweregimiziň diňe ýowuz taraplaryny görmäge meýilli adam bolup, durmuşa namut garaýan bolsam, munuň ýeke-täk sebäbi menden sowlup geçen şatlykly çagalyk döwrüm bolmaly. Jüýjäniň görýän görgülerinden habarsyz adam bu zatlara düşünip bilmez. Ol, näme, ilki ýumurtgadan çykýar, birnäçe hepdeläp kindiwandan naşyja bolup ýaşaýar, soň ýelekläp başlaýar, tapan-tupan dänesini, kakaň daban azabyna satyn alan iýmini işdämenlik bilen çokýar. Birentegi towuk, ýene şonçaragy-da horaz bolup ýetişägede, ahyry ulalýar. Towuklar ýumurtga guzlap basyrýarlar, olardanam jüýjejikler çykýar. Bu hadysa şeýlebir çylşyrymly welin, oňa düşünmek gaty kyn. Kiçijik jüýjejikden giden zada garaşylýar. Soň-soňlar has gijräk ýaşda men towuk saklap, pul gazanmak barada giden bir edebiýatyň döreýşiniň şaýady boldum. Olar ýaňybir bilim daragtynyň miwelerinden dadyp görenlere niýetlenendi. Olarda ruhubelent äheň bar: gursagynda umyt besläp, birnäçe kürk towugy bolan türkana hem erjel adamlar köp zada ýetip bilerler. Emma bu beýle däl. «Bagtym çüwer» diýen niýet bilen gidiň-de, Alýaskanyň buzly belentliklerinden tylla gözläň, syýasatçylaryň dogruçyllygyna ten beriň, isleseňiz, dünýäniň günsaýyn gowulanýandygyna, ýagşynyň ýamandan üstün çykjakdygyna ynanyň. Her niçik-de bolsa, men esasy gürrüňden daşlaşýaryn. Meniň hekaýatym, umuman, towuklara dahylly. Has takygy, ol ýumurtga hakynda. Kakam bilen ejem towuk fermamyzdan peýda görjek bolup, on ýyllap dyrjaşdy. Soň olar göreşi goýbolsun edip, başga bir işiň başyny tutdular. Ogaýo ştatyndaky Biduel şäherçesine göçdüler-de, bir restoranyň işini ýöredip başladylar. Ahyry on ýyllap jüýje çykaryp gönendirmedik inkubatorlaryň hemmesini äpberdik-de, öý goşlarymyzy bir araba ýükläp, Biduele tarap ugradyk. Göýä, arzuwlara ganatlanan kiçijik kerwenimiz umytly omzap, täze gonalga barýardy, ol ýerde bizem uly-uly derejelere ýetmäge ymtylýardyk. Bolup barşymyz söweş meýdanyndan janyny halas edýän gaçgaklaryňkydan ibaly däldi. Ejem bilen pyýada ýöräp barýardyk. Goşlarymyz basylan arabany goňşymyz jenap Albert Grigsden bir günlük sorap alypdyk. Arabanyň iki gapdalyndan arzan oturgyçlarymyzyň aýaklary somalyşyp durdy. Münder-münder goýlan ýatalga, stol hemde aşhana goş-golamlaryndan doly gutularyň aňyrsynda içi jüýjeli örülen sebet, onuň üstünde-de ulularyň kiçijikkäm meni mündürip aýlan çaga arabasy bardy. Şol çaga arabasynyň nämämize derkardygyna men-ä düşünemok. Maşgalamyzda indi başga çaganyň dünýä injegi gümana, üstesine, onuň tigirlerem döwük. Üýşüp ýatan öý goşy bolmadyk adamlaryň bolanja goşy hem gözüne yssy görünýän bolara çemeli. Bu barada pikir edeniňde, durmuş çykgynsyz tukat görünýär. Kakam arabanyň öň tarapynda zatlaryň üstünde beýikde oturyp, sürüp barýardy. Ol şol wagtlar kyrk bäş ýaşly, kellesi takyr, göwresi doluşan adamdy. Ejem bilen towuklara ideg edip geçiren ýyllary dymmalyk hem göwnüçökgünlik onuň süňňüne ornapdy. Biziň fermada geçiren on ýylymyzyň dowamynda kakam goňşulykda batrakçylyk etdi. Onuň gazanan pulunyň aglabasy towuklar keselden gutulsyn diýip, ejemiň towukçylyk baradaky gazet-žurnallardan gözläp tapýan Wilýam Waýtyň «Mergi keseliniň dermany», professor Bidlouwyň «Ýumurtga çykaryjysy» we beýleki dermanlyk serişdelere harçlanýardy. Kakamyň edil iki gulagynyň ýokarsynda bir çogdam saç bardy. Çagakam kakamyň gyşyň aýazly günleri ýekşenbelerine öýlän pejiň öňünde oturyp, oturgyçda uklap galyşyny synlaýşym ýadyma düşýär. Men ol wagtlar eýýäm kitap okap bilýärdim, durmuşa özümçe düşünýärdim, kakamyň süýr depesinde emele gelen tekiz zolak Sezaryň öz esgerlerini syrly dünýäniň täsinliklerine tarap Rimden çykarmak üçin gurduran giň köçesi mysalydy. Kakamyň gulaklarynyň üstündäki topbak saçyny bolsa, hyýalymda sümme tokaýa meňzedýärdim. Men özümi oýaly-ukuly ýagdaýda şol köçäniň ugry bilen towuk fermasynyň garasy hem bolmadyk, durmuş bolsa ýumurtgasyzam bagtdan ýaňa pürepür bolan alyslardaky bir ajaýyp oba ýöräp barýan kiçijik närse ýaly duýýardym. Biziň towuk fermamyzdan şähere gaçyşymyz hakda tutuş kitap ýazyp boljak. Ejem ikimiz giden sekiz mil ýoly pyýada geçdik. Ol-a arabadan hiç zat agmaz ýaly, ýolboýy goşlara esewan boldy, menem dünýäniň täsinliklerini synladym. Biz Ogaýo ştatynyň Biduel şäherçesinde restoran ýöretdik. Şäher pessejik baýryň eteginde, derýajygyň boýunda ýerleşýärdi. Içinden demir ýol geçmänsoň, şäheriň otly menzili demirgazyga bir mil uzaklykdaky Piklwildedi. Öňler onuň golaýynda iki kärhana işläpdir: olaryň birinde alma şerbedi, beýlekisinde banka ýapylýan önümler öndürilipdir. Emma biz gelmezimizden ozal olaryň ikisem işini togtadypdyr. Bidueliň esasy şaýolunyň ugrundaky myhmanhanadan Tarner-paýk köçesiniň ugry bilen demir ýol menziline irden hem agşam awtobus gelýärdi. Şäherden çeträkde ýerleşýän ýerde restoran işletmek pikirini orta atan ejem boldy. Ol bu gürrüňi bir ýyllap dilinden düşürmedi. Soň bir gün gidägede, demir ýol menziliniň çat maňlaýyndaky söwda üçin niýetlenen boş binany kärendesine alypdyr. Ejemiň restoranyň girdeji getirjekdigine ynamy uly bolupdyr. Onuň pikiriçe, ýolagçylar otlularyna münýänçäler hemişe menziliň töwereginde güýmenerler, şäheriň adamlary hem geljek otlulary garşy almak üçin bu ýere gelerler. Çak edilişine görä, şonda olar süýjülik tagamlary bilen kofe içmek üçin restorana gelmelidi. Ýaşym ulalansoň, onuň göçüp-gonup ýörmeginiň sebäbine gowy düşündim. Bar aladasy mendim. Ol şäher adamlarynyň arasynda ösüp kemala gelmegimi, şäherdäki mekdepleriň birinde bilim almagymy, şäher adamsy bolup ýetişmegimi arzuw edýärdi. Piklwilde kakam bilen ejem öňküleri ýaly janyny gaýgyrman işlediler. Ilki bilen restoran açmak üçin onuň eýlesini-beýlesini abatlamaly boldy. Şonuň özem bir aýa çekdi. Kakam üstünde gök önüm ýapylan bankalary goýar ýaly tekje ýasady. Restorana müşderi çekmek üçin ol ullakan gyzyl harplar bilen öz familiýasyny görkezip, atýazgy taýýarlady. Familiýasynyň aşagyndan bolsa buýruk beriji äheňde: «Şu ýerde naharlanyň!» diýip ýazandygyna garamazdan, oňa setanda-seýranda bolaýmasa, gulak asan bolmady. Ejem düşemäni gazap arassalap, otagyň diwarlaryny ýuwdy. Men şäherdäki mekdebe gatnap ugradym. Indi fermadan, nalajedeýin gamgyn jüýjelerden daşdadygyma gaty begenýärdim. Emma şonda-da keýpim o diýen däldi. Agşamlaryna Tarner-paýkyň ugry bilen ýöräp, öýe gaýdýardym. Ýolda şäheriň mekdebiniň howlusynda oýnap ýören çagalary ýadyma salýardym. Topar bolup towsuşyp, aýdym aýdyp, oýnap ýören gyzlar göz öňüme gelýärdi. Bir ýola menem olara öýkünjek boldum. Sürçek köçede garaçynym bilen bir aýagymda towsup, ýakymsyz sesim bilen olaryň aýdymyny gaýtaladym. Birdenem durup, töweregime howatyrly garanjakladym. Keýpimiň gowudygyny kimdir biriniň görerinden gorkdum. Ejem restoranymyzyň gijelerine-de açyk bolmagyny makul bildi. Agşam sagat onda biziň gapymyzdan demirgazyga tarap ýolagçy gatnadýan otly, onuň yzyndan bolsa ýük otlusy geçip gidýärdi. Ýük otlusynyň işgärleri Piklwilde wagonlary düzmekde birnäçe amallary etmeli bolýardy. Şonda iş tamamlanandan soň, olar gyzgynjak kofe içip, nahar edinmek üçin biziň restoranymyza gelýärdiler. Käte olaryň arasyndan heýgenek edip bermegi buýurýan hem bardy. Daňdan sagat dörtde gaýdyşynam olar bize sowlup geçýärdiler. Şeýde-şeýde işimiz ugrugyp başlady. Ejem gijelerine ýatyp, gündizlerine restorana idi-yssuwat edýärdi, kakam bolsa gijeki müşderileri naharlaýardy. Daň atdygam baryp, ejemiň düşeginde ýatardy. Men bolsa mekdebe giderdim. Uzaga çekýän gijelerde ejem ikimiz ukudakak, kakam irdenki müşderileriň kesme çörekleriniň arasyna salar ýaly et bişirip taýýarlap goýardy. Müşderiler olary ertirlik üçin sebetlerine salyp giderdiler. Ine, şonda kakamda uly-uly derejelere ýetmek pikiri peýda boldy. Amerikan dünýägaraýşy onam gurşap aldy-da, şöhratparazlyk tutuş süňňüne ornady. Uzak gijeler işi azalan wagty kakam keýpden çykýança pikir ýörederdi. Ana, şolam onuň üçin günüň iň kösençli wagtydy. Ol öz ýanyndan: «Geçmişde ýeterlik derejede şadyýan bolmamsoň, üstünlik gazanyp bilmedim, geljekde durmuşa has şadyýan göz bilen garamaly» diýen netijä geldi. Bir gün irden ol ýokaryk çykdy. Ejemi ukudan oýardy. Gepleşdiler. Menem ýatan ýerimden olaryň gürrüňini diňledim. Kakamyň kellesine bir pikir gelipdir. Ejem ikisi restorana gelýänleri diňe naharlaman, eýsem, wagtynam hoş geçirer ýaly etmeli. Onuň aýdan sözleri takyk ýadyma düşenok, ýöne ol, megerem, ýygnanan märekäniň göwnüni açmak pikirine çynlakaý gelipdir. Örän seýrek bolýan hem bolsa, mähelläniň, esasan-da, Biduelden ýaşlaryň üýşen mahaly, onuň pikiriçe, wagtyny hoş geçirmekleri üçin olaryň ýanynda şowhunly we gyzykly gürrüňler edilmelidi. Kakamyň sözlerine salgylanyp aýtsam, restoranyň hojaýyny bilen müşderiniň arasyndaky ýaly gatnaşyk ýola goýulmalydy. Ejem ilkibada bu pikire «hä» diýmesede, ony ruhdan düşürjek sözleri aýtmakdan saklandy. Kakamyň göwnüne bolmasa, şeýle edilende Biduel şäheriniň ýaşlarynyň kalbynda bu ýerde ýygy-ýygydan bolmak höwesi joş urardy. Agşamlaryna topar-topar ýaşlar Tarner-paýkyň ugry bilen şadyýan aýdyma hiňlenip gelişlerine keýpikök halda wahahaýlaşyp restorana dökülerler. Bu ýerde degşip-gülşüp, şadyýan durmuş dowam eder. Kakam bular barada hut şeýle düşnükli we giňişleýin gürrüň berdi diýip biljek däl. Öňem aýdyşym ýaly, ol dymma adamdy. «Olar dyz eper ýaly ýer gözleýärler, olara sümelge gerek» diýip, ol ejeme şol bir sözüni gaýtalardy. Ol öz ýanyndan şeýle many çykarypdy. Galan boşlugy bolsa men öz göz öňüme getirişime görä doldurypdym. Kakamyň bu pikiri iki-üç hepdeläp öýümize hökümini ýöretdi. Biz biri-birimiz bilen känbir gep gatyşamzokdyk, gündelik durmuşda-da gamgyn halymyza ýylgyrmak üçin elimizde baryny edýärdik. Ejem müşderilere seredip ýylgyrsa, bu maňa-da täsir ederdi, soň menem pişigimize bakyp gülümsirärdim. Kakamyň ýaranmak isleginde, birhili, galagoplulyk bardy. Onuň bir ýerlerinde, gürrüňsiz, wäşilik ukyby baslygyp ýatyrdy. Emma ol öz başarnygyny gijelerine hyzmatynda durýan demirýolçularyna sarp etmän, nämä ukyplydygyny görkezmek üçin biduelli ýaşlaryň restoranyň bosagasyndan ätlärini peýleýän ýalydy. Restorandaky tekjäniň üstünde simden ýasalan, içi hemişe ýumurtgadan doly sebet durardy. Kakamyň kellesine adamlaryň göwnüni götermek pikiri gelen pursadynda-da, şol ýumurtgaly sebet onuň gözüniň öňünde duran bolmaly. Misli ýazgydyň kesgidi boýunça ýumurtga elmydama ondaky pikiriň ösüşi bilen bagly boldy. Herniçik-de bolsa, hut ýumurtga kakamyň durmuşa bolan barja höwesini gaçyrdy. Bir gün gijagşam kakamyň bogazyndan gazap bilen çykan goha oýandym. Ejemem, menem ýerimizden galdyk-da, düşekde dikgerip oturdyk. Ejem titir-titir edýän ellerini uzadyp, dik ýokarsynda stoluň üstünde duran çyrany ýakdy. Aşakdaky gapynyň batly ýapylany eşidildi, birnäçe minutdan soň basgançakdan agyr ädimler bilen galyp, kakam ýanymyza geldi. Elinde ýumurtgany saklap durşuna üşüdýän ýaly titreýärdi, gözleri bolsa telbäniňki ýaly ýanyp durdy. Bize ýangynly tiňkesini dikip durşuny görüp, elindäki ýumurtgany ejeme ýa maňa aýlap salar öýtdüm. Emma kakam beýtmedi, ony usullyk bilen stoluň üstündäki çyranyň ýanynda goýdy-da, ejemiň düşeginiň gapdalynda dyzyna çökdi. Soňam çaga ýaly naýynjar aglap başlady. Onuň agysyna menem goşuldym. Ýokarky gaty ikimiziň agy sesimiz gaplap aldy. Hernäçe geňem bolsa, şol wakadan diňe ejemiň onuň saçynyň düşen ýerini sypap oturyşy ýadymda galypdyr. Ejemiň oňa näme diýeni, aşakda bolup geçen wakany gürrüň bermäge nädip razy edeni ýadymda däl. Kakamyň düşündirişem hakydamda galmandyr. Şondan diňe özümiň hopugyp gynananym hem-de düşegiň ýanynda çöküne düşüp oturan kakamyň ýylçyr kellesiniň ýagta lowurdap durşy ýadyma düşýär. Eýsem, şonda aşakda nähili wakalar bolupdyr? Nähilidir bir düşündirip bolmajak sebäbe görä, kakamyň başyndan geçiren şowsuzlygyny gözlerim bilen görüp, gulaklarym bilen eşiden ýaly bilýärin. Adam ogly wagtyň geçmegi bilen öň düşünmedik köp zatlaryna akyl ýetirýär. Şol gün agşam Biduelde adybelli söwdagäriň ogly, ýaş ýigit Jo Keýn Piklwile kakasyny garşylamaga gelipdir. Onuň otlusy gije sagat onda günortadan gelmeli halyna üç sagat gijä galypdyr. Jo wagt geçirmek hem-de oňa garaşmak üçin restorana sowlupdyr. Ýerli ýük otlusy gelipdir. Ondaky işgärler naharlanyp gidipdirler. Jo bolsa restoranda kakam bilen ikiçäk galypdyr. Biduelli ýaş ýigit restorana aýagyny seken pursadyndan kakamyň hereketlerini görüp, haýran galypdyr. Öz ýanyndan restoranda artygrak oturany sebäpli, kakam gahar edýändir öýdüpdir. Özüniň restoranyň hojaýynyny görnetin bimaza edýändigini duýup, ol ýerinden turupdyr-da, gitmäge hyýallanypdyr. Emma daşarda ýagşyň ýagyp başlamagy ony pikirinden dänderipdir. Jo bir käse kofe sargapdyr. Jübüsindäki gazeti çykaryp, okap başlapdyr. «Men agşamky otla garaşýan, ol gijä galýar» diýip, kakama ötünç soraýan äheňde ýüzlenipdir. Jo Keýn kakamy ömründe ilkinji gezek görýärdi. Kakam esli wagtlap oňa dikanlap seredip durupdyr. Ol şol pursatda sahna çykmazdan öň döreýän gorkudan ejir çekipdir. Durmuşda köplenç bolşy ýaly, şeýle ýagdaý hakynda ol ýygy-ýygydan pikir edipdi welin, indi onuň bilen ýüzbe-ýüz bolansoň, azkem tolgundy. Ozaly bilen, ol ellerine ýer tapanokdy. Ol çalt hereket bilen bir elini tekjäniň üstünden Jo Keýne uzadyp, onuň elini gysyp durşuna: «Salam!» diýdi. Jo gazetini goýup, geň galmak bilen oňa dikanlap garady. Kakam tekjedäki sebetden bir ýumurtgany sogrup aldy-da, ony aýalarynyň arasynda eýläk-beýläk togalap durşuna, ikiýana ýöräp ugrady. Şunlukda, ol keýpiçag halda ýylgyrdy. Soňra adamyň bedeninden syzylyp çykýan elektrik energiýasynyň ýumurtga edýän täsiri hakynda bir zatlar sarnady. Ol gabygyny döwmän, diňe iki elinde togalaşdyryp, ýumurtgany dik ýagdaýynda goýup bilýändigini aýtdy. Elleriniň ýylylygynyň hem-de ýeňiljek aýlaw hereketiniň ýumurtga täze agyrlyk merkezini habar berýändigini düşündirdi. Jo Keýn birneme gyzyklanyp ugrady. Kakam: — Munuň ýaly ýumurtganyň müňlerçesi elimden geçdi — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. — Hiç kimem ýumurtga barada meň bilýänimden artyk bilýän däldir. Ol ýumurtgany tekjäniň üstünde goýan badyna, gapdallygyna agdy. Täzeden öwranöwran synanyşdy. Her gezekde-de ýumurtgany aýalarynyň arasynda togalap durşuna, energiýanyň gudraty we dartyş güýjüniň kanunlary barada düşnüksiz sözleri gaýtalady. Ýarym sagada çeken yhlasynyň netijesinde oňa ahyry bir pursatlyk bolsa-da, ýumurtgany dikligine duruzmak başartdy. Emma bir seretse, müşderi ondan ünsüni sowupdyr. Jo Keýne öz şonça azabynyň netijesini görkezýänçä, ýumurtga ýene-de bir ýana togalanyp, gapdallygyna ýatdy. Onsoň ol Jo Keýne mugt ýene-de bir käse kofe içmegi zor bilen diýen ýaly mejbur etdi. Soňra eline pitini alyp, oňa tekjäniň aşagynda duran sirkeden guýup, başga bir pirim görkezjekdigini aýtdy. — Häzir men şu ýumurtgany sirkeli pitide gyzdyraryn — diýip, ol sözüni dowam etdi. — Soň gabygyny döwmän, ony çüýşäniň bokurdagyndan geçirip, içine salaryn. Ýumurtga çüýşäniň içine girensoň, ol ýene-de adaty şekiline geler, gabygy täzeden gatar. Şonda men içi ýumurtgaly şol çüýşäni size sowgat ederin. Siz nirä gitseňizem, ony ýanyňyz bilen äkidip bilersiňiz. Her kim sizden sorap, ýumurtgany nädip çüýşä girizeniňizi biljek bolar. Emma siz olara aýtmaň! Goý, olaryň özleri pikir etsinler! Siz bolsa mundan lezzet alyň! Kakam ýyrşardy-da, müşderä göz gypdy. Jo Keýn öňünde duran adamyň akylynyň ýeter-ýetmezdigine, emma zyýanly däldigine düşündi. Ol özüne hödürlenen kofäni içip, ýene-de gazet okamagyny dowam etdi. Ýumurtga sirkede gyzansoň, kakam ony çemçe bilen tekjäniň üstüne eltdi-de, restoranyň arka ýüzündäki otagdan boş çüýşe getirdi. Kakamyň müşderiniň özüniň edýän hereketlerine üns bermeýändigine gahary geldi. Şonda-da ol keýpihonlyk bilen işe girişdi. Uzak wagtlap ýumurtgany çüýşäniň bokurdagyndan geçirjek bolup çytraşdy. Soňra pitini ýaňadan gyzdyrmak üçin pejiň üstünde goýdy, eli bilen aljak bolanda bolsa, barmaklaryny ýakdy. Ikinji gezek gyzgyn sirkede birsalym goýlan ýumurtganyň gabygy birneme ýumşasa-da, munuň özi ýeterlik bolmady. Emma kakamy maksadyna ýetmek islegi gaplap alypdy. Ol indi boldum-boldum ediberende, gijä galan otly menzilde peýda boldy. Jo Keýn çykalga ýöneldi. Kakam soňky gezek ýumurtgadan üstün çykyp, oňa öz diýenini etdirip, restorana gelýän müşderileriň wagtyny hoş geçirmegi özüne borç bilýän hojaýyn hökmünde öz abraýyny dikeltmäge çalyşdy. Ol güýjünde baryny edip, gödeňsilik bilen ýumurtgany çüýşäniň bokurdagyndan geçirmekçi boldy. Hatda ony sowuk der basdy. Ahyry ýumurtga onuň ellerinde mynjyrap, agydyr sarysy üst-başyna syçrady. Kakam bokurdagyna zor salyp, gaharly arlaýar. Aýaklaryny tabyrdadyp, düşnüksiz bir zatlar samraýar. Bolsa-da, Jo Keýn gapyny açyp çykyp gidýär. Şondan soň kakam eli ýumurtgaly ýokaryk — ejem ikimiziň ýanymyza geldi. Şol wagt niýetiniň nämedigini anyk bilemok. Meniň pikirimçe, ol elindäki, umuman, hemme ýumurtgalary ýok etmekçidi. Özem ejem ikimiziň muny görerimizi isleýärdi. Emma ejeme gözi düşenden, oňa bir zad-a boldy. Ýumurtgany usullyk bilen stoluň üstünde goýdy-da, öňem aýdyşym ýaly, dyzyna çöküp, düşegiň ýanynda oturdy. Soňra şol gije restorany ýapyp, ýokaryk galyp ýatmagy ýüregine düwdi. Hawa, ol şeýle-de etdi. Çyrany üfläp söndürdi. Şondan soň esli wagt dowam eden pyşyrdyly gürrüňleriň yz ýany kakamam, ejemem uka gitdi. Ýalňyşmasam, menem uklap galdym, ýöne rahat ýatyp bilmedim. Men säher bilen oýandym-da, uzak wagtlap stoluň üstünde duran ýumurtga seredip oturdym. Şonda ýumurtganyň nämä derkardygy, nä sebäpden ýumurtgadan towuk emele gelýändigi, ondanam ýene ýumurtga çykýandygy hakda oýlandym. Bu mesele meniň süňňüme ornady. Şondan bärem ol aňymda aýlanyp ýör, sebäbi men kakamyň ogly ahyryn. Herniçigem bolsa, meniň üçin bu meseläniň jogaby tapylman dur. Men onsoň şeýle netijä geldim. Bu maşgalamyz bilen ýumurtganyň göreşinde ýumurtganyň gazanan doly hem gutarnykly ýeňşiniň alamaty bolmaly. Iňlis dilinden terjime eden: Şatlyk HUDAÝBERDIÝEW. | |
|
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |