22:32 Ýüregiň emri bilen | |
ÝÜREGIŇ EMRI BILEN
Taryhy makalalar
“...Komsomolyň ilkinji ýaçeýkalary 1920-nji ýylyň aýagynda ýüze çykdy. Noýabrda Wekilbazarda 28 adamdan, dekbarda bolsa Bagyrda 17 adamdan we Köşide 41 adamdan ybarat ýaçeýkalar döredildi. Köşüdäki ýaçeýka türkmenlerden ilkinji komsomol öňbaşçylarynyň biri Döwlet Mämmedow ýolbaşçylyk etdi... Zakaspi oblastynyň komsomollary Moskwanyň we Petrogadyň açlyk çekýän çagalaryna kömek bermäge işjeň gatnaşdylar. Poltorask uezdiniň Köşi obasynda 18 halta un we başga zatlar ýygnaldy”. (Türkmenistan Leninçi Kommunistik Ýaşlar Soýuzynyň taryhynyň oçerklerinden). *** 1919-njy ýylyň tomsy ýetip geldi. Aklar Gyzyl Goşunyň zarbyna döz gelip bilmän başly-barat bolup janhowluna günbatara tarap gaçýardy. Döwlet dagy şol wagtlar Köşüdäki bagçylyk mekdebinde okaýardy. Bir gezek mekdebe şäherden harby geýimli biri gelip, okuwçylaryň ak gwardiýaçylar tarapyndan çykarylýan gazeti ýaýratmaklygy talap etdi. Emma okuwçylar onuň bu çakylygyna seslenmediler. Tiz wagtdan Gyzyl Goşun Aşgabady aklardan arassalady. Şol günleriň birinde Köşüdäki bagçylyk mekdebine üç sany bolşewik gelipdi. Şolaryň biri Andronik Melkumow ýokary klasyň okuwçylaryna ýüzlendi. Ol şonda okuwçylaryň täze durmuşy guramaga işeňňir gatnaşmaklaryny, fronta kömek bermeklerini, açlyga – ýalaňaçlyga garşy göreşmekliklerini ýüreginden syzdyryp aýtdy. Onuň sözleri çagalara ganat bekletdi. Bagçylyk mekdebiniň okuwçylary Orazdurdy Guwanlyýew, Bäşim Baýramow, Döwlet Mämmedow, Annaguly Artykoww dagy şondan soň obama-oba aýlanyp, daýhanlaryň arasynda düşündiriş işini alyp bardylar. 1920-nji ýylyň dekabrynda Köşüde ilkinji komsomol ýaçeýkasy döredildi. Bu ýaçeýka ilkibada 41 adamy özüni birleşdirdi. Ol obada döredilen ilkinji ýaçeýkalaryň biridi. Döwlet Mämmedowy bolsa şol ýaçeýkanyň sekretarlygyna saýladylar. Şol döwürde komsomol ýaçeýkasynyň sekretarynyň janyna nähili agyr howpuň abanandygy düşnükli bolsa gerek. -Döwlet her hili agyr ýagdaýlarda-da baş alyp çykmagy başarýardy. Belki, şonuň üçin bolsa gerek, tiz wagtdan ol eýýäm komsomolyň Türkmen oblast komitetine ýolbaşçylyk etdi. Soň men Daşkende okuwa gidemde, ol hem Türküstan respublikasynyň sosial –üpjünçilik halk komissary bolup işleýän ekeni. 22 ýaşlaryndaka ýaş ýigidiň şol wagt bütin Türküstanyň sosial meselelerine baştutanlyk etmegi bu günki ýaş ösdürimlerde geň galma döretmegi hem ähtimal. Emma şol döwürde ýagdaý şuny talap edýärdi – diýip, partiýa weterany Annaguly Artykow aýdýar. Bir gezek komsomollar Guwanlyýew, Baýramow, Mämmedow dagymyzyň Poltorask uezdiniň Gypjak obasyna gidişimiz ýadymda. Daýhanlary ýygnap, olara Petrogradyň we Moskwanyň açlyk çekýän çagalary barada gürrüň berdik. Ýygnanlar bolsa özleri-de iýere zat zat tapman ýören garyplardy. Biziň gürrüňüimizi diňläp, olar kellelerini ýaýkaýardylar. Soňra bir görsek, adamlar dagaşyp başladylar. Aramyzda biri: -Oglanlar, bu ýerden-ä zat çykjak däl öýdýän – diýdi. Şonda Döwlet: -Men-ä beýle pikir edemok – diýdi. – Halk bize düşündi. Oň aýdyşy ýaly adamlar ýene-de ýygnanyşyp başladylar. Daýhanlar düwünçejiklere düwüp, kişmiş, un, pul getirdiler. Biz gaýdanymyzda bolsa ýaşulylardan biri: -Çaga aç bolsa, dünýäde şondan elhenç zat ýokdur. Ýene azyk gerek bolsa geliberiň, biziň kömegimize bil baglap bilersiňiz – diýdi. Biz türkmen komsomollary agyr günlerde iň soňkuja zadyny rus doganlary bilen deň paýlşýan öz halkymydan örän minnetdar bolduk. Basmaçylara garşy göreş 1925-nji ýylyň 19-njy iýunynda TSSR Ýokary sudy basmaçy Baýram lagaryň jenýatçylykly işine garady. Respublikanyň prokurorynyň orunbasary Kiselýow bilen Ýokary suduň ýanyndaky döwlet prokurorynyň kömekçisi Döwlet Mämmedow Baýram lagaryň we onuň nökerleriniň talaňçylykly işlerini ýüze çykarmakda tutanýerlilik görkezdiler. 22 ýaşly Baýram lagar öz töweregine Sowet häkimiýetine duşmançylykly adamlaryň ençemesini ýygnap, iki ýylyň dowamynda Poltorask uezdinde köp sanly jenýatkärçilikli işlerini amala aşyrdy. Şol ýylyň maý aýlarynyň başlarynda Garyp Nazarowyň otrýady basmaçylaryň sürenine ýakynlaşdylar. Söweş gan döküşikli boldy. Şol söweşde OGPU-nyň işgäri Hojamberdi Pudakow edermenlik görkezip, duşman güllesinden wepat boldy. Duşman näçe garşylyk görkezse-de , olaryň hemmesi ele salnypdy. Indem Poltorask şäherinde olaryň jenaýatçylykly işlerine garalýardy. Bu iş birnäçe günläp dowam etdi. Aýallar gimnaziýasynyň klubyna şäheriň gyrak-çetlerinde ýaşaýan adamlaryň ençemesi ýygnanypdy. Döwlet Mämmedow sudda dyşmanyň her bir pirimerlerine berk gaýtawul berip, olaryň ähli eden etmişleriniň üstüni açdy. Sud başlananda, hondan bärsi bolup oturan Baýram lagaryň soňabaka haly teňdi. Sudda Döwlet Mämmedow jenaýatçy Baýram lagaryň we onuň ýaranlarynyň etmişlerini halka aýan etdi.Suduň ahyrynda Baýram lagar hökümetiň özüne ýeňillik bermegini sorady. Döwlet Mämmedow şonda hiç hili ýeňilligiň bolmajagyny kesgitli aýdypdy. Şondan köp wagt geçmänkä, Döwlet Mämmedow Tejende bolan bir ganly wakadan soň, jenaýatçylara edilen suda gatnaşdy. Bu gezegem ol birnäçe adamyň ganyna sebäp bolan ganhorlaryň berk almytlaryny almaklaryny gazanypdy. -Bir gezegem şeýle waka boldy - diýip, Döwlet Mämmedowyň doganoglany, ýetmiş bäş ýaşly Mämmet Körpäýew ýatlaýar. -Biziň ýaşaýan Köşi obamyzda 10-12 ýaşlaryndaky gyzjagazy işanyň üçünji aýaly edip, nika gyýýarlar. Bu habar şol wagtlar prokuratura ugrunda işleýän Döwletiň gulagyna ýetipdir. Beýle azgynçylyga gahary gelen Döwlet işanyň garşysyna jenaýat işini gozgaýar. Işany basdylar. Onuň ýaranlary Döwletiň oglanlyk edip, gabahat iş edendigini her ýerde samahyllaýardylar. Hatda olar obanyň “atly-abraýly” ýaşulysynyň günäsiniň geçilmegini sorap, hökümet ýolbaşçysynyň ýanyna arz edip bardylar. Hiç hili hemaýat tapmansoňlar olar başga bir tär ulandylar. Köşüliler bir gün Döwletiň kakasy Annamämmet Esenýazyň bir tanap ýerindäki gurap oturan üzüm agaçlaryny görüp haýran galdylar. Soň asyl görlüp oturylsa, işanyň adamlary bir gün gije agaçlaryň kökleriniň baryny orak bilen kesip gitseler nätjek. Muny olaryň Döwleti amana getirjek bolup: “Ine, işana degseňiz, bolaýjagy şudur. Hudaýyň gaharyny getirdiňiz” diýip, eden işleri ekeni. Barybir olaryň bu pirimlerindenem hiç hili netije çykmady. Döwleti öz obasynda gaty seýrek görýärdiler. Ol täze durmuşyň goragynda berk durmak bilen sowet kanuny bozýanlara, basmaçylara, her hili jenaýatçylara garşy bolşewik pähim – paýhasy bilen göreş alyp barýardy. -Basmaçylaryň iň soňky bandalary gumda her hili iş görýärdiler. 1931-nji ýylyň tomsy, has takygy, awgusty bolsa gerek. Hökümet ýolbaşçylarynyň goly bilen şol bandalaryň kethudalaryna meýletinlik bilen boýun etmek hakda hat ýaýradyldy. Munuň üçin hem möhlet goýuldy: 1-nji awgustdan 15-nji awgust aralygynda. Ine, şol günleriň birinde Döwlet Köşä öýlerine geldi. Haýdan-haý saçyny syrdyrdy. Öňki komissar geýmine derek, don, telpek geýdi, guşak guşandy. Ozaldanam ýeke oglunyň ömrüne kast edilmeginden heder edip ýören ene ýüregi bir zady syzandyr-da , öz galagoplylygyny daşyna çykardy. -Oglum, indi senden başga adam tapylmadymyka? – diýip, öz ikirjiňlenmesini gözlerinde balkyldap duran ýaşy bilen syzdyrdy. -Eje, şu aýgytly pursatda, meniň öz janymy penalajak bolmagym gülkünç bolmazmy näme? Men partiýanyň esgeri. Partiýa nirä iberse-de gitmeli bolar – diýip, ol mährem ejesiniň göwnüni ýykman, bolup geçýän ýagdaýlar bilen tanyşdyrdy. Ahyry ene ýüregi perzendine ak ýol arzuw etdi. Şeýdibem Döwlet guma, basmaçylaryň baştutanlary bilen gepleşik geçirmäge ýola düşdi. Men şol döwürde Aşgabatdaky 1-nji türkmen atly pokunda gulluk edýärdim. Gazanjykda birtopar bandanyň otlyny saklap, adamlary talandyklary hakda howsalaly habar geldi. Biz hem ýola düşdük. Duşmany derbi-dagyn edibem, yzymyza-dolandyk – diýip, Mämmet aga aýtdy. Ýeri gelende aýtsam, Mämmet Körpäýewiň täsin durmuş ýoly bar. Ol öz agasy Döwlet Mämmedowyň maslahat bermegi bilen ilkinji türkmen ýigitleriniň hatarynda milli atly polkuna gulluk etmäge barypdyr. Ine, meniň elimde sahypalary saralyşyp giden, mundan göni elli ýyl ozal Aşgabatda, ýagny 1934-nji ýylda neşir edilen “On ýyl sakçylykda” atly kitap bar. Bu kitap türkmen polkunyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanypdyr. Onda türkmen şahyrlarynyň edermen, merdana ýigitleriniň waspyny edýän goşgulary ýerleşdirilipdir. Tanyş atlar: Oraz Täçnazarow, Ata Salyh, Şaly Kekilow, Berdi Kerbabaýew, Durdy Agamämmedow bilen bilelikde Mämmet Körpäýewiň hem birnäçe goşgusy hem-de suraty kitapda ýerleşdirilipdir. Mämmet aga türkmen ýazyjylarynyň birinji gurultýyna delegat bolup gatnaşypdyr. Soňra Leningradda okapdyr. Nikolaý Tihonow bilen tanşypdyr. Garaz, geçilen ömür her hili durmuş wakalaryndan doly. -Döwletiň obada tutulýan oglan ady Çöwdüdi. Onuň çagalyk ýoldaşy Babaly aga ol hakda köp gürrüň edip bererdi. (Babaly Durdyýew ilkinji türkmen komsomollarynyň biri. Ol köp ýyllap Tejende bank ugrundan işläpdi. Geçen ýyl aradan çykdy. – A.Ç.). 1922-nji ýylda Daşkentde geçirilen Türküstan komsomolynyň birinji gurultaýyna hem gatnaşypdyrlar. “Biziň ýolbaşçymyz Döwlet Mämmedowdy. Onuň bilen biz komsomollar Nepes Myradow (Türkmen politehniki institutynyň rektory S.N. Myradowyň kakasy) Öwez Myradow (TSSR YA-nyň Botanika institutynyň direktory G.Myradowyň kakasy), Ata Geldiýew, Agabaý Niýazmyradow (şahyr Annaberdi Agabaýewiň kakasy, geçen ýyl togsan ýaşynda ýogaldy – A.Ç.) dagymyz gurultaýa gatnaşypdyk – diýip, Babaly aga aýdýardy. Mämmet Körpäýew dymdy. Mätäjiniň dogany Esenýazyň agtygy bolan Döwlet Mämmedow hakda gürrüň berýän Mämmet aga näme üçindir esli wagtlap dymandan soň: -Zor oguldy. Döwlet zor oguldy. Arassa adamdy. Partiýanyň, hökümetiň işi üçin janyny gaýgyrmandy – diýdi. Gözel Iwanowna Gözel Iwanowna Döwlet Mämmedowyň aýal dogany. Ol häzir hormatly dynç alyşda. Gözel Iwanowna öz dogany hakda, ine, şeýle ýatlaýar: -Biziň kakamyza Annamämmet Esenýaz ogly diýýärdiler. Ejemiziň ady Ogulnäzikdi. Döwlet, Orazjemal, Sapargül dagymyz ir wagtda durmuşyň agyr şapbadyny datdyk. Kakamyz daýhançylyk edýärdi. 1925-nji ýylda Döwlet meni Aşgabatda açylan Ene Kulyýewa adyndaky çagalar öýüne tabşyrdy. Ýedi ýyllap şo ýerde terbiýe aldym. Çagalar öýünde terbiýelenenleriň köpüsi bu gün aramyzda ýok. Ene Kulyýewanyň gyzlary Baýramgüldür Niýazgül, Artykgül Tekinskaýanyň ogly Ýazmuhammetdir gyzy Gulýa we gaýrylary, heý-de, ýatdan çykaryp bolarmy?! Şu günki ýaly göz öňümde: ýarygije çagalar öýüniň gapysy batly-batly kakyldy. Hemmämiz oýandyk. Bir milisioner, ýanynda-da bir adam Büzmeýinden gelendiklerini aýtdylar. Ýanlarynda-da iki sany gyzjagaz bar. Soň eşidip otursak, bu iki gyzjagazyň ejesini garyndaşlary başga birine dakjak bolupdyrlar. Olam göwnemänsoň, ony çapym-çapym edip, gynap öldüripdirler. Bu iki dogan ejeleriniň adyny familiýa edindiler: Saçly we Çeper Dursunowalar. Sona we Suraý Myradowalar, Annagül we Hatyja Nepesowalar, Anna Aşyrowa, Maýa Akmyradowa... bular biziň çaga döwrümiziň hemralary. Gözel Daşkentdäki Orta Aziýa kommunistik uniwersitetinde okaýar. Aşgabatdaky 2-nji rus mekdep-internatynyň direktorynyň orunbasary bolup işleýär. Men ondan özüne rus familiýasynyň nähili dakylandygy barada soradym. Ol çalaja ýylgyrýar-da: -Onuň öz taryhy bar. Muny maňa ministrimiz dakdy – diýýär. Men uruş ýyllary trikotaž fabriginde işledim. Ilki şägirt, soňra master, soň fabrigiň ýanyndaky FZO mekdebinde direktor bolup işledim. Agyr şertlerde işlenilýärdi. Ministrimiz Altybaýewa häli-şindi fabrige gelip, halymyzdan habar alýardy. Işçileriňem köp bölegi rus gelin-gyzlarydy. Olar maňa iş öwredýärdiler, gaýgy-şatlygymy hem şolar bilen deň paýlaşýardym. Şonuň üçin bolsa gerek, şodur-da-şodur, meniň adym Gözel Iwanowna bolup galdy oturyberdi. Gözel Iwanowna trikotaž fabriginiň direktory bolup birnäçe ýyl işledi. Moskwada tehnologik institutynda okady. Azyk senagty ministrliginde uprawleniýe naçalnigi, makaron fabriginiň direktory, Aşgabat şäher ilata durmuş hyzmaty uprawleniýesiniň naçalnigi ýaly dürli jogapkär wezipelerde işledi. -Döwlet meni ilkinji türkmen gyzlarynyň hatarynda okatdy. Tälim berdi. Uzyn boýly, ak ýüzli, owadan sypat agamyň keşbi hemişe göz öňümde – diýip, Gözel Iwanowna Mämmedowa aýdýar. *** Döwlet Mämmedow “Ýaş jarçy” atly türkmen dilinde çykýan žurnalyň ilkinji awtorlarynyň biridi. 1924-nji ýylyň martynda bu žurnalyň birinji sany Daşkentdäki Orta Aziýa döwlet neşirýatynyň birinji görelde musulman tipo-litografiýasynda çap edildi. Şeýle hem ol şol ýylyň ýanwaryndan türkmen dilinde çykyp ugran “Kommunist ýoldaş” atly žurnalyň redkollegiýa çlenleriniň biridi. Redkollegiýa sekiz adamdan ybarat bolup, onuň hataryna G.Atabaýew, H.Sähetmyradow dagy hem girýärdi. 1936-njy ýylyň awgustyndan Aşgabatda “Mugallyma kömek” atly žurnal çykyp ugrady. Žurnalyň ilkinji redaktory TSSR magaryf halk komissary Döwlet Mämmedowdy. Ýetmiş sahypalyk žurnal dört müň ekzemplýar tiraž bilen çykýardy. Halk komissarynyň aladalary 1935-nji ýylyň ýanwarynda Bütintürkmenistan Sowetleriniň V gurultaýynda Döwlet Mämmedow TSSR magaryf halk komissary wezipesine bellenip, TSSR Merkezi Ispolnitel Komitetiniň prezidiumynyň çlenligine saýlanýar. Mundan öň ol partiýanyň Kerki okrug komitetiniň sekretarydy. Döwlet Mämmedow gurultaýda çykyş edýär. Ol öz çykyşynda ine, şu zatlar dogrusynda aýdýar: -Sowatsyzlygy ýok etmek ugrundaky üstünliklerimiz az däl. 1930-njy ýylda sowatlylaryň sany 1 prosente ýeten bolsa, häzir bu san 59 prosente ýetdi. Bu bizi guwandyrman duranok. Ýöne hakykaty aýtmaly, ýerlerde sowatsyzlyga garşy göreş üçin heniz-henizler aýgytly göreş alyp barmaly bolarys. Ýakynda Kerki okrugynyň sowetleriniň gurultaýy geçdi. Gurultaýa gatnaşan otuz delegatyň hemmesi sowady çykmadyk adamlar. Gynansak-da, mandat komissiýasynyň hasaplamagyna görä, şu geçip oturan gurultaýymyza gatnaşýan delegatlaryň arasynda hem sowatsyzlar az däl. Soňra ol aýal-gyzlaryň sowadyna kembaha garalýan ýerleriň bardygyny aýdyp, anyk mysallara ýüzlendi. -Meselem, Hojambaz raýonynda likbezde okaýanlaryň 900-sinden 80-si aýallar, Çarşaňňyda 1039-yň 140-sy, Kerkide 839-yň 64-si aýallar. Munuň özi, biziň ýüz görmezden, aýgytly göreş etmegimizi talap edýär. Gurultaý bäşýyllygyň ahyrynda hökman başlangyç bilimi almaklyga geçmegi göz öňünde tutdy. Halk komissary gysga wagtyň içinde halky sowatly etmekligiň niçiksi agyr wezipedigine oňat düşünýärdi. Munuň üçin ol alnyp barylýan göreşiň her bir formasyndan ýerlikli peýdalanmgyň zerurdygyny belleýärdi. Ýerlerde medeni magaryf seksiýalarynyň işi oňat ýola goýuldy. Onuň hatarlaryna mekdep direktorlary, mugallymlar, göreldeli okuwçylar... kabul edilýärdi. Bu seksiýalarda göreldeli işleýänler sylaglanylýardy. 1935-nji ýylda TSSR MIK şeýle adamlaryň kyrk sekizsini sylaglamak hakda karar etdi. Şol ýylyň sentýabrynda TK(b)P MK mekdep ýaşly çagalary mekdebe çekmegi TSSR Magaryf halk komissarlygyny borçly etdi. Ýaş aýal-gyzlaryň Bütintürkmenistan I gurultaýyny geçirmekde hem Döwlet Mämmedowyň goşan goşandy az däldi. Gurultaýa delegat gelin-gyzlaryň 409-sy geldi. Gurultaýda Çärjewde we Aşgabatda mugallymlary taýýarlaýan kurslary açmak barada gürrüň edildi. Halk komissary gumly çagalryň sowatlylygy hakda aýratyn alada edýärdi. Täze okuw ýylynda Ýerbentde 160 orunlyk okuwçy üçin mekdep jaýynyň salnyp, ulanylmaga berlende, onuň begenjiniň çägi bolmandy. *** 1936-njy ýylda Ýakowlewiň birleşmesiniň esgerlerinden we komandirlerinden düzülen otrýad Leniniň ady dakylan belenligi eýelemek üçin ýöriş geçirdi. Şu mynasybetli, TSSR Merkezi Ispolnitel Komiteti ýöriş döwründe edermenlik görkezenleriň hemmesini gymmat bahaly sowgat bilen hem-de otrýadyň komandiri, polkownik Baýdalinowy TSSR MIK-niň Hormat haty bilen sylaglamak hakda karar etdi. Şol ýylyň 9-njy sentýabrynyň agşamsy ýörişe gatnaşyjylar paýtagtymyzdaky Gyzyl Goşun öýüne ýygnandylar. Dabaraly mejlisi Döwlet Mämmedow açdy. -Ýoldaşlar! Biziň şöhratly ýýigitlerimiziň biri dolanyp gelmedi. Öz söweşjeň postunda wepat bolan komandir Pomogoýlynyň ýagty ýadygärligini hormatlalyň... Şondan soň Döwlet Mämmedow ýörişe gatnaşan esgerleriň görkezen edermenligi hakda gürrüň etdi. TSSR MIK-niň kararyny okamak üçin TSSR MIK-niň sekretary Hajy Atabaýewe söz berilýär. Ol ýörişe gatnaşanlaryň kimsine patefon gowşursa, kimsine welosipedler sagat, fotoapparat ... gowşurylýar. Otrýadyň komsorgy Filiminowiç öz çykyşynda şeýle diýdi: -Biz, elbetde, belentligiň çür depesine çykyp bilmedik. Emma goý, syrgyndyr harasat gopsun, güýçli ýel tursun, parhy ýok, geljek ýyl göz öňünde tutýan sepgidimizi eýelejekdigimizi öz otrýadymyzyň adyndan ynandyrýan. Ekspedisiýanyň naçalnigi polkownik Baýdalinow şeýle söweşjeň taýýarlykda alpinizmiň bütin taryhynda, hiç bir goşunyň harby okuw döwründe şeýle belentlige ýöriş geçirmändigini belledi. Munuň ilkinji synanyşykdygyny aýtdy. *** Otuzynjy ýyllar respublikamyz batly gadamlar bilen senagatda, oba hojalygynda, medeniýetde uly – uly üstünliklere eýe boldy. Medeni rewolýusiýa bolsa üstünlik bilen amala aşyrylýardy. Halky sowatly etmek barada partiýanyň öňde goýan wezipesini çözmekde TSSR magaryf halk komissary Döwlet Mämmedow hem güýç-gaýratyny gaýgyrman işleýärdi. Ol respublikamyzyň dürli ýerlerinde komandirowkalarda bolýardy, türkmen ýigitlerinden – gyzlaryndan beýleki respublikalarda okamak üçin mynasyp kadrlary saýlap alýardy. Magaryf halk komissarlygynyň işi bilen Moskwada bolup, magaryfyň hajatlary üçin alada edýärdi. Garaz, işi gaty kändi. Gurultaýlarda çykyş edýärdi. Wajyp meseleleri çözmekdäki mejlislerde degerli teklipleri orta atýardy. Emma... Hawa, olam öz deň-duş nesli ýaly ýalan töhmetiň pidasy boldy. Awtordan Hawa, Döwlet Mämmedowyň täsin ömür ýoly bar. Ol 1919-njy ýylda gysga wagtlaýyn gurlan mugallymçylyk kursuny tamamlap, öz obalarynda halky hat-sowata çagyrypdyr. Soňra harby-syýasy kursda okapdyr. Gyzyl Goşunyň syýasy bölümi ony Çekişler otrýadyna syýasy işgär hökmünde işe iberipdir. Ol komsomolyň Türkmen obkomynyň jogapkär sekretary bolup işläpdir. Komsomolyň Poltorask uezd komiteti ony Türküstan komsomolynyň gurultaýyna delegat edip ýollapdyr. Döwlet Türküstan komsomolynyň Merkezi Komitetiniň çleni hem-de birnäçe wagtlap onuň Býurosynyň çleni bolupdyr. Ol Türküstan komsomolynyň merkezi apparatynda çarwa ýaşlarynyň arasynda iş geçirmek baradaky bölümde işläpdir. Daşkentde türkmen dilinde çykýan gazetiň jogapkär redaktory bolupdyr. Birnäçe wagtlap Türküstan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň agitprop bölüminde, şeýle hem Türküstan respublikasynyň ýustisiýa halk komissarynyň orunbasary, respublikanyň sosial-üpjünçilik halk komissary wezipelerinde işledi. Özbegistan Sowet Sosialistik Respublikasy döredilende, oňa sosial - üpjünçilik halk komissary wezipesi ynanyldy. Ýigriminji ýyllaryň ortalarynda bolsa ol Türkmenistan respublikasynyň ýustisiýa halk komissarlygynda, Ýokary sudunda jogapkär wezipeleri eýeledi. Orta Aziýa döwlet uniwersitetinde okaýan döwründe ol okuwynyň daşyndan bu ýokary okuw jaýynyň prorektory bolup işledi. Daşkentdäki Orta Aziýa zooweterinariýa institutynyň direktory boldy. Ol 1931-nji ýylyň awgustyndan TK(b)P MK-nyň bölüm müdiri we partiýanyň Merkezi Komitetiniň Býuro çleni hökmünde uly işleri amala aşyrdy. Döwlet Mämmedow kynçylyklardan gorkmaýardy. Nirede kynçylyk çekilýän bolsa, ol özüniň şol ýere iberilmegini soraýardy. Partiýanyň Kerki okrug komitetiniň jogapkär sekretary bolup birnäçe ýyl işlän döwründe-de bu şeýle bolupdy. Döwlet Mämmedow kä pyýada, kä atly okrugyň ähli ýerine aýlanyp çykypdy. Ençeme gezek janyna howp abansa-da, hiç bir zatdan heder etmändi. Ol bu kynçylyklaryň wagtlaýyndygyna, ýagty durmuşyň, bagtyýar eşretiň öňdedigine ýüregi bilen ynanýardy. Baran ýerinde hem ýönekeý halkyň dilini tapyp, bu zatlar hakynda örän sadalyk we ynandyryjylyk bilen söhbet açýardy. 1937-nji ýylda oňa nähak töhmet atyldy. Bary-ýogy 35 ýaşly Döwlet Mämmedow gysga ömür ýaşasa-da, öz yzynda hemişe ýatlanyp ýörüljek uly ýadygärlik goýup gitdi. Ol ýadygärligiň adyna partiýanyň we halkyň işine janyň-teniň bilen berilip, oňa wepaly gulluk etmeklik diýilýär. Arassa ýaşap, halk bilen bir jan-bir ten bolup, halal ýaşamaklyk diýilýär. Döwlet Mämmedow erkli adamlary gowy görýärdi. Çünki onuň özi özdiýenli, erkli adamdy. Şonuň üçinem ol özüniň ýeke-täk perzendiniň adyna Erkli diýip at dakypdy. Häzir Erkli Mämmedow Daşkentde ýaşaýar. Professor Erkli Mämmedow öz atasynyň ýoluny mynasyp dowam etdirýär. 1984 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |