07:58 Ýürek darykdy | |
ÝÜREK DARYKDY
Goşgular
Magtymguly unutmagyl, Gidejek sen, gidejek sen. Magtymguly Pyragy Altmyş ýaşa ýetmek, uzakdyr öýtdüm, Asyl, golaý eken, alnymdan çykdy. Deň-duş bir dostuma syrymy aýtdym, Makullap baş atyp, ýylgyryp bakdy. «Agzybir ýaşaşsaň maşgalaň bilen, Hoşwagt bolup gitse, ýanyňa gelen, Her zadyň soňy bar, pederler ölen», Onuň bu sözleri, aňrybaş hakdy. Ýetmiş ýaşla duşup gürrüňdeş boldum, Diýdi: «Bürgütdim men, awumdan galdym», Her gezek, ýylgyryp ýadyma saldym, Gol tutup, gulagma bir çawuş çakdy. Segseni ýaşanyň ýanyna bardym, Hal-ahwal soraşyp, halyny gördüm, Öwünip parlady, ýeňledip derdin, Içen çaýy ýokup, der bolup akdy. Öýüne baramda, togsany ýaşan, Gan basyş sebäpli dili çolaşan, Öňden gürrüňdeş biz, sözi alyşan, «Gelip durgun» diýip, egnime kakdy. Ýadyma düşüp dur, ýigitlik çagym, Ogşapdym, dişläpdim ýaryň ýaňagyn, Arzuwlarym üstündedi Кар dagyň, Jahyllygym mesligime şärikdi. Illi sözlär, her zat göwnüme geler, Azarsyz ýetmişe ýetirse bolar, Peýman haçan dolar? Bir Alla biler! Bilmen, ýürek bu gün nämä darykdy? | |
|
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Baýram handan gazallar / Goşgular - 14.08.2024 |
√ Ýörter siz / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ «Depämizden syrygyp dur gar suwy...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Soñudagy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Mähir, meni terk etme sen! / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Döwür oýlanmasy / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Içimizdäki Musa... / Goşgular - 07.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |