06:40 Ýürek ýatlamasy | |
ÝÜREK ÝATLAMASY
Ýatlamalar
Ony tanaýanlaryň hemmesi, goý, ol işçi ýa-da žurnalist, şahyr ýa-da daýhan bolsun, parhy ýok, mähir bilen «Anna Pawlowna» diýip ýüzlenýärler. Bu sada, kiçi göwünli zenanyň geçen durmuş ýoluna köpler näbelet bolsa gerek. Çünki ol özi hakda mahabatly sözler bilen gürrüň bermegi halap duranok... Ol Uralyň obalarynyň birinde doguldy. Şol döwürde hemme ýerde täze durmuş gurmak ugrundaky göreş möwç urýardy. Onuň kakasy hem obada ilkinjileriň biri bolup täze durmuş ugrundaky göreşe galkynypdy. Rewolýusiýanyň gazananlaryny düýbi-teýkary bilen ýok etmäge dyrjaşýan her hili bandalara garşy eli ýaragly söweşipdi. Ol kolhoza-da maşgalasy bilen ilkinji bolup giripdi. Soň-soňlar Pawel Nikitowiç uzak Uraldan Moskwa gidişlerini çagalaryna gürrüň edip bererdi. Şol döwürde Uraldan Moskwa gitmegiň nähili kynlygyny göz öňüne getirip görüň. Ýöne şeýle kynçylyk daýhanlary birjik-de howatyrlandyrmandy. Uraldan gelen daýhanlary Mihail Iwanowiç Kalinin höwes bilen kabul edýär. Olaryň halyndan habar alýar. Uralda kolhoz gurluşygynyň barşyny soraşdyrýar. Ine, şu ýerde-de daýhanlar bu işde goýberilýän kemçilikler barada oňa ýüreklerini dökýarler. Şol wagtam sekretar gapydan girip, Kalinine fransuz delegasiýasynyň gelip, garaşyp durandygyny habar berýär. Mihail Iwanowiç «Goý, girsinler» diýýärde urally daýhanlara «oturyberiň» diýen yşarat edýär. Fransuz kapitalistleriniň bir topary ruslara seredip, göwnüýetmezçilik bilen geçip oturýarlar. Dilmaç arkaly gürrüňçilik başlanýar. Kapitalistlerin biri ýanynda oturana öz dilinde bir zatlar aýdyşdyryp, ýakymsyz ýylgyryp seredýär. Pawel Nikitowiçiň bolsa fransuz dilinden habary bar eken. Ol saklanyp bilmän, jozzuk ýüzli kapitaliste fransuzça jogap berýär: «Rus daýhanynyň nähili başarnygynyň bardygyny biz size görkezeris, jenaplar. Soňurragam bir gelip görüň! ». Kapitalistler daýhandan beýle zada garaşmasalar nätjek. Olar özleriniň oňaýsyz ýagdaýa düşendiklerini aňyp turmak bilen bolýarlar. Mihail Iwanowiç bolsa olar çykyp gidenson, hezil edip gülýär. – Ýalňyşmaýan bolsam, «Selskaýa žizn» gazetindedi öýdýän, bu hakda ýazypdylar – diýip, Anna Pawlowna bize gürrüň berýär. Hawa, şol daýhanyň gyzy Anna Pawlowna bu gün uly durmuş ýoluny geçdi. Onuň tutuş durmuş ýolunyň manyly ýaşalandygyna gürleşip otyrkaň anyk göz ýetirýärsiň. Ol şu geçen ýyllarda kakasynyň wesetlerine wepaly boldy. Hakykaty baýdak edindi. Il-günüň aladasy bilen ýaşady, her bir kynçylykly pursatlarda-da adamlara mähir paýlady. 1941-nji ýyl. Ol kakasy bilen awiasion zawodda işleýärdi. Onuň işleýän sehinde alty ýüz işçi bardy. Şolaryň içinde-de Anna ýeke-täk zenan maşgalady. Işçiler onuň adyny Anýajan diýip tutýardylar. Ony sehiň komsomol guramasynyň sekretarlygyna saýlapdylar. Soňam ol zawodyň komsomol komitetiniň sekretarlygyna saýlanypdy. Ol öz işbaşarjaňlygy bilenem, guramaçylygy bilenem zawodyň işçileriniň arasynda özüni aldyrypdy. Şol ýyl tüpeň atmak boýunça oblastyň çempiony ada-da mynasyp bolupdy. Işiniň daşyndan hem şäherdäki awiasion uçilişede okaýardy. Üç aýlyk medsestralary taýýarlaýan kursa-da gatnaýardy. Olar «Uruş turdy! » diýen aýylganç habary şäheriň eteginde ýerleşýän zawodyň dynç alyş sanatorisinde eşidipdiler. Bu sanatorini zawodyň ýaşlary öz tagallalary bilen gurupdylar. Emma olara ine-gana dynç almak miyesser etmedi. Uruş habaryny eşidenden, ýaşlar kim pyýada, kim maşynly şähere tarap eňipdiler. Gelibem harby komissariata arzalaryny beripdiler. Olaryň köpüsini haýdan-haý fronta ugratdylar. Sekretar gyza bolsa «Işläber, gerek bolsa özümiz çagyrarys» diýdiler. Emma ol bu jogaba kanagat edip biljek däldi. Ol harby komissariata telim gezek gelip, özüni fronta ugratmaklaryny sorady. Bir gezegem oňa otuz adamdan ybarat topar guramagy tabşyrdylar. Bu toparyň, esasan, ýaşlardan düzülmelidigini, olara jogapkärli işiň tabşyryljakdygyny aýtdylar. Anna Pawlowna işe girişdi. Spisoga otuzyň biri edip, öz familiýasyny hem goşdy. Ine, şeýdibem onuň söweş ýoly başlanýar. Gysga wagtlyk kursdan soň, toparyň etmeli, bitirmeli işleri anyklan dy. Günbatar frontuň 10-njy armiýasyna degişli edip iberilen razwedkaçylar toparynyň komsomol guramasynyň sekretary hem Anna Pawlownady. Şu ýerde razwedkaçynyň işiniň niçik agyr bolandygyny çintgäp oturmagyň hajaty ýok bolsa gerek. Ol ençeme gezek ölüm bilen ýüzbe-ýüz durmaly bolupdy. Her gezegem Anna Pawlowna ölümden üstün çykypdy. ...Goňşy obada ýerleşýän polkuň içinde duşman içalysynyň hereket edýänligi mälim boldy. Çünki onuň ýerleşýän ýerini duşman gije-de bolsa, gündizem bolsa bombalap gidýärdi. Şübhe astyna alnan adamyň familiýasy-da bellidi. «Ştaba çagyrýarlar» diýen habary eşidenden Anna Pawlowna razwedkaçylar toparynyň komandiriniň ýanynda peýda bolupdy. Komandir ýagdany mälim edenden soň: –Niçik, familiýa tanyşmy?—diýip sorady. –Öz-ä tanyş ýaly. –Nirede eşidenligiňi hakydaňa getirip biljekmi? Anna Pawlowna ýadynda galan zatlary birin-birin gürrüň berdi. Anna Pawlowna söweşjeň tabşyryk alyp, goňşy polka ugrady. Ol bu ýerde tanyş familiýaly adamyň şoldugyny ýa-da şol däldigini anyklamalydy. Şonuň üçinem ätiýaçly hereket etmelidi. Iň bir owunjak zatlary-da ýatdan çykarmaly däldi. Ol polka baryp, esgerlerden meýdan poçtasynyň ýagdaýyny soramalydy. Onsoňam, tanyş familiýaly adamy synlamalydy. Seredip görse, ol adam öz tanaýan adamyna düýbünden meňzänokdy. Galyberse-de, onuň tanaýan esgeri goňşy obadandy. Anna Pawlowna şonuň üçinem onuň dogduk obasyna baryp görmegi ýüregine düwdi. Obada ol birinden: –Siz Grigorini-hä tanaýan dälsiňiz-dä. Hat-habar gelýärmi? Oň bilen urşuň başynda bile söweşipdik. Ol ýaralanyp, gospitala düşdi. Şondan bäri görşemzok–diýip sorady. Ol adam özüniň hiç zat bilmeýändigini aýtdy. Işlerini birýüzli edensoň, razwedkaçy gyz agşamara yzyna dolandy. Tokaýyň içinde bilbiller saýraýardy. Göýä dünýäde uruş ýok ýalydy. Asudalykdy. Birdeiýem ýakyn ýanynda bir garanyň duýdansyz peýda bolmagy ony ukudan açana dönderdi. Gödek ses bilen: –Bu jelegaýda näme işläp ýörsüň. Hany, galdyr eliňi – diýip, azm urşy, onuň päliniň düzüw däldiginden habar berýärdi. –Näme işlämde saňa näme? – diýip, ýaş gyz özüni dürsedi. –Indi maňa bagly bor. Hemme zada burnuňy sokup ýörseň, maslygyň gargalara şam bolar. Ol şeýle diýdi-de, gyzyň ýaragynyň bardygyny-ýokdugyny anyklamak üçin onuň jübülerini barlaşdyrdy. Anna Pawlowna köne endigine eýerip, bu gezegem naganyny güpbüsiniň astynda kemerine gysdyrypdy. –Hany, çykaryşdyr geýimleriňi – diýen hemleli ses oňa elini aşak goýbermäge maý berdi. Ol bada-bat naganyny aldy-da, garşysyndakynyň ýazzy maňlaýyndan çüýledi. Ol şo bada ýere ýazyldy. Soň, görlüp oturylsa, onuň dönükdigi anyklanyldy. Şonuň üsti bilen başga-da bir topar dönügiň üsti açyldy. Hawa, onuň söweş terjimehalynda şeýle dartgynly pursatlar bir ýa iki däl. Anna Pawlowna gürrüň berip oturyşyna, biraz salym dymýar. Soňam bile söweşen dostlaryny ýatlaýar. Olaryň köpüsi indi ýok. –«Ur, duşmany! » atly harby gazetiň işgärleri bilen goňşulykda bolýardyk. Olar bilen häli-şindi duşuşýardyk. Bu gazetde şol wagtlar Iwan Swistunow, Iwan Semýonow, Grigoriý Kowalýow, Ýewgeniý Agranowiç, Mihail Sawin, Wiktor Woýniç ýaly žurnalistler işleýärdiler. Gazete M. Mosenok redaktorlyk edýärdi. Ol uruşdan soň «Türkmenskaýa iskra» gazetine-de bir-näçe ýyllap ýolbaşçylyk etdi. Gaty gowy adamdy, zehinli žurnalistdi. Birküç ýyllykda Permde ýogaldy. Hawa, onsoň biz bir gezek žurnalistler bilen sahnajyk goýmagy göz öňunde tutduk. Aleksandr Twardowskiý bilen Ýewgeniý Agranowiç bolsa senarisini ýazmalydy. Twardowskiý şol wagtlar harby žurnalistdi. Ol biziň aramyza häli-şindi geler durardy. Haý diýmän, işe girişdik. Bu satiriki sahnajykda duşman goşunlarynyň üstünden gülünýärdi. Onuň premerasy şu günki ýaly ýadymda. Baý, gülmek gülünd-ä, Soň bu habar armiýanyň komandirlerine çenli baryp ýetipdir. Olar bu sahnajyk bilen bölümlerde çykyş etmegi bize tabşyrdylar – diýip, Anna Pawlowna aýdýar. –Ýalňyşmasam, Twardowskiý meşhur «Wasiliý Týorkiniň» ilkinji bölümlerini biziň aramyzdaka ýazyp başlapdy. Dynç alyş wagtynda onuň poýemadan bölekler okap berýäni meniň ýadyma düşýär. Biz onuň okap berýän goşgularyny, başyndan geçiren wakalary hakda berýän gürrüňlerini höwes bilen diňleýärdik. Ol küşt oýnamagy, aýratynam halk aýdymlaryny diňlemegi gowy görýärdi. Onuň biziň aramyza gelen güni gaýgy-gamymyz ýatdan çykýardy. Ol gele-gelmäne: Hany, Annuşka, bir aýdym gaçyryp bersene – diýdi. Hawa, aýdym şol uruş döwründe-de bize ýaşamaga, söweşmäge gurbat beripdi. Men onuň gürrüňiniň arasyny bölup: –Anna Pawlowna, siz uruşdan soň öz söweşjen dostlaryňyz bilen duşuşyp durýaňyzmy? – diýip sowal berdim. –Dagy näme! Duşuşybam durýas, hatam alşyp durus. Birki ýyllykda ýazyjy Iwan Swistunow «Ýaşamaly we ýatlamaly» atly kitabyny sowgat iberipdir. Şahyr Ýewgeniý Agranowiçiň iberen kitaby hem maňa köp zatlary ýatladýar. Olar häzir Moskwada ýaşaýarlar. Olaryň ýanýoldaşlary hem meniň söweşjeň joralarym. Geçen jahan urşunyň Ýeňiş bilen tamamlanyna 35 ýyl dolýar. Anna Pawlowna uruşdan soňky durmuşynyň 34 ýylyny Türkmenistan bilen baglanyşdyrdy. Özi hem iň bir hysyrdyly käri-žurnalistlik kärini saýlap aldy. «Agitatoryň bloknoty» žurnalynda edebi işgär, ellinji ýyllaryň ahyrynda Aşgabatda çykýan gurluşykçylaryň gazetinde redaktor «Na straže» gazetiniň redaktorynyň orunbasary «Türkmen uniwersiteti» atly köp tiražly gazetiň redaktory bolup işledi. Indem on ýyla golaý wagt bäri «Türkmenistanyň agitatory» žurnalynda jogapkär sekretar bolup işleýär. Otuz ýyldan gowrak wagtdan bäri türkmen žurnalistikasyny ösdürmäge uly goşant goşan adam hakynda ýene-de köp-köp mähirli sözleri aýtsa bolardy. Uruş. Ganym uruş. Ol enäni oguldan, ogly atalan ýary ýardan jyda düşürdi. Million-million ýüreklerdäki arzuwlary köýdürdi. Ýürek ýatlamasy mukaddesdir. Biziň gürrüňini edýän Anna Pawlowna Woýniçimiz hem ýürek ýatlamasy bilen ýaşaýar. Mahal-mahal geçilen uzak ýola ser salýar. Bu ýol bisarpa geçilmändir. Il-gün üçin, Watan üçin geçilen ýol bolsa mukaddesdir. Maý, 1979 ý. “Ýürek ýatlamasy” atly kitabyndan. 1986 ý | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |