ÝÜREKDEN ÇYKÝAN OWAZ
Gün urdumy,
gan basdymy, bilemok,
Ýap-ýañyja gapdaldaky öwrümde
Gözümiñ öñünde giden märekäñ
Bir adam ýykyldy köçäñ ugrunda.
Bilmen, agyrmydy gussasy-derdi,
Egsilmeýän hesret barmy kalbynda.
Habarym ýok,
habarym ýok, adamlar,
Bir adam ýykyldy köçäñ ugrunda.
Men gygyrýan,
Gozgananok hiç kişi.
Ýer dyrmalap otyr her kim ornunda.
Bu näme boldugy?
Eşidýäñizmi ~
Bir adam ýykyldy köçäñ ugrunda.
Eý aman!
Adamlañ birek-birege
Ýoldaş diýýän, dogan diýýän döwründe,
Beýle-de bir doñýüreklik bolarmy ~
Bir adam ýykyldy köçäñ ugrunda!
Megerem, ol bende size ynanyp,
Daýanyp ýaşandyr bütin ömründe.
Kömek ediñ! Halas ediñ! Ýetişiñ! ~
Bir adam ýykyldy köçäñ ugrunda!
Ýagşylygy, sahawaty şahyrlar
Taryp etdi müñ ýyllaryñ şygrynda.
Ýüregñiz awasyn, haýpyñyz gelsin ~
Bir adam ýykyldy köçäñ ugrunda!
Bolmaz ahyr adam beýle naýynsap,
Ynsanýetiñ gany bolsa bagrynda.
Bende bendesine sebäp bolarmyş ~
Bir adam ýykyldy köçäñ ugrunda.
Döw çaldymy, al kakdymy, bilemok,
Ýap-ýañy-da sagdy, ýañam gurgundy.
Göreşsin hemmeler bir adam üçin ~
Bir adam ýykyldy köçäñ ugrunda!
Beýle biagyrlyk, beýle sowuklyk
Sanjy bolup galar meniñ böwrümde.
Siz adammy?
Başga zatmy ~
Adamlar,
Bir adam ýykyldy köçäñ ugrunda!
▶ TEBIGAT WE ADAM
Ýok, entegem depeleriñ gerşinde
Gyşyñ gyñyr ýeli sykylyklaýar.
Entegem sazagyñ, gandymyñ düýbi,
Sowuk gujagynda gary saklaýar.
Gar awuly şemal entek-entegem
Ýüz-gözüñi býurokrat dek dalaýar.
Gün çykyp dur diýip aldanmaly däl ~
Gyş entegem umydyñy talaýar.
Öz ornuñy özgä bermek ýeñil däl,
Häkimligi bilen höwrügipdir gyş.
Bu neneñ täsinlik ~ ýagmaly bahym
Sowuk ak gar däl-de,
mylaýym ýagyş!
Henizem gözüni jüýjerdip ýatan
Ak garyñ ýerinde gök ot çykmaly.
Ýagyşdan soñ älemgoşar çaýylyp
Gök gübürdäp, ýyldyrymlar çakmaly!
Bakyñ, tebigatyñ bu kanunynda
Niçik adalat bar,
Neneñsi deñlik!
Her ýyl görüp duran zadymam welin
Bu ýagdaý ~ aklyñy oýnaýan geñlik.
Jahan gözün dikip, ýaza garaşýar.
Göz güldürip, süýşüp gelýär ol assa.
Añk ediji kämillik bar dünýäde,
Tebigatyñ özi durşuna nusga.
Adam bolsa...
onuñ akyldar ogly.
Hawa, adam şeý diýmegi halaýar.
Adam tebigatdan ylham alýar, hem...
Ony aýak aldygyna talaýar.
Aşa men-menligiñ melullygynda,
Aklyna aýlanmañ tapman tärini,
Şu gün ýaşamagyñ hatyrasyna
Parçalap ýör adam öz ertirini.
* * *
"Näme üçin dogry söze möhüm ýok,
Aýdymda duz, goşgularda mähir ýok?..
Şeýle diýip maña sowal berdiler,
Tasdan gygyrypdym:
"Yalan bu, ýalan!"
Dagy näme?
Eýsem meniñ özümem
Tankyt edilýän-ä şu sowal bilen.
Ýöne, ýokuş görseñ görüber welin,
Jogap tapylýança ähli sowala,
Jan edýäs, göreşýäs, kämilleşýäs diý,
Emma entek ýetdik diýme kemala.
Goşgularyñ mähri, aýdymyñ duzy,
Gaçýan bolsa ~
galpdyr hamyrmaýasy.
Diñe ýalan sözden ýasalyp bilwr
Aýdymyñ bihaly, goşgyñ zaýasy.
Indi mahal-mahal özümem duýman
Öz-özüme berýärin şo-ol sowaly.
Indi ony ýokuş görüp duramok,
Diýmek, sorag däl bolarly howaýy.
Indi ýazan kän-kän goşgularymdan
Öz göwnümem suw içenok ~ duýýaryn.
Dogry sözi edil dil öwrenen dek
Öwrenmegmiz gerekmikä diýýärin.
Berdinazar HUDAÝNAZAROW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy.
Goşgular