09:44 Ýüzbe-ýüz / hekaýa | |
ÝÜZBE-ÝÜZ
Hekaýalar
Garaňky otag, ýumulan gözler, kimdir biriniň düşünmegine garaşýan pikirler, düşnüksiz duýgular... -Dünýäň gaýgysy başyňdan inen ýaly bolup, kelläňi tutup otyrsyňmy? -Hä? Se-s-s-sen kim? -Işiň bolmasyn! Men oňa başga sorag bermäge dilim barmady.. Gorkudan ýaňa endam-janym buz ýaly bolan bolsa-da maňlaýymdan der çykýady. Hasanaklap çyrany ýakjak bolup ýerimden galdym. -Otur oturan ýeriňde, saňa çyra ýak diýen barmy?! -Hä, bor! Ýöne sen kimligiňi aýtmadyňa?! Ýogsa-da sesiň juda tanyş eşidilýä, aýdaý, sen kim? -Men-n-n-n..... -Hawa, sen... -Hany şu sazyň sesini açaly-la. Oh-o-o, Nury Halmämmedow “Kerwen” sazy. Sen indi klassika diňleýäň-ow. -Men ony hemişe diňleýän. -Şu kitaplaryň ýagdaýyna sered-ä, gaty açylmadygyna ýüz ýyl bolandyr. Sen kitap okarmyň diýsene. -Sen näme men üstümden gülmek üçin geldiňmi? Ynsmysyň, jynsmysyň? Asmandan indiňmi, ýerden çykdyňmy? Kim sen? Aýt ahyryn! Gel gowusy şu çyrany ýakaýaly, ýüzbe-ýüz gürleşsek has gowy bolar?! -Otur diýýän ýeriňde. Men ýeke gelemok. Meniň ýanymda seni tanaýan kä birleri bar. -Hany? Kim olar? -Ynha olar... Birdenem otagyň bir burçy ýagtylyp gitdi. Ol ýagtylykdan bolsa boýlary ösmän galan kiçijik adamjyklar görünýärdi. Ýöne ýüzlerini saýgaryp bolmaýady, anyk däldi. -Han-ha, ho-ol çep tarapda birinji durany görýäňmi? Ol seniň arzuwyň. Ol her gün sen ony hasyl etmedigiň üçin aglaýa. Onuň ýanynda duran bolsa seniň umydyň. Onuň boýy hemmeden kelte görýäňmi?! Ol gün-günden keltelip barýa. Ho-ol çalaja görünip duran bolsa seniň bagtyň, sen oňa ynanmaýanyň üçin hem ol barha uzaklaşýa. Ho-ol agsaklap ýöreni görýäňmi? Ol seniň göwnüň. Ho-ol mydarsyz oturan bolsa seniň ýüregiňdäki duýgyň. Sen olaryň barlygyny unutdyň. Sen olara ynamyňy kesdiň. Olar üçin göreşmediň. Olara ýyllar boýy azap berdiň. Ynsanlara kemsitdirdiň, ezdirdiň olary. Olar sen sebäpli bu gün şu ýagdaýda.Birdenem bir ýerden kiçijik çagajygyň sesi ýaly inçejik sesler eşidildi: “Sen meniň hasyl bolmagymy isläňokmy?”, “Meni söndürme haýyş edýän, halas et meni” “Meni ýitirme, meni gözle, tap meni.” “Meni öňkim ýaly dogumy bolasym gelýä. Meni ynjytdyrma haýyş edýän”, “Meni unutma, men ýene öňkim ýaly owadan bolasym gelýä, hemişe seniň ýanyňda bolasym gelýä, meni unutma.” -Eşidýäňmi? Bular seniň arzuwyň, umydyň, bagtyň, göwnüň, duýgyň sesleri. Olar saňa diňe bu gün däl her gün seslenýä. Ýöne sen olary diňläňok. Garşyňa çykan ujypsyzja kynçylyklar sebäpli olary ynjydýaň. Ol kynçylygy ýeňip geçip olara güýç bermegiň deregine bar günäni olara ýükläp beter güýçden gaçyrdyň. Sen olara ýyllar boýy ejir çekdirdiň. Ol sesler bolsa gulagymyň düýbünde bar-ha güýçli ýaňlanmaga başlady. Gorkyma ýerimden hem gozganyp bilmedim. Sesler öňkiden beter güýçlenip azap berýädi. Olar şeýlebir çirkin seslerdi welin gulaklarym kamata gelip barýardy. Çydamadym, ahyry: “Goýu-u-u-uň, kesiň sesiňizi-i-i-i-i-i, kesi-i-i-i-ň” diýip gygyrdym. Sesler kesildi. Bir salymdan hälki tanyş ses: -Azap çekýäňmi? Çydaňok hä? Sen heniz azap çekip göreňok. Olaryň çeken azaplarynyň öňünde seniň bujagazyň hiç zat. Sen olara elhenç azap berdiň olar bilen bilelikde maňa-da. -Saňa? Aý, dogan men seni tanamoga. Sesiň tanyş eşidilýä, Ýöne kimligiňi bilemok. Halys, eger çynym tanamok seni. -Meniň maksatlarym bardy. Sen olara ýetmegime päsgel berdiň, hemişe garşyma çykdyň. Bir işiň başyny tutdugym sen ejizletdiň meni. Ynsanlara gülki etdiň. -Ýok sen maňa töhmet atýaň. Men seni tanamok. -Tanaýaň. -Tanamok. -Häzir tanarsyň. Birden otagyň çyrasy ýandy. Çyra ýansa gorkmajak ýalydym emma indi beter sandyraýan. -Yuwaşlyk bilen öwrül. Yzyma öwrülmäge gorkýän. Bir tarapdan bolsa bilesigeljiligim günüme goýanok. Azajyk dogum tapyp, ýuwaşlyk bilen ses gelen tarapa seretdim, görsem garşymda hut meniň özüm durun. -H-i-i-i, s-s-sen-n-n, birhili maňa meňzeşmi? -Men— sen. -Men? Ýo-o-k bu boljak zat däl. Ýöne seň boýuň biraz menden keltemi? -Hawa, sebäbi sen meni diňlemediň, kiçeltdiň. Maňa ynanmadyň. Sen özüň bolup bilmediň. Şonuň üçin bu gün men şu ýagdaýda. Sen öňküligiňe dolan. Öňki pikirleriňe dolan. Özüň bol, seni üýtgetmeklerine ýol berme. Biz indi ýüzleşmeli bolmaly. Hoş! Birdenem elim direlip duran kelläm “tark” edip stola degdi. Äm-säm bolup töwerege göz aýladym. Telefonymda Nury Halmämmedowyň “Kerwen” sazy ýaňlanyp dur. Öňümde hekaýamyň garalamalary. Uludan dem alyp “Düýşüm eken” diýdim. Diýmesine diýdim welin şol günden bäri men özümi gözläp ýörün. Duşsam, aýtjak zatlarym bar. 2017ý. Çeşmesi: https://biz.islenen.ru/21564-yuzbe-yuz.html. 05.12.2022ý. | |
|
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |