23:41 Ýyldan ogrynça | |
ÝYLDAN OGRYNÇA
Goşgular
Gülüm duşuşmaga söz berdi maňa, Duýdurman gel diýdi. Geldim ogrynça. Çalaja tolgunyp, garaşdym oňa Bilbile duýdurman, gülden ogrynça. Dolan aý ýalbyrap, asmana galdy, Kümüş şöhlesini her ýana salddy, Gülüm gyzyl geýnip, gujagma doldy, Sypadym zülpüni ýelden ogrynça. Çal bulutlar pytrap, syryldy perde, Bahar ýeli oýun gurdy bir ýerde, Menem gül içinde – çolaja ýerde, Öpdüm söýgülimi ilden ogrynça. Bagt bilen balkyldap ýarymyň gözi, Bagyň güli ýaly görk berdi ýüzi, …Ýok, garradyp bilmez ýyllar hem bizi, Ýaşaýas ýar bilen ýyldan ogrynça. Halyl KULYÝEW. | |
|
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ "Meňzeş däl sen çagasyna adamyň..." / Goşgular - 30.11.2024 |
√ Gel, bize goşul / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Şygyrdaky yşkym / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Adamzat taryhyna çaklama / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |