00:02 Ýylmanmadyk beýitler | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Goşgular
▶ ÝYLMANMADYK BEÝITLER Kem-kemden daralyp barýar örüler.. Janyňy saklap dur derman-däriler, Hakydaňa gelýär allanireler - Ýatlamaga zat bar yza garasaň. Ýaşamak her näçe bolsa-da gowy. Garrylyk diýlen zat adama ýagy. Baş ýaýkaýaň uzadaňda aýagy "Şokurt, şokurt" edýän dyza garasaň. Näçe ýokuş degse-de bu mertebä, Ejizlemek bolmaz: erkek-erkeg-ä.. Soň bilemok. Şükür ýöne enteg-ä Damarlar dartylýar gyza garasaň.. Tebigat biz bilen oýnaýar oýun. Maňlaýy sypalan ýaş çaga deýin Ýene-de guwdurap başlaýar göwün Sowuk gyş sowlansoň ýaza garasaň. Seýran edip ata-babaň ýurduna, Çoýunyp otyrkaň ojar oduna, Ömür! Ömür! Ömür düşýär ýadyňa Küle dönüp barýan köze garasaň. Wagt hiç zady bir ýerinde durzanok. Gynanjym bar, nalyşym ýok, nalam ýok. Ýetmiş ýaşyň ýedi ýylça görnenok Durmuş atly şahandaza garasaň * * * Biribarym, ýanar tomsuň Gapdalynda gyş beripsiň. Säherlerde saýramaga Bilbil atly guş beripsiň. Üşänleri güneşledip, Aglanlary gülüşdirip, Pasly pasla ulaşdyryp Kä gar, kä ýagyş beripsiň. Kän sataşdym geze-geze, Bir adamda iki ýüze. Doýmaz-dolmaz öýlermize Halal-haram goş beripsiň. Geňtaňlyk kän bu dünýäde. Haýran galýan şeýle zada: Bu gursaklar garypka-da Göwünleri hoş beripsiň. Ýetişemzok ulalmaga, Adam pakyr mydam çaga. Öz-özüňi aldamaga Bir hamhyýal baş beripsiň. Körär uçgun, gowşar beden, Tamaň ýokdur-gelmez giden. Arman, arman, bu owadan Dünýäň soňun boş beripsiň. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Ýalana oda / Goşgular - 19.10.2024 |
√ Saňa bolan yşkymdan / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Saña barýan ýol / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Ýer şar aýlanýar / Goşgular - 09.06.2024 |
√ Yşkdan dawa kylan kişi... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |