22:04 “Yzda goýup Arpaklen magdanyn...” | |
"YZDA GOÝUP ARPAKLEN MAGDANYN..."
Taryhy makalalar
Biz şu söhebtimizde Apraklen magdany, onuň ilkinji ädimleri, görlen kynçylyklar hakda gürrüň bermekçi. Bu magdan otuzynjy ýyllarda Soýuzymyzda ýeke-täk magdandy. Ýurdumyzyň senagat kärhanalary üçin zerur bolan bu magdanyň ähmiýeti şo döwürde biçak uludy. Ilkinji bäşýyllyklaryň üstünlikli amal edilmeginde Sumbar jülgesinde ýerleşen Arpaklen magdanynyň hem öz goşandy bardy. Ilkinji bäşýyllygyň belent sepgitlerine tarap gadam urýan sosialistik Watanymyzyň himiýa senagaty üçin barit we witerit çig mal serişdesi ýetmezçilik edýärdi. Şonuň üçinem ol Angliýadan getirilýärdi. Ýeri gelende aýtsak, Angliýanyň Norfolsk grafligi dünýäde bu magdanyň gazylyp alynýan ýeke-täk mesgenidi. Has gowsy, biz söhbetimizi başdan başlalyň: Ýigiriminji ýyllaryň ahyrlarynda magdan inženeri, geolog W.P.Sokolowyň ýolbaşçylygynda Daşkentden iberilen geologik topar Garrygalada agtaryş işlerini amala aşyrdylar. Üç ýyllap çekilen gözleg işlerinden soň olar Guruçaý, Akgaýa, Arpaklen, Üçýatag hem-de Ikinar diýen ýerlerde baritiň hem-de witeritiň uly zapasynyň üstüni açdylar. Şeýle hem Arpaklende dört ýerde witeritiň baslygyp ýatandygy belli edildi. Aýratynam Damakly dagyň gerşindäki we onuň ýokarsynda ýerleşýän gadymy gonamçylygyň ýnyndaky witerit zapasynyň köp mukdardadygy takyklanyldy. Ýigrimi dokuzynjy ýylyň sentýabry geologlar agtaryş işlerini tamam etdiler. Emma heniz geçirilen işleriň hasabatyny ýazmak doly gutarmandy. Muňa garamazdan, olaryň adyna Moskwadan gyssagly habar gelip gowuşdy. Ol habarda her edip-hesip edip, Arpaklende witeritiň öndürilip ugralmalydygy teklip edilýärdi. Bu örän zerurdy. Şondan birnäçe wagt öň geolog Sokolow tarapyndan witeritiň iki tonnasy Moskwa iberilipdi. O ýerde bolsa Garrgaladan iberilen witeritiň hiliniň örän ýokarydygyna göz ýetirilipdi. Eýsem-de bolsa, ýurdumyz otuzynjy ýyla çenli Angliýada öndürilýän witeritiň otuz prosentini satyn alýardy. Angliýa şol wagt bütin dünýäde witerit öndürýän ýeke-täk döwletdi. Arpaklende bu magdanyň müň tonnasynyň bardygy hakda Sokolow Moskwa habar beripdi. Bu habaryň şo döwürde nähili şatlyk döredendigi hakda aýdyp oturasy iş ýok bolsa gerek. Bu habar ýurdumyzyň uly alymlarynyň hem ünsüni özüne çekdi. Şo döwürde eýýäm ady dünýä ylmynda belli alym, akademik Fersman Wsehimpromyň tabşyrygy bilen Garrygala tarap ýola düşdi. Ol Aşgabatda TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň hem-de Halk Hojalyk Sowetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Olaryň tagallasy bilen döredilen ekspedisiýa bilen Garrygala geldi. Ekspedisiýanyň hatarynda akademik Fersman, Halk Hojalyk Sowetiniň magdan senagaty zawodynyň direktory inžener Teleşow hem-de Deýew bardy. 1930-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda ekspedisiýa ýola düşdi. Ekspedisiýa Guryçaý, Arpaklen hem-de Ikinar diýen ýerlerde witeritiň alnyşyny ýola goýmak kararyna geldi. Halk Hojalyk Sowetiniň karary esasynda 1930-njy ýylyň 16-njy ýanwaryndan Arpaklen magdanyny işe girizmek ýola goýulýar. Onuň ilkinji direktorlygyna hem ekspedisiýanyň bir çleni kommunist Deýew bellenýär. Magdan üçin gysga döwürde, has takygy, on günüň içinde Gyzylarbatda gerekli gurallar ýasadylar. Bu gurallar bary-ýogy otuz adam üçin niýetlenendi. Türkmen obalaryndan gelen dürli ýaşdaky adamlar Soýuzymyzyň kärhanalary üçin örän zerur bolan magdany gazyp almak işine başlaýarlar. Akademik Fersman bu magdanyň işi bilen gyzyklanyp, şondan iki ýyl geçenden soň ikinji gezek Arpaklene gelýär. Ol bu hakda öz ýatlamalarynda ine, şeýle ýazgy galdyrypdyr: “Aşgabat bilen Kaspi deňziniň arasynda ýerleşýän Gyzylarbat stansiýasynda şatlama doňaklykdy. 1933-nji ýylyň fewraly. Biz aýylganç çäge tupanyndan ýaňy dynypdyk. Kaspi deňziniň kenarlaryndan ugrap, Balkanlaryň aralygy bilen geçip barýakak, demirgazyk-gündogardan öwüsýän şeýle bir aýylganç ýele duş geldik welin, relsler göz açyp ýumasy salymda çägä gömüldi. Eýlämize-beýlämize bakmankak, parowozyň tigirleri duran ýerinde aýlanyp başlady, otlymyz bialaç durmaly boldy. Baş konduktoryň haýbatly buýrugy biziň ählimizi demir ýola çykmaga mejbur etdi. Biz elimize çetiden edilen sübseleri alyp, 10 gradus aýazda, kesip barýan sowuk ýelde seresaplyk bilen hereket edip, özümiziň çala başy çatylan sübselerimiz bilen wagonlaryň arasyndaky relsleriň çägesini süpürýärdik” diýip, akademik Fersman ýolda gören görgüleri hakda ýazýar. Şeýlelikde, olar Gyzylarbada gelip düşýärler. Akademik öz ýazgysyny dowam etdirýär: “Ertir irden poçta awtomobiliniň ilkinji reýsi bilen biz Garrygala gitmelidik. Termometr 20 gradus sowuklygy görkezýärdi. ...Garrygala barýan ýol örän täsindi. Howa maýyldy. Gün özüniň şöhlesini bolluk bilen seçýärdi. ...Iki gezek azaşanymyzdan soň, biz ahyrsoňy Arpaklen diýen ýere gelip düşýäris. Çuň jülge Köpetdagyň serhetdäki gerişlerine süsnäp gidipdir. Günortanyň ýabany subtropik ösümlikleriniň hemmesi şu jülgede gögerip otyr. Olaryň çat ýokarsynda guraksy Köpetdagyň ýalaňaç gaýalary görünýär. Magdan üýşmekleri magdan ojaklarynyň golaýynda rejelenip basylypdyr. Magdan damarlary äpet gerişleriň üstünden uzyn zolak bolup görünýär. Ak, arassa magdan daşy ol damaryň esasyny düzýär. Bu örän seýrek mineral bolan kömürturşyly bariý ýa-da witeritdir. Ol şu wagta çenli köp mukdarda diňe Angliýada duş gelýärdi. Ol baritiň iň oňat magdany bolup durýar. Bu metal ak boýaglar we ekin meýdanlaryndaky zyýanly mör-möjeklere garşy awuly zäherler taýýarlamak üçin gerek, bu metal biziň senagatymyzda aýratyn praktiki ähmiýete eýedir. Uzalyp gidýän giň damarlar diňe bir ol magdandan ybarat däldir. Ak witerit bilen edil şonuň ýaly ak barit - kömürturşyly bariý we kalsiý – kömürturşyly kalsiý garyşyp ýatyr. Biziň gymmatly magdanymyzy onuň özi ýaly ak hemralaryndan saýlap almak gerek. Hatda minerolog üçinem örän kyn bolan bu operasiýany ýerine ýetirmegi öwrenendiklerini bir türkmen maňa gürrüň berdi. Ol maňa ýanymyzda ýanyp duran ody görkezdi-de: - Ine, serediň, men oňa üç sany daşy taşlaryn. Olaryň biri üýtgemän galar, beýlekisi şatyrdap darka-darka ýarylar. Üçünjisi bolsa ak poroşoga öwrüler. Şeýle edip biz daşlary aýyl-saýyl edýäris. Otda owranmaýan daş hem şol gymmatly magdan ahyryn! – diýip, ol gürrüň berdi. Ol türkmeniň aýdanlary rast ekeni. Witerit üýtgemeýär. Barit şatyrdap dargaýar. Kalsiý bolsa kömür kislotasyny ýitireni sebäpli una öwrülýär. ...Gijäni oduň başynda geçirdik. Howa örän maýyldy. Töwerek – daşymyzda otlar gök salýardy. Şol günüň ertesi uzynly güni köpsanly damarlary gözden geçirmeklige sarp etdik. Hemme ýerde, megerem, baryp alpi döwründe bolup geçen owranmalaryň şol birmeňzeş çyzyklary, baritiň we witeritiň ajaýyp ak minerallarynyň alamatlary, käbir ýerlerde kükürtturşuly simabyň alamatlary, käýarym hem sink abmankasynyň goňur dänejikleri göze ilýär. Öz öňümizde çuň mukdardaky magdan massalarynyň birhili uzaklaşan şahalaryny mese-mälim gördük. Nirededir bir çuňlukda, megerem, günortada egrinlik merkez bolmalydyr. Onuň gyzgyn howurlary köp sanly akymlar bolup, ýeriň ýüzüne çykmaga dyzaýandyr” – diýip, akademik Fersman şo döwürde ýurdumyzda bu ugurdan ýeke-täk magdanly ýer bolan Arpaklen hakda jikme-jik ýazýar. Olar Arpaklenden Garrygala tarap atly gaýdýarlar. Sumbar derýasynyň ýakasy bilen maýyl howada olar aýry-aýry obalaryň üstünden geçýärler. Olar ýolda düýeleriň uzyn kerweniniň yzyndan ýetip geçýärdiler. Olaryň syk dokalan çuwallary witerit magdanlaryndan doludy. Düýeleriň ýumşak dabanlary ýaz ýagyşynyň ezen topragyna agras basýardylar. Hataryň yzyndaky düýäniň boýnundaky jaň şadyýan seslenip, düýeleriň barýandygyny kerwenbaşa mälim edýärdi. Arpaklen magdany örän agyr şertlerde işleýärdi. Gazylyp alynýan çig maly otly boýuna ýetirmek üçin uzak aralygy paý-pyýada diýen ýaly geçmelidi. Transport düýbünden ýok diýen ýalydy. Magdançylaryň ýaşaýyş şertleri hem öwerlik däldi. Gazylyp alynýan çig mal ulagyň ýetmezçilik edýändigi zerarly uzak wagtlap diýen ýaly ýagmyr-ýagyşyň astynda galmaly bolýardy. Ähli zat el güýji bilen ýerine ýetirilýärdi. Gazylyp alynýan zatlar dag ýodalary bilen düýeli raýon merkezine daşalýardy. Emma bu kynçylyklara garamazdan, şahtanyň işläp başlan ýyly witeritiň 1699 tonnasy, baritiň 1130 tonnasy gazylyp alnypdy. Bu, elbetde, ýaş Sowet respublikasynyň uly zähmet üstünligidi. Üstünlik, mundanam has uly bolmalydy. Emma... Emma tehnika ýetmezçilik edýärdi. Gazylyp alynýan magdanlar hepdeläp, aýlap diýen ýaly, maşynyň ýetmezligi sebäpli, öz wagtynda äkidilmeýärdi. Üç-dört sany “Amo” kysymly maşyn, “Internasional” kysymly traktor şahtaçylaryň isleglerini kanagatlandyrmaýardy. Arpaklen magdançylarynyň iş-aladalary, olaryň zerur hajatlary hökümet ýolbaşçylarynyň hemişe üns merkezindedi. Bu hakda dürli ýyllaryň hatlarydyr telegrammalary hem güwä geçýär. Ine-de, TSSR HKS-niň jogapkär işgärleriniň Agyr senagaty halk komissarlygyna iberen haty: “Arpaklen barit-witerit magdançylarynyň şu ýylyň 9-njy sentýabrynda awtomaşynyň tekerini hem-de gaýry serişdeleri sorap iberen telegrammalary bilen baglanyşykly edilen işler hakda TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy ýoldaş Atabaýewe gyssagly habar bermeli.” Ýokarda aýdyşymyz ýaly, şahtadaky iş şertleri ýeňil däldi. Ilki bilen-ä magdany gazyp almak hyllallady, soňam ony bellenilen ýere daşamak uly alada goýýardy. “Moskwa, Agyr senagaty halk komissarlygyna. Kopiýasy Türkmenistanyň hemişelik wekilhansyna. 1-nji noýabra çenli Arpaklen baritwiterit magdanyndan ýükleriň 6418 tonnassy daşalman ýatyr. Galan bölegi geçen ýylkydan ep-esli artyk. Agyr senagaty halk komissarlygynyň gözegçiligi gowşadanlygy sebäpli, transportyň ýagdaýy gözgyny halda. Bar bolan transportda hem ýükleri daşamak ýeterlik däl. Şonuň üçinem Türkmenistan Halk Komissarlar Soweti magdanda işleri gowulandyrak maksady bilen 1935-nji ýylyň birinji kwartalynda azyndan 5 sany maşyn bilen gaýry zerur zatlary goýbermegiňizi soraýar. TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Atabaýew. 10.12.1934.” Şondan laýyk bäş gün geçensoň, Atabaýewiň goly bilen şeýle mazmundaky telegrammanyň ýene biri ýaňky adrese iberilipdi. Hawa, Arpaklen magdany bolşewik başýyllygynyň hasabyna işleýrdi. Şol döwürlerde arpaklen witeritiniň 150 tonnasy okeanyň aňyrsyna – Amerika eksport edildi. Arpaklen magdany özüniň ýokary hilliligi, bütinleý aklygy bilen has tapawutlanýardy. Şol ýyllar geologlar Garrygalada we Nohur daglarynda baritiň hem-de witeritiň ençeme ojaklarynyň bardygyny anykladylar. 1932-nji ýylda geolog-agtaryş partiýasy tarapyndan Arpaklende ýeriň astyndaky magdanlary kesgitlemek üçin hem synanyşyk edilipdi. Munuň üçin skwažinalaryň ikisi gazylýardy. Olaryň biri 70 metr, beýlekisi hem 200 metr çuňlukda gazylypdy. Emma bu işe dahylly käbir geleňsiz adamlaryň günäsi bilen ol anyklanylman galypdy. Magdanyň uprawlýaýuşisiniň iş şertlerini gowulaşdyrmak niýeti bilen dürli ýere iberilýän hatlary hem känbir oňyn netije berenokdy. Emma şeýle-de bolsa, magdanda işleýän adamlar tutanýerlilik bilen işleýärdiler. Olar öz çekýän zähmetleriniň zerurdygyna gowy göz ýetirýärdiler. Goňşy obalaryň adamlary magdançylara ýakyndan kömek berýärdiler. Olar magdany Garrygala äkitmek üçin düýelerini ulanmaga berýärdiler. Bu kömek üçin hem magdançylar olaryň öňünde bergidar bolanokdylar. Olar undur çaý, gant paýlap berýärdiler. Iş gurallarynyň ýöntemdigine, transportyň ýokdygyna garamazdan, öndürilmeli baritiň we witeritiň mukdary barha artdyrylýardy. Arpaklen magdanynyň ýurdymyz üçin nähili ähmiýetlidigi hem-de zerurdygy hakda şo döwürde Moskwadan iberilen bir hat dogrusynda aýtmak gerek. Ol hat döwlet arhiwinde saklanylýar: “Siziň Arpaklen magdanyna bolan häzirki garaýşyňyzy düýbünden üýtgetmek gerek. Golaýda amala aşyryljak geologik işleri o ýerde ýüz müňlerçe witeritiň, millionlarça tonna hem baritiň üstünei açmagy mümkin. Şeýle hem o ýerlerde sinkiň, gurşunyň, kümüşiň... bardygy hakda-da oýlanylýar. Biz size türkmen baritine henize çenli hili hem-de mukdary boýunça taý ýokdygyny habar berýäris. Belki-de, onuňň az mukdarda öndürilýändiginiň esasy sebäbi, transport serişdeleriň ýokdygy bolsa gerek. Biz bu kynçylygy golaý wagtlarda ýeňip geçmek bolar diýip pikir edýäris. Bize mälim bolşy ýaly, awtomobil ýolunyň iki kilometr uzaklygynda, Üçýatag diýen ýerde baritiň hem-de witeritiň ojaklarynyň üsti açyldy. Şeýle hem witeritiň hilini göz çaky bilen anyklamak gaty kyn. Şonuň üçinem onuň hilini anyklamagyň aňsat ýoluny tapan adama uly baýragyň beriljekdigini habar bermegiňizi sizden haýyş edýäris”. Eýsem-de bolsa, Arpaklen magdany diňe bir geologlaryň, senagat kärhanalarynyň ünsüni özüne çekmän, ýazyjy-şahyrlaryň hem ünsüni özüne çekipdir. Oturzynjy ýylyň baharynda gelen rus ýazyjylary Nikolaý Tihonow bilen Wladimir Lugowskiý hem bu soýuz ähmiýetli magdany atly baryp görüpdirler. Ýurdumyzyň senagat kärhanalary üçin zerur bolan çig maly öndürýän adamlar bilen çyn ýürekden söhbet gurupdyrlar. Olaryň hal-ýagdaýlaryny sorapdyrlar. Soňra olar bu ülkäniň gözel künjegi hakda goşgy setirlerini ýazypdyrlar. Nikolaý Tihonow “Aýdere jülgesinde” atly goşgysynda ine, şeýle ýazýar: Arpaklen magdanyndan aýlanyp, Sumbaryň boýuny yzlap bararsyň. Aý aýdyň gijäni hemra edinip, Ýapylardan ýapa gadam urarsyň, Sähralary, gaýalary görersiň. Atlaň aýagynyň dükürdisi bar, Daşlaň daşa degýän şakyrdysy bar. Ýöräp-ýöräp Aýderä bararsyň, “Bu näme, misli Erem bagy” diýersiň, Oňa gol gowşuryp, salam beresiň. Göwnüň galkyndyrar göm-gök maýsalar, Olar seň ýadyňa jenneti salar. Ganyp-ganyp sowuk çeşme suwundan, “Sag bol!” diýersiň sen, açyk göwünden. Bu ýerleri ýüregiňden söýersiň, Öz-özüňi ýaş ýigit deý duýarsyň. Ap-arassa howasyndan dem alyp, Bu mekana alkyş okarsyň gelip. Çykarmarsyň ömür-ha ýatdan, Eý görersiň ony iň eziz zatdan. Arpaklen magdanyny görmäge gelen rus şahyrlaryna ýoldaş bolan türkmen ýigidi Nury hakda bolsa Wladimir Lugowskiý ýörite goşgy ýazypdyr. Eýsem-de bolsa, Nury milisioner Arpaklen magdançylarynyň ýakyn dostudy, ol häli-şindi magdançylaryň arasynda bolýardy, olara hemaýat berýärdi. Bu hakda, ine, Lugowskiý şeýle ýazýar: Sumabaryň kenary – Nohur obasy, Güne ýanyp duran bir mawy diýar. Derýa kenaryndan göwni galkynyp, Milisioner Nury at çapyp barýar. Atyň jylawyny goýberýär Nury, Sykylyklap dar jülgede at çapýar. Wäşi ol, daýaw ol – biziň Nurymyz, Aýtjak sözlerini ýylgyryp aýdýar. Alnymyzdan çykan ençe ýolagçy, Salam berdi, sorag berdi, gürleşdi. Çekdi Nuryň beren papirosyny, Nuryň horjunyna hat bary üýşdi. Säher bilen aýlanýarys barymyz, Synlaýas nar ýaly gyzaran gögi. Biziň bilen barýar milisioner Nury, Şemal gelýär syryp berk araçägi. Bahar çagy Arpaklen jülgesi göm-gök öwüsýär. Dag çeşmesiniň başyna käkilik sürüsi ýygnanýar. Çopan-çoluklar agyr sürülerini Arpakleniň dag gerişleri bilen sürüp barýarlar. Olar kä o ýerde – kä bu ýerde köwek-köwek bolup ýatan ýerlere nazarlaryny dikýärler. Olar bu ýerlerde ýarym asyr owal magdan gazylyp alnandygy hakda ýaşulylaryň gürrüňlerini ýatlaýarlar. Elbetde, ýatlama gowy zat. Zerur halatda ýurdumyzyň himiýa senagatyna hyzmat eden, ilkinji bolşewik bäşýyllyklarynyň öz saldamly goşandynny goşan Arpaklen magdany hemişe ýatlanar durar. 1984-1987 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |