08:04 Zeberdest gollary zorly Türkmensiñ! | |
ZEBERDEST GOLLARY ZORLY TÜRKMENSIŇ
Taryhy makalalar
• Türkmenleriň Owganystanyň, Päkistanyň we Hindistanyň taryhynda galdyran yzlary barada Ata-baba goňşy döwletimiz Owganystan hemişe-de köpmilletli ýurt bolupdyr. Türkmenistandan gündogarlygyna Päkistana, Hindistana, şeýle hem ýurdumyzdan günbatarlygyna - Eýrana, Türkiýä we Arap ýurtlaryna tarap gidýän uly ýollaryň çatrygynda ýerleşen Owganystanda, asyrlaryň dowamynda köp sanly milletler ýurt tutunypdyrlar we owgan milletiniň kemala gelmeginde mynasyp orun eýeläpdirler. Dünýäniň gadymy milletleriniň biri bolan türkmenler hem bu ýurduň geçmiş taryhynda uly yz galdyrypdyrlar. Gadymyýetden bäri goňşy oturan türkmen we owgan halklarynyň dürli dillerde gepleýändiklerine garamazdan, olaryň taryhynda we geçmiş mirasynda umumylyklar örän kän. Türkmenleriň, owganlaryň ýurt tutunyp oturyşlaryna seredip görenimizde hem köp umumylyklary görüp bilýäris: türkmenler Garagumuň daşynda döwre gurap otyrypdyrlar, owganlar bolsa üsti garly Hindiguş daglarynyň daşynda aga-ýana döwran sürüpdirler. Şonuň üçin hem türkmenleri sähraýy, owganlary bolsa dagly halk hasap edýärdiler. Ýöne, muňa garamazdan, sähraýy hem-de dagly halklaryň hüý-häsiýetleri, däp-dessurlary, dünýägaraýyşlary, durmuş-ykdysady we syýasy gurluşlary köp babatda meňzeş gelýär. Sebäbi sähranyň we daglaryň aýratyn ýaşaýyş-durmuş endiklerini talap edýän ýowuz tebigaty bolýar. Şol sebäpden hem türkmenleriň we owganlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri örän ýakyndyr. Türkmenler bilen owganlaryň arasynda etniki garyndaşlyk – milli golaýlyk hem bardyr. Owganlar gündogar eýran dilinde gürleýändiklerine seretmezden, özlerini eýrany («irani») däl-de, turan halky diýip hasap edýärler. Mälim bolşy ýaly, türkmenler hem Beýik Turanyň goýnunda kemala gelen dünýäniň gadymy milletidir. Türkmen we owgan halklarynyň taryhyndaky bu aýratynlyklar ýöne ýerden däldir. Çünki şol aýratynlyklaryň düýpli etniki hem-de taryhy sebäpleri bar. 2005-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnamasynyň puştu (owgan) dilinde çykan neşiriniň jemgyýetçilik tanyşdyrylyşynda, kitaby terjime eden päkistanly professor A. Ýusufsaýyň aýdan bir sözi bar: «Men türkmen döwletiniň baştutanynyň ajaýyp eserini terjime edenimde, özümi Siziň gözel ýurduňyzyň ýaşaýjysy, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyran şöhratly ata-babalaryňyzyň nesilleriniň biri hökmünde duýdum». Dürli asyrlarda Owganystan ata-babalarymyz tarapyndan esaslandyrylan Parfiýa, Oguz türkmenleriniň Beýik Hun, Göktürkmenleriň, Beýik Seljuk, Köneürgrenç türkmenleriniň, Delidäki türkmen döwletleriňiň düzümine giren möhüm welaýatlarynyň biri bolupdyr. Gaznaly türkmen döwleti bolsa, hut Owganystanyň ýerinde esaslandyrylypdy. Türkmenler tarapyndan esaslandyrylan, syýasy-ykdysady we medeni merkezi Owganystanyň ýerinde ýerleşen döwletleriň biri-de Gurly türkmenleriň döwletidir. Gurly türkmenleriň kemala gelmegi, ir döwürlerde türkmen taýpalarynyň ýurdumyzdan günortada ýerleşýän, sebitdeş ülkelere aralaşmaklary bilen baglanyşykly boldy. Biziň eýýamymyzdan öňki II-I asyrlarda türkmenleriň Beýik Parfiýa we Hun döwletleriniň döwründe, gadymy oguz taýpalary bolan saklar, kaňlylar, Parfiýanyň günorta-gündogar welaýatlary bolan Baktriýada, Drangiýanada, Arahosiýada we Gandharada ýaşapdyrlar. Bu taýpalar häzirki Owganystanyň, Päkistanyň, Eýranyň we Hindistanyň taryhynda uly yz galdyrypdyrlar. Orta asyrlarda Owganystan bilen Eýranyň arasynda ýerleşen «Seýistan» diýlip atlandyrylýan düzlük ýurduň ady hem gadymy türkmen taýpasy bolan saklaryň ýaşan «Sakystan» – «Saklaryň ýurdy» adyndan gelip çykypdyr. B.e.ö. I asyryň ortalarynda Sakystan Parfiýanyň möhüm welaýatlarynyň biri hasaplanypdyr. Nemes alymy E. Hersfeldiň ýazmagyna görä, Sakystan welaýaty Parfiýanyň taryhynda görnükli hyzmat görkezen Sürenler urugynyň mirasdüşer mülki bolupdyr. Türkmen taryhyndan mälim bolşy ýaly, b.e.ö. 53-nji ýylda Mark Krassyň rim goşunyny derbi-dagyn eden Süren serkerde hem şu meşhur sak urugynyň wekili bolupdyr. Gurly türkmenleriň kemala gelmeginde gadymy türkmen taýpasy bolan eftalylaryň – abdallaryň hem uly paýy bardyr. Abdallary hytaýlylar «ak gunlar» diýip atlandyrýardylar, pars çeşmelerinde «eftal», «he bdal», isaýy we ermeni ýazarlarynyň işlerinde bolsa, «kiýoni» hem-de «tetal» görnüşlerinde beýan edilýär. Muňa garamazdan, şu mesele bilen meşgullanan alymlar, bu atlaryň asyl sözüniň «abdal» adyndan gelip çykandygyny biragyzdan belleýärler. Käbir taryhy çeşmelerde «Abdal», eftaly patyşasynyň ady bolupdyr diýlip hem aýdylýar. Amyderýanyň we Syrderýanyň boýlarynda ýaşaýan abdallar IV asyrda güýçlenip ugraýarlar we kem-kemden günorta tarap süýşüp başlaýarlar. Taryhy çeşmeleriň şaýatlyk etmegine görä, abdallar örän dyzmaç hem-de gaýduwsyz halk bolupdyr. Ermeni ýazary Lazar Parpesi «hatda parahatçylyk döwründe-de hiç kim milt edip tetalyň [abdal] ýüzüne dogry seredip bilmeýär» diýip belläpdir. Abdallaryň güýçlenmegi Sasany döwletine ýaramandyr. V asyryň 20-nji ýyllarynda iki döwletiň arasynda uruş hereketleri başlaýar. Emma başky döwürleriň söweşleri abdallar üçin şowsuz bolupdyr. Sasany patyşasy Warahran V (421-438) döwründe Merwiň golaýyndaky Küşmeýhan şäheriniň ýanynda bolan söweşde abdallaryň hany wepat bolupdyr. Warahranyň ogly Ýezdigerd II dolandyran ýyllarynda-da üstünlik sasanylaryň tarapynda bolupdyr. Ýezdigerd 446-447-nji ýyllarda Etrek derýasyndan geçip, abdallaryň ýurdy Dehistana çozup giripdir we olary has demirgazyga çekilmäge mejbur edipdir. Sasany patyşasy Perozyň (459-484) döwründe artykmaçlyk eýýäm abdallaryň eline geçipdir. Hatda abdallar Sasany döwletiniň içki işlerine-de gatyşyp ugrapdyrlar. Sebäbi Ýezdigerd ölenden soň, sasany köşgünde tagt dawalary başlapdyr we merhum patyşanyň mirasdüşerleriniň biri bolan Peroz abdallaryň goldawy bilen häkimiýeti öz eline alypdyr. Abdallaryň kömegi bilen tagta gelen Peroz, tiz wagtdan özüne edilen ýagşylygy unudypdyr we abdallara garşy urşa başlapdyr. Emma abdallaryň edenli patyşasy Akşunkara, diňe bir sasanylaryň hüjümleriniň öňünde durmak däl, eýsem olaryň güýçlerini derbi-dagyn etmek hem başardypdyr. Abdallara garşy ikinji ýörişiň dowamynda Peroz ýene-de ýeňlipdir we ýeňijilere tagtyň mirasdary, ýaşajyk Kawady girewine goýmaga we salgyt tölemäge mejbur bolupdyr. 484-nji ýylda Peroz abdallara garşy üçünji gezek uly ýöriş geçiripdir. Söweş Hazar deňziniň gündogarynda bolup, Perozyň goşunlary ýene-de derbi-dagyn edilipdir, onuň özem wepat bolupdyr. Ahyrsoňy, iki döwletiň bäsleşigi, abdallaryň gutarnykly agalygy bilen tamamlanyp, sasanylar olaryň ýapjasyna öwrülipdirler. Şeýlelikde, birnäçe ýeňişli söweşlerden soň, abdallar Balhy, Gury, Seýistany we başga-da köp ýerleri eýelemegi başarypdyrlar. Sasany patyşalary Balaşyň (484-488), Kawadyň (488-531) we Anuşirwan Adylyň (531-579) dolandyran başky ýyllarynda abdallara paç tölenipdir. Bu döwürde abdallar bilen sasanylaryň arasynda garyndaşlyk gatnaşyklary hem ýola goýlupdyr. Abdal patyşasy Töremen (490-515) sasany döwletini öz täsirinde saklamak maksady bilen, gyzyny Balaşyň ogly, tagtyň mirasdary Kawada durmuşa çykarypdyr. Abdallaryň atly goşunlary, ýapjalary bolan sasanylaryň, Wizantiýa garşy alyp baran ýörüşlerine-de gatnaşýardylar. Netijede, abdallaryň Balhy, Seýistany, Gury we Hindastanyň demirgazygyndaky köp ýerleri eýelemekleri bilen gurly türkmenleriň ata-babalary bu ülkelerde ymykly ornaşypdyrlar. Sasanylar bilen bäsleşikler bilen bir döwürde, abdallar Hindistana tarap hem şowly ýörişleri geçiripdirler. 460-njy ýylda olar Hindistanyň Gandhara welaýatyny eýeläpdirler. Abdal patyşasy Töremeniň döwründe, abdallar hindi hökümdarlary bolan guptlaryň elinden Sindi, Rajastany, şeýle hem Jamna we Ganga derýalarynyň boýlaryny alypdyrlar. Töremenden soň häkimiýet başyna gelen Mähraguly (515-544) hem abdallaryň döwletiniň kuwwatyny saklamagy başarypdyr. Abdal türkmenleriniň döwletiniň paýtagty Badahşanyň Badiýan şäherinde, ýagny Gura golaý ýerde ýerleşipdir. VI asyryň ikinji ýarymynda abdallary Merkezi Aziýanyň we häzirki Owganystanyň ýerinden, göktürkmenler gysyp çykarypdyrlar. Abdallaryň Merkezi Aziýada we Owganystanyň ýerinde ýaşaýan bölegi göktürkmenleriň golastyna geçipdir. Netijede, Balhda, Hyratda, Seýistanda, Kandagarda we Gaznada öňden oturan oguz taýpalarynyň üstüne, göktürkmenler hem köpçülikleýin göçüp gelipdirler. Hindistandaky abdallar barada aýdylanda bolsa, olar agalyk eden ýerlerindäki ilat bilen garyşyp, soňra rajput halkynyň kemala gelmegine sebäp bolupdyrlar. Bu döwürlerde Gurda we onuň bilen goňşy welaýatlarda beýleki bir türkmen taýpasy bolan halaçlar hem ýurt tutunypdyrlar. Halaçlaryň VI asyrda Gur bilen goňşy welaýatlara göçüp gelendikleri barada taryhy edebiýatda aýdylýar. Istahry we X asyryň beýleki taryhçylary halaçlaryň we garlyklaryň ir wagtlardan bäri Hindistan bilen Seýistanyň aralygyndaky ülkelerde ýaşaýandyklaryny belläpdirler. Olaryň ýazgylary halaçlaryň, garlyklaryň we beýleki oguz taýpalarynyň dilleriniň, hüý-häsiýetleriniň we medeniýetiniň birdigini, meňzeşdigini tassyk edýärler. Belli taryhçy Muhammet ibn Nejip Bekran XIII asyryň başlarynda özüniň «Jahannama» eserinde: «Halaçlar – türk[men] taýpalaryndan bolup, olar Balhdan Kabulystana göçüp gelipdirler. Gazna welaýatynda sähralyk ýer bar, olar şol ýerde ýerleşipdirler. Bu ýerleriň howasynyň howrundan olaryň ýüzüniň reňki üýtgäpdir we garalyp başlapdyr. Olaryň dilem üýtgäpdir we bir hili şiwä öwrülipdir» diýip ýazypdyr. Beýleki türkmen taýpalary ýaly, halaçlar hem Owganystanyň taryhynda uly yz galdyryp, gurly türkmenleriň, şeýle hem owgan (puştun) milletiniň kemala gelmegine mynasyp goşant goşupdyrlar. Gündogar ýurtlarynyň taryhy boýunça belli alymlaryň biri M.R.Arunowa şeýle ýazýar: «XI-XIII asyrlarda owganlar Gazny welaýatynda ýaşaýan käbir türk[men] taýpalary bilen garyşypdyrlar. Olardan iň ulusy taýpa bileleşigi ýa-da taýpa bolan halaçlardyr. Halaçlardan puştun [owgan] taýpalarynyň iň ulularynyň biri bolan, gilzaýlar gözbaş alyp gaýdýarlar». VII asyryň ortalarynda Gur bilen goňşyçylykda ýerleşýan ülkeler araplar tarapyndan basylyp alnypdyr. Emma araplara bu daglyk welaýaty eýelemeklik uzak ýyllaryň dowamynda başartmandyr. VIII asyryň başlarynda Hindiguş daglaryndan günortada, Kabul jülgesinde «tegin» hökümdarlyk derejesi bolan göktürkmen nesilşalygy ýüze çykýar. Teginler, şeýle hem Merkezi Aziýadaky we Owganystanyň ýerindäki beýleki oguz-türkmen hökümdarlary, araplara uzak wagtlap garşylyk görkezipdirler. Haçanda, araplaryň Horasandaky serkerdesi we häkimi Kuteýba ibn Muslim Merwden çykyp, Murgabyň boýy bilen günorta tarap ýöriş edende, onuň goşunlaryna göktürkmen, halaç, garlyk we abdal taýpalary berk gaýtawul beripdirler. Aýratyn hem Badgisiň (Bathyz) türkmen häkimi Nyzak Tarhan Kuteýbanyň goşunlaryna uly zarbalary urupdyr. Emma 709-njy ýylda araplara bu edermen türkmen serkerdesini ele salmak we jezalandyryp öldürmek başardypdyr. IX-X asyrlarda Gurly türkmenler Abbasy halyflygyndan bölünip aýrylan Tahyrylar, Saffarylar we Samanylar döwletleriniň düzümine giripdir. Gurly türkmenleriň oturan ýerleriniň daglyk bolandygy üçin, olaryň ýurduny basyp almak kyn bolupdyr. Araplar Guruň jümmüşine aralaşyp bilmändirler. Samany serkerdeleri hem diňe Haýsar we Tulak galalaryna çenli ýerleri eýeläpdirler. Emma Gaznaly türkmen döwletini easlandyryjy Söbük Tegin Guruň ähly galalaryny eýeläpdir. Onuň ogly Mahmyt soltan hem Gura birnäçe gezek ýöriş geçiripdir we gurly türkmenleri, Bustuň hem-de Kandagaryň töwereklerinde ýaşaýan, beýleki oguz taýpalary bilen bilelikde, Gaznaly döwletiniň düzümine doly girizipdir. Mahmyt Gaznalynyň döwründe (998-1030) gurlar, beýleki türkmen ýigitleri bilen bir hatarda, onuň goşunlarynyň esasyny düzüpdir we gaznaly soltanlarynyň köpsanly ýörişlerine işeňňir gatnaşypdyrlar. Gurly türkmenleriň ýurdunda gaznaly hökümdarlygyndan örän köp maddy hem-de ruhy gymmatlyklar miras galypdyr. Şäher gurluşygy bu döwürde ýokary derejä ýetipdir. Döwletiň paýtagty Gazna yklymyň iň ajaýyp şäherine öwrülipdir. Mahmyt Gaznaly gurlaryň ýurdunyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Leşgergäh («Goşunyň ýerleşýän ýeri» manysynda) şäherini gurdurypdyr. Leşgergäh öň türkmen goşunlarynyň ýerleşýän we onuň baş serkerdesiniň oturýan ýeri («Orda» - «Stawka») bolup, soňra Mahmyt Soltan onuň ýerinde ajaýyp köşkleri, jemgyýetçilik we hökümet jaýlary, kerwensaraýlary hem-de bazary bolan ajaýyp şäher esaslandyrypdyr. Häzir Hyratdan Kandagara gidýän uly ýol bilen Girişke ýetip, günorta sowulsaň, 40-50 km geçip-geçmänkäň, Gilment derýasynyň boýunda ýerleşýän taryhy Leşgergäh şäheriniň üstünden barýarsyň. Gurly türkmenleriň ýurdunda, Gaznaly türkmen hökümdarlarynyň sahawatly howandarlygy bilen, döwletiň paýtagtynda dünýä belli alym Biruny (973-1051), meşhur şahyrlar Ahmet Unsury (970/980 - 1040), Abulhasan Ferruhy (1037-nji ýylda aradan çykan), Menuçehri (1041-nji ýylda aradan çykan), X-XI asyrlaryň tanymal taryhçylary Utbi hem-de Beýhaky ölmez-ýitmez eserleri döredipdirler. Abulkasym Ferdöwsiniň (934-1025) «Şanama» poemasy hem Gazna şäherinde döredilen eserdir. Seljuklaryň döwründe türkmen soltanlary Gury öz ýapjalary bolan gaznalylarýn ygtyýaryna beripdirler. Şonuň üçin hem Guruň hökümdarlary bolan mälikleri bellemeklik gaznaly emirleriň wezipesine giripdir. XI-XII asyrlaryň sepgidinde gaznaly türkmen emiri Masut III (1099-1115) Gurda häkimligi mälik Izzeddin Sura beripdir. Şu döwürden başlap Gurly türkmenler gaznalylaryň ýapjalygyndan çykyp ugrapdyrlar. Sebäbi Izzeddin Sury edenli mälik bolupdyr. Guruň häkimi Izzeddin öz hökümdary Soltan Sanjar bilen gowy gatnaşyklary alyp barypdyr. Ol her yyl Soltan Sanjara peşgeş hökmünde, Gurda öndürilýän ýokary hilli ýaraglary we harby lybaslary iberip durýar eken. Ýöne, soňra seljuklaryň hem-de olaryň ýapjasy bolan gaznalylaryň gowşamagy bilen, Tejen derýasynyň ýokary akymlarynda, Hyrat bilen Bamiýanyň aralygynda ýerleşýän Gur welaýaty özbaşdak dolandyryşa geçip ugraýar. Gurly türkmenleriň ýurdy barada IX-X asyrlaryň ýazarlarynyň işlerinde gymmatly maglumatlar berilýär. Arap ýazary Mukaddesi Guruň ýerleşýän ýerini şeýle suratlandyrýar: «Merwiň, Hyradyň, Seýistanyň we Balhyň derýalary Gur ýurdunyň dört tarapyndan gözbaş alyp gaýdýarlar, olar aşaklygyna akyp gaýdyp, şu welaýatlaryň ýerlerini suw bilen üpjin edýärler». Ýeri gelende aýtsak, häzir hem Türkmenistan ýurdumyzyň Murgap we Tejen derýalary, öz gözbaşlaryny gadymy Guruň üsti garly daglaryndan alyp gaýdýarlar. XII asyryň ortalarynda Seljukly döwletiniň we onuň ýapjasy bolan gaznalylaryň gowşamagy bilen, Gurly türkmenleriň döwleti güýçlenipdir. Gurlar gaznalylaryň täsirinden çykmak üçin herekete başlaýarlar. Şonuň üçin hem 1148-njy ýylda Gaznanyň hökümdary Bährem şa, gurlar nesilşalygyndan bolan öz giýewisi Kutubeddin Muhammedi öldürýär. Doganynyň aryny almak üçin Guruň hökümdary Seýfeddin Sury Gazna şäherini eýeleýär, ýöne Bährem Gaznaly tarapyndan derbi-dagyn edilýär we jezalandyrylyp öldürilýär. Iki doganyň öldürilmegi üçünji doganlary Alaýeddin Söýüniň ar almak duýgusyny öjükdirýär. Ol dünýäni ýandyryjy diýip at alypdyr, şol gazaby bilen hem ol Mahmydyň ajaýyp şäherini oda we gylyja berýär. Taryhçy Juzjanynyň ýazmagyna görä, Alaýeddin Söýün diňe Mahmyt Gaznalynyň we onuň ogly Masudyň aramgählerine degmändir. Bu wakalarda asgyn gelen Bährem Gaznaly Hindistandaky mülklerine çekilmäge mejbur bolýar. Paýtagtyny we onuň töweregindäki welaýatlaryny elden gideren Bährem soltan Lahory özüne merkez edinýär. Gaznaly türkmen nesilşalygynyň soňky wekilleri, ata-babalarynyň Hindistandaky mülklerini tä 1186-njy ýyla çenli elde saklapdyrlar. Alaýeddin Söýün örän dyzmaç mälikleriň biri bolupdyr. Soňa baka ol hökümdary Soltan Sanjara-da boýun egmän ugraýar. 1152-nji ýylda Soltan Sanjar Gura goşun çekipdir. Seljukly soltanyň we onuň garadan gaýtmaz mäliginiň goşunlary Balhyň Oba diýen ýerinde duşusypdyrlar. Emma Alaýeddiniň goşun serkerdeleri öz hökümdarlary Soltan Sanjar bilen uruşmak islemändirler. Juzjanynyň ýazmagyna görä, Alaýeddin Söýüniň oguzlardan we halaçlardan ybarat bolan goşynyndan 6 müň atly serkerdesini terk edip, Soltan Sanjaryň tarapyna geçipdir. Gurly hökümdar seljuklardan ýeňlipdir we Soltan Sanjara ýesir düşüpdir. Seljukly soltan soňra ony ýesirlikden boşadypdyr we ol 1161-nji ýylda ýogalýar. Gaznalylaryň elinden olaryň mülklerini alansoňlar, Gurlar uly döwlete eýe bolupdyrlar. Bu döwürler Guruň ýerinden türkmenleriň Hindistana tarap göçmekleri hem güýçli depginde dowam edýärdi. Seýfeddin Muhammet Gurlynyň (1157-1163) dolandyran ýyllarynda balhly oguzlaryň uly bölegi, Bagtyýar han Halajyň baştutanlygynda günorta tarap süýşüp ugraýarlar. Olar Gaznany eýeläp, Hindistana aralaşýarlar. 1163-nji ýylda garyndaşlary bolan balhly oguzlar bilen uruşda, gurly hökümdary Seýfeddin Muhammet wepat bolýar. Bu döwürde Balhy 1153-nji ýylda Soltan Sanjara garşy gozgalaň turzan, oguzlaryň Zeňňiler nesilşalygy dolandyrýardy. Oguzlar birnäçe ýyllap Gaznany elde saklamagy başarypdyrlar, emma 1173-nji ýylda şäher Guruň hökümdary Kyýaseddin Muhammet Gurly (1163-1203) we onuň taryhy edebiýatda Myhammet Gurly ady bilen tanalýan meşhur inisi Şyhabeddin Muhammet tarapyndan gaýtarylyp alynýar. Kyýaseddin Gur welaýatynyň Firuzkuh (Pöwrize dagy) şäherini özüne paýtagt edip alypdyr. Onuň inisi Şyhabeddin – Muhammet Gurly bolsa, Gazna welaýatynyň emiri bolupdyr. Muhammet Gurly edenli serkerde bolupdyr. Ol Hindistanyň ep-esli ýerlerini eýeläpdir. Muhammet Gurly 1175-nji ýylda Hindistana özüniň birinji ýörişini geçirýär we häzirki Päkistanyň ýerindäki Multan şäherini eýeleýär. Onuň 1178-nji ýylda Hind derýasynyň aşak akymlaryna geçirilen ýörişi şowsuz tamamlanýar, ýöne demirgazykda Muhammet Gurla Penjaby eýelemek başardypdyr. 1179-njy ýylda Muhammet Gurly Peşewaryň gaznalylar nesilşalygyndan bolan türkmen hökümdaryny ýeňipdir we şäheri eýeläpdir. 1181-nji ýylda ol gaznalylaryň paýtagty Lohar şäherine hem ýöriş geçirýär. Bu wakadan bäş ýyl geçen soň Muhammet Gurly Penjaba ikinji gezek ýöriş geçirýär we Hindistanda hökümdarlyk edýän gaznaly türkmen nesilşalygynyň iň soňky wekili Hysrow Mäligi häkimiýetden agdarýar. Şeýlelikde, gaznaly türkmen hökümdarlarynyň eýýamy tamamlanyp, Owganystanda we Hindistanda gurly türkmenleriň döwri başlaýar. Muhammet Gurly we onuň serkerdeleri XII asyryň 90-njy ýyllarynda Delini, Benaresi, Gwaliory we başga-da Hindistanyň köp şäherleridir welaýatlaryny eýeleýär. Bu işlerde gurly soltanyň Gyzyl Arslan Seljuk, onuň ogly Nasyreddin Aly Seljuk, Mubarizeddin Muhammedaly Atsyz, Nasyreddin Gubaçy, Täjeddin Ýyldyz, Kutubeddin Aýbeg (1206-njy ýylda türkmenleriň Delidäki soltanlygyny esaslandyran meşhur serkerde) ýaly serkerdeleri aýratyn tapawutlanypdyrlar. Elbetde, Gurly türkmenleriň döwleti hem uzak ýaşamandyr. Sebäbi onuň güýçli garşydaşlary bolupdyr. Olaryň birinjisi gaznaly soltanlardy. Gaznalylardan üstün çykyp, olaryň mirasyna eýe bolmak gurlylara başardypdyr. Emma gurlylaryň demirgazykdaky goňşusy bolan Köneürgenç türkmenleriniň döwleti bilen bäsleşikler uly kynçylyklary döredipdir. Çünki Köneürgenç türkmen soltanlary diňe bir Merkezi Aziýanyň däl eýsem, bütin Orta Gündogaryň hem hökümdarlarydy. Gurlylar bilen köneürgençlileriň arasyndaky uruşlarda artykmaçlyk başda gurlylaryň tarapynda bolupdyr. Muhammet Gurly bilen Köneürgençli hökümdar Tekeşiň inisi Soltan şanyň arasynda Murgabyň boýundaky söweş gurlylaryň peýdasyna gutarypdyr. Emma 1198-nji ýylda köneürgençli goşunlara Tekeş soltanyň hut özi serkerdelik edip, ol gurly goşunlardan üstün çykypdyr. 1203-1206-njy ýyllarda Muhammet Gurly Köneürgenje jogap ýörişini geçiripdir, ýöne ol netijesiz tamamlanypdyr. Muhammet Gurly aradan çykandan soň, onuň baş serkerdesi, merkezi Lohorda ýerleşen we onuň Hindistandaky mülkleriniň emiri Kutubeddin Aýbeg türkmenleriň Delidäki soltanlygyny (1206-1526) esaslandyrypdyr. 1206-1207-nji ýyllarda köneürgençli soltan Muhammet II (1200-1220) öz döwletiniň düzümine öň gurly türkmenleriň döwletine degişli bolan Balh we Hyrat welaýatlaryny hem goşupdyr. Gaznada bolsa, Muhammet Gurlynyň beýleki bir serkerdesi Täjeddin Ýyldyz hökümdarlyk edýärdi. 1215-nji ýylda Muhammet şa Gaznanyň eteginde peýda bolýar. Ýyldyz soltan bolsa, Gaznany taşlap, Hindistana çekilmäge mejbur bolýar. Şeýlelikde, Gurly türkmenleriň ýerleri Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň düzümine goşulýar. Muhammet şa täze eýelenen gurly türkmenleriň ýurduna, ogly Jelaleddin Meňburny emir belläp, Köneürgenje dolanýar. Netijede, Gurly türkmenleriň döwleti Owganystanyň ýerinde ýaşamagyny bes edýär. Emma gurly türkmenleriň esasyny düzýän abdal, garlyk hem-de halaç taýpalary bu sebitde dürli asyrlarda ýaşap geçen döwletleriň taryhynda öz täsirlerini ýitirmändirler. Sebäbi Gury kimiň eýeleýändigine garamazdan, bu ülkäniň ilatynyň esasy bölegini türkmenler düzüpdir. Tiz wagtdan Gurly türkmenleriň ýaşaýan ýerlerine mongol basybalyjylary çozup girýär. Gurly türkmenleriň ýaşaýan ýerleri Muhammet şanyň ogly Jelaleddiniň Türkmeniň elindedi. Taryhy çeşmelerde aýdylyşy ýaly, ol gurly türkmenleriň Gaznada ýerleşýän we düzümi abdallardan, halaçlardan, garlyklardan ybarat bolan 70-müňlik goşuny bilen Parwanyň eteginde mongollary derbi-dagyn edýär. Soltan Jelaleddin we mongol goşunlary bu ülkelerden gidenden soň, 1222-1223-nji ýyllarda türkmen serkerdesi Hasan Garlyk Bamiýanda, Gaznada we Gurda türkmenleriň häkimiýetini dikeldipdir. Hasan Garlyk tarapyndan 1225-nji ýylda halyf Zahyryň adyndan zikgelenen teňňeler saklanyp galypdyr. Emma 1238-nji ýylda mongollar ony Hindistan taraplara çekilmäge mejbur edipdirler. Sintde (Hind derýasynyň aşak akymlary) Hasan Garlyk we onuň ogly Nasyreddin Garlyk ýene-de 20 ýyllap hökümdarlyk edipdirler. Gurly türkmenleriň ýurdy mongollar tarapyndan basylyp alynandan soň, XIII asyryň 40-njy ýyllarynda bu ýerde asly gurly türkmenlerden bolan Gurtlaryň döwleti ýüze çykýar. Bu döwleti Şemseddin Gurt (1245-1278) esaslandyrypdyr. Ýöne, onuň merkezi Gurda däl-de, Hyrat welaýatynda ýerleşipdir. Şemseddin Gurt mongollaryň ýapjasy bolsa-da, edenli hökümdar bolupdyr. Ol mümkin boldugyça, basybalyjylardan özbaşdak syýasat ýöretmäge çalşypdyr. Mongol hany Hulagu (1256-1265) bilen Şemseddiniň gatnaşyklary gowy bolupdyr. Emma Hulagu hanyň ornuna gelen Abaka han (1265-1282) bilen onuň arasynda ýiti garşylyk ýüze çykýar. Sebäbi Gurt hökümdary özbaşdak syýasat ýöredipdir. Abaka han Şemseddin Gurtdan öler ýaly gorkýar eken. Şonuň üçin hem 1278-nji ýylyň başlarynda, Şemseddin Gurdy aldaw ýoly bilen hulagylaryň paýtagty Töwrize çagyryp, zäherlenen garpyz iýdirip öldürýärler. Saklanyp galan gürrüňlere görä, Abaka han Şemseddiniň hakykatdan hem ölendigine güwä geçmek üçin, özüniň ynamdar adamlarynyň birini ýörite iberip barladypdyr. Üstesine-de, hamana Şemseddin Gurt direlip geläýjek ýaly, ol merhumyň elini-aýagyny gandallap jaýladypdyr. XIV asyryň ortalarynda mongol agalygynyň gowşamagy bilen, gurtlaryň döwleti syýasy özbaşdaklygyny ýene-de dikeldýär. Emma Gurt türkmenleriniň guran bu döwleti 1389-nji ýylda Teýmirleň tarapyndan ýykylypdyr. Gurlaryň we olaryň nesilleri bolan gurtlaryň döwründe Hyrat şäheri Orta Gündogaryň möhüm ykdysady, syýasy we medeni merkezleriniň biri bolupdyr. Bu ýerde giçki döwürlerde Alyşir Nowaýy, Abdyrahman Jamy, taryhçylar Mirhond we Hondemir, meşhur suratkeş Begzada özleriniň ölmez-ýitmez eserlerini döredipdirler. Gurly türkmenler Hindistanda esasalandyrylan Deli soltanlygynyň taryhynda hem uly yz galdyrypdyrlar. Bu döwleti dolandyran Memluklaryň (1206-1280), Halaçlaryň (1280-1321), Togalaklaryň (1321-1412), Seýitleriň (1414-1443) we Lodileriň (1451-1526) nesilşalygy döwründe gurly türkmenler görnükli orun eýeläpdirler. Beýik mogollaryň döwründe (1526-1859) gurly türkmenlerden bolan Lodi nesilşalygyna (halaçlaryň lodi tiresi - 1539-1555-nji ýyllarda) az wagtlyk häkimiýeti mogollaryň elinden almak hem başardypdyr. Emma sefewi türkmenleriniň kömegi bilen mogollara Delidäki tagty gaýtaryp almak başardypdyr. Bulardan başga-da Gurly türkmenleriň nesilşalyklary Bengaliýada (Günorta-gündogar Hindistan), Malwada (Merkezi Hindistan) hökümdarlyk edipdirler. Bengaliýadaky hökümdarlyk Bagtyýar han Halaç tarapyndan esaslandyrylyp, bu nesilşalyk 1202-1576-njy ýyllar aralygynda ýaşapdyr. Malwada gurly türkmenler tarapyndan iki sany nesilşalyk easlandyrylyp, onuň birinjisini Dilewar han Gurly döredýar. Bu nesilşalyk Malwany 1401-1434-nji ýyllarda dolandyrypdyr. Malwadaky ikinji nesilşalyk Mahmyt han Halaç tarapyndan esaslandyrylyp, ol 1435-1530-njy ýyllar aralygynda hökümdarlyk edipdir. XVI asyrdan başlap Gurly türkmenleriniň ýeri özbekleriň, mogollaryň we Sefewi türkmenleriniň arasynda agalyk ugrunda uly göreşleriň alnyp barylýan ýerine öwrülipdir. 1510-njy ýylda Merwiň eteginde Şeýbany han meşhur türkmen patyşasy şa Ysmaýyl Hataýydan ýeňilenden soň, Gurly türkmenleriň ýurdy Sefewi döwletiniň düzümine goşulýar. Gurly türkmenleriň ýerleriniň bir bölegi 1526-njy ýýlda esaslandyrylan Beýik Mogollaryň döwletiniň düzümine hem giripdir. Gurly türkmenlerde köp sanly taýpalar bolupdyr. Olardan abdal, halaç (häzir «gilzaý» diýlip atlandyrylýar), hattak, bamyzaý (türkmenlerde ýeriň ady – «Bamy»), muhammetzaý, alkazay («alkaogly» - türkmenlerde «alkaöýli»), ýusupzaý, (türkmenlerde «ak ýsup», «gara ýusup») orakzaý, turan, taraky-hel (türkmenlerde «taraky»), barakzaý (Hazarýaka türkmenlerinde «barak»), wezir we halyl (türkmenlerde-de şeýle) taýpalary Owganystanyň, Hindistanyň, Merkezi Aziýanyň we Eýranyň taryhynda görnükli yz galdyrypdyrlar. Owganystanda ýaşaýan hazary halkynyň düzüminde «türkmen» we «awşar» atly taýpalaryň bardygyny hem bellemek gerek. Bu tire-taýpa atlary, häzirki döwürde puştunlaryň iň ýörgünli familiýalary hasap edilýär. Gurly türkmenlerde tire-taýpa gurluşy, edil beýleki türkmenleriňki ýaly bolupdyr. Abdallarda, halaçlarda taýpa iki bölege bölünip, olaryň birinden han, beýlekisinden bolsa serkerde çykypdyr. Şeýle meňzeşlik ýöne ýerden däldir. Asyrlaryň dowamynda Gurly türkmenler özbaşdaklyk ugrunda mogol we sefewi agalygyna garşy yzygider göreşipdirler. Aýratyn hem tanymal serdar, halaçlaryň hattak taýpasyndan bolan Hoşhal han köp işleri alyp barypdyr. XVII asyryň 60-70-nji ýýllarynda Hoşhal han gurlylaryň özbaşdaklyk ugrundaky göreşine ýolbaşçylyk edipdir. 1716-njy ýylda sefewilere garşy abdal taýpasy hem gozgalaň turuzýar. Bu döwürler abdallar Hyrat bilen Kandagaryň aralygyndaky ýerlerde ýaşaýardylar. Hyradyň sefewi türkmenlerinden bolan häkimleri Abbasguly han Şamly, soňra onuň ýerine bellenilen Japar han Üstitäçli abdallaryň gozgalaňyny basyp ýatyrmak üçin birnäçe çäreleri geçiripdir. Abdallaryň we halaçlaryň çykyşlaryny basyp ýatyrmaga meşhur sefewi serkerdesi Fataly han Türkmen hem işjeň gatnaşypdyr. Emma gurly türkmenleriň esasyny düzýän abdal we halaç taýpalaryny boýun egdirmek sefewilere doly başartmandyr. XVIII asyryň 20-nji ýyllarynda Hyrat-Kandagar-Gazna aralygynda ýaşaýan gurly türkmenleriň özbaşdaklyk ugrundaky göreşleri has hem güýjeýär. Sefewiler bilen alnyp barlan söweşlerde olar birnäçe gezek ýeňiş gazanmagy başarypdyrlar. 1722-nji ýylyň mart aýynda Mir Mahmyt han Halajyň baştutanlygyndaky halaç hem-de abdal goşunlary sefewileriň paýtagty Yspyhanyň golaýynda bolup geçen Gülnabat söweşinde, sefewilerden üstün çykýarlar we döwletiň esasy ýerlerini eýeleýärler. Sefewi türkmenleriniň döwletiniň günbataryny bolsa, abdallar we halaçlar bilen ylalaşyp, osmanly türkmenler eýeleýärler. Halaçlaryň we abdallaryň Sefewi türkmenleriniň paýtagtyny eýelemegi Horasanda beýleki türkmen taýpalarynyň nägileligini döredýär. Bu güýçlere türkmenleriň awşar taýpasyndan bolan Nedirguly han baştutanlyk edýär we 1729-njy ýylda Damganyň eteginde bolan söweşde ol halaçlary we abdallary gutarnykly ýeňlişe sezewar edýär. Awşar türkmenleriniň döwletini döreden Nedir şa abdallaryň we halaçlaryň ýaşaýan ýerlerini hem öz döwletine birikdiripdir. 1732-nji ýylda Nedir han Awşar Hyrady eýeleýär. Abdallaryň hany Zülpükär han Hyradyň hökümdary eken. Ýeňlen Zülpükär hana Nedir şa Kandagara gitmäge rugsat berýär. Nedir şa Muhammet han Merwini Zülpükär hanyň ýerine Hyrada emir edip belleýär. Zülpükär han Kandagara gelende, ony ýerli hökümdar Söýün han Halaç tussag edýär. Şu wakalaryň gidýan döwri, Žülpükär hanyň inisi, 1747-nji ýylda Owganystanda Dürranylaryň döwletini döreden Ahmet şa on ýaşlyja oglanjyk eken. XVIII asyryň 40-jy ýyllaryndan başlap, gurly türkmenleriň ýurdunda Ahmet han Abdaly taryhy sahna çykýar. Ahmet hanyň çagalyk ýyllary bütin Orta Gündogarda howsalaly wakalaryň gidýän döwrüne gabat gelipdir. Kakasyndan ir jyda düşen Ahmet, agasy Zülpükär hanyň ýanyndan aýrylmandyr. Ol agasy bilen Söýün han Halajyň Kandagardaky zyndanynda hem alty ýyllap oturypdyr. 1738-nji ýylda Nedir şanyň meşhur türkmen serkerdesi Arslan han Kyrkly Kandagary eýeleýär we hökümdaryň buýrugy bilen Zülpükär han, inisi Ahmet bilen bendilikden boşadylýar. Sundan soň Ahmet hanyň ömri tä 1747-nji ýyla çenly Nedir şanyň ykbaly bilen aýrylmaz baglanyşykly bolýar. Ahmet han 1722-nji ýylda Hyratda doglup, abdallaryň sadazaý («zaý» – sözi türkmençe «ogly» diýen manyny aňladýar) tiresinden gelip çykypdyr. Şonuň üçin hem onuň ady 1747-nji ýyla çenli Ahmet han Abdaly, Ahmet han Sadazaýy görnüşlerinde gabat gelýär. Ahmet han asylzada maşgaladan bolupdyr. Onuň kakasyna Zaman han, ejesine bolsa Zergüne Ene (taryhy edebiýatda «Zarguna Ana») diýýär ekenler. Ahmet hanyň kakasy Zaman han, atasy Döwlet han abdal taýpasynyň serdarlary bolupdyr. Emma Zaman han hem, Döwlet han hem erkinlik ugrundaky uruşlarda wepat bolupdyrlar. Şonuň üçin hem Ahmet han çagalygyndan uly agasy, edenli serkerde Zülpikär han Abdalynyň elinde terbiýelenipdir. Ahmet han Abdaly Nedir şanyň Hindistana, Hywa, Buhara, Ermenistana we Dagystana garşy guralan ýörişlerine gatnaşýar we onuň iň ygtybarly serkerdeleriniň birine öwrülýär. Nedir şa Ahmet hanyň şahsyýetine uly baha beýär eken. Owgan taryhçysy Faýyz Muhammediň we Mir Gulam Muhammet Gubaryň şaýatlyk etmeklerine görä, uly mejlislerde Nedir şa «Eýranda, Turanda we Hindistanda Ahmet han ýaly ajaýyp häsiýetli we edermen başga bir adam ýokdur» diýip häli-şindi aýdýar eken. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem Ahmet şa Dürrana sünni patyşasy hökmünde uly hormat goýupdyr. Oňa özüniň iň gowy şygyrlarynyň birini – «Arşy aglaýa» goşgusyny bagyş edipdir. Hezreti Magtymguly aỳdỳar: - Ýa Ahmet şa, ýerde ýaýylyp çawyň, Adyň asman gider arşy aglaýa. Gelen nökeriňdir, gelmeen awuň, Beýiklik zinesin kyl paýa-paýa. Abdallar bilen halaçlar Nedir şanyň Owganystanyň ýerinden ýygnanan goşunlarynyň esasyny düzüpdir. Bu goşunlara belli halaç we abdal serkerdeleri Nurmuhammet han Halaç bilen Ahmet han Abdal baştutanlyk edýärdiler. 1747-nji ýýlda Nedir şa öldürilenden soň, Ahmet han onuň toplarynyň we hazynasynyň bir bölegini hem alyp gidýär we Kandagarda Abdallaryň döwletiniň döredilýändigini yglan edýär. Täze döredilen döwlete ol «Dürrany» – «Dürleriň içindäki dür» diýip at berýär. Ahmet han Abdalynyň (1747-1773) adynyň yzyna indi «Dürrany» lakamyny tirkäp aýdyp başlaýarlar. Şalyga göterilende Ahmet şa Dürrany ýaňy 25 ýaşan ýigit eken. Ahmet şa örän batyr, açyk göwünli, asylzada, rehimdar, eliaçyk, jomart hökümdar bolupdyr. Köp hökümdarlar üçin häsiýetli bolan gazaplylyk, hetdenaşa ýowuzlyk oňa ýat bolupdyr. Şonuň üçin hem Ahmet şa Abdala halk uly hormat goýupdyr we oňa raýatlyk söýgüsini bildiripdir. Bu barada halk içinde köpsanly ýakymly rowaýatlar we hekaýatlar saklanyp galypdyr. Bir gezek nobatdaky hindi ýörişlerinden dolanyp gelenden soň, Ahmet şa Kandagardan uzak bolmadyk Daman etrabynda düşläpdir. Ahmet şanyň asly golaýdaky obalaryň birinden bolan sakçy esger ýigitleriniň biri rugsatsyz goşuny taşlap, gelni Aýna bilen görüşmek üçin obasyna gidipdir. Haçan-da Aýna adamsynyň Ahmet şanyň athanasyndaky sakçylygyny taşlap gaýdanyny eşidende, oňa hökümdarynyň öňündäki kasamy barada ýatladypdyr. Şonda Aýna gelin «Ahmet şa Babam öz haremhanasyna girmänkä, esgere öz aýalynyň ýanynda görünmek aýyp dälmidir?» diýip adamsyny utandyrypdyr. Bu gürrüňden soň, esger ýigit yzyna dolanmaga mejbur bolýar. Dolanyp gelende, esgeri garawullar tussag edipdirler. Ertesi gün bolan waka barada serkerdeler hem eşidipdirler. Şundan soň esgeri tussaglykdan boşadypdyrlar, ýöne ähli bolan gürrüňler Ahmet şa ýetipdir. Abdal hökümdaryna ýönekeý oba gelniniň hereketleri diýseň ýarapdyr we ony höweslendirmek üçin obanyň golaýyndaky kärizi sowgat beripdir. Häzir hem Kandagaryň golaýynda Ahmet şanyň sowgat beren «Aýnanyň kärizi» atly suw desgasynyň bardygyny aýdýarlar. Ahmet şanyň döreden Dürrany döwletiniň gurluşy hem köp babatda türkmen döwletleriniňkä kybapdaş. Döwletiň welaýatlary türkmen dilindäki ýaly «ulus» diýlip atlandyrylypdyr. Döwlet edarasyny baş wezir dolandyryp, Ahmet şanyň döwründe bu wezipäni gudasy Begi han Bamyzaý eýeläpdir. Ahmet şanyň Kandagardaky köşgünde «diwan begi» (maliýe ministri), «myhmandar başy» (myhman kabul edýan emeldar), «işik agasy başy» (dabaralary gurnaýan emeldar), «münşi başy» (kätipleriň ýolbaşçysy), «arz begi» (raýatlaryň arz-şikaýatlaryny hökümdara ýetirýän emeldar), «jarçy başy», (hökümdaryň permanlaryny yglan edýän emeldar), «peşehanaçy» (hökümdaryň dynç alşyna jogap berýän emeldar), «gapyçy başy» (gapyda durýan emeldar), «tebip başy», «myrahyr başy» (hökümdaryň athanasyna jogap berýan emeldar), «hazynaçy» ýa-da «hazynadar», «zabt begi» (polisiýa gullugyna jogap berýän emeldar), «harkara başy» (aňtaw işlerine jogap berýän emeldar), «nasakçy başy» (hökümdaryň çaparlary), «keşikçi», «keşikçi başy» (hökümdaryň janpenalaryňyň serkerdesi) ýaly wezipeler bolupdyr. Abdallaryň döwletinde ulanylan harby adalgalaryň hem köpüsi türkmen dilinde bolupdyr. Olaryň hatarynda «sülsatçy» (goşuny zerur zatlar bilen üpjün ediji emeldar), «gorhana başy» (ok-ýarag saklanýan ýere jogap berýän emeldar) «topçy başy», «dag başy» (başgaça «on başy» hem diýlipdir), «ýüz başy» (oňa «baýrakdar» – «baýdak göteriji» hem diýlipdir), «müň başy», «gullar agasy» (hökümdaryň atly goragçylarynyň serkerdesi), «şahynçy başy», «jyzaýyrçy başy» (ikisi hem ýeňil toplaryň serkerdesi), «topçy», «zambirekçi» («topçy») ýaly wezipelerdir atlary görkezmek bolar. Ahmet şanyň döwründe tanymal adamlar türkmen dilinde aýdylyşy ýaly mälik, han, serkerde, serdar we soltan derejelerini göteripdirler. Ýokarda getirilen taryhy maglumatlardan görnüşi ýaly, Gurly türkmenleriň döwleti hem, Oguz han Türkmeniň nesilleri tarapyndan easlandyrylan köp sanly döwletler bilen bir hatarda, Merkezi Aziýanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Päkistanyň we Hindistanyň taryhynda uly yz galdyrypdyr. Jumadurdy ANNAORAZOW, taryh ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |