11:34 Zehin terjimäni sungata öwürýär | |
ZEHIN TERJIMÄNI SUNGATA ÖWÜRÝÄR
Söhbetdeşlik
“Biziň sowalnamamyzyň” şu gezekki sanynda halypa şahyr, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejepow okyjylar bilen terjimeçilik sungaty, onuň ähmiýeti hem-de bu ugurda kämilleşmegiň ýollary baradaky pikirlerini paýlaşýar. Türkmen edebiýatynyň şygryýet äleminde öz yzy, öz äheňi, özboluşly liriki dünýäsi bilen halkyň sşýgüsini gazanan şahyryň eserleriniň gory-da ep-esli bar. Nobatguly aga terjimeeçiligi sungat derejesine götermek üçin bu ugurdan ýörite ylymly-bilimli ýaş ösdürimleriň zehinine bil baglamagyň zerurdygyny nygtaýar. - Özüňiziň terjime dünýäsine gelşiňiz barada kelam agyz söz aýdaýsaňyz? Haýsy dillerden terjime edýärsiňiz? Terjimäniň haýsy ugurlary size has ýakyn? Şygryýetmi? Kyssamy? Makalamy? Onuň sebäbi? - 1966-67-nji ilkinji şygyrlarym çap edilip başlady, şol döwürlerem terjime bilen iş salşyp ugradym. Iogann Wolfgang Gýötäniň, Genrih Geýnäniň, Iogannes Beheriň goşgularynyň birnäçesini türkmen diline geçirdim. Birinjiden, ol maňa zehinimi, ukybymy, gorumy, güýjümi synap-saldarlap görmek üçin gerekdi, ikinjiden, özüňi görkezesiňem, “Pylany nemes dilinden terjime edýär!” diýdiresiňem gelýär. Kän terjime etmedim, ýöne mydama saýlap-seçip, “häý, şu goşguny özüm ýazan bolaýsadym”, “şuny türkmen okyjysam okap göräýsedi” diýen goşgumy terjime edýän. Ýetmişinji ýyllaryň aýagynda Mihail Lermontowyň “Ajal perişdesini”, Sergeý Ýeseniniň birnäçe goşgusyny türkmençä geçirdim. - Terjime-de hil-hil. Çeper terjime, sözme-söz terjime, erkin terjime. Siziň pikiriňizçe, haýsy ugra ýykgyn edilse ýagşy? - Elbetde, terjime hil-hil bolýar. Geçen asyrda sözme-söz terjime ýoň boldy, emma sözme-söz hiç bir dilde terjime hasaplanmaýar. Sowet ýyllary bolsa sözme-söz terjime zerur boldy. Sebäbi o ýyllar türkmen şahyrlarynyň şygyrlary, hekaýalary, powestleri, romanlary, drama eserleri rus diline terjime edilip, ýerli hem merkezi gazetlerde, žurnallarda, neşirýatlarda çap edilýärdi. Ýazyjylar birleşiginde sözme-söz terjime edýän hünärmenler kändi. Bike Orazgulyýewa, Eduard Sklýar, Mergen Hümmedow dagy sözme-söz terjimäniň ussady hasaplanýardy. Olar türkmençe eseri rus diline sözme-söz terjime edýärdiler, şolaryň esasynda-da rus şahyrlary türkmen goşgularyny rus diline geçirýärdi, aşagyna bolsa “Türkmen dilinden terjime eden Pylanyýew” diýlip ýazylýardy. Aslynda, ol şahyr türkmen diliniň ýekeje sözünem bilýän däldir. Şahyryň şygry sözme-söz terjime edileninde bir ýitgi çekýärdi, terjimeçem onuň milli öwüşginlerini, duýgularyny ýitirýärdi. Şeýle terjime çorbanyň çorbasy bolýardy. Meniň pikirimçe, sözme-söz terjimäniň möwriti geçdi. Men erkin terjimäni bijebaşy saýýaryn, şony dogry hasaplaýaryn. Başga dilden geçirilen goşgynyň, birinjiden-ä, terjime edileni bildirmeli däl, ikinjidenem, ol gowy türkmen goşgusy ýaly bolmaly. - Edebi döredijilik bilen çeper terjime miweli bagyň aýry-aýry şahalary. Hersiniň öz ýoly bar. Gowy ýazyjy ýa gowy şahyr oňat terjimeçi bolup bilermi ýa-da her kim öz başarýan işini etmelimi? - Ökde dutarçy sähel emgense, beýleki saz gurallarynam çalyp bilýär. Şahyr, ýazyjy, galamgärem şeýle. Yhlas etse, ökde terjimeçi bolup biler. Meniň pikirimçe, edebi döredijilik bilen çeper terjime aýry-aýry sungat. Bütin ömrüne terjime bilen iş salşan terjimeçiler ýok däl, emma şindize çenli: “Pylanynyň terjimeçilik zehini ýanyp dur-aý” diýen sözi welin eşidemok. Eger terjimeçi gowy ýazyjy, gowy şahyr bolsa, üstesine, daşary ýurtlaryň iň gowy, iň kämil eserlerini saýlap-seçip terjime etse, türkmen edebiýaty gaty baýlaşardy. Gowy terjimeçi bolmak üçin ýanyp duran zehinden başga, ummasyz ukyp, üşük, yhlas, söýgi, erjellik, hyjuw-hyruç, tejribe gerek. Beýik şahyr Andreý Woznesenskiý: “Музыку руками трогать нельзя” diýýär. Zehiniň ýokmy – gowy eseri terjime edip zaýalama! Geçen asyryň başynda ussa Haýty atly meşhur hekim bolupdyr. Ol haltanyň içinde abat küýzäni döwüp, soňam gözüni daňyp, iki elini haltanyň içine sokup, küýzäniň jäçlerini ýerli-ýerinde goýup, ýelimläp, ýaňadan abat küýze edip bilipdir. Terjimeçiniň zehininden başga ussa Haýtynyň üşügi ýaly tebigy üşügi, yhlasy, söýgüsi bolsa, gowy zatlar edip biler. Dyrnak ýaljak çymçyk guşam “Soýsa-da gasap soýaýsa” diýenmiş. Terjimäni zehinli adam edäýse jüpüne düşýär. - “Sözi terjime etmeli däl-de, eseriň manysyny bermeli, pikirini beýan etmeli” diýen ýaly düşünje bar. Ýöne türkmen diline geçirip bolmaýan aňlatmalaram, söz düzümlerem gabat gelýär. Terjimeçi şunuň ýaly ýagdaýlardan nähili baş alyp çykmaly? Siziň tejribäňizde şeýle kynçylyklar duşdumy? Belki, mysal getirersiňiz? - Terjimeçiniň birinji etmeli işi, mukaddes borjy – türkmen okyjysyna zerur, gerek, gowudan-gowy eseri saýlap almagy başarmaly. Aýdaly, Ýewgeniý Ýewtuşenko beýik şahyr, emma onuň başga dile geçirip bolmaýan ýa-da ortahal eserlerem bar. Şonuň üçinem islendik şahyryňam türkmen okyjylaryny heýjana salaýjak goşgularyny terjime etmek gerek. Roman bolsun, poema bolsun, parhy ýok, terjime edýän ýazaryň, eseriň hakynda synlary okap, ýazyjynyň eseriniň görnüşine dykgat etmeli. Gowy eseri saýlap alaňsoň, ony okyjy hökmünde däl-de, terjimeçi hökmünde öwran-öwran okamaly, şol eseriň ruhy ruhupa, manysy seriňe, duýgulary kalbyňa girip, ýazyjy, şahyr, terjimeçi hökmünde özüňi galkyndyrmaly, hyjuwyňa, hyrujyňa ot bermeli. Terjimeçi ýazar bilen basdaş, bäsdeş, ýaryşdaş bolsa, terjime gowy eser bolup çykar. Aýdaly, Hemingueýi terjime edýärsiň, eserde amerikan nakyly gabat gelýär. Terjime şonda şol nakyla kybap türkmen nakylyny ulansa, okyjyny tykyradýar, ikirjiňlendirýär. Ol amerikanlarda hem türkmen nakyly barmyka diýip haýran galýar. Meniň pikirimçe, nakyllar, atalar sözüni, aforizmleri, söz aňlatmalary, mümkin boldugyndan terjime etmeli. - Çap edilýän terjime eserleri bilen yzygiderli tanyşýarsyňyzmy? Olarda heniz çigräk ýerleri gabat geldimi? Terjimede bärden gaýtmalary azaltmak, aradan aýyrmak üçin nämeler edilse makul bolardy? Terjimeçileriň tejribe we pikir alyşmaklary üçin maslahatlar, ýygnanyşyklar gerekmi? - Men bir zady gaty kän synladym: ýazyjy, şahyr, terjimeçi öz derejesine kybap eseri terjime edýär. Terjimeçiligi kesp edinen üçin welin, parhy ýok, näme geçginli bolsa, şoňa-da ýapyşýar. Senetkär terjimeçi beýik eseri terjime etse-de, senet derejesine düşürýär, çyn zehin welin, ony sungat derejesine göterýär! Kerim Gurbannepesow wenger şahyry Şandor Petöfiniň şygyrlaryny terjime etdi. Şandor Petöfiniň çaklaňja kitaby türkmen edebiýatynda uly hadysa öwrüldi diýsemem öte geçmen. Biz, ýaş şahyrlar ony ürç edip okadyk. Soň-soň onuň rusça terjimelerini okasak, juda beýle-de däl eken. Asyl ol Kerim Gurbannepesowyň şahyr gudraty bilen türkmen edebiýatynda hadysa öwrülen eken. Dünýäniň beýik ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini kimiň terjime edendigine garamazdan, zehinli ýaşlaryňam terjimelerini okaýan, zehinine sarpa goýýan. Ykbalyny terjime bilen badaşdyranlaryňam, zehinli ýaşlaryňam terjimelerini okaýan. Şowsuzraklaram, bärden gaýdýanlaram duşýar, sebäbi ilkinji külçe külsüz bolmaýar. Gadym zamanda uly-uly galalar salnanda her bir raýat uzyn gije palçyk eýläp, olaram eşege ojar odunyny ýüklän ýaly, artmak edip eltmeli eken. Heý, palçygam ojar ýaly ýüpde durarmy diýjek tapylar, emma depgisini ýetirip, yhlas bilen eýläberseň, ýadaman-ýaltanman ýugruberseň, palçygam ýüp bilen çykap bolýar. Näçe çeýnäp iýdigiňçe, lukmaň tagamy, ýokumy artýar. Beýik esere ýapyşdyňmy – ýugurmaly, eýlemeli, çeýnemeli... - Terjimede kösençlik çekýän wagtyňyz bolýarmy? Asyl nusga söz ýa-da sözlem goşýaňyzmy? Siziň pikiriňizçe, asyl nusga dürs saklanmalymy ýa-da aýry-aýry halatlarda “ýorgana görä aýak uzadylsa-da” bolýarmy? - “Pylan eser asyl nusgasyndan gowy terjime edilipdir” diýilýän wagtlaram bar. Halypa terjimeçiler Bäşim Ataýewiň “Müň bir gijesi”, Annaly Berdiýewiň, Atamyrat Atabaýewiň Ýeseninden, Annaberdi Agabaýewiň Dmitriý Kedrinden, Atajan Annaberdiýewiň Rubsowdan eden terjimeleri asyl nusgaça bar diýsek öte geçdigimiz bolmaz. Diňe bir ýagdaýda – asyl nusga “ýedinji derejeli” eser bolsa, terjime ondan gowy çykyp biler. Dünýä edebiýatynda bütin ömrüňe okap ýöreniňe degýän ajaýyp-ajaýyp eserler kän. Bäşim Ataýewiň, Anna Muhadowyň, Daňatar Berdiýewiň, Annaly Berdiýewiň, Şadurdy Çaryýewiň, Kakabaý Gurbanmyradowyň, Atamyrat Atabaýewiň türkmençä geçiren eserleri okyjylar üçin eşretli lezzet, terjimeçiler üçinem mekdep boldy. Pyragyň şygyrlaryny ýüzlerçe şahyr rusça geçirdi. Şahyrlaryň biri asyl nusgadan daşlaşypdyr, emma olary hezil okap bolýar. Beýleki biri, mümkin boldugyndan, asyl nusga golaý bolmaga çalşypdyr, emma terjime edilendigi bildirýär. Ine bir mysal: Watanymda han idim, Hanlara perman idim, Dertlere derman idim, Misgine dükan idim, Jansyzlara jan idim, Neýleý indi biçäreýim. Deňeşdirip görüň: Я на родине шахом был, Я для шахов я страхом был, Для несчастных я лекарством был, Я врачом для недужных был, Я душой для бездушных был, А теперь слабее птенца. Magtymguly Pyragynyň iki ýüz elli ýyllyk ýubileýinde görnükli ukrain şahyry Pawlo Mowçan ýokarky goşgynyň ukrain diline terjimesini ýatdan okady. Tutuş zal ör turup, tas bäş minut şowhunly el çarpdy. Sebäbi terjime gaty şowludy. - Biziň sowal-jogabymyzyň maksady diňe çeper edebiýat däl, umuman terjimäniň ähli ugurlaryna nazar aýlamak. Belki, şu babatda garaýyşlaryňyz, pikirleriňiz, arzuw-islegleriňiz bardyr?! - Garaşsyzlygymyzy alyp, ýurdumyzyň ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerinde sapaklaryň türkmen dilinde geçilip başlanmagy bilen, gysga wagtyň içinde dürli pudaklardan ylmy kitaplary terjime etmek, müňlerçe gollanmalary ýazmak zerurlygy ýüze çykdy. Pudaklaýyn terjimäni şol ugruň hünärmenleri etmese bolmaýar. Bizde olary terjime etjek, gerek bolanda täze adalgalary sözleri ýasap, ulanyşa girizjek ylym adamlary, hünärmenler ýeterlik. Bizde terjimäniň tas bir asyrlyk tejribesi bar. Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Annaly Berdiýew Eshiliň, Şekspiriň, beýleki nusgawy dramaturglaryň eserlerini, Hudaýberdi Bäşimow dünýä edebiýatynyň birnäçe saýlama komediýalary terjime etdi. Olar sahna eserlerini kitaby dilde däl-de, gepleşik dilinde terjime etdiler, sebäbi sahna eserleri sahnada gürlenilýär. Şonuň üçinem sahna eseri gepleşik dilinde terjime edilse ýerine düşýär. Segseninji ýyllarda Pedro Kalderonyň “Jadygöý jenan” atly şygyr bilen ýazylan komediýasyny terjime edipdim. Bir ýüz elli sahypa. Soňra teatra goýlanda, men pýesanyň gysgaldylan görnüşini ýasamaly boldum. Ençeme çeper filmem terjime etdim. Iň kyn terjime-de çeper filmiň terjimesi. Sebäbi sözlem aktýoryň agzynyň hereketi bilen gabat geler ýaly bolmaly. - Tutumly terjimäniň başyny başlamakçy bolanyňyzda, şol romany, powesti... başdan-aýak okap görýäňzimi? Terjimäniň hötdesinden geljegiňizi ýa-da gelip bilmejegiňizi öňünden duýýaňyzmy? “Okamaga wagt ýitirmek nämä gerek?” diýip, haýdan-haý terjimä girişýän halatlaryňyz bolýarmy? Şu sowalyň gapdaly bilen ýene bir sowal öz-özünden döreýär: terjime etjek eserleriňiz, ondaky taryhy gahrymanlar, şol eserleri döreden adamlar barada... giňişleýin maglumatlary agtarýarsyňyzmy? - Tutumly eser, ýagny roman, powest beýlede dursun, hekaýa ýa goşgy terjime etjek bolanyňda-da bir däl, birnäçe gezek okap görmek zerur, wajyp. Sebäbi şol eseriň ruhy, hörpi-howalasy, tagamy-dady ruhuňa, emer-damaryňa siňmeli. Artistiň gahrymanynyň keşbine girişi ýaly, terjimeçi eseriň ýazarynyňam ruhuna girmeli. “Günde bäş-on sahypa terjime edýän” diýip, bu sungaty işe, senede öwürýänlerem bar. Şeýle terjimeleri iş edinip, özüňe zor salyp, ýörite okaýmasaň, eliňe alasyň gelmez. Çeper terjime beýik sungat, ony senede öwürseň, kebabam köýer, çişem. Islendik ajap eser beýniniň pikir ediş örüsini giňeldip, kalbyňda barylmadyk çuňluklary açýar. Eger eseriň ruhyna bilseň, söz-sözlem terjime etmän, eseriň many-maňzyny, ýagyny-ýülügini, duýgularyny beýan etmegiň hötdesinden gelersiň. Bir tymsal getireýin: adamyň dili gürleýär! Şeýle gerek? Emma adamyň diňe dili däl, gözlerem, gaşlaram, ýüregem, ýüz keşbem, hatda özüni alyp barşam gürleýär. Gowy eserem hut şeýle. - Siziň halypa-şägirtlik mekdebine garaýşyňyz? Belki, ýaş terjimeçileriň kämilleşmegi üçin terjimeçilik sungatyna degişli ýörite gollanmalar hem gerekdir? Şu meselä nähili garaýarsyňyz? - Ussa şägirdine gülýaka, çapraz-çaňňa ýasamagy, bagşy bolsa saz çalmagyň inçe syrlaryny öwredýär. Ussat terjimeçem özüne amal etmek başartmadyk zatlaryny şägirdine öwredip biler. Ol döredijilik ýygnanşyklarynda, metbugatda çykyş edip, tejribesinden gürrüň berip, ýaşlara ýol görkezip biler. Terjime bilen bagryny badaşdyran halypa hökmünde gollanma ýazmana borçly, sebäbi bilýänler-ä öwretmeli, bilmeýänlerem öwrenmeli. Emma dörediji adamyň, terjimeçiniň halypasam, şägirdem özi. Ol terjime edýän eseri bilen gije-gündiz ýüzbe-ýüz bolýar. Kynmy? Elbetde, kyn! Saňa halypaňdan dalda-da, goldawam ýok. Diňe özüň baş alyp çykmaly. Dünýäniň käbir ýurtlarynda terjime etmegiň azyndan iki müň ýyllyk taryhy, tejribesi bar. Geçen müňýyllykda ýewropalylar gadymy ýunan, Rim dramaturglarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň nusgawy eserlerini ürç edip öwrenipdirler. Arabystanda ylym-bilim ösen döwürleri şol gadymy eserleri terjime edilipdir. Arap-pars dilindäki eserler hem ýewropa dillerine terjime edilipdir. Biziň çeper edebiýatlary terjime etmekde bir asyrlyk tejribämiz bar. Emma, gynansak-da, gollanma kitaby ýok. Şol kitap derwaýys gerek, sebäp häzir biziň ýokary okuw mekdeplerimizde iňlis, ispan, italýan, hytaý, fransuz, rus, arap-pars... dillerinden talyplara bilim berilýär. Olaryň hünäri terjimeçilik. Elbetde, mugallymlaryň özleriniň taýynlaýan gollanmasy bardyr. Emma umumy tejribe gollanmasy gerek. - Häzir köp adalgalar, mümkin boldugyndan, türkmen diline geçirilmäge ýykgyn edilýär. Şonda täze sözlerem ýasalýar. Şu babatda nämeleri aýdyp, nähili mysallary getirip bilersiňiz? - Täze zamanada, ylmyň-bilimiň, tehniki-tilsimadyň uly tizlik bilen ösýän döwründe durmuş özgerýär, täze adalgalar, düşünjeler, söz düzümleri ulanylmaly bolýar. Kompýuter, saýt, internet ýaly adalgalar-atlar mejbury alynýar. Wagt geçýär, olar bilen gulagyň öwrenişýär. Islendik başga dildäki sözi çalyşmaly diýen zat ýok. - Öz ene diliňi göwnejaý bilip, terjime edýän diliňi bolsa gowşagrak bilseň ýa-da tersine bolan ýagdaýynda terjimeçilik bilen meşgullanyp bolarmy? - Dil – ýazyjynyň, terjimeçiniň, galamgäriň ýaragy, iş guraly. Ýaragyň gurat bolsa, ýüregiň suwluja bolýar. Terjime edýän diliňi suwara bilseň, oňa ýetesi zat ýok, emma ýabygorly bilýän bolsaň, sözlük ulanyp terjime edip bolar. Wolter “Daşary ýurt dilini öwrenmek üçin bir ýyl ýeterlik, emma ene diliňi öwrenmek üçin ömrem az bolýar!” diýýär. Eliňe galam aldyňmy, ýazyjy bol, terjimeçi bol, parhy ýok, ene diliňi göwnejaý bilmek gerek. Terjime edýän diliňi göwnejaý bilmeseňem, terjime edeniňde lezzet alyp bilmersiň, diýmek, terjimäňe-de şol lezzeti berip bilmersiň. - “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň okyjylary meşhur eserleri, esasan asyl nusgadan edilen terjimelerden okap bilýärler. Umuman, dürli dillerden terjime edip bilýän ýaşlar ýetişdirmek üçin nähili şertler gerek? - Ýetmişinji ýyllarda “Türkmenistan” neşirýatynyň terjime bölüminde işledim. Ýylda onlarça kitap türkmençä terjime edilip, çapdan çykýardy. Olaryň ählisi rus dilinden terjime edilýärdi, sebäbi başga dillerden edýän terjimeçi ýokdy. Türki halklaryň eserlerinem rus dilinden terjime ederdik, sebäbi olaryň asyl nusgasy elýeterli däldi. Hormatly Prezidentimiziň “Dünýä edebiýaty” žurnalyny açyp bermegi bilen gysga wagtyň içinde iňlis, hytaý, italýan, fransuz, ýapon, arap, pars ýaly onlarça dillerden, dünýäniň azy ýaran ýazyjylarynyň meşhur eserleri türkmençä terjime edilip, halka ýatirildi. Okyjylarymyz şol eserleriň üsti bilen dünýä edebiýaty bilen içgin tanyşýarlar. - Sözlükleriň haýsy görnüşleri terjimeçiniň hökmany ýankitaby bolmaly diýip hasaplaýarsyňyz? Terjime bilen meşgullananyňyzda internet ulgamy bilen peýdalanýarmysyňyz? - Terjimeçiniň ýankitaby düşündirişli sözlükler bolmaly. Düşündirişli sözlüklerde bir sözüň dürli sinonimleri berilýär. Sözleriň manysy birem bolsa, ysy, tüýsi, röwşi başga bolýan halatlary az gabat gelenok. Geregini, jüpüne düşýänini saýlamagy başarmaly. Kompýuter, internet terjimeçiniň işini ep-esli ýeňletdi. Ýassyk ýaly kitaby waraklap, söz gözlemeli däl indi. Ähli sözlükler ýankitabyň ýaly, mydama ýanyňda. Terjime edeniňde käbir sözleriň, ýer-ýurt atlarynyň, adalgalaryň düşündirişi çykgytda hökman berilmeli. Bu babatda Magtymguly Pyragydanam görelde alyp bolar. Ol gaýry dilden zerur sözi peýdalansa – türkmençe şoňa kybap sözi yzyna tirkäp goýberýär. - “Özüň eser ýazanyňdan terjime edeniň aňsat” diýýänlerem tapylýar. Ylalaşýaňyzmy? Terjimäni – kyn, hupbatly terjimä hem-de aňsadrak, ýeňilräk diýen ýaly toparlara bölmek mümkinmi? - Özüň ýazyp bilýän bolsaň, terjime etmek gerekmi? Elbetde, gerek! Sebäbi terjime edeniňde ömrüňde gabat gelmedik sözlemleriňi düzmäge mejbur bolýarsyň, şeýlelikde, tejribäňi artdyrýarsyň. Terjimäni diňe oňa kembaha, geldi-geçer garaýanlar taýýar aş hasaplap biler. Munuň hupbatly ýeri – sen isleýän eseriňi ýazaňok, terjime edýäň. Seniň depäňde eseriň ýazary dur! Ýetmişinji ýyllarda neşirýatda işleýän wagtym wýetnam ýazyjylaryň biriniň powestini terjime etmegi tabşyrdylar. Men kitaphana gidip, gözläp-gözläp, ahyrsoňy aňsadrakdyr öýdenimi saýlap aldym. Bagtyma, ol gowy eser bolup çykdy. Elbetde, aňsat, ýeňil terjimeler bolýar. Ýol ýazgylary, şorta sözler, ertekiler, rowaýatlar kitaplary. - Terjimäniň öndümli hem-de oňat hilli bolmagy üçin döredijilik adamyna nähili şertler gerek? Asudalykda, rahatlykda iş gowy önýärmi ýa-da daş-töweregiň goh-galmagalynda üns bermänem işläp bolýarmy? - Terjimä çynlakaý ýapyşýanlar edil öz eserlerini ýazýan ýaly hupbat görýärler, jepa çekýärler. Olara asudalyk gerek, sebäbi terjimeçi eline düşen eseri sungat derejesine götermegi maksat edinýär. Senede öwrenler üçin parhy ýok. Olar işde oturkalaram terjime edýärler. - Iň soňky sowalymyz. Eger size galsa, öz-özüňize nähili sowal bererdiňiz hem-de oňa nähili jogap bererdiňiz? Isleseňiz, bu sowala jogap bermänem bilersiňiz. - Eger men öz-özüme sowal bermeli bolsam: “Nobatguly, näçe ýazaryň gowy eserini terjime etdiň, olaryň näçesini öz derejäňden pese taşladyň, näçesini ýokaryk göterdiň, näçe eseri asyl nusgadan gowy etdiň?” diýip sowal bererdim. Nobatguly REJEPOW. "Dünýä edebiýaty" žurnaly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||