11:41 Žorži Amadu | |
ŽORŽI AMADU
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Žorži Leal Amadu di Fariýa (portugalça: Jorge Leal Amado de Faria (ˈʒɔʁʒi lɛˈaw ɐˈmadu dʒi fɐˈɾi.ɐ)), 1912-nji ýylyň 10-njy awgustynda Braziliýanyň Itabuna şäherinde doglup 2001-nji ýylyň 6-njy awgustynda Salwadorda aradan çykan, meşhur brazil ýazyjysy, žurnalisti, jemgyýetçilik we syýasy işgäridir. Ol 1961-nji ýylda Braziliýanyň Edebiýat akademiýasynyň agzalygyna saýlanypdyr. Onuň dünýäde iň meşhur romany, öýsüz ýetginjek jenaýatçylar, olaryň topary, durmuşy we söýgüsi hakdaky “Çägäň kapitanlary” (Capitães da areia) atly 1937-nji ýylda çap edilen kitabydyr. Russiýada bu roman “Çäge händekkänleriniň (karýerleriniň) generallary” ady bilen 1938-nji ýylda ilkinji gezek neşir edilipdir. Ž.Amaduň kakasy Baiýa – Braziliýanyň 26 ştatynyň biri, ýurduň Gündogaryndaky, Atlantika ummanynyň kenarýakasynda ýerleşýär – Seržipi ştatyndan kakao ekmäge gelen kiçi mülkdar, goşun gullugynda nepaga çykan serkerde bolupdyr. Ýöne, onuň maşgalasy mama keseliniň ýaýramagy zerarly bir ýyldan soň Ulýeus şäherine göçüpdir. Şol ýerde Ž.Amaduň çagalygy geçipdir. Ž.Amadudan başga polkownik Žuan Amaduň ýene-de üç ogly bolupdyr: Žofri – 1915, Žoelson – 1920, Žamis – 1922. Çagalygynyň wakalary, esasanam, deňze höwes, syýasy we ýer jedelleri (olaryň birinde Ž.Amaduň kakasyny atypdyrlaram), ýazyjyň tutuş döredijiligine düýpli täsir edipdir. Ilkinji sowady Ž.Amadu ejesinden öwrenipdir, 1918-nji ýyldan başlap bolsa ol Ilýeus şäherinde mekdebe gatnap ugraýar. Soňra on bir ýaşyndan başlap Salwadorda, Antoniu Wieýraň dini kollejinde okuwyny dowam etdirýär. Şol ýerde-de Ž.Amadu edebiýata imrigipdir, Çarlz Dikkensiň, Jonatan Swiftiň eserlerini ençeme gezek gaýtalap okapdyr. 1924-nji ýylda ol kollejden gaýdýar we iki aýlap Baiýa ülkesiniň ýollarynda ýeke özi syýahat edip, Seržipa ştatynda ýaşaýan atasynyň ýanyna gaýdýar. Ž.Amadu orta bilimini Ipiranga gimnaziýasynda tamamlaýar. Ol şo ýerde “Watan” (A Pátria) gazetini ýöredýän ekeni. Ýazyjy Rio-de-Žaneýraň uniwersitetinde hukuk fakultetinde ýokary bilip alypdyr. Şol ýerde-de ol kommunistik hereket bilen tanşyp, Raul Bopp, Žoze Ameriku di Almeýda ýaly kommunistler bilen gatnaşmaga başlapdyr. 1932-nji ýylda bolsa ol Braziliýaň kommunistik partiýasynyň agzasy bolupdyr. Ýene-de dört ýyldan kommunistik pitnä gatnaşyjy hökmünde tussag edilipdir. Ol 1930-1945-nji ýyllar aralygynda Braziliýada “Er Wargas” diýen partiýa lakamy bilen tanalypdyr. 1935-nji ýylda Ž.Amadu ýokary bilimini tamamlasa-da öz ugry boýunça ýekeje günem işlemän, diňe edebiýat bilen meşgullanypdyr. Onuň meşhur romany “Çägäň kapitanlary” ilkibada bary-ýogy 1,5 müň nusgada neşir edilip, olam şol ýylda tutuş tiražy tussag edilip, ýakylypdyr. 1938-nji ýylda erkinlige çykandan soň ol San-Paulu şäherine göçüpdir. Emma soň ilk-ä Braziliýadan Urugwaýa, soňam Argentina göçmäge mejbur bolupdyr. 1945-nji ýylda Braziliýada kommunistik partiýa kanuny hereket edýän syýasy birleşme hökmünde ykrar edilenden soň, ýazyjy San-Paulu şäheriniň deputaty hökmünde ýurduň Milli kongressine agzalyga saýlanypdyr. Ondan başga-da Ž.Amadu Braziliýanyň ýazyjylar birleşmesiniň başlygynyň orunbasarlygyna (wise-prezidentligine) saýlanypdyr. Şol ýylda Ž.Amadu birnäçe kanunlaryň taslamalaryny taýýarlapdyr. Emma 1948-nji ýylda ýene-de Braziliýada kommunistik partiýa garşy hereketler başlanandan soň Ž.Amadu deputatlygyndan mahrum edilip, ol Pariže göçmäge mejbur bolupdyr. 1948-1950-nji ýyllarda Ž.Amadu Parižde ýaşap, ýazyjy Žan-Pol Sartr, nakgaş Pablo Pikasso dagylar bilen gatnaşyk saklapdyr. Soňra ol 1951-1952-nji ýyllarda Pragada ýaşapdyr, ençeme gezek SSSR-e iş saparlary bilen gelipdir. 1952-nji ýylda ol Braziliýa dolanyp gelip, syýasatdan çetleşip, diňe edebiýat bilen meşgullanmaga başlapdyr. Ol 1956-njy ýylda Braziliýaň kommunistik partiýasynyň hataryndan öz islegi boýunça çykypdyr. 1967-nji ýylda bolsa ony Braziliýadan edebiýat boýunça Nobel baýragyna hödürlemekçi bolanlarynda, ol bu teklipden ýüz dönderipdir. Ž.Amadu 89 ýaşynda, 2001-nji ýylda ýüregagyry sebäpli jan beripdir. Onuň wesýetnamasyna görä, onuň jesedi ýakylyp (kremasiýa edilip), küli, onuň söýgüli mango agajynyň köküniň arasyna sepilipdir. Oň öz ýazyşy ýaly: “şu agaja ösmäge ýardam bermek üçin”. Bu mango agajy ýazyjyň “Riu Wermelýo” diýen ýerdäki öýüne ýakynda ýerleşýän dükanyň ýanynda ösýär. Ol şo agajyň saýasynda aýaly bilen oturmagy eý görer ekeni. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |