11:44 Gämi duralgasynyň ammary / romandan parça | |
GÄMI DURALGASYNYŇ AMMARY
Romanlar
(“Çägäň kapitanlary” romanyndan parça) Aý astynda, köne taşlanan gämi duralgasynyň ammarynda çagalar ýatyr. Birmahal bu ýerde deňiz bolupdy. Gomlar, birden-ä gümmürdi bilen binaň binýadyndaky gara daşlara urlup pytrardy, birdenem ony mähir bilen ýalardy. Ýanalgaň astynda – öň deňziň hemişe çyrpynýan ýerinde – sap-sary aý nuruna gar bolan çagalar ýatyr. Bu deňizdir ýelleriň gemren tagtalak ýanalgasyna, öňler, käte äpet hem haýsydyr bir aňýetmez reňkli, sansyz ýelkenlikler, ammarlaryny doldurmak üçin ýanalardy. Bu ýerdenem olar mas ýüklenip, deňiz ýollarynyň howp-hatary sary rowana bolardylar. Şonda ammaryň öňünde ummanyň syrly tekizligi ýaýylar durardy, gijelerem bärde gara-gara ýaşyldy, tümlüge ýakyndy, edil gün ýaşandan soň deňziň bolşy ýaly, şo matally reňkdedi. Indi bärde gijeler aýdyň. Ak deňiz çägesi olary şeýle edýär. Ammaryň nijeme metr öňünde suwadüşülýän mekanyň çäge zolagy serilip ýatyr. Ýanalga astynda, indi tolkunlar urnanok: hemme zada çäge eýelik edýär. Haýaljakdan, ädimme-ädim ol täzeden-täze çäkleri basyp alýardy. Şeýdibem deňiz yza tesdi. Indem bu ýanalga reňbe-reň ýelkenlikler ýanalanok, bärde edil gadymy basmasuratlardan syrylyp düşene çalymdaş endamy çykyn-çykyn hebeşiler işlemeýär. Goja ýanalgada mähriban topragy barada gussa çekýän deňizçi öz aýdymyny aýtmaýar. Akdan ak çäge ammaryň öňünde ýaýylyp ýatyr. Indem hiç haçan bu äpet ammar gülebentler, haltalar hem çelekler bilen dolmaz. Adamlar ony taşlady. Şondan bärem ol ýatyr, taşlanan, ýarymweýran – çägäň ak kendirindäki gara nokat. Uzak ýyllar ammaryň ýeke-täk ýaşaýjylary alakalar bolupdy. Olar çygyryp, birew-birewiň yzyndan eňişýärdiler, agyr agaç derwezäni gemrerdiler, özlerini bärde çirksiz hojaýyn saýardylar. Bir gezek, ýagyşdan-ýelden pena agtaryp, bärik ykmanda it sümsünip geldi. Birinji ol düýbünden ýatman, zymdyrylyşýan alakalary awlady. Ol bärde birnäçe gijäni säherde aýa uwlap geçirdi: eýýäm şo wagt üçegiň bir bölegi oparylandy, aýyň şöhlesem ap-arkaýyn ammarastyna düşelen galyň tagtalara guýlup durdy. Ýöne awra it hemişelik tünege endikli däldi, şoň üçinem bahym başga ýerde sümelge gözlemäge gidipdi: boş girelgäň garaňkylygynda, köpri egreminiň astynda, ganjygyň ýyly teniniň gapdalynda. Onsoň ýene-de bärde alakalar eýemseklik satmaga başlapdy, tä taşlanan ammar çägäň kapitanlarynyň gözüne kaklyşýança. Oňa çenli derweze petlesinden sypypdy, onsoň kapitanlaň haýsam bolsa biri, bir gezek öz mülküni (Baýýan aýlagynyň tutuş kenarýakasy-da, hut bütin şäher ýaly çägäň kapitanlaryna degişli ahyry) gözden geçirip ýörkä, onuň içine giripdi. Ol dessine, ýalaň çägede ýa-da beýleki ammarlaryň ýanalgalarynyň islendik pursatda tolkunlaryň düýrläp alyp gitmegi mümkin bolan aşagynda gijeläniňden, şu ýerde ýatanyň has amatly boljakdygyny kellesinde aýlap ýetişdi. Şol günden başlabam, çägäň kapitanlarynyň aglaba köpüsi, benderiň köne ammarynda, sary aýyň astynda, alakalar bilen höwürdeşlikde ýatýar. Öňde – çägäligiň mähnetlikleri, başsyz-ahyrsyz juw-aklyk. Alysda kenara deňiz çyrpynýar. Gapyň açygyndan bendere ýanalýan ýa-da gidip barýan gämileň yşyklary görünýär, eleme-deşik üçekden bolsa – kapitanlaň düşlegini yşyklandyrýan ýyldyzly asmandyr mahym. Tizden olar bärik öz öwzarjagazlaryny daşadylar. Şonda ammara täsin goş-golamlar peýda boldy. Dogrusy, dürli ýaşly hem reňkli, dokuzdan on alty ýaşa çenli, göni tagtalaň üstünde ýa-da çägede, ýanalgaň astynda, ýatakhanalarynda uwlap pyrlanýan ýele-de, sil-suw edip ýagýan ýagyn-ýagmyra-da ähmiýet bermän, ýatyp-turup ýören oglanjyklaň özlerinden geň däldi. Ýöne, gämileň duýduryjy yşyklaryna neneňsi dykgat bilen tiňkäni dikýärdiler, ýelkenliklerden gelýän aýdymlaň sözlerini nähili nebsewürlik bilen gapyp alýardylar... Bärde siz çägäň kapitanlarynyň öňbaşçysy Pedro Güllänem tapyp bilersiňiz. Bu ol lakamy ir alypdy – bäş ýaşynda. Polisiýaň güllesinden onuň kakasy wepat bolupdy. Ejesiniň bolsa kimdiginem bilmeýärdi. Häzir Pedro on bäşinde. Eýýäm on ýyl bärem ol Baiýaň köçelerini terslin-oňlyn öwrenip, olarda sergezdanlyk edýär. Häzir şäherde oňa mälim bolmadyk ýekeje çatrygam, dükan ýa-da kafe-de ýok. Haçan-da ol çägäň kapitanlarynyň arasyna düşende (şo mahal ýaňyja gurlan bender şäheriň ähli ýetimeklerini özüne dartýardy), olaryň öňbaşçysy Kaboklo (hindi bilen akýagyzyň garnuwy) lakamly Raýmundody, daýaw, mishamly ýarymzeňňi. Ýöne Raýmundo çägäň kapitanlarynyň uzak baştutany bolmady. Pedro Gülle has aýgytly hem akyllydy, “işi”has gowy kesip-biçmegiň hötdesinden gelýärdi, her kes bilenem düşünişmegi-de başarýardy. Ol dogabitdi serdardy: oň gözlerinde nähilidir birhili aýratyn güýç lowurdaýardy, sesinde-de şol eşidilýärdi. Bir saparam olar garpyşdylar. Öz gara başyna Raýmundo pyçagyny alyp, Pedroň ýüzüni serpip goýberdi (bu söweşiň yzy onda ömürlik galdy). Pedro ýaragsyz bolansoň, oglanlar oň tarapyny çalyp, darkaşy bes etdiripdiler. Wakaň munuň bilen tamamlanmajakdygyna hemmeler düşünýärdi we ahmyr alşyga garaşmaga başlapdylar. Bir agşamam Raýmundo Urşaganyň eýmijini ýetirmekçi boldy. Pedro garajürjeniň arkasyny alandanam, darkaş tutaşdy. Ýanalgaň çäge alaňlary ilkinji gezek şonuň ýaly haýhatly jeňiň şaýady boldular, Raýmundo kän uzyndy hem ýaşy uludy. Ýöne Pedro Gülle, ygşap duran aksowult saçlarydyr, ýüzündäki gyp-gyzyl ýara yzy bilen, görlüp-eşidilmedik çalasynlyga eýedi, şol günden başlabam Raýmundo diňe kapitanlaryň üstünden agalygyny ýitirmän, eýsem, çägelik suwa düşülýänlerem elinden gideripdi. Bahymam ol haýsydyr bir gämä deňizçi bolup ýerleşip, Baiýany müdimilik terk edipdi. Hemmelere ses-selemsiz Pedro Gülläni öňbaşçy diýip ykrar edipdiler, tizdenem şäher çägäň kapitanlary – ogurlyk bilen güzeran aýlaýan ýetimek oglanjyklar hakda eşidip başlapdy. Olar ýüze ýakyndy (muny takyk hiç kim bilmeýärdi), ýarysyndan gowragam öňki bender ammarynyň harabasynda gijeleýärdi. Ýirim-ýyrtyk eşikli, kirli, ýarymaç, gaýduwsyz, öwran-öwran paýyş sözleri seçeläp goýberýän olar, şäheriň hakyky eýesidi, ony kämil derejede bilýän we ony çirksiz söýýän şolaram, onuň şahyrlarydy. © Žorži Amadu | |
|
√ Duman daganda: Her gözeliň bir galasy, bir belasy bar - 16.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -6: romanyñ dowamy - 15.09.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -30: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -20: romanyň dowamy - 03.11.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -29: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy / roman - 23.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -14: romanyň dowamy - 18.10.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: roman - 06.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |