10:52 Zylyha Muhammedowa | |
ZYLYHA MUHAMMEDOWA
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Alymyň ady we familiýasy:Zylyha Bakyýewna MUHAMMEDOWA Doglan ýeri:Mary welaýaty Doglan senesi:1922-nji ýylyň 9-njy ýanwary Aradan çykan senesi:1984-nji ýylyň 7-nji maýy Bilimi:1938-nji ýylda orta mekdebi tamamlaýar.1938-1941 ý.ý. A. M. Gorkiý adyndaky Türkmen pedagogik institutynyň dil we edebiýat bölüminiň talyby.1944-nji ýylda SSSR Ylymlar akademiýasynyň SSSR halklarynyň dilleri we ýazuwlary institutynyň aspiranturasynyň taýýarlyk kursuna, 1945-nji ýylda bolsa, ady SSSR Ylymlar akademiýasynyň akademik N.Ý. Marr adyndaky Dil we pikirleniş instituty diýlip üýtgedilen bu edaranyň (häzirki wagtda Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Dil bilimi instituty) aspiranturasyna okuwa girýär. Gysgaça maglumat: A.M. Gorkiý adyndaky Türkmen pedagogik institutynda, 1948-1949 ýyllar aralygynda Moskwada ýerleşýän Pedagogik ylymlar akademiýasynyň Milli mekdepler institutynda uly ylmy işgär bolup, 1949-njy ýyldan tä ömrüniň ahyryna çenli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil we edebiýat institutynda dürli wezipelerde işleýär. Muhammedowa 60-dan gowrak ylmy makalanyň, «XI-XIV asyr türkmen diliniň taryhy boýunça derňewler» atly monografiýanyň awtorydyr. Onuň işleri, makalalary rus edebiýatyndan türkmen diline edilen terjimelere, türkmen edebiýatyna, türkmen diliniň leksikasyna, türkmen diliniň taryhyna degişlidir. Muhammedowa TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Hormat hatlary bilen sylaglanypdyr. Ol TSSR YA-nyň korr. çleni (1951). TSSR-iň ylymda at gazanan işgäri (1972). Döredijiligi: Alym Zylyha Muhammedowa ýiti zehinli, adamkärçilikli, kiçigöwün, dogruçyl, sadadan türkana zenan bolupdyr. Oňa uly-uly alymlar: «Şeýle äpet, goýazy alym hakda gürrüň etmäge ejiz gelýän, bu iş örän jogapkärli, şonuň üçin ýaýdanyp ýördüm. Zylyha käbir adamlar ýaly ylma sokulyp gelenlerden däl, ylym Zylyhadan akyp çykýar. Ol ylma tüýs berlen,«hakdan içen»alymlardandy. Ilden üýtgeşik geýneýin, özüme üns bereýin — diýip, pikir eden zenan däldi. Sadadan ýönekeý geýnerdi, eşige berjek puluny kitaba sarp ederdi. Onuň pikiri hyýaly ylymdy» diýip baha berýärler. «Türkmenistanyň halk artisti, sazşynas Amanöwez Saparowyň «Garagum» žurnalynyň 2020-nji ýylyň 3-nji sanynda çap bolan «Sahy bagşy» atly makalasynda Zylyha Muhammedowa hakynda: «Bir gezek Sahy aga, kompozitor Kakabaý Annanepesow üçimiz otyrkak söhbetdeşligimiz meşhur adamlara, meşhurlyk gazanan eserlere syrykdy. Şonda Sahy bagşy: «Siz, Mihael Oginskiniň — polýaklaryň belli kompozitorynyň «Polonezini-hä» diňlänsiňiz?! Ol eseriň hakyky adyna «Watan aýralygy» diýilýän eken. Ol sazyň heňi Polşanyň döwlet senasyna öwrülipdir. Şol ajaýyp eseri bilenem kompozitor Oginskiý meşhurlyk gazanypdyr. Ýogsam onuň döreden her hili sazlary başga-da, köp eken. Ine, biziň Medeniýetimiziň (Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň — A.S.) aýdýan «Bilbil» diýen romansy hem, onuň sazyny ýazan kompozitory beýleki eserlerinden has saýlanyp meşhurlyga çykardy. Rus nusgawy kompozitorlary P. Çaýkowskiniň «Guw köli» baletindäki «Kiçijik guwlaryň tansydyr». D. Şostakowiçiň «5-nji simfoniýasy» hem bu awtorlary dünýä derejesinde tanadan eserler bolupdyr. Men bulary juda köptaraply sowatly zenan Zylyha Muhammedowadan eşidipdim. Indi sizem öz «goşhaltaňyza» atyberiň!— diýilýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň arasyndan ylym-bilime höwes edip, ilkinji alymlyk derejesine eýe bolan, gaýratly, akyldar zenan Zylyha Muhammedowa türkmen dil bilimi boýunça ylmy kadrlary taýýarlamak işinde uly hyzmat bitirdi. Halypa alymyň ýolbaşçylygynda birnäçe ýaş ylmy işgärler, aspirantlar ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejesini aldylar. Muhammedowa birnäçe alymlaryň doktorlyk we kandidatlyk dissertasiýalarynyň resmi taýdan bellenen synçysy boldy. Bir ogul, iki gyzy ösdürip ýetişdiren Zylyha Muhammedowanyň abraýly maşgalasy bardy. Onuň ýanýoldaşy (merhum) Sapar Ahally Ensary hem görnükli türkmen dilçi we edebiýatçy alymlaryň biri hökmünde tanalýar. Muhammedowanyň türkmen diliniň taryhy boýunça geçiren derňewleriniň içinde «Türkmen diliniň taryhy oçerklerini döretmegiň tejribesi», «Ýazuw çeşmeleri esasynda türkmen diliniň leksikasyndan bellikler», «Türkmen diliniň döreýiş taryhyna», «Uýgur we arap dilleriniň ýazuw däpleri we olaryň türkmen ýadygärliklerinde şöhlelenişi» ýaly umumy meseleler beýän edilýän we «Leningradda saklanýan türkmençe golýazmalaryň teswiri», «Türki diller we türkmen dili hakynda arapça ýazylan eserler», «Helle lugaty çagatai» diýen sözlük hakynda deslapky bellikler», «Rownak-al yslamy okap» ýaly anyk ýazuw ýadygärliklerine bagyşlanan makalalaryň köp sanysy bar. Olaryň arasynda «XI-XIV asyrlarda arapça ýazan filologlaryň eserlerinde türki dilleriň ses aýratynlyklarynyň şöhlelendirilişi», «Türkmen diliniň fonetikasynyň käbir arhaik häsiýetleri» ýaly fonetikadan, «Arapça ýazylan filologik eserlerde haýwanat dünýäsine degişli käbir terminler», «Oguz-türkmen etnonimleri» ýaly termino; ogiýadan, «Türkmen işliginiň bir modal şekili hakynda», «XVIII — XIX asyr türkmen şahyrlarynyň eserlerinde baglaýjysyz eýerjeňli sözlemleriň bir tipi hakynda» ýaly grammatikadan ýazan makalalary uly orun tutýar. Alymyň türkmen diliniň taryhyna degişli işlerini özara deňeşdirip göreniňde, olaryň agramly böleginiň taryhy leksikologiýa degişlidigi, awtoryň ilkinji nobatda ussat leksikolog hökmünde ýöriteleşendigi hakynda netijä gelýärsiň. Zylyha Muhammedowa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil we edebiýat institutyna gelip ilki 1956-njy ýylda Moskwada neşir edilen uly göwrümli «Rusça–türkmençe sözlügi» düzmeklige işjeň gatnaşdy. Alym bu sözlügiň «A, I, M, N, P, R, S» harplary bilen başlanýan rus diliniň sözleriniň tertibini düzüp, olaryň türkmençe manylaryny beripdir we sözlügiň hil taýdan oňat bolup çykmagyna ýardam edenleriň biridir. Bu sözlük türkmen alymlarynyň häzirki wagtda-da gündelik ulanýan sözlükleriniň biri boldy. Soň ýene ylmy gözleglerini dowam etdiren bu alym 1969-njy ýylda rus dilinde «XI–XIV asyr türkmen diliniň taryhy boýunça derňewler (arap dilinde ýazylan filologik eserler esasynda)» diýen temada doktorlyk dissertasiýasyny gorady. Onuň bu işi soň «Исследования по истории туркменского языка XI–XIV вв» diýen at bilen Aşgabadyň «Ylym» neşirýatynda müň nusgada neşir edilip, halka ýaýradyldy. Ol örän kän ylmy hem gazet makalalary ýazdy, ýöne ömrüniň dowamynda on kitaba degip duran ýekeje kitap çykartdy. Onuň makalalary uzyn-uzyn ýürege düşgünç makalalar däl, gysgadan owazlanyp durandyr. Okanyňda: «Täsin sözler bu üýtgeşik zenanyň galamynyň ujuna gelip duran bolmaly» diýen pikir döredýär. Makalalaryndaky ýöredilýän pikirler örän ýerlikli, akgynly, goýazy. Onuň makalalarynyň köpüsi türkmen diliniň taryhy, edebiýaty, türkmen diliniň leksikasy hem terjime meselelerine bagyşlanandy. Makalalary edil poeziýany ýatladyp dur. Akgynly, owazly,deňeşdirmelere baý. Zylyha Muhammedowa bütin dünýäde ykrar edilen rus türkologiýasynyň iň gowy däpleri esasynda ösüp ýetişen görnükli türkmen dilçisidi. Ony öňki Soýuzyň ylmy merkezlerinde gowy tanaýardylar.Muhammedowanyň giň we çuňňur ylmy düşünjeleri rus edebiýatyny, dilini bütin jikme-jiklikleri, inçelikleri bilen bilmegi ýanyna gelen her bir adamy özüne çekýärdi. Aýratyn-da rus dilinde neşir edilýän metbugatyň žurnalistleri onuň bilen söhbetdeş bolmaga mydama höwesekdiler, ol hakda öz okyjylaryna köpräk gürrüň bermek isleýärdiler. Muhammedowa hakynda respublikan neşirlerde we «Weçernýaýa Moskwa» gazetinde, «Wolga» žurnalynda köp sanly makalalar, söhbetdeşlikler çap edildi. Zylyha Bakyýewna türkmen dilinde ýazylan eserleri rus diline, rus dilinde ýazylan eserleri türkmen diline terjime etmegiň meseleleri boýunça-da öwgä mynasyp işler bitirdi. Ol Mämmet Seýidow bilen Anna Kowusowyň rus şahyry A.S.Puşkiniň «Евгений Онегин» eserinden türkmen diline eden terjimelerini gözden geçirip sözbaşy ýazypdyr. Alym rus edebiýatynyň Puşkin, Nekrasow, Gogol, Krylow, Çehow, Gorkiý we başga-da ençeme ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini türkmen diline, nusgawy şahyrlarymyz Magtymgulynyň, Keminäniň, Mollanepesiň, Zeliliniň eserlerini rus diline terjime etmekde işjeň gatnaşan terjimeçileriň biri. Ol terjimeleriň hili barada kän makalalar ýazypdyr. Alym gadymy döwre degişli Salyr Babanyň «Oguznama» eseriniň tekstini hem rus diline terjime edipdir. Onuň ýokarda ýatlanylan işleri bilen baglanyşykly 150-ä golaý ylmy makalalary «Türkmenistan SSR YA-nyň habarlarynda», «Советская тюркология», «Вопросы языкознания», «Советская востоковедения», «Народы Азии и Африки» ýaly žurnallarda çap edildi. Z. Muhammedowanyň barlaglary netijesinde halkyň dilinden ýazylyp alnan Kemine şahyryň köne golýazmalarda duş gelýän goşgulary- da halka ýetirildi. Ol Mämmetweli Keminäniň goşgular ýygyndysyny rus diline terjime etdi. Muňa Z. B. Muhammedowanyň «Keminäniň goşgulary rus dilinde », «Keminäniň sosial deňsizlik hakyndaky pikirleri », «Много в мире добрых, много в мире злых» atly makalalary aýdyň subutnama. Zylyha Muhammedowa arap, iňlis, nemes, pars, fransuz dillerini bilýärdi. Şonuň üçin ol birnäçe halkara ylmy forumlara gatnaşyp, çuň mazmunly ylmy nutuklar bilen çykyş edýärdi. Onuň ýazan ylmy işleri türkmen dil biliminiň ösüşine önjeýli goşant boldy. Alymyň ylmy işleri Türkiýe, Germaniýa, Finlýandiýa, Polşa ýurtlarynyň dillerinde çap edildi. B. Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romany Zylyha Muhammedowanyň terjimesinde 1948- nji ýylda ilkinji gezek Moskwanyň «Sowetskiý pisatel » neşirýatynda rus dilinde neşir edildi. Eser 1949 — 1984-nji ýyllar aralygynda ençeme gezek täzeden neşir edildi. Şol döwürde başga dillere terjimeler rus diliniň üsti bilen amala aşyrylýardy. Zylyha Muhammedowanyň terjimesi arkaly «Aýgytly ädim» romany dünýäniň ençeme dillerine terjime edildi. Alymyň terjimäniň hili, çeper terjimäniň neneňsi bolmalydygy baradaky gymmatly maglumatlar berýän makalalary şu günki günde hem ýaş terjimeçilerimiz üçin örän ähmiýetlidir. Zylyha Bakyýewnanyň ykbaly ýeňil bolmandyr. Onuň kakasy Baky Täç Muhammedow sowatly adam bolup, döwlet we partiýa işlerinde işläpdir. Ol 30-njy ýyllarda «halk duşmany» hökmünde aýyplanýar. 1956-njy ýylda-da günäsiz hökmünde aklanýar. Zylyha Muhammedowanyň1938-nji ýylda ejesi ýogalyp, bütinleý ýetim galýar. Ol durmuşda göreşip ýaşamaga ukyplydy, erjeldi. Kynçylyklary irginsiz zähmet bilen ýeňmegiň nusgasydy. Belki, asly gaýratly maşgaladan bolany üçin şeýledir. Zylyhanyň hossarlary goşgy- gazalyň tüýs aşygy bolupdyr. Garry enesi Mätäjiniň ençeme goşgularyny ýatdan bilipdir. Garry atasy Tekemämmet aga sowatsyz bolsa- da, ýüz ýaşynda- da ýatkeşligini ýitirmän, Keminäniň goşgularynyň aglabasyny aýdyp berer eken. Ejesi ussat halyçydygynyň daşyndan, «Şasenem- Garyp » dessanyny, ýene- de birnäçe eserleri üýşmeleňde ýatdan aýdyp berer eken. Olaryň öýi oba adamlarynyň agşamlaryna ýygnanyp, dessan okaşýan ýeri bolupdyr. Dessanlaryň kyssaly ýerlerini labyzly, gazallary hiňlenip okamak şol ýerdäkileriň endigine öwrülipdir. Zylyha Bakyýewna: «Çagalygymdan Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ürç edip okardym. Kalbymda Magtymgulynyň şygryýeti ýerleşen ýalydy» diýer eken. Ol Magtymgulynyň kakasy Döwletmämmet Azadynyň golýazmasyny ylmy taýdan anyklanlaryň biri. Çeşme:«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň 2021-nji ýylyň 6-njy sanynyň 105-110-njy sahypalary. Taýýarlan:Akgül SAPAROWA. Taýýarlanan senesi:04/05/2022 Alnan çeşmesi: https://www.atavatan-turkmenistan.com/zylyha-bakyyewna-muhammedowa/. 19.05.2022ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||