15:17 A.Agabaýewiň "Sorag alamaty" poemasyna | |
A.AGABAÝEWIŇ "SORAG ALAMATY" POEMASYNA
Düýpsüz guýumydyr bu jahan işi, Öňde-soňda onuň çözgüdin alsam. Ser saldykça soňuna göz ýetme ýok, Hiç zat görünmezdi bakmadyk bolsam. Bu dünýäniň daglaryna seret sen, Göge salam berer baglary bilen. Asman ýerden nazaryny aýranok, Düşnükli-düşnüksiz alamat bular. Gözleýäris ýagty ýoluň çözgüdin, Mydam üstümizde ýylgyrýar ýyldyz. Näçe kemeldikçe ujypsyz ömrüň, Sowalyn şonça-da köpelder ýyllar. Nirä baksaň aňyrsy ýok alada, Olaryň yşgynda ýeňles gezmeýäs. ...Her birimiz bir sowala öwrülip, Bu dünýäden jogabmyzy gözleýäs. * * * Bagt pyşyrdaşsa güler ýüz bilen, Ýaşaşmak islese eger siz bilen. Açyň gapyňyzy - gelen döwletdir, Hemem goraň ony ýüregňiz bilen. Betbagtlyk gelip hyýrsyz ýüz bilen, Ýaşaşmak iselse eger siz bilen. Kynçylykdan ýapylmasyn gapyňyz, Ony hem garşylaň güýjüňiz bilen. Annaguly NURMÄMMEDOW. | |
|
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |