23:01

Abdylhamyt jöhitlere Ierusalimiñ ýerine Yragy teklip etdi

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 224 | Добавил: Gökböri | Теги: Mehmet Mazlum Çelik | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 7
0
1 yaran_yagmur_9  
1578
Diýmek, Abdulhamyd ýewreýler meselesinde ýewropalylaryň sadaçyllyk ýalňyşyny gaýtalapdyr. G/b Ýewropada hem iki ýüz ýyl mundan öň ýewreýlere döwlet gullugy, harby gullygy-ha asla gadagandy, kazyýet karýerasyna we häkimiýetdäki beýleki wezipelere ýol ýapykdy. Emma telekeçilik, lukmançylyk we käbir beýleki ylymdyr hünärler, onsoňam adwokatlyk bilen meşgullanmaga rugsatdy. Şu sebäpli olar ýewreýler barada arkaýyndylar: "Olaryň döwlet dolandyryşyna we syýasata ýollary ýapyk, rugsat berlenje pişeler bilen meşgullanybersinler, bize gerek bolsa karz berýärler, keseli gowy bejerýärler" diýip. Emma näbilsinler: ýewreýleriň ýaňky pudaklarda liderligi ele alyp, özlerinden beter baý we täsirli boljakdygyny, onsoňam käbir ýewreýleriň ösmek üçin hristianlyga geçjekdiklerini (Karl Marksyň, Dizraeliniň atalary ýaly) , galyberse-de, asyryň ahyrynda hemme raýatlara deň hukuk berlip, dinini üýtgetmedik ýewreýleriň hem deňhukukly boljagyny. Onsoň sakla olary: häkimiýetde-de, oppozisiýada-da şolar naýbaşy bolup başladylar. Özümiň ýewreý halkyna umuman garşylygym ýok, emma soň palestina, sionizm, antisemitizm, faşizm şol döwürdäki şu meselelerden gözbaş aldy. "Ýewreýler öz güni bilen gümra, olar syýasat bilen meşgullanmazlar" diýen ynandyrmalaryň we umytlaryň düýbi puç bolup çykdy.

0
2 yaran_yagmur_9  
1578
Şu Abdulhamyd baradaky bir goşgynyň bir bendi ýadyma düşýär (Nätakyklyk bolsa bagyşlarsyňyz, emma manysy takyk şeýledi):

Yrak, Küdus gan aglaýar,
Diýarbekir, Wan aglaýar;
Abdulhamyd han aglaýar -
Jan Osmanlym, oýan indi!

Sözleri-hä gaty jüp taşlanypdyr, berekella. Emma Abdulhamyd şeýle ýatlama we, umuman, şu günki osmançylaryň ikonasy bolmaga laýykmydy? Bu kinoda ol şeýle şekillendirilýär, aktýor hem gowy oýnapdyr, meniňçe. Emma makala ynansaň beýle däl. Sionistler bilen "якшаться" edip gezen, Küdusy bolsa şahsy bähbidi sebäpli olara bermedik bolsa... onda ol beýle bir osmanlynyň we yslam dünýäsiniň agysyny aglan adama meňzänok.

Umuman, öz halkynyň agysyny aglan diýip ikonalaşdyrylan adamlaryň başga-da ençesi ýewreýleriň hyzmatynda gezen. Meselem, N.Rasputin häkimiýetli şahslaryň ýanyna girim-çykymly bolansoň, ýewreýleriň ençemesine gadagançylygyň üstünden aşmaga kömek edipdir. Elbetde, aklyjagy bilen.

Çünki diýlende, putin propogandistleri Polşa, Ukraina we umuman Ýewropa näçe antisemist diýse diýibersin, patyşa Russiýasynyň soňky ýylynda-da (1917) ol ýerde ýewreýlere deň hukuk we mümkinçilikler ýokdy. Sowet häkimiýetini esasan ýewreýler guran bolsalaram sowet döwrüniň tutuş dowamynda antisemitizm dowam etdi (Garry Kasparow näme üçin rus familiýasyny aldy diýip özünden soraň). Soýuz dargandan soň bolsa ýewreýleriň köpüsi Russiýadan gaçyp-göçüp gitdiler. Ukrainanyň ýewreý jemgyýetiniň gürrüňi ýok, Russiýanyň ýewreý jemgyýeti hem esasan ukraina urşuna garşy çykyş etdi.

0
3 yaran_yagmur_9  
1578
Elbetde, her bir taryhy şahsyýet öz döwründe emele gelen şertlere görä hereket edip, elinden gelenini, başaran zadyny edip gidýär. Ondan şol şertlerde mümkin bolmadyk zatlary talap etmek, nähak igenmek nädogry. Emma (şu halatda bolşy ýaly) etmedik hyzmatyny ýöňkäp, başga keşbe getirmek hem hakykata garşy gitmek bolýar (kinony Abdulhamidiň özi görse, belki, haýran galýardy, özüni tanamazdy). Özem bu taryhy şahslary şu günki syýasatyň we ideologiýanyň bähbidi üçin ulanmak, olardan ikona keşp ýaşamak üçin edilýän galplyk. Ýeri, Abdulhamyd belki nätse-de osmanlyny çöküşden halas edip bilmezdi. Emma ol şol mümkingadar zatlary etdimi? "Ýok" bolsa näme üçin öwmeli? Edenem bolsa, barybir, könäni saklajak bolýan, möwritini ötüren düzgüniň wekili bolup çykýar. Sebäbi, şol döwrüň türkleriniň öňde baryjy topary könä ýapyşýan osmanlylar däl-de, milliýetçiler, meşruiýetçiler, jemhuriýetçiler we ş.meňzeşlerdi. Taryhyň dogry tarapyndakylar, ine, şolardy. Abdulhamyd bolsa geçmişde şöhratly, emma soňuna gelen soltan nesliniň soňky wekili hökmünde ýeňilmeklige mahkum edilendi. Şonuň üçinen döredijilik wezipesi bolmadyk beýle adamlary taryhyň özi adatça gujur-gaýratdan hem mahrum edýär.

0
4 yaran_yagmur_9  
1578
Ýewreýleriň türkmençe üç atlandyrylyşy bar: "ýewreý" - milletiň ady, kadaly, neýtral, duýgyny beýan etmeýän at; "jöhit" - ýigrenç, ýazgarma äheňli, "ýahudy" - dinlerine görä atlandyrylyşy (rusça degişlilikde: еврей, жид, иудей). Şonuň üçinem makalada ýewreýleriň "jöhit" atlandyrylmagy, meniňçe, nädogry.

0
5 Haweran  
411
Ýewreý sözi rus dilinden geçen. Jöhit sözi bolsa bizde öñdenem bar, halkymyz ýewreýleri gadymdan bäri jöhit atlandyryp gelipdir. Maryda, Buharada ýüzlerçe asyrlap jöhitler ýaşap gelipdir. Käbir ýer-ýurt atlarynyñ türkmen dessanlarynda ýa türkmen diline mahsus fonetikada atlandyrylyşy bar: Hytaý - Çyn-Maçyn, Gruziýa - Gürjüstan, Azerbaýjan - Häzirbegjan, Fransiýa - Pereñistan, Russiýa - Orsyýet.
Şularyñ Hytaýdan başgasyny öz dilimizde atlandyryşymyz ýaly ýazmaly diýip pikir edýärin. Çünki başga halklaram öz dilleriniñ fonetikasyna laýyklap atlandyrýarlar, meselem, ruslar grekleriñ ýurduna Gresiýa diýse, türkler Ýunanystan diýýär, ruslar Hytaýa Kitaý diýse, türkler Çin diýýär, Albaniýa Arnavutluk, Alžire Jezaýyr, Marokko - Fas diýýär, ruslar Türkiýä Турция, Müsüre Египет diýýär.
Ýa-da ruslarda ýewreý, türklerde ýahudy diýip her kim özüçe atlandyrýar, biziñ özümizçe jöhit sözüni ulanmagymyz tüýs jüpüne düşen söz, ylaýyk türkmençe ýañlanýar, rusçanyñam, türkçäniñem täsiri ýok.
Eger öñden atlandyrylyşy ýok bolsa, özümizçe ýer-ýurt atlaryny ýasajak bolup ýörmeli däl öñde biriniñ Pariže - Porsy ys, Norwegiýa - Nar begleriniñ ýurdy, Ýaponiýa - on ýabyñ añyrsyndaky ýurt diýşi ýaly. Ýöne öñden atlandyrylan atlary welin ulanmak gerek. Dogry, siziñ aýdyşyñyz ýaly manyda ulanjak bolup, jöhit sözüne sögünçliräk heñ berjek bolup arrygyny gynap ýörenler bar bolsa bardyr. Goý, gynasynlar...
Ýewreý sözüniñ deregine jöhit sözüni ulanmagy terjimeçä özüm maslahat beripdim.

0
6 yaran_yagmur_9  
1578
Dogry, halk edebiýatymyzda "jöhit" bolan, häzirki "ýewreý" sözi bolsa ruslardan gelen. Ýöne meniň pikirimçe leksika meselesinde taryhy taýdan dogrulykdan şu günki maksadalaýyklyk has ähmiýetli. Şular ýaly ýerlerde milli mirasymyza hormat bilen şu günki reallyga pragmatik çemeleşmegiň arasyndaky ynjyk deňagramlylygy tapmaly. "Ýewreý" sözi rusuňky-da bolsa bize gowy ornaşan. "Jöhit" diýip bolsa ýewreýleriň käbir häsiýetine kakdyrylyp aýdylýar, sögünç hökmünde ulanylýar. Тем более, ýewreýleriň neýtral ady bilen kemsidiji ady köp halklarda bar (negrleriň "garaýagyz" we "nigger" ady ýaly). Eger ikisini hem alyp ulansak, köp eserleri terjime etmäge oňat bolar ("Красив, как багдатский еврей" diýeni bilen " Тьфу, мерзкий жид!" diýeniniň ikisinem bir söz bilen terjime etjekmi?) Elbetde, mirasymyza sarpa diýip dilimizi garyplaşdyrsagam bolar. Resmi duşuşyklarda "Türkmen halky bilen jöhit halkynyň arasynda dostluk..." diýip dursagam. Çyndanam. Adamlar öwrenişerler, kabul ederler. Dili nätseň şol bolar. Bu - biziň seçimimiz. Milli mirasdan kän baý we şol sebäpli esli tapawutly döwrebap dil gerekmi ýa-da milli mirasymyza identik, şonuň üçinem leksikasy garybrak, terjimede beýlekilerden guragrak çykýan dil gerekmi? Saýlamak özümize bagly, bir ýere daşa ýazylan zat däl.

0
7 yaran_yagmur_9  
1578
Aslynda, "ýewreýleriň" ýerine "jöhit" goýlup, "Ierusalimiň" üýtgetmän galdyrylmagy "bitaý aýakgap" ýaly bolup dur. "Ierusalim" diýýänem ýene ruslar ahyryn. Gündogarda bu şähere ýewreýlerden başga Ierusalim diýýän ýok. Magtymguly bu şähere şol ýerdäki Omaryň metjidiniň ady boýunça "Beýtulmukaddes" diýýär. Häzir musulmanlar muny gysgaldyp, "Al-Kuds","Kudus", "Küdus" diýýärler. Biziňem "Beýtulmukaddes" ýa-da bolmanda "Kudus" diýmegimiz gerek. "Ierusalim" diýen ýewreý ady asla bolanok. Bu syýasy taýdanam ýalňyş. Ol Ysraýylyň aýdyşy ýaly onuň paýtagty däl, musulmanlaryň, hristianlaryň we ýewreýleriň umumy mukaddes şäheri, yslamyň bolsa üçünji mukaddesligi. 2016-njy ýylda Müsüriň bir abraýly gazeti oňa "Ierusalim" diýeni üçin gaty ýiti reaksiýa sezewar boldy, ötünç soramagyny talap edip galmagal turuzdylar. Çünki bir musulmanyň oňa "Ierusalim" diýmekligi Filistiniň mazlum arap ilaty üçin bir şarpyk, ähli musulman ymmatyna-da hyýanat bolýar. Sizem gaýdyp oňa "Ierusalim" diýmäň, haýyş.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]