09:25

Afrikadaky agdarlyşyklaryñ añyrsyndan Fransiýany gözläñ

Категория: Publisistika | Просмотров: 198 | Добавил: Gökböri | Теги: Faýsal Muhammed Salih | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 yaran_yagmur_9  
1578
Elbetde, öňki koloniýalaryň betbagtçylyklarynda her ýagaýda-da olaryň öňki imperialistik hojaýynlary günäkär tutular. Öňki bakna milletleriň elleri müdimilik olaryň ýakasynda bolar. "Biziň ekdi edenlerimiz üçin biz jogapkärçilik çekýäris" diýilýär. Öň ekdi etmek nämäňe gerekdi?

Ýöne "Erbedini görkezdiňmi, dogrusyny salgy ber!" hem diýilýär. Bu ýerde erbetler görkezilipdir: Fransiýa, olaryň ýerli ýapjalary, harby putunçiler, wagnerçiler hem öwlenok, yslamçylara hem guwanmaýany belli, onda dogry adamlar we dogry ýol aslynda barmy? "Halk başga bir dogry ýoluny tapmaly" diýýär. Özüňde hiç dünýägaraýyş ýokmy? Tapmaçamy bu?

"Fransuzlaryň ýapjasy Aly Kongo 14 dört aý düşekde ýatdy, ýurtda bolmady" diýýär. Onda Alžirde fransuzlara garşy garaşsyzlyk hereketiniň aktiwisti, ýurdy dogry 20 ýyl dolandyran, has dogrusy häkimiýetde bolan, ýöne häli-şindi bejergide bolan Abdel Aziz Buteflika 2016 ýylda 2 ýyllap ýurtda bolman, daşary ýurtlarda hassa ýatdy, oňa näme diýersiňiz?

Fransuzlaryň tarapdarlary şolar ýaly, garşydaşlary şular ýaly, onda gep fransuzlarda däl bolaýmasyn?

Elbetde, indi olar günäkär däl bolmagy mümkin, ýöne öňki günäleri aýrylmaz. Tä Gabon ösüp, eşrete ýetýänçä. Fransiýada gabon işewürleri hojaýynlyk edýänçä. Parižiň mýeri gabon bolýança. Kolonializme bir bulaşsaň aýrylyp bolmaýar. Baky jogapkär bolýarsyň.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]