08:59 Aga! | |
AGA!
Agaly bolmak megerem gyz maşgala üçin uly mertebe. Arkaňda dag ýaly agaň gezip ýörkä hiç bir zatdan gorkyň ýa dünýäniň ownuk uşak aladalaryndan ünjiň bolmaz. Ugrumyzda janserek bolup ýören agam hakynda pikir edemde her gezek agalydygyma buýsanýan. Ejem çagalyk döwrümiz hakynda kän gürrüň bererdi. Her gün agşamky ertekilere derek käte çagalyk ýyllarmyzyň gürrüňini diňlärdik... Men dünýä inenimde agam ýaňy 3 ýaşyny dolduryp barýan eken. Ejem meniň ejizje doglanym üçin hassahanada uzagrak ýatmaly bolupdyr. Agamam meniň doglanyma şeýlebir begenipdir welin gelene baldyz gidene ýeňňe bolup her gün hassahana gatnapdyr. Goňşy çagalaryň ýanyndada meniňem indi gyz jigim bar diýip öwüner eken. Kakama jigimiň adyna Aýjemal dakaly diýipdirmiş kakamam razy bolupmyş. Şeýdibem meniň agamyň dilindäki adym uzak wagt Aýjemal bolupdy.Atam öz ejesiniň adyny dakyp maňa hemmeler Eneş diýsede ol tä mekdebe barýançam Aýjemal diýdi ýördi. Ýaňy ýörjen ýörjen bolamdan agam meni yzyndan goýmandyr.Oglanjyklaň arasynda agamyň yzyna düşüp tä ulugyzdygymy aýdyp ejem alyp galýança kän ylgapdyryn.Soň ýene gyz jigimiz boldy.Bu gezegem agam bäbejige at tapdy.Güneş.Ýöne atam ýenede agtyjagynyňkydan has owadan at tapdyda bäbejigmize Aýbibi dakdy.Bolubersin agama göwnünede alanok öz tapan adyny öz ýanyndan dakýada geziberýä.Köçedäki çagalaram indi bize Eneş Güneş diýýärler. Şeýdip çagalygmyz bagtyýar geçdi gitdi.Agam biziň oýun bilen başagaý geçen çagalygmyzdaky iň gowy hemramyzdy. Ilkinji mugallymymyzam agamdy.Bize harp ýazuw san öwredip mekdebe eýýäm 5 ýaşda taýynlapdy.Entägem öňünde şol kiçijik uýajyklaryny görýän bolmaga çemeli käteler çaga ýaly erkeläp birde käýänjiräp ýören agam biziň üçin gaty gadyrly. Arkamyzyň penasy Arkadagymyz agamjan goý seniň mertebäň hemişe belent bolsun.Arzuw edişiň ýaly oguldyr gyzjagazlardan gujagyň doly bolsun.Ýüregiň ýaly ýollaryň ak bolsun. Selbi ÖWEZJUMAÝEWA Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |