14:43

Akbar şa we akylly Birbal

AKBAR ŞA WE AKYLLY BIRBAL

Günlerde bir gün Akbar şa kabulhanasynda oturyp, uzyn günläp iş bilen meşgul bolupdyr. Ol işini tamamlanyndan soň, biraz dynç almak isläpdir. Köşk hyzmatkärleri bilen oturyp, ondan-mundan gürrüň edipdir. Şol wagt hem birden şahyryň şu aşakdaky setirleri onuň ýadyna düşüpdir:

Ol kimdir, her kese är bolup bilmez?
O nämedir, ýanar otda hem ýanmaz?
O nämedir, asyl örtüp bolmaýan?
O nämedir, garramaýan, ölmeýän?


Akbar şa özüniň hyzmatkärlerinden şol soraglara jogap bermegi haýyş edipdir. Emma olaryň birem ol soraglaryna jogap berip bilmändir. Şol sebäpli hem şa Birbalyň yzyndan adam iberipdir. Birbal gelen badyna patyşa goşgyny oňa hem okap beripdir. Dana Birbal onuň ýalyjak soraglara säginmän, ýüzüniň ugruna jogap berer ekeni. Ol bu soraglara hem bada-bat şeýle jogap beripdir.
Ol oguldyr, enä är bolup bilmez,
Ol mezhepdir, ýanar otda hem ýanmaz.
Ol şöhratdyr, deňiz-derýa hem örtmez,
Ol atdyr, wagt hiç ony garratmaz.
Birbalyň jogaby Akbar şanyň göwnünden turupdyr. Şa oňa gymmatbaha serpaý sowgat beripdir. Köşk emeldarlary bolsa Birbalyň agzyna aňkarylyşyp, onuň danalygyna baş egipdirler.

■ Ýakymly deñeşdirme

Günlerde bir gün Akbar şa çagalykdaky dostuna duşupdyr. Saglyk-amanlykdan soň, ol Akbara ýüzlenipdir:
— Iň gymmatly zat nämedir?
Ol hakynda bir goşgyny okap bereýin — diýipdir-de, aşakdaky setirleri aýdypdyr:

Kimse adyň aşygydyr,
Kimse zadyň aşygydyr.
Dünýädäki ähli dürden
Bir janköýer dost ýagşydyr.


Bu setirler onuň ýüregine jüňk bolupdyr.

Taýýarlan: Dursunjemal BABALYÝEWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri.
Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 410 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Dursunjemal Babalyýewa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Halk döredijiligi we rowaýatlar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]