21:36 Akjaýar.. | |
Hazynalar adasy---Çelekene gelýän howa laýnerleri gonmazyndan õñünçä al-asmanda uly õwrüm edýär.Şonda samalýodyñ aýnasyndan ýarym ada seretseñ,ganatlaryny ýaýyp uçup barýan äpet guşuñ şekili gõz õñüñe gelýär."Äpet guşuñ" iki ganatynyñ ygasyndaky aýlaglar mydama aýna ýaly bulduraýar. Olaryñ parahat kenarlaryny ýerli ilat Ajy diýip atlandyrýar.
"Äpet guşuñ" gabat garşysyndaky açyk deñziñ ynjalykly wagtyna duşaýmak gaty çetin. Kõküz diýilýän bu kenara bat bilen urulyp, üstüñe abanyp gelýän lemmer gomlaryñ güwwüldisi uzaklardan eşidilýär.Şolaryñ has mõwjeýän,ak kõpürjik bolup ýarylýan ýerindäki belentlige ,,Akjaýar'''diýilýär. Akjaýar! Bütin õmrüni goja Hazaryñ kenarlarynda geciren gunduz sakgal gojalaryñ bu baradaky gyzykly sõhbetlerini,täsin rowaýatlaryny diñlemedikler az azdyr. "Gara altyn" päliwanlarynyñ juwan şäheri Çeleken ol wagtlar häzirki ýaly ýarym ada däl-de, barmasy gaty çetin kiçijik ada eken. Şol çola adada Akja diýen bir näzenin õz gõzelligi bilen gõreniñ aklyny haýran edipdir. Obadaky erkek adamlaryñ ählisi Aja balyk awlamaga gidipdir.. Olaryñ içinde Akjanyñ halaşýan ýigidi-de bar eken.Oña uzyn günläp garaşmak näzeniniñ kalbyny paralapdyr. Oña Kõküze barmaly däldigi, açyk deñiziñ jümmüşinde garakçylaryñ peýda bolaýmagynyñ ahmaldygy näce aýdylsa-da, Akja şol ýere gidipdir. Õzüni çarlaklar ýaly erkin duýýan nowjuwan gyz kenarda oturyp, zaryn aýdyma başlapdyr. Onuñ sesi şeýle bir labyzly,şeýle bir zaryn eken. Eşideniñ bagryny gyýym gyýym edipdir. Ol şirin owaza näzijek perleri gar ýaly ap-ak guwlaram, älemgoşar deýin õwşün atýan ýaşylbaşlaram, şadyýan deñiz çarlaklaram maýyl bolup, Akjanyñ daşynda perwaz urupdyrlar. Gõzel gyzyñ bägül reñkli al ýañagyna dõkülip halka-halka towlam zülplerini emaý bilen sypap geçýän şemal Akjanyñ aýdymlaryny uzaklardan-uzaklara alyp gidipdir.Bu owazy Ogurjaly adamlarynyñ birehim garakçylary eşidip, eýmenç gara ýylana meñzäp duran gämilerini kenara ýanapdyrlar.Ertekilerdäki hüýrler bilen bäsleşýän näzenine gõzi düşen galtamanbaşynyñ bulutlan gün ýaly tutuksy ýüzi açylyşyp ugrapdy.Ol hyýalynda olja düşen bu gõzel gyzy han-beglere peşgeş berip,olardan aljak altyn-kümüşlerini birme-bir sanapdyr. Akja olara boýun synmak islemändir. Tora düşen jeren maral kimin näzenine guş gumrular kõmege gelipdir. Olaryñ gaharly zenzelesinden Ajydaky balykçylar bir bolmasyz işiñ bolandygyny añlap Kõküze ylgapdyrlar. Gan dõküşikli tutha- tutlyk başlanypdyr. Arman,güýç deñ däl eken. Deñziñ çüýşe deýin gõk suwy gyrymzy reñke õwrülýär. Dişlerinden dyrnaklaryna çenli ýaraglanan garakçylar ýesir alnan gõzel gyzy zor bilen gämä taşlap,ugramak bilen bolýarlar. Kenarda gana bulaşyp ýatan aşyk ýigidiñ ýüzüne syçran sowuk damjalar ony õzüne getirýär. Ol gõzüni açsa birehim garakcylar kenardan uzaklaşyp barýarmyşyn. Ol ,,, Elimden ýarymy alanyñyzdan, janymy alyñ'''diýip õzüni deñze oklaýar,ganhorlaryñ yzyndan gulaclap ugraýar. Doñýürek garakçylaryñ ok ýaýlaryndan sypyp gaýdan ujy zäherli peýkamlar aşyk ýigidiñ galkan dõşünden parran geçýär. Ol diñe iñ soñky deminde, hõwründen baky jyda düşen guw ýaly ellerini gerip, ,,Ak...ja...ýaa....ar'' diýip gygyrypdyr. Armanly gurban bolan aşyk ýigidiñ bu ahy nalasyna goja deniz çydap bilmändir.Ol lerzana gelip apy-tupan turuzypdyr. Deniz aždarhasy ýaly towlanyp ýarylýan äpet gomlaryñ güwwüldisi ,,,Akjaýar'',,,Akjaýar'' diýip zol seslenipdir. Akja garakçylaryñ başagaýlygyndan peýdalanyp, hanjary dişine gysyp, bogaldagyñ çür başyna ýüp bilen dyrmaşyp çykypdyr. Gäminiñ ýelkeniniñ baglaryny gyrym-gyrym edensoñ; ,,Ýarymdan, ýurdumdan aýrylyp,ýat illerde ahy-zar çekenimden, goý jesedim õz ata watanymda galsyn''diýip, õzüni goja deñiziñ gujagyna goýberipdir. Ganhorlaryñ birine-de aman galmak başartmandyr. Olary deñiz ýuwdupdyr. Uzyn gijeläp iner ýaly kükrän, gaýnap-joşup,çõwrülen deñiz,ertesi Gün doganyndan soñ rahatlanypdyr. Kenara baryp gõrseler, gahar bilen urlan tolkunlar aşyk-magşugyñ jesedini emaý bilen arassa çägäniñ üstüne çykaran eken. Berk gujaklaşan bu taýly gõwräni biri-birinden aýyryp bolmansoñ olary bir mazarda ýerläpdirler. Şu gynançly rowaýaty gõz õñüne getirip,men Akja gyzyñ bir wagtlar zaryndan-zaryn hiñlenen belentliginde otyryn. Alyslara, dup-dury asmanyñ düñderilen gazan ýaly bolup deñiz bilen birleşýän ýerine nazarymy dikýärin. Kõküziñ gomlary ýene güwleýär. Deñiz älemi elendirip, nala dartýar, ýangynly ah çekýär. Lemmer-lemmer gomlar kenara urlanlarynda ,,Akja'', yzyna gaýdanlarynda bolsa ,, ýar''diýip seslenýärler. Acylyp bilmän,armanly solan goşa juwany ýerli ýaşaýjylar asla ýatlaryndan çykarmaýarlar. Akja gyzyñ Kõküziñ kenaryna çykyp, aşyk ýigidine garaşyp aýdan, emma soñlanmadyk aýdymlarynyñ yzyny häzir ,,Akjaýar'' ansambly dowam etdirýär. Juwan ýaşlaryñ tämiz kalbyndan deñiz gomy ýaly joşup cykýan azat sõýgi, baky bagt baradaky ol aýdymlar asyrlardan asyrlara ýañ salar. Oraz Guwanjalyýew | |
|
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |