01:58 Bürgüt nazary | |
BÜRGÜT NAZARY
Kõwsarlaýan deñiz şemalyna mõwjeýän, biri-birini kowalaýan dek gomlar kenardaky ýylçyr gaýa hüjüm edýärdi. Gaýanyñ merdemsi dõşüne õzüni urýan gom leşgeri pagyş-para bolup, ýene-de yzyna çekilmäge mejbur bolýardy. Ak kõpürjikler ýeñiljek gaýyşyp ýõren sansyz düwmejikleri emele getirýärdi. Gaýanyñ çür başynda sarsman oturan äpet Bürgüt şol gõrnüşi ençe ýyllap gõrse-de, bu gõzellikden asla doýup bilmeýärdi. Gõm-gõk kürtesini bürenen egrem-bugram kenaram, gyrmyzy gülälekler bezenen dag kemerlerem....mawy deñiz bilen asmanyñ düñderilen gazan ýaly bolup birleşýän ýerine çenli hut Bürgüdiñ õzüniñkidi. Ondan rugsatsyz bu ýere hiç bir çüñki egri ýyrtyjy guşuñ aw awlamaga haky ýokdy. Ol õz mekanynyñ sakçysydy. Õtgür nazary şeýle bir ýitidi. Hatda ummandaky serhediñ çäklerinden añyrdaky owunjak hereketlerem aýyl-saýyl saýgarardy. Bu günem altyn güneşiñ deñizdäki õýünden ýalbyrap çykan çaglary Bürgüt õz ,,tagtyna'' çykdy. Onuñ keýpi kõkdi. Hersi bir gezdenem artýan gujurly ganatlaryny gerdi. Perlerini hüžžertdi.Güsürdäp silkindi. Mylaýym güneşiñ yssy mährinden lezzet aldy, meýmiräp başlady. Ine, birdenem garaşylmadyk zat onuñ bar keýpini uçurdy. Bir gyrgy maral käkiligi aldym berdime salyp, kowalap gelýärdi. Janyndan umyt üzen käkilik janawar õzüni oda suwa urýardy. Güýclüden haraý isläp, gõni Bürgüdiñ oturan belentligine tarap gelýärdi. Ýaraly awynyñ indi gaçyp gutulmajagyna gõz ýetiren ejize ganym gyrgy hyýalynda eýýam tagamly käkilik etinden şamlyk edinýärdi. Açgõz gyrgynyñ keseki mülküne talañ salyp ýõrmegi mülk eýesi Bürgüdiñ gõzüne gan õýdürdi. Gahary ýetjek derejesine ýetdi. Ol peşeñden sypan gülle kimin mawy asmana galdy. Gyrgyny mert sõweşe çagyryp, çirkin-çirkin gygyrdy. Peýkam ýaly bolubam depesinden indi. Ol talañçyny asmanda para-para edibem biljekdi. Ýõne nähak gan dõkülmegini islemeýän dek naýza kimin penjelerini gyltyzragada aýlap goýberdi. Gyrgynyñ hapa ýelekleri mawy asmanda gaýmalaşýan tegmilleri emele getirdi. Õzünden güýclä uçuran bet hyýally nalajedeýin başyny gutarsa razy bolup gaçdy. Ondan bäri ýyllar kerweni yzly-yzyna geçdi. Suw sonasy ýaşylbaşlar hoş owazly guba-gazlardyr ak perli guwlar Bütgüt raýatyna ençe gezek gyşlamaga geldiler. Şeýda bilbillerem şonça gezek şirin mukam çaldylar. Ganym penjesinden halas edilen maral käkilik şondan soñ hic ýere gitmedi. Halasgäriniñ golaýynda hõwürtge gurandy. Bürgüde õwrenişdi. Ürkmeýärdi, cekinmeýärdi. Dagdan arkaly, daşdan ýürekli käkilik täsinden täsin owazy bilen hoşwagtlygy äleme jar edýärdi. Ol gaýnap joşup çykýan gulaga ýakymly owazlary teşnelik bilen näçe diñlese-de, Bürgüdiñ mähri ganarly däldi. Bürgüt bu günem ol mukamlary lezzet bilen diñleýärdi. Õzüne tarap selkildäp gelýän tilki onuñ pikirini bõlüp bilmedi. Bõlüp biljegem däldi.Gahary gelse penjesine alyp, bulutlaryñ depesinsen kelemenledip gõýbermäge-de güýji ýetjek Bürgüdiñ ýanynda ejizje tilkijik dagy nämemişin?! Käkiligiñ häzirki bütin älemi ýañlandyryp joşýan aýdymlary bolsa Bürgüdiñ mertligini, batyrlygyny,gaýratlylygyny.....taryp edýän waspnamalardy. Birdenem ol waspnama ýolundy-da, bogulyp barýan käkililigiñ ,,gyk-gygy'', janhowluna urunýan goşa ganatlaryñ pasyrdysy eşidildi. Bürgüt allaniçigsi bolup, nazaryny käkilige tarap aýlady. Emma näme üçindir, ol hiç zady saýgaryp bilmedi. Ol şol demde adatdakysy ýaly asmana atyldy. Bir gõrse, ýañky guýrugy sümek deýin tilki käkiligi agzyna alyp barýar! Dälilik hetdine ýeten Bürgüt şaglap zemine indi. Gyssag aralykda awuny agzyndan gaçyran tilki gaýanyñ düýbündäki sürenine kürsäp urdy. Bürgüt pel-pelläp, gondy. Näzijek ýelekleri al-gana boýalan käkilik demsiz düýtsüz ýatyrdy. Bürgüt ylla dagyñ bir bõlek gara daşy dek sarsman otyrdy. Onuñ içiñden-bagryñdan geçip barýan õtgür gõreji gussalydy, nemlidi. Ol õzüniñ dünýäde in ýiti gõzlüdigine buýsanýardy ahyryn. Emma hut alkymyna dykylyp gelen sübse guýruk tilkini gõrmändigine diýseñ geñ galýardy. Gynanyp añyrsyna çykyp bilmeýärdi. Oraz Guwanjalyýew, ýazyjy ,,Ýandyrdyñ Bibi''kitabyndan | |
|
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||