17:40 Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty | |
HAÝSY GOWY?
Hekaýalar
Gyrgy «Heý, bir lukma bolaýar ýaly amatly aw gözüme ilmezmikä?» diýen pikir bilen obanyň ýokarsyndan pessaýlap uçup barýardy. Onuň ýerden süýşüp barýan kölegesini gören towuklar alagoh edişip, pytyran jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnadylar. Şol wagt erkana gaýyp ýören äpet bürgüt gyrgy bilen deňleşdi-de: – Obanyň depesinden aýlanyp ýörmekden irmediňmi? Bu pesläp uçuşyň bilen ahyry awçynyň oky başyna ýeter. Beýdip ýörme-de, meniň ýaly belentde uç. Ol ýeriň hezildigini diýsene! Bulutlaryň bäri ýanyndan aşak seredersiň welin, dünýe şeýle ajaýyp görüner. Ho-ol pesde mawy alyslyklar ýaýylyp ýatandyr. Uzak bir ýerlerde çöl gutaryp, ondan aňyrda gök deňiz çyrpynýar. Süri-süri mallar, ýuwaşlyk bilen gidip barýan hatar kerwen çala gözüne ilýär... Bu sözlere huşy göçen gyrgy bürgüdiň yzyna düşdi. Olar şeýle bir belende galdylar welin, adamlar garynja ýaly bolup görünýärdi. Öňki giden meýdany tutup ýatan obanyň örüsi eliň aýtymyndan giň däldi. Bürgüdiň yzyna eýermek gyrga ýeňil düşmedi. Şeýle-de bolsa ol özüni gorkak diýdirmejek bolup, çyr-çytyr jan edýärdi. Belende galdygyça haly teňleşýän gyrgy saklanyp bilmän, başynyň aýlanýanyny bürgüde duýdurdy. – Entek uçuber! – diýip bürgüt gözüni alartdy. – Aýdanymy etmeseň, duran ýerinde düýt-müýt ederin. Ýene bir meýdan uçdular. Bürgüt gyrga ýüzlenip: – Hany, aşak seret, heý, görünýän zat barmy? – diýdi. – Hiç zat göremok – diýip, gyrgy naýynjar seslendi. – Seretmekden gorkýan. Başym aýlanýar. – Bu ýer hezildir görseň. Hiç hili howp-hatar ýok. Maňa-ha ähli zat aýyl-saýyl görünýär. Ana, dagyň eteginde bir süri goýun otlap ýör, çopanam gapdalda süýtli jama nan dograp otyr. Süýde gylam gaçypdyr... – Aý, dogrudyr... Ýaňraber bakaly. – Ynanmaýan bolsaň, ýör ýakyndan seredäýeli. Olar ýere golaýlanlarynda gyrgy çopanyň süýde gaçan gyly çykaryp, yzyndan nämedir-bir zatlar hüňürdänini-de eşitdi. – Hä, aýdanym ýalan ekenmi? – diýip, Bürgüt gyjalat berdi. – Gel, ýene-de bulutlaryň ýanyna ýetip gaýdaly! Gyrgy ikinji gezek ýürek etmedi: – Aý, maňa şu ýerem bolar. Özüň gidiber. Güýçli ganatlaryny gaharly galgadyp, bürgüt asmana göterildi... Şondan ençeme gün geçensoň, obanyň depesinden pessaýlap uçup barýan gyrgynyň gözi köne tanyşyna düşdi. Hapa dökülýän depäniň üstünde aýagy ýüp bilen daňylan bürgüt perişan halda ýüzüni sallap otyrdy. Obanyň çagalary bolsa taýak dürtüp, kesek zyňyp, biçäre guşy gününe goýanokdylar. Çagalar dargansoň, gyrgy oňa golaý bardy-da: – A-how, asmanyň hekimi, nädip beýle güne düşdüň? Sen nire, çagalaryň oýunjagy bolmak nire? Şeýle belentlikden süýde gaçan gyly görýän gözleriň özüne gurlan duzagy saýgarmadymy? – diýip gygyrdy. – Biraz seresaplyrak bolaýmaly ekenim welin... Aý, boljak işdir-dä. Durmuşda her hili zat bolýar. Göwsi gaýly deňizden üstün çykyp, soň guýa ýykylyp ölýänem bar. Käbiri uruşda çagba ýaly ýagýan okdan aman sypyp, öýünde otyrka çakan möýüň zäherinden amanadyny tabşyrýar. Ynsan erki, tutanýerliligi bilen güýçli. Başarsam, menem beýdip bendilikde oturjak däl. Häzir-ä bolar ýaly däl welin, bir amatyna gararyn-da... – Indi sypyp bolan bolsaň gerek. Adamyň mekirligi çakyň däldir – diýip, gyrgy öz ýoluna rowana boldy. Gyrgy ertesi aýlanyp gelse, bürgüt ýok eken. Diňe bir ujy mäkäm daňylan ýüpüň gyryndylary ýatyrmyş. Ýokaryk seretse, bulutlaryň deňinde bir garaja nokat erkana gaýyp ýörmüş. «Näme-de bolsa, obadan daşlaşmanym ýagşy. Bu ýer bürgüdiňkä garanda howpsuzrak» diýip oýlanan gyrgy ýene-de aw gözlemegini dowam etdiripdir. Birdenem onuň enesinden daşyrakda gezip ýören jüýjä gözi düşüp, ähli zady unudypdyr. Daş ýaly düwlüp gelşine jüýjäni penjesine gysyp ýokary galjak bolanda towuk gazap bilen onuň üstüne zyňypdyr. Şol wagt towguň eýesi ýetişip, gyrgynyň janyny jähenneme iberipdir. Al-asmanda gaýyp ýören bürgüt gyrgynyň bu masgara, gözgyny ölümini görüp, esli salym oýa batypdyr. Ýöne onuň näme pikir edeni size-de mälim däl, maňa-da... 1944. | |
|
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |