17:06 Garagumda / hekaýa | |
GARAGUMDA
Hekaýalar
• Taşlanan ýodada Ýakyp-ýandyryp barýan yssydan ýaňa dilimiz gus-gury bolup, agzymyzyň içinde zordan gymyldaýar. Emma şonda-da gidip otyrys. Mawy asmandaky altyn ergini ýaly gözüňi alyp gelýän ýagty Gün jöwzanyň derdinden endiräp duran gözýetime tarap ýuwaşlyk bilen süýüşýärdi. Ululy-kiçili oýlar bilen bezelen jyrk sary çäge deňziniň üstünden yrgyldap barýan kölegelerimiz indi barha uzalýardy. Olar aňry galsa ýene bir sagatdan gürüm-jürüm bolarlar. Biz bolsa dynç almak üçin goş ýazdyrarys. Günortada Günüň ýaşyşy diýseň çalt. Şapak sähelçe wagtlyk gyzgylt öwüsýär-de, yzýanyndanam garaňky düşýär... Biziň uzak menzilleri aşmaga endik eden ýeňil ahal-teke atlarymyz entek ýadawlyk duýanokdy. Öten agşam çarwalaryň taşlap giden guýusynyň bulanyk, duzly suwundan mazaly ganan janawerler günuzyn «möjek seňkildisini» üýtgetmän ýol ýörediler. Şu hili birsydyrgyn ýöriş bilen uzak menzil aşmagy hywalylar hem tekeler başarýarlar. Mundan iki gün ozal alnan tabşyryk boýunça biziň öňdäki razwedka otrýadymyz birnäçe topara bölündi. Maňa bolsa alty atly hem ýolbeledimiz Hojam bilen Ajyguýa tarap gitmeklik tabşyryldy. Emma bir düşelgede biz ygyp ýören galtamanlar topary bilen pete-pet geldik. Atyşyp, yza çekilýän wagtymyzda Hojam ikimiz harasadyň içine duşduk. Ol bizi galtamanlardan gizlese-de, beýleki ýoldaşlarymyzdan aramyzy üzdi. Yza gaýtmak mümkin däldi. Uly ýollaryň ählisinde galtamanlar kaňkaşyp ýördüler. Şonuň üçinem biz taşlanan ýoda bilen gitmeli bolduk. Gyrmyzy donly, berk çekilen kemerinden egri teke gylyjy sallanyp duran agajet Hojamyň arryk göwresi meniň öňümden yraň atyp barýardy. Onuň ak telpeginiň etegindeki uzyn burmalar her ädiminde birsydyrgyn hereketlenýärdi. Ugranymyz bäri esli wagt geçenem bolsa, ol ýeke gezegem yzyna garanokdy. Meniň özüm käte yzyndan ýetip, ýol hakynda ol-bi zat soraýardym. Hojam süzük gara gözlerini gözýetime dikip: – Görýäňmi, bu ýerden bäri-ýakynda janly-jemende gatnana meňzänok. Ne eşegiň süňki bar, ne-de goýun gumalagy. Ýol niräk eltse, şol ýerigem bararys. Nirä eltjegini bolsa Alla bilsin – diýip, gümürtik jogap berýärdi. Kämahal ol birden atyny debsiläp alaňyň çür depesine çykýardy-da, çar tarapa göz aýlaýardy. Soňam ýuwaşlyk bilen alaňdan inip, meniň ýüzüme-de seretmän, edil ozalkysy ýaly endigan ädim urup, ýoluny dowam etdirýärdi. Meniň ýüregime howsala aralaşdy. Sebäbi iki günlük ýol halys lütümizi çykarypdy. Haçan-da Gün erňegini ýere berensoň, Hojam bir depäniň üstünde aýak çekdi-de elini wne uzadyp: – Hanha, gyry görýäňmi! Ol ýerde guýy bolaýmagy ahmal. Belki, bar bolaýady-da... – diýdi. Men ýaşyp barýan Günüň gyzgylt şöhleleriniň astynda garalyp ýatan dilkaw-dilkaw gaýalary gördüm. – Ol ýerde galtamanlar bar bolaýmasyn?! – Häzir bu ýerlerde ot ýok. Guýular bolsa opurylyp gömlen. Kerwenler gatnanok. Kerwen ýok ýerinde galtamanlar nireden bolsun! Olar edil gamyşlykda bukulyp, ýekegapan awlamagy ýüregine düwen gaplan ýaly, olja düşäýjek ýollary garawullaýandyrlar. Atlarymyz ýörişini çaltlandyrdy. Biz iç ýüzüne ojar şahalaryndan çöwlük edilen birnäçe darajyk, çuň deşikleriň ýanynda aýak çekdik. Bular biziň köp wagt bäri duşaýsak diýip arzuw edýän guýularymyzdy. Men atlaryň jylawyndan tutup, saklap durun. Hojam bolsa ujuna meşik berkidilen inçejik urgany gezekli-gezegine guýa sallap, olaryň suwuny barlaýar. Guýular on bäş töweregi bardy. Hemmesinden dadyp görüp, duzly bolany üçin tüýkürinýän Hojam ahyry içmege ýaramlysyny tapdy-da: – Süýji suw, emma duzy az – diýdi. Gijäni şu ýerde geçirmeli diýen karara gelip, atlaryň teblesini ýere kakdyk. Töweregimiz belentlik bilen gurşalany üçin ot ýakaýanymyzda-da, görüner gorkusy ýokdy. • Töwekgel teklip Hojam süýji diýip bellän guýusynyň ýanynda gylyjyny ýere sançdy. Ol muny gylyjynyň ýalpyldysyna garaňkyda-da suwy gözläp tapmak aňsat bolsun diýen pikir bilen edipdi. Biz atlaryň eýerlerini aýyrdykda, içirgilerini üstüne ýapyp goýduk. Men ojar şahalaryny döwüşdirip, çaý gaýnatmak üçin ot ýakdym. Soňam Hojamyň näme üçin beýle tutukdygy barada kelle döwüp ugradym. Dogrusy, nähili adamdygyna düýbünden näbelet bolanym sebäpli, dönük bolaýmasyn diýip ätiýaç edýärdim. Biz oduň başynda ýapynjamyzy aşagymyza ýazyp, kiçijik türkmen käsesi bilen çaý içip otyrys. Hojam uzak wagt dymyp oturdy-da, birden söze başlady: – Näme diýsene, komandir aga! Sen şu ýerde iki gün ýat. Men bolsa ertir irden Gün ýerden saýlanyp-saýlanmanka atlaryň ikisinem alyp ýola düşeýin. Ilki birine, soň ol ýadaram welin beýlekä münerin. Şeýtmeseň, wagt az, ýol uzak... – Atsyz men näme işlerin? – Garaş! Men bu töwereklere belet. Günüň ýaşan tarapyna sekiz sagatlap gowy gitseň, Uzboý jülgesine ýetýärsiň. Ol ýerde bir obajyk bar. Adamlary myhmanparaz. Men o taýa baryp, hem-ä atlary naharlaryn, hemem ýol üçin azyk alyp gaýdaryn. Üstesine-de, olar maňa basmaçylaryň häzir nirede ýerleşýändiklerini aýdarlar. – Menem seniň bilen gidäýsem näder? – Ýok, komandir aga, eger ol ýere gitseň, sen hakdaky habar ertiriň özünde bütin sähra jar bolar. Bildiklerem öldürerler. Hojam düwün-düwün barmaklaryny büküp, hasaplamaga durdy; – Sen ertir gaýrat et-de garaş. Men birigünüň bir ýerinde atlar, gowurmadyr un bilen şu ýerde peýda bolaryn. Düşündiňmi? – Pikirlenip göreýin... – Pikirlener ýaly näme bar? Sen bu ýerde mahorkany tütedip, maňa garaş-da ýat. Çöregiň bar, suwam guýuda kän. Galtamanlaram bu ýere gelmez. Eger-de men diri bolsam, sen öýüňe sag-aman aşarsyň. Ol meniň berjek jogabyma garaşyp, tüssä garalan çäýnekden çaý guýmaga durdy. Meniň kelläme her hili pikirler gelýärdi: Bu meniň ajaýyp atymy – Italmazam alyp, galtamanlara goşuljak bolaýmasyn? Italmaz ýaly at üçin islendik türkmeniň iň gowy halysyny gysganmajagy köre hasa zat ahyry. Ýa-da meniň ölümim bilen öz günesini ýuwjak bolýarmyka? Men ýola näbeletdim. Horjunda-da atlary iýmlär ýaly sanlyja gysym arpa galypdy. Bu ýerde bile galmak özümiz üçinem, atlar üçinem gutulgysyz ölümdi. Ahyry men ýüregimi bire baglap: – Hojam! – diýdim. Ol çaý içip oturyşyna göni meniň gözlerime seretdi. Alaşan oduň gyzyl dilleri onuň käsesinde, dikanlap garaýan syrly goýun gözlerinde şöhlelenip görünýärdi. Içki howsalamy daşyma çykarman, menem onuň özi ýaly sowukganlylyk bilen jogap berdim: – Bolýar! Gitseň git. Atlaryň garnyny doýrarsyň hemem ýol üçin azyk getirersiň. Men saňa garaşaryn. Eger ýene bir günden gelmeseň, meni bu ýerden gözleme. Hojam temmäki düwülgi gyzyl ýaglygynyň ujy bilen syrylan kellesini süpürip durşuna: – Ýagşy – diýip, gysgajyk jogap berdi. Soň bolsa çaýyny içip boldy-da, tüpeňini arassalamaga girişdi. Iki sagat çemesi wagt geçip, atlaryň deri gaýdyşansoň, Hojam suw çekilýän meşigi alyp maňa garady. Soňam tüpeňine ok sürüp, egninden asdy-da, garaňka siňip gitdi. Men ýazylgy ýapynjanyň üstünde Hojamyň giden tarapyna garap ýatyryn. Özümi bütin durkum bilen doňan ýaly duýýaryn. Sowuk nazarymy asmana dikip ýatyşyma tüpeň sesiniň çykaryna garaşýaryn... Gijäniň ümsümliginde hatda atlaryň burnuny tyzyladýan sesleri-de açyk-aýdyň eşidilýär. Pessaýja öwsen şemal meniň açyk ýatan ýazuw depderçämiň üstüne çäge zirejiklerini seçeledi. Nirededir alys bir ýerde agy sesini ýadyna salýan inçejik uwwuldy ýaňlandy. Soňabaka ol has güýjedi. Endirewük ýagdaýa geçdi, barha batlandy-da, birdenem tapba kesildi. Olara başga bir tarapdan edil özleriniňki ýaly iniňi jümşüldedýän sesler jogap berdi. Bular şagallaryňky däl-de, bizi göz astyna alan sähra talaňçylarynyň biri-birine habar berýän syrly duýduryşlary bolaýmasyn diýen pikir kelleme geldi. Elim biygtyýar tüpeňe uzady. Şol wagtam garaňkylykdan Hojamyň göwresi göründi. Onuň elinde atlarymyzyň içirgileri bardy. Hojam olaryň birini öz aşagyna ýazyp, beýlekisinem maňa uzatdy. Soňam öçüp barýan oda tarap bir egnine öwrüldi-de, ala donuňy üstüne çekip: – Atlarymyz, tüweleme, at dagy däl. Şu bulanyk, duzly suwdanam şeýle bir içdiler welin, doýurjak bolup, halys arkam ýagyr boldy – diýdi. Men oňa ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmedim. • Syrly duşuşyk Ir bilen, asman ýany çalymtyl öwsüp, daşymyzy gurşap duran alaňlaryň sudury aýyl-saýyl bolup ugranda biz oýandyk. Sesimizi çykarman ot ýakdyk, arpamyzyň iň soňkuja gysymyny berip, atlarymyzy iýmledik. Mazaly dynjyny alan keýpi kök Italmazym çignimden assaja dişlän bolup oýun edýär. Gaçha-kowlugam, doýa garna zat berilmezligem, geçilen uzak menzillerem göýä, oňa hiç-hili täsir etmedik ýaly. Seretdigiňçe synyň oturýar. Emma garny bedew atyňky ýaly bir azajyk çekilipdir. Endamyny, ýalyny sypalap durkam ol çygly gara gözlerini maňa dikip, üstüne atlanaryma garaşýan ýaly aýaklaryny kakyşdyrýardy. Emma biz aýrylyşmalydyk... Sanajyna ýolda içer ýaly suw guýan Hojam atynyň çekisini berk çekdi, Italmazyň jylawyny öz atynyňky bilen çatdy. Soňam atyna böküp mündi. Donuny düzedişdirdi, telpegini çümreräk geýdi, tüpeňini egninden asdy-da, maňa elini uzadyp: – Şu günlükçe, hoş! – diýdi. Soňam gür gaşlaryny oýnadyp: – Hamymy sypyraýmasalar, nesip bolsa, ertiriň bir ýerinde gara bererin – diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. – Hoş! – diýip, menem onuň elini gysyp, bir gapdala çekildim. – Eger ertir gelmeseň, meni bu ýerden tapmajagyňy unudaýma! Bar, ýoluň ak bolsun! Ertiriň ümüş-tamşynda Italmazyň owadan şekili menden barha uzaklaşýardy. Men alaňlaryň birine dyrmyşyp çykdym. Günüň dogjak tarapyndaky bölek-bölek bulutlar gyrmyzy reňke boýalyp ugrapdy. Jahan barha ýagtylýardy. Uzakdaky alaňyň üstünde ösen ojaryň seýrek şahalarynyň arasynda Hojamyň ak telpegi bilen gyrmyzy dony ýene-de göründi. Birden atlaryň ikisem özlerini bir gapdala zyňdy. Hojam öz çaparynyň boýnuna ýapyryldy. Näme bolduka?.. Hojamyň bir gapdala böwür berşi, Italmazyňam ondan galman ýüzin salyp barşy açyk aýdyň görnüp durdy. Soňra olar gözden ýitdiler. Haçan-da, dogup gelýän Günüň ilkinji şöhleleri äleme çaýylanda Hojam soňky gezek gözüme kaklyşdy-da, san-sajaksyz alaňlara duwlandy. Men Hojamyň ýaňky nämedir-bir zatdan gorkan ýerini görmegi ýüregime düwdüm. Ol ýerde ynsmy-jynsmy ýa-da, ölen haýwanyň maslygymy – näme barka?.. Atlaryň çägede galdyran yzlaryny sypdyrman, hüşgärlik bilen gidip oturşyma ürgün çäge batýan aýaklarymy kynlyk bilen çekip alýaryn. Çägelikden gataňsyrak ýere çykdym. Kä ýerde-kä ýerde garamtyl tegmil bolup ýatan yzgarly topraga ýer teýinden syzyp çykan şor ak gaýma çekipdir. Ahyry atlaryň ürken ýerine ýetdim. Ykyrdap duran şor ýerde atlaryň gorkup bir gapdala zyňan yzlary mesaňa-mälim bildirip dur. Näme baram bolsa ürküzäýmäýin diýip, ozalkymdanam beter seresaplyk bilen alaňa tarap ugradym. Ilki torgaýdyr beýleki sähra guşjagazlarynyň yzlaryna, soň bolsa agramy bilen çägeni mazaly oýup giden bäş barmakly, dyrnaklary ýiti äpet uly jandaryň geň yzyna gözüm düşdi. Aýak yzlaryň aralygyndan ýene-de bir ýerden süýrenip giden ýylmanak yz bildirip dur. Men ojarlary penalap alanyň depesine çykdym-da, başymdaky budýonnowkany çykaryp, usullyk bilen töweregime garandym. Alanyň beýleki tarapynda töweregi depeler bilen gurşalan azajyk suwly çökedi gördüm. Kölçejigiň daşyna guran duzlar ak çyzyk bolup halkalaýyn aýlanypdyr. Kölçejigiň töwereginde uzyn çüňkli, kepderä meňzeş çal guşlaryň bir sürüsi ýaýraşyp gezip ýör. Eýläk-beýläk ylgaşlap iýmit agtarýan guşlara birden howsala aralaşdy. Töweregine ýalt-ýult garanyşyp başlan guşlaryň birnäçesi uçdy-da, ýene gondy. Guşlaryň beýleki bir topary bolsa başga tarapa uçdy. Birden çöp-çalamlaryň içinden keltejik aýakly uzyn jandar ýokaryk bökdi-de, pessaý uçup barýan guşlaryň birini penjesine gysyp, ýene gizlendi. Guşlaryň bary birden asmana göterildi. Kölçejigiň üstünden bir öwrüm edip, gözden ýitip gitdiler. Bularyň bary şeýle çaltlykda bolansoň, men ol geň jandary oňly synlabam ýetişmedim. Ahyram bilesigelijilik hem awçy gylygym erkime goýmansoň, şol jandaryň gizlenen ýerine tarap ugradym. Ol ýerde gan syçran ak hem çal ýeleklerdir öňki gören yzymdan başga zada gözüm düşmedi. Yzlar alaňlaryň arasyna siňip gidýärdi. Men töwerege köw-söw edip, goşa tarap ugradym. Ätiýaç üçin aýak yzlarymy pozuşdyrýaryn. Soňam ýapynjamy, horjuny, çäýnegi alyp, gaýanyň üstüne çykdym. Barybir ynjalygym bolmady. Ojar şahasy bilen guýunyň töweregindeki yzlarymy tekizledim, ot ýakan ýerimiziň üstüni çäge sepip, bildirmez ýaly etdim. Çal hek daşynyň dilkaw-dilkaw gatlaklary ýerden esli saýlanyp gyşaryşyp durlar. Kä ýerde şemal köwen jaýryklarda topbajyk otlardyr ysly ýowşan gögeripdir... Bu ýürekgysgynç gaýalaryň gutaran ýerinden demirgazyga uzalyp gidýän daşly duzluk başlanýar. Bir gezek ýolbeledimiziň aýdan şu sözlerini ýadyma salýaryn: «Çölden içer ýaly suwam, ýakar ýaly ojaram, atyň üçin otam tapmak bolar. Ol ýerde iň bolmanda towşan awlarsyň welin, garaz, aç ölmersiň. Ýöne gyrda harasada duşan özüň bolma. Gyrda ne ösümlik ösýär, ne-de guýy gazyp bolýar. Diňe käte möjekden gaçyp, ok ýaly atylyp barýan jeren bolaýmasa, janly-jandaryňam gaçgyny gyr...» Men garaşylmadyk howp abanan ýagdaýynda zatlary gizläp bolaýar ýaly jaýryk ýa-da buky ýer agtaryp, alaňlaryň arasyna aýlanyp başladym. Ahyry biri-birine ýanaşyp diýen ýaly duran iki gatlagyň arasynda goşlary ýerleşdirdim. Jaýryk çuň bolany üçin ony barlap durmaga wagt bolmady. Sähelçe-de wagt ýitirmän, tüpeňimi gapdalymda goýup, ok bardygyny ýokdugyny barladym-da, ýüzin süýnüp ýatdym. Göz ýeter ýaly aralykdaky ähli zady nazarymdan sypdyrmajak bolup, uzakly günümi ýakyp-ýandyryp barýan yssynyň astynda ýatyp geçirdim. Edil gözegçilik diňinden sereden ýaly, bu ýerdenem doňup galan deňzi ýadyňa salýan birmeňzeş gum depeleriniň onlarça menzil aralygy görnüp dur. Demirgazyk tarapa egrelip gidýän gyr endigan meýdança bolup, gözýetimdenem aňryk uzalyp gidýär. Bu ýerde ne ot düşnügi bar, ne-de depä gözüň düşýär. Şeýle bolansoň, bu ýeriň içgysgynçlygy çölüňkidenem bäş beterdi... • Çöl jandary bilen söweş Haýallyk bilen göge galýan Günüň howry çöli tamdyr ýaly gyzdyrýardy. Wagtyň geçişi haýaldy... Kämahal topbajyk otlaryň başyny yralap geçýän ýalyn ýaly şemal ýüz-gözüňi çawlaýar. Howurdan ýaňa gözleriň gamaşýardy, gulaklaryň sorkuldap, ganyň depäňe dyzaýardy. Bütin gözýetim tolkun ýaly bolup endiräp dur. Ana, şol tolkunlaryň arasyndan uly, tüýlek jandar bärik ugrady. Seredişim parhsyzam bolsa, aňym dürs işleýärdi. Daş görnüşi boýunça ol jandar tilkiden başga zat däl. Beýle-de äpet tilki bolar oguşýa... Ýabydan dagam has ullakan ol tilki ýakynymdan geçip barşyna barha ulalyp, bütin gözýetimi tutdy. Ine, ol ysyrganyp, temegini ýere berdi. Onuň deminden göterilen tozan harasady ýadyna salýardy. Bu tilki näme beýle ullakanka? Meniň gyzan beýnim tilkiniň bütin gözýetimi tutmagyna sebäp bolan ýagdaýyň onuň juda ýakynyma geleni sebeplidigini o diýen aýyl-saýyl edip bilenokdy. Tilki meniň gapdalymdan ümsümlik bilen geçdi-de, gizlendi... Kir-kimirsiz asmandaky Gün göýä diýersiň, ähli gyzgynyny maňa gönükdiren ýalydy. Ysgynym gaçyp ugrady. Gözümiň öňünde gyzyl menekler gaýyşýardy. Men basmarlaýan uky bilen göreşip gözýetime nazar salýaryn. Sähelçe-de üýtgän zat ýok. Diňe bir topar ullakan garamtyl guşlar pasyrdaşyp uçup geçdiler-de, derrewem alaňlaryň arasynda bir ýere gondular. Birden, oslagsyz halda arka tarapymdan ýuwaşja hyşyldy eşidildi... Men gabaklarymy zordan galdyryp, usullyk bilen yzyma öwrüldim. Zemzene gözüm düşdi. Bu hem gaty uly-la... Ýene-de gözüme görünýändir öýtdüm. Onuň garnynyň hamy akdy, galyňdy, arkasy durşuna keseligine geçýän hapa gök çyzyklar bilen örtülendi, diş-diş bolup duran kekeçli guýrugy uzyndy, ýiti gök gözleri dogry maňa seredýärdi. Zemzeniň açyk agzyndaky ýiti dişleri, ujy haçja bolup duran uzyn dili inimi jümşülletdi.... Ýok... Bu näme boldugy! Belki, bu kiçijik zemzendir-de, gaty ýakynymda bolany üçin şeýle uly görünýändir? Eger elimi uzatsam, oňa arkaýyn ýetse gerek. Elimi uzatdym... Birdenem, Hojamyň atlaryny ürküzen, kölçejikde çöp-çalamlaryň arasyndan towsup, pessaý uçup barýan guşlaryň birini tutan äpet jandar şu bolaýmasyn diýen pikir kelleme geldi. Ukym zym-zyýat boldy. Haýdan-haý tüpeňe ýapyşdym. Meniň hereketimi synlap duran jandar duran ýerinde bökdi, çişip hem haşyldap, guýrugyny tarpyldadyp ýere urup ugrady. Ol krokodile meňzeşdi. Çöl krokodili-hä däldir-ä? Başga bir wagt bolan bolsa, gowja synlamak üçin bu görülmedik jandary atjagymyň ujy iki däldi. Edil häzirki ýagdaýda – her okuň gymmatly wagtynda beýle etmäge mümkinçilik ýokdy. Üstesine-de, tüpeň sesini geçip barýan tötänleýin ýolagçylaryň eşidäýmeginden hem howatyrlanýardym. Şonuň üçinem, men seresaplylyk bilen yza çekilip, depäň aňyrsynda gizlendim. Bu suwsuz çöle krokodil nireden gelip düşdükä? Men oturan ýerimden boýnumy uzadyp, ony synlamaga durdum. Zemzen meniň ýatan ýerime süýşüp bardy, ysgaşdyrdy. Onuň agzy derýa krokodiliniňkiden iki esse dagy gysgady. Soň ikilenç sereden wagtymda onuň daşlaşyp barýandygyny gördüm. Hatda uzyn dyrnakly penjesiniň daşly gatlaga degip çykarýan sesi-de eşidilýärdi. Men seresaplylyk bilen gaýanyň töweregine aýlanyp ýörkäm tizden ýene-de onuň bilen pete-pet geldim. Zemzen göýä meni gorkuzjak bolýan ýaly, duran ýerinde birnäçe gezek bökdi, gazaply haşyldady, soňam haýran galaýmaly çaltlykda guýrugy bilen ýarym aýlaw çyzdy-da, jaýrykda gizlendi. «Munuň bilen birek-birege azar bermän ýaşap bolmazmyka?» diýip men oýlandym. Bar işim ol däldi. Töwerege esewan etmelidim. Şonuň üçinem, men ýene-de öňki ýatan gaýamyň üstüne çykyp, gözýetime nazar saldym. Käte-käte gury ýer krokodiliniň gizlenen jaýrygyna-da gözümi aýlaýaryn. Bu ýerleriň haýwanat dünýäsi hakynda bilýän zatlarymy aňymda aýlap durkam bir ýaşuly çarwa türkmeniň gürrüňini ýadyma saldym. Ol mana çölüň adam aýagy sekmeýän ýerlerinde uzynlygy iki ýarym metre dagy ýetýän äpet uly zemzenleriň ýaşaýandygyny aýdypdy. Zemzenleriň hemişelik duşmanlary bolýar. Ol hem serhetdeş pars daglarynda ýaşaýan äýnekli ýylan bolmaly. Kämahal zemzen daglara gidip, şol aýylganç zäherli ýylan bilen söweş edýär. Äýnekli ýylanyň zemzenden başga gorkýan jandary ýok. Hatda gaplaňdyr bars hem oňa duşmakdan heder edýärmişler. Käte kän gowgany başdan geçiren äýnekli ýylan tejribesiz ýaş zemzeni öldürýän-de bolsa, ýeňiş esasan zemzeniň tarapynda bolýarmyş. Şonuň üçinem, türkmenler zemzeni gowy görýärler, pete-pet gelen halatlarynda sowlup, ýol berýärler. ...Ep-esli wagt geçdi. Yssy gowşap ugrady. Men goşdan suwdur çörek alyp garbanmagy ýüregime düwdüm. Emma içiňi ýakaýyn diýen ýaly, zatlaryň hemmesi zemzeniň gizlenip ýatan jaýrygyndady. Ol ýere ugradym. Ýöne jaýryga girmek çak edişimden has kyn eken. Ýene-de gaty gow bilen örtülen kellä, güberçekläp çykyp duran gök gözlere, açyk agyzdyr haçja ýaly dile gözüm düşdi. Zemzen hyşyldady, penjeleri bilen ýer gazady. Nätjegimi bilmän yzyma dolandym. Atasym gelenokdy. Ýagdaýdan zemzeniň özi çykalga tapdy. Ol meniň ýaýdanyp durşumy gördi-de, jaýrykdan dazlap çykdy, duran ýerinde birnäçe gezek towusdy, guýrugyny jaýtardyp, gazap bilen maňa topuldy. Men yzyma tarap gaçdym, ol gaharly hyşyldap yzymdan eňip gelşine guýrugy bilen urup, meni ýere ýazmaga dyrjaşýardy. Menem tüpeňiň gundagy bilen goranýardym. Birdenem ol garnyny ýere berdi-de, kellämi nazarlap üstüme zyňdy. Tüpeňiň gundagy onuň ýiti dişleriniň öňüne böwet boldy. Men rewolwerimi çykardym-da, onuň kellesinden atdym. Zemzen ýokaryk towusdy, edil güjük ýaly naýynjar çyňsap, bir gapdala ýykyldy. Oňa bir hili nebsim agyrdy. Ol uzyn guýrugyny ysgynsyz gymyldadyp birnäçe gezek büzülip-ýazyldy-da, gözlerini açyp jan berdi... Ölendigine magat göz ýetirip, onuň uzynlygyny ölçäp gördüm. Dert ädim. Soňra bolsa kükürt çakyp zemzeniň gizlenen jaýrygyna girdim. Düýpde ýumşak çägeden edilen çukurjygyň içinde ululygy towugyňky ýaly bir üýşmek haparak ak ýumurtga gözüm düşdi. Ene zemzeniň jaýrygyň girelgesini goraglap ölendigine göz ýetirenimden soň has-da beter gynandym... Bu günem tamam boldy. Ýaşyp barýan günüň şöhlesi bulutlary gyrmyzy reňke boýady. Gözýetimde welin henizem göze ilýän hiç hili üýtgeşik zat ýokdy... • Gözýetimdäki atlylar Her hili ýaramaz düýşler bilen doly gije-de geçdi. Men islendik şygyrdy eşidiler ýaly ýüzümi açyp, ýapynja çolanyp ýatyryn. Alasarmyk ukynyň arasynda göýä diýersiň, öldüren zemzenim direlip, üstüme sürünýän ýaly, sähradan galtamanlar çozuşyp gelýän ýaly, ýa-da bolmasa, guýunyň duzly suwundan içip düwünýän ýaly ýakymsyz duýgular maňa ýazylganlyk bermedi. Şagallaryň çirkin uwwuldylaryna gözümi açdym. Zemzeniň maslygyny çekelemek üçin ýörän ýakyna gelen şagallary daşlap kowdum. Howa ýagtyldy. Bu säheriňem düýnküden üýtgeşikligi ýok. Belki-de, bu Meniň ömrümiň iň soňky säheridir... Çöl Günüň ýiti şöhleleriniň astynda ýaldyrap ýatyr. Şemalyň şuwwuldysy zaryn aýdymy ýadyna salýar... Geçen agyr gijeden ýaňa ýadaw halda ýerimden turdum. Sagadymy çykardym-da, Hojamyň haçanrak gara berjekdigini hasaplamaga başladym. Eger-de ol düýn daňdanlar ýa-da ondanam irräk giden bolsa, onda sagat on bir-on ikilere hökman geläýmeli. Men oňa agşama çenli garaşmagy ýüregime düwdüm. Eger şonda-da gelmese... Güne-de, teşnelige-de üns bermän, men ak telpek bilen gyrmyzy don görünmezmikä diýen umytda gözýetime nazarymy dikdim. Seretmekden ýaňa gözlerim ýadady gitdi. Men keseden görüljegime-de üns bermän, iki elim bilen dyzlarymy gujaklap, depäň üstünde oturyn. Diriligem bolsa, ölümem bolsa, bu ýaýylyp ýatan giňişlikde bir nokatjyk göze kaklyşsady!.. Ejirli sagatlaryň ýene-de birnäçesi geçdi. Sagat ýigrimi minudy kem iki. Hojam geljek bolsa bu wagta gelmelidi. Beýle gapdalymda ýatan zemzeniň maslygy çişip, erbet porsy ys ýaýradýardy. Boýnundan, garnyndan şagallar goparansoň onuň inçe sary içegeleri gurçuk ýaly bolup ýaýraşyp ýatyrdy. Men minutsaýyn sagadyma garaýaryn. Hojamyň gelmedigi bolaýdy öýdýän... Ol uzakda – alaňlaryň arasynda gyrmyldap tiz-tizden ýitýän nokat nämekän? Şatlygymdan ýaňa sesimiň ýetdigine gygyrasym, ok atasym, ylgap öňünden çykasym geldi. Tüpeňimi garbap aldym-da, gulagyny gaýtardym. Atmaga häzirlenenimem şoldy welin, birdenem... ilki gören nokadymyň yzyndan ikinji, üçünji gara gözüme kaklyşdy. Soň olaryň sany sekize dagy ýetdi. Men tüpeňimi göterip durşuma doňan ýaly bolup galdym. Içimden bolsa: «Hojam satypdyr! Diýmek meniňki gutulgysyz ölüm! Depämde çaýkelleriň gaýmalaşmasynyňam-a oňlulyga däldigini aňypdym welin... Gör, kime ynanan ekenim! Ýok! Men amanadymy ap-aňsatja tabşyraýman! Buky ýerden olaryň ählisiniň atlaryny ataryn. Iň soňky okuma çenli gidişerin. özüm üçin birjigi galsa bolýar. Şeýtmesem, galtamanlar diriligime oda ýakarlar ýa-da gamçylaryny meniň ganyma boýarlar...» diýip pikir öwürdim. Birden zemzen ýadyma düşdi. Şoň gizlenen jaýrygyndan buky ýer ýok. Men usullyk bilen düşdüm-de, jaýryga daş çekip, girelgäni petikledim. Soňam ähli oklarymy sanaşdyryp, birini aýryp goýdum... Ýanymdaky bar dokumentleri, hatlary hem gymmat bahaly zatlary ýygnap, daşyň aşagynda gömdüm... Jaýrykdan boýnumy süýndürip seredenimde, eýýäm dürli reňkdäki eginbaşly atlylaryň ýedisini aýyl-saýyl saýgarmak mümkindi. Ýöne gelýänleriň biri ýarym-ýalaňaçdy, aýagynda diňe balagy bardy. Başga bir ak telpekliniň münüp gelýän atynyň Italmazdygyny tanadym. Jaýrykdan Hojam ikimiziň suw alan guýumyz görnüp durdy. Okly hatarlary atanaklaýyn asynan atlylar özara gürrüňleşip ýakyn geldiler. Üstüne haltadyr gaýry zatlar ýüklenen at, çakym çak bolsa, Hojamyňkydy. • Aýgytly minutlar Tüpeňimi mäkäm gysymlap, gaýtawul bermäge taýynlandym. Hiç zatdan ätiýaç etmeýän atlylar meniň ýatan ýerime üns bermän, guýa geldiler. Entägem garaşyp otyryn. Olar atlaryndan düşdüler-de, aýaklaryny duşaklap, teblelerini ýere kakdylar. Diňe ýarym-ýalanaç atly başyny aşak sallap, şindem otyrdy. Galtamanlaryň ikisi guýulardan içer ýaly suw agtaryp başlady, üç sanysy bolsa ot ýakmak üçin ojar döwmege ugrady. Hojamyňky ýaly ak telpekli, pes boýly, daýaw galtaman atyň üstünde oturan ýarym-ýalanaç adamyň ýanyna bardy-da, gödeklik bilen penjeläp ýere agdardy. Ýarym-ýalaňajyň elleri arkasyna daňylgy, ýüzi bolsa durşuna gandy. Galtamanlaryň arasynda Hojama meňzeş biriniňem ýokdugyna haýran galdym. Daýaw galtaman ýesiri süýrekläp guýularyň ýanyna alyp gitdi. Daňylgy adam towlanjyrap ellerini ýüpden sypdyrmaga synanyşýardy. Daýaw galtaman ony ýere ýazyp, gamçysy bilen saýgylap durşuna nämedir-bir zatlar soraşdyrýardy. Beýlekiden bolsa ses çykanok. Meniň galtamanlary her näçe atasym gelse-de, ojar çöplemege gidenler gelmese boljak deldi. Şonuň üçinem, öňkim ýaly garaşmagy makul bildim. Galtaman gaty gygyryp sögündi-de, ýesiriň burnunyň deşiklerine iki barmagyny sokup, edil goýun soýulanda edilişi ýaly, kellesini arkan gaňyrdy. Beýleki eli bolsa pyçaga uzady... Birden, sypjak bolup bar güýji bilen dyzaýan ýesiriň Hojamdygyny tanadym. Suw gözlegine giden beýleki iki galtamanam bedrelerini zyňyp, olaryň ýanyna geldi. Olar ellerini (bykynlaryna urup keýp edip gülüşmege başladylar. Ýene sähel salym garaşan bolsam, galtaman ýalaw ýaly pyçagy bilen Hojamyň damagyny çalýardy. Ýok, men ony halas etmeli! Tüpeňimiň nilini daşyň üstünde goýdum-da, galtamanyň kellesini nyşanalyp mäşeni gysdym... Ýesiri tutup duran galtaman jynssyz gygyryp, Hojamyň üstüne ýykyldy, beýleki ikisi bolsa garaşylmadyk tüpeň sesine huk bolup doňup galdylar. Ikinji ok olaryňam birini ýere ýazdy. Üçünji galtaman kellesini tutup, ýapyrylyp atlara bakan ýazzyny berdi. Duşaklanandygynam undup, ilki duş gelen ata böküp mündi. Emma üçünji ok ony-da eýerden agdardy. Ürken atlar ýüplerini üzüp, duşakly hallaryna towsaklaşyp, ümdüzine sähra tutdurdylar. Ojar çöplemege giden üç galtaman olaryň ýanyna ýüwrüp bardylar-da, çem gelenine atlanyp, yzlaryny garaman gaçdylar. Men gaýadan böküp düşüp, Hojamyň ýanyna ylgadym. Galtamanyň meýdini üstünden agdaryp, ör turan ýarym ýalanaç Hojamyň üst-başy durşuna gandy. Ellerini towlap daňylan gaýşy kesen badyma Hojam çägeniň üstünde ýatan tüpeňi garbap aldy-da, gaçyp barýan galtamanlaryň yzyndan atmaga başlady. – Besdir! Besdir, Hojam! Olaryň tilki ýaly zut gaçanlaryny görüp dursuň ahyryn! Ol atmasyny goýdy-da, ýüzüme garap, maňa ellerini uzadyp: – Meniň öýüm – seniň öýüň, aga! – diýdi. Şadyýanlyk bilen egnine kakdym-da, menem öz sözlerini gaýtaladym: – Meniň öýüm – seniň öýüň, Hojam! • Umydymyz – demirgazyk tarapda Haýal-ýagallyga wagt ýok. Hojam atlary tutup getirmäge ylgady. Aýaklary duşakly bolansoň, olar uzaga gidip bilmändirler. Atlar Hojamyň elinde urunýardylar. Bütin durky bilen galpyldap duran Italmaz maňa baş bermejek bolýardy. Hojam çaltrak ýoda düşmäge howlugýardy. Men söýgetläp, oňa gaýa çykmaga kömekleşdim. Biz bütin gözýetimi üns bilen gözden geçirdik. Alysda üç sany nokat alaňlaryň aňyrsynda kä görnüp, kä ýitip göze kaklyşýardy. Birden Hojam: – Wah, edeniň bar bol-a! – diýip gygyrdy. Ol zemzeniň çişip giden maslygynyň ýanyna bardy-da: – Muny sen öldürdiňmi? – diýdi. Men başymy atdym. – Nämüçin öldürdiň? Sen näme, zemzeniň gowy jandardygyny, öldürmek günädigini bilmeýärmidiň? Indi başymyza bela geler. Men galtamanlaryň gaçyp giden tarapyna ümledim-de: – Bela mundan däl-de, olardan geler – diýdim. Hojam: – Öldüren bolsaň, indi muny gömmek gerek – diýdi. Soň ol galtamanlaryň maslyklaryna tarap elini uzatdy: – Olar bolsa goý, şagallara şam bolsun! – Häzir galtamanlar nirede? Sen olaryň bolýan ýerlerini bildiňmi? – diýip, men soradym. Hojam galtamanlaryň bar ýerleri diýip, üç tarapy salgy berdi-de: – Ana, bu tarapda olar ýok – diýip, düzlüge tarap elini uzatdy. – Onda gyr bilen gitmeli boljak-da? – Dagy etjek alajyň ýok. Men baran obamyzdan atlara üç gün iýmege ýeter ýaly iým hem azyk alypdym. Emma ýolda galtamanlaryň eline düşdüm. Olaryň meni näme üçin şu taýa alyp gelenlerine welin teý aklym çatanok. – Seni başga ýere däl-de, şu ýere getirenlerine ýüz-de müň şükür et! Hojam gözlerime dikanlap seretdi-de makullaýjylyk bilen baş atdy. Biz zemzeni çägä gömdük, galtamanlaryň oklaryny alyp, ähli goş-kötellerimizi olaryň atlaryna ýükledik. Birnäçe minutdan soň men-ä Italmazyň, Hojam bolsa öz çyparynyň üstünde otyrdyk. Galladyr suwumyzy göterip gelýän üç atynam uýanyndan idip barýarys. Hojamyň galtamanlaryň bolýan özleri barada alyp gelen jikme-jik maglumatlary örän gymmatly bolany üçin, olary otrýadyň komandirine ýetirmäge howlukmalydy. Gyrda ýol ýöremek her näçe kynam bolsa, ähli zerur zatlarymyzyň bardygy üçin, bu daşly düzlükden sag-aman geçjegimize ynamymyz bardy. Çölüň endigan «möjek seňkildisi» bilen biz gyryň üstünden demirgazyga tarap ýola duşduk. Men ýenede bir gezek yzyma garadym. Açyk gök asmanda ýakyp-ýandyryp barýan günüň şöhleleri astynda ýalňyz gaýa çalaryp görünýärdi. Gökde gaýyşyp ýören çaýkeller bolsa onuň depesinde aýlanyşyp, ýene-de aşak gaýdýardylar... 1928. | |
|
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |