08:42 Toý sowgady / hekaýa | |
TOÝ SOWGADY
Hekaýalar
Kerwen altmyş üç ýaş toýuny bellän Atabally bilen hoşlaşyp, ikibir-üçbir bolup dagaşyp ugran myhmanlaryň arasyna goşulmakçy boldy. Ýöne Atabally: «Beýtmäň, häli-şindi duşuşyp duramzok ahyry. Özli-özümiz bolup, ine-gana çaýlaşalyň. Öýe ýarym sagat giç baranyňyz bilen, näme, sizi taşlap göçüp gitjek bolup durlamy?” diýip, çyny bilen aýdansoň, ulagda oturan ogly Baýgeldä goluny salgap, doganoglanynyň yzyna düşdi. Gyzlar orta saçak ýazdylar. Kerweniň gözi diwardan asylan halyçada eglendi. Onda dädesiniň agasy Amanseýidiň keşbi çitilip, aşagynda:” Sen biziň üçin iň mähriban adamsyň! Nesilleriňden» diýlip ýazylypdyr. Atabally: - Muny gelin-gyzlarymyz onuň ýetmiş ýasyna gabatlap dokadylar. Ýatan ýeri ýagty bolsun, gaty gaýratly, işjanly adamdy. Üç ogul, üç gyzy zada zar etmän ulaltdy. Hemmämizi okuwly, özbaşdak öýli etdi. Onuň il-güne eden ýagşylygam az-küş däldir. Senem şolar barada eşiden bolmaly, dogry dälmi?- diýdi. Kerwen baş atdy. Öýden çykyp, ulaga tarap ýöneldiler. Atabally Kerweni garsa gujaklap: - Ýaş döwrümiz köpi gören ýaşulular: ”Tohumyňyzdan baý kişiniň çykmagyny dileg edin. Bu ýerde bolmasa, hökman başga bir ýerde peýdasy degýändir” diýerdiler. Dogry eken, Kerwen jan, bir ogluň uly dükanynyň bardygyndan, beýleki ogluň ulag bejerýän ussahanyň eýesidiginden habarym bar. Kesesinden guwanyp ýorendiris. Meniň toýuma ýöne-möne sowgat däl-de, gymmatbaha telewizor getirmegiň maşgalamy haýran galdyrdy. Garyndaşyň baý bolsa, ine, şeýdýär oturyberýär! Döwletiňiz yrylmasyn!- diýip, hezil edip güldi. Soňra Baýgeldini gujaklaýsyna, sözüni dowam etdirdi: - Inim, senem agaňy sylap geldiň, taňryýalkasyn! Sag-aman meniň ýaşyma ýetip, märeke ýygnap, toý tutmak saňa-da nesip etsin! Ulag ýola düşdi. Ikisindenem ses çykanokdy. Ahyry Baýgeldi ýoldan gözüni sowman oturyşyna: - Däde, toýa eden sowgadyňy birhiliräk göreňokmy?-diýip sorady. Kerwen ogluna tarap kellesini öwrüp: - O näme üçin “birhili” bolmalymyşyn?- diýip sowala sowal bilen jogap gaýtardy. - Aý, telewizor adatça ýaş çatynjalara gowşurylýar-da...Ony ýetmişiň içindäki adama berseň, birhiliräk-dä.... Kerwen ýylgyrdy. -Näme, çykdajy uly boldumy? Gaýgy etme, oglum, Allatagala haýyr iş üçin edilen çykdajynyň öwezini iki esse dolýandyr. Baýgeldi gyssanmaç gepledi: - Ýok, ýok, men asla beýle manyda aýdamok...Ondanam bir çykdajy bolarmy? Dükanyň içi-de, ammar-da harytdan doly ahyry. Nemeräk göremsoň, aýdaýdym-da. Käte şeýdip samsyklaýýan men. -Sen samsyklaňok,oglum. Özüne geň görnen zadyň aňyrsyna ýetjek bolup soradyň - bolany şol. Ol az salymdan soň ýene gürläp ugrady: - Hawa, ömrüň ýedinji onlugynyň çetinden giren adamyň elini gysyp, telewizor sowgat bermegim keseden birhiliräk görnen bolmagy mümkin. Don bolarmy, telpek bolarmy, başga bir zat berip bolardy ahyry. Ýone meniň hereketimde bir many bar, oglum. Ataballynyň futbolyň ölemen janköýeridigini sen bilmeseňem, men gowy bilýän. Adam garradygyça, rahatlyk küýseýär. Goý, indi aýratyn otagda ussatlaryň oýnuna syn etsin otursyn. Baýgeldi onuň ýüzüne seretdi. - Hä, sen oňa sowgady şeýle pikir bilen etdiňmi? - Hawa. Ogly ýene bir zat diýjek bolup, dodagyny müňküldetdi, ýöne geplemedi. - Oglum, ulagyň içi dymyk ýaly-la? Aýnany açaýsaň nädýär? Içeri sergin şemal aralaşdy. Kerwen birden: - Hawa, Atabally täzeje telewizorly boldy. Isledigiçe seredip, hezil etsin otursyn- diýip, özbaşyna gepledi. * * * Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň başydy. Adamlaryň öýlerinde ilkinji çaklaňja telewizorlar peýda bolup ugrapdy. Kerwenlerden dört-bäş öý aňyrda ýaşaýan, onuň bilen bir synpda okaýan oglanam günleriň birinde: “Bizem telewizor aldyk” diýip buşlady. Deň-duşlaryny oňa bile tomaşa etmäge çagyrdy. Goňşy oglanjyklar şol gün olara üýşüp bardylar. Öý eýesi hoşgöwün, ýüzi hemişe ýylgyryp duran adamdy. Ol telewizor görmäge gelen oglanjyklara “inerim”, ”köşegim” diýip ýüzlenerdi. Uzyn boýly, hor, hemişe nämedir bir zatdan nägile bolup zeýrenip ýören aýal bolsa oglunyň dostlaryna asla ýüz berenokdy. Kerwen bir gün dostlarynyň ýanynda gaýdyp şol öýe barmajakdygyny aýtdy. Oglanlar muňa geň galyp: “Näme üçin barjak däl?” diýip soradylar. Ol: “ Barasym gelenok”diýip, gysgajyk jogap gaýtardy. Basym beýleki oglanlaryňam telewizorly öýden aýaklary çekildi. Ýüzi gülmeýän aýal bir gün olary gapynyň daşynda garşylap: ”Sizden ýaňa ne ine-gana dynç alyp bolýar, ne-de iýip-içip. Beýdip sürrenekleşip ýörmäň-de, ata-eneňize aýdyň, goý, özleri telewizor alsyn” diýip kowup goýberipdir. Maşgala agşamlyk naharyny edinip otyrdy. Birden Kerwen dädesi Gurbanseýidiň ýüzüne seredip: - Däde, biz haçan telewizor alarys?-diýip sorady. Gubanseýit aýaly Ogulbibiniň ýüzüne seretdi. Ol adamsynyň deregine jogap gaýtardy: - Wah, jan bala, öýde işleýän diňe dädeň ahyry. Onuň alýan aýlygy ýedi adamy iýdirip-geýdirmeli. Telewizor biziňem ýadymyzda. Sabyr ediň, nesip bolsa, sizem bir gün begenersiňiz. Aradan birnäçe gün geçenden soň, dädesi ony ýanyna çagyryp: - Kerwen jan, sen indi on üç ýaşly oglan, tüweleme, özüňem myllyk däl, edenli. Ertir irden ikimiz ulag menziline gideli. Men saňa hat berjek, sen ony Amanseýit dädeňe gowşurmaly. Onuň öýi awtobusyň durjak ýerinden daş däldir. Adamlardan sorasaň, salgy bererler. Olarda bir gün ýatybam, ýene awtobus bilen yzyňa dolanarsyň. Özüm gidäýsemem boljak weli, gyssagly iş ýüze çykdy. Meniň aýdanyma düşündiňmi, ýumşy bitirip biljelmi, oglum?-diýdi. Kerwen ynamly baş atdy. Gurbanseýit ony mähirli gujaklap:” Han oglum sen, iner oglum sen”diýip söýgüledi. Dädesi ony ýolagçy awtobusyna mündürdi. Ulag Gumdag şäherine tarap ýola düşdi. Kerwen barmaly ýerine golaýlanda, näme ýazylanyny biljek bolup içi byjyklap duransoň,dädesiniň köýneginiň jübüsine salan kagyz bölegini açdy. Onda: ”Salawmaleýkim, Amanseýit! Öý-içeri saglykmydyr? Meniň senden bir haýyşym bar. Çagalar telewizor küýseýärler, ýöne meniň golum ýuka. Sen, uzagyndan bolsun, mal-mülki, gurply ýaşaýan adam. Maňa kömek edersiň diýen tamam bar. Çaklaňja telewizoryň bahasy bilen gyzyklanyp gördüm: 260 manat eken. Men, saglyk bolsa, berjek puluňy hökman gaýtararyn. Gurbanseýit”diýlip ýazylan eken. Amanseýit ertesi gün inisiniň oglunyň eline tokgalanan gazet bölegini tutduryp, “Bally, munuň içinde pul bardyr, gaçyraýma”diýdi. Ony ulag menziline getirip, Balkanabada gaýdýan awtobusa mündürip goýberdi. Kerwen öýlerine golaýlanda, dädesiniň beren kagyz bölegini açyşy ýaly, onuň agasynyň beren gazet bölegini-de açdy. Onuň içinde pul salnan kagyz bar eken. Amanseýit: ”Inim, edil häzir haýyşyňy bitirmäge mümkinçiligim bolman, ýagdaýyňy garyndaşlara-da ýetirdim. Ýygnan pulumy iberýän: 1. Men - 25 manat. 2. Doganoglanyň Gulmyrat-10 manat. 3. Doganoglanyň Atageldi -10 manat. 4. Ýegeniň Borjak-30 manat. 5. Ýegeniň Gandym -30 manat. Jemi: 105 manat” diýip ýazypdyr. Haty okan dädesiniň hyrçyny dişläp, başyny ahmyrly ýaýkany Kerweniň göz öňünde hemişelik galdy. Gurbanseýit basym işini üýtgetdi. Ejesi onuň şäherden uzakda bir ýerde nebit çykarýandygyny aýtdy. Bir gün çagalaryň arasynda bolsa, iki gün ýokdy... Günleriň birinde telewizor alandyklaryny Kerwen dostlaryna buşlady. Deň-duşlaryny oňa bile tomaşa etmäge çagyrdy. Gurbanseidiň-de, Ogulbibiniň-de ýüzleri gülüp duransoň, gonşy oglanjyklar özlerini şol öýde erkin duýýardylar. Şol wakadan soňra Amanseýit bilen Gurbanseýidiň arasyna sowuklyk düşdi. * * * Kerwen garagolja agtygyny ýanyna alyp, ýatyş otagyna girdi. Ejesi, iki gyzy bilen telewizora tomaşa edip oturan Baýgeldi birden ejesine tarap öwrülip: - Dädem öz doganoglanynyň futbolyň ölemen janköýeridigini bilýändigi üçin, onuň ýaş toýuna telewizor sowgat eden eken. Kellesine gelýän zady görä-ä! –diýdi. - Wiý, şeýlemidi, asyl! “Biz bilen kän bir gatyşyp-garyşyp ýörmeýän Ataballa beýle gymmatbaha sowgat etmesi nämedenkä?” diýip geň galypdym. Oňaraýypdyr. Nesip etsin! Aý, dädeň, näme, her bir hereketi oýlanyşykly adam-da... - Hawa. ...Kerweniň düýşüne mundan ýigrimi bäş ýyl ozal ýurduny täzelän Gurbanseýit aga girdi. Birsalym ogluna ýylgyryp seretdi. Soňra gaýyp boldy. Amаnmуrat KIÇIGULOW. | |
|
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |