09:50 Başky söýginiñ müşki / hekaýa | |
BAŞKY SÖÝGINIÑ MÜŞKI
Hekaýalar
Hemmeleriñ terk eden gojasy. Ýetmişi tegeläp, segseni serelän moysepit. Elinde hasasy, yrgyldap howla çykýar. Diwara söýelgi döwük kürsä oturyp güneşleýär. Şäheriñ goh-galmagally köçesine howlusyndan syn edýär. Hemmeler ony unudan ýaly. Ýok, unudanoklar. Bir tüysli ýigrenýärler gaýta. Öñräk bir ors kempirem yanýodadan geçip barýarka "Сиди теперь старый чёрт. – diýip, öz dilinde hüňňürdedi. - Мент он и в гробу мент". Gojanyñ hiç kim bilen işi ýok. Gulagy ker. Şäheriñ güwwüldisi hem piñine däl onuñ. Hemmäniñ terk eden, hiç kime gerek däl gojasy güneşläp otyr. Ýok, onuñ ýanyna gelýän, her gün ondan habar alýan biri bar. 35-40 ýaşlaryndaky bir ýigit her gün gelýär. Owkat getirýär. Ýanynda oturyp iýdirip-içirýär. Gojanyñ halys huşy ýok. Garrylyk alesgeýmer bilen gelen eken. Ol özüniñ agzyna nahar tutduryp oturan daýanykly ýigidiñ ýüzüne garap: - Sen kim, tanamadym seni - diýip soraýar. Daýanykly ýigit bolsa: - Nazar men, Sapar aga - diýip indi näçenji gezek özüni tanadýar. - Oraçjy aganyñ ogly Nazar. Goja Oraçjy agany ýadyna salyp bilmedi. Agzyna nan tutduryp oturan ýigide siñe seredip-seredip goýdy diñe. Soñ Nazar gitmänkä goñşy aýala az-owlak pul uzatdy: Sapar aga göz-gulak bolup duraweriñ! Ýolda ýene kellesinde Sapar agaly pikirler, ýatlamalar. Ýatlamalar bolsa ony iki müçe dagy yza taşlaýar. ... Kakasy ýogalandan soň jigileriniň garamaty ejesi bilen Nazaryň gerdenine mündi. Baý-ba, birden ulalmak kyn eken. Çörek tapmak ondanam kyn. Kakasynyň hemme zady galdy, eden bergilerine çen. Ýaşyl moskwiç maşyny hem teläriň teýinde sürülmän ýatyr. Kim sürsün? Altynjy klasa geçen Nazarmy? Ejesi“ Şu demirem hazan ursun, deger-degmezine bolsa-da satmaly” diýip, bir jany ýanan güni dilinden sypdyrdy. Ýöne bu gep Nazara juda agyr degdi. Gije ýarymdan mazaly agyp, daň atmaga iki sagat dagy galanda, Nazar kakasynyň maşynyny itip, howla çykardy, ýene itibem köçä çenli getirdi, soňam otlady. Eger ýerinden gozgamak başartsa, birinji etjek işi - göni Şabada eltip goýbermekdi. Goý, biri alyp, kakasynyň maşynyny sürenden suwa akyp gitsin. Maşyn assa-ýuwaş gyzdy, soň tizligi çalyşyp, ýeňiljek gaza basdy. Gyssanman ugrady. Nazaryň ýüregi içine syganok. Entek uklap ýatan şäheriň dym-dyrslyk köçelerinde biraz maşynyny haýdady, öwrümlerden gazy peseldip geçdi. Özüni uly adam ýaly duýmaga başlady, özem çyndan. Şol barmana iki elem çemodanly bir aýalyň ýolgyrada jan-dilden gol galdyryp saklamagyny haýyş edýänini gördi. Biraz aljyrady, emma deňinden geçibiräk saklady. Hallaslap gelen inçemik ýaş aýal: - Agam, meni wogzala eltmezmiň – diýip, boýnuny burdy. Roluň başynda ýetginjek oglany görübem birhili boldy. Nazar arkan gaňrylyp, yz gapyny açdy, ýolagçy aýal derrew mündi. Nazar wokzala golaýlansoň, ýolagçy aýala: - Gelneje, edil wagzalyň azyna-ha eltip bilemok – diýip ýagdaýyny aýtdy. Ýolagçy aýal ýetgnjek oglana düşündi, hakyny töläp, goşlaryny alyp düşdü-de, wokzala tarap ylgady. Nazar ellerindäki pullara seredip kän oturdy, hiç ynanyp bilenok. Oňa çen wokzal tarapdan ýene iki ýolagçy göründi. Şondan soň ol diňe ýarygijeden soň şäherde daňdana çenli taksiçilik etdi. Gijäniň bir wagty gyssagly adamlar ýola çykýar, olaram iki esse töleýär, ynsap özüňde. Ýene bir gowy ýeri gije ýarymdan soň ýolda ala taýakly görmersiň. *** Sapar Orazjygyň çagalyk dosty. Olaryň dostlugy berkden berkdi, mizemez dag ýaly. Ýelem bozup bilmejek, dilem bozup bilmejek. Haçan-da Orazjygyň eje-kakasy ogluna Muhy ussanyň gyzy Mamyşy alyp berermen bolanlarynda hem Sapar hyrçyny dişläp dymdy, emma dostlugy bozmaga milt etmedi. Barybir meniň öýlenmäge pulum ýok, pul näme öf diýsem öýkenim görnüp dur. Bahanasy şü boldy. Şeýdip Saparyň ýakyn dosty onuň daşyndan gowy görüp ýören gyzyny aldy oturyberdi. Saparam kän wagt geçmänkä obasyndan başyny-gulagyny alyp, zut gitdi. Okuwamy, işemi, belli däl. Bahym Orazjygam gelni bilen şäheriň gyrak-bujagyna göçdi. Däne ammaryna garawul bolup işe durdy. Birki ýyl geçip-geçmänem ýene iki dost tapyşdy. Indi Saparyň iki egninde gyzyl pagon, maňlaýy gyzyl nyşanly papak. Bol-bol, Sapar bol. Eli giň, göwni açyk milise ýigit günde-günaşa Orazjygyň öýünde. Mamyş bir gezegem gabagyny galdyryp seretmedigem bolsa, Saparyň iki gözi Mamyşda. Orazjyk muny duýýar, ýa-da duýmaýar, eger duýýan bolsa-da duýmazlyga salýar. Şol gün Sapar iş eşigini çykaryp, ýola çykypdy, ugry bazara tarap. Iýip-içer ýaly ojuk-bujuk alan boldy, esasanam arak-piwo. Howa çeniňden yssy, eredip barýan epgek diýip her kim dodagyny ýalaýar. Şu gün Orazjyk smenden çykýan bolmaly diýip, batyrgaý ädimläp gaýtdy. Egrem - bugram dar köçelerden geçip, Orazjygyň howlusyna golaýlaşan Saparyň ýüregi ýarylyp gelýär. Mamyş gowumyka, Mamyşy göresim geldi şu gezek. Howla giren Sapar aňk-taňk boldy, öňünden çykan Mamyşyň ýüzi üç ýuwlan ak esgi ýaly. Gözleriniň etegi hem göm-gök. - Näm boldy Mamyş? Mamyş dil ýarmady, doňňara-daş. Sapar ýene durup bilmedi: - Mamyş, Hudaý haky jogap bersene, nämeler gopup ýör? Mamyş bir sözde ýagdaýy ýaňzytdy, Sapara şolam ýeterlik boldy. Ýeke agyz sözem diýmän hyrra yzyna öwrüldi. Sapar üçin Mamyş ölen ýaly, ýöne onuň aňynda galan gyzyň bedeninden gelýän buzgunç ys. Şol ys edil Jennetden gelýän ýaly. Soňky demimde hem şol ysy alyp, gözlerimi ýumsam, hemmesinden razy diýýär käte. Şol buzgunç ysy alyp amanady tabşyrsam, ruhum Mamyş bilen birleşer, bilýärin. *** Sapar milise derdini kime duýdursyn. Dogry, ahmyrly söýgüsinden gep açsa diňlejek kän. Sen birine derdiňi desterhan edýäň, olam ertir giň jemagatyň ortasynda götüňi ýyrtýar. Gerekmi şo, bereket bersin. Ine, meniň derdimiň dermany, sessiz seredip duran gaz boýunly syrdaşym diýip, arakly çüýşäniň gapagyny pitikläp goýberer. Daňa çenli näçe çüýşe boşady, ýöne Saparyň derdini ýeňledip başarmadylar. Aý owarra bolsunlaý. Soňra boş kwartira, bir özi, serhoşuň bek ukusy. Şeýle ýagdaýda tirkeşip geçen günleriň sany ýok. Sapar milise üçin bir gün geçen ýaly. Şu gije gyssagly ýagdaýda jenaýat bolan ýere barmaly diýen habar ony daňdanyň ümüş-tamyşynda ýola çykardy, haýdap, ýortup barýar. Içigar galan ýolda-yzda iňlär siňek ýok, şumat yzymdan eşegaraba ýetse-de münjek. Köneje moskwiç ala-takyrdy bolup öwrümden aýlandy. Alagaraňky köçe ulagyň bir tarapy kör bolan öň çyrasyna çala ýagtylyp gelýär. Sapar milise iki elini galdyryp maşynyň öňüne çykdy. Nazar aljyrap, derrew tormuza mündi, soň onuň milise symmatyny görüp gorkdy, ýöne indi gaçara ýer ýok. Oňa çen Sapar milise eýýäm gapdalyna gonup: - Sür inim, basymrak – diýip, ýalbaryjy äheňde ýüzlendi. – Gaýrat et, Tabakçy köçä sür. Nazar sesini çykarman ulagynyň gazyna basdy. Bir salym geçensoň rolda oturan ýetginjege üns bilen sereden Sapar milise: - Ahow, maşynyň roluna geçerden seň müçäň ejiz görünýär-ä – diýip oňa gözlerini jüýjertdi. – Mekdepçimi sen? Nazar ulagynyň tizligini birinjiden ikinjä geçirip barşyna: - Aý agam öýüň ulusy men bolup galdym – diýip, Sapar milisä seretdi. – Maşgalanyň ýüki egnime düşdi. Onsaň amatyna garap, dädem pahyrdan galan köne demiri itekläp, jigilerime ölmez-ödi gazanýan. Sapar milise oňa düşündi gerek: - Oň ýaly bolsa gaýrat et, inim – diýip, giňlige salyp, ýasama ýylgyrdy. - Jut zawut tarapda ýaşaýaňmy özüň? Nazar baş atdy: - Hawwa, agam, Musa Jalil köçesinde. Sapar milise bir zatlary ýadyna saljak ýaly gaşlaryny bürüşdirip oturşyna: - Musa Jalil köçesiniň ýaryny tanaýan, aý ýaryny däl, barynam tanaýan, ol ýerde kimlerden bolýaň sen. - Dädeme Orazjyk aga diýýärdiler. Birki ýyllykda aýryldy. *** Sapar milise bir wagt aralary pozulan köne dosty Orazjygyň ölendigini eşidenden soňam Mamyşy idäp barmady. Ýöne Nazar bilen gowy dost - ýaran bolup geziberdiler. Şul oglan ýetimligini duýmasyn, kemsinmesin diýip, üstünden guş uçurmady. Kimiň hakyny iýse-de, kimiň jürüni dikse-de, Nazara gezek gelende namartlyk etmedi. Jomartlyk menden galsyn diýip elpe-şelpeligem etmedi. Diňe adamçylyk etdi, ýagşylyk öwretdi. Şeýdip ýörşüne özüniňem erbet adam däldigine ynanyp başlady. Kämahal Sapar milise iňkise gidýär. Nazar birhili oňa meňzäbem barýan ýaly. Käbir häsiýetlerem dogry gelýär. Ýöne ol anyk bilýär ahyr, Nazar öz dostunyň ogly. Sadaja Sapar milise Mamyşy janyndan eý görüp, daşyndan söýdi, sessiz-üýnsüz, guwanyp. Bu hakda dillenip hiç kime aýtmadam, bilinmeginem islemedi asla. Içinden söýdi ýördi. Elbetde, söýülen aýal nähili ýagdaýda bolsa-da, söýen adama mynasyp şekilde minnetdarlyk bildirýär. *** Şowhunly şäheriň aladasy özüne ýetik. Nazar welin bar işiniň birýana goýup, soňky günler haly peselen Sapar aga idi-yssywat edýär. Lukman çagyryp, gerekli sanjymlary etdirmelem bolsa ýaltanmaýar, seýrek tapylýan dermanlar üçin dermanhanalaram aýlanyp çykýar. Ýöne gojanyň haly gün-günden teňleşýär. Bu gün nahar-owkadam kän bir iýmedi. Nazar birki günden bäri goja byradaryny gujaklap ýatalga otagyna geçirýär. Her gezegem onuň barha ýeňleýändigini duýýar. Halys tapdan düşen Sapar milisäniň aň-üşügem kemelen ýaly. Her gezek Nazar ony gujaklap ýatak jaýyna geçirende bozulýar. Başky yşgyň müşki bark urup, Sapary beýhuş edip barýar. Nazaryň endamyndan gelýän ys ony oglanlygyna tarap äkidýär. Ol ýerde bolsa ilki söýgüsi bar, aýdylmadyk aýdymy - Mamyş garaşýar. Sylapberdi MUHAMOW. 30.12.2023 ý. Daşoguz, Garagaç obasy. | |
|
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Syrly dagdan / hekaýa - 24.12.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |