23:20 Akyl-zynat | |
AKYL-ZYNAT
Ynsan dünýä inende öz doguljak öýüni saýlamaga hukuk berilmeýär. Ene-atasyny ýa-da çagalykda berlen başlangyç terbiýäniñ hem saýlamaga mümkinçiligi ýok. Emma, çagalykdan saýlanyp, terbiýäniñ orny bildirip ugranda ýörejek ýoluny, ugruny saýlap bilýär. Gatnaşýan ýa-da dostlaşýan adamlaryny saýlap bilýär. Şularyñ ählisini dogrulyga we hallalyga öwürmek üçin bolsa akyl hökmany suratda zerurdyr. Akyllylyk ähli ýerde zerur. Şol zerurlygy mümkin boldugyndan kepillendirmek bolsa beýni işjeñliginiñ paýyna duşýär. Adamyñ akyl tarapdan has berkemegi bolsa onuñ beýni öýjükleriniñ çalt-çalt hereketdeligini üpjün etmekde bolýar. Akylly ynsan ylym-bilime ýugrulsa ol şol zähmet ýolunda uly üstünliklere we şowlulyklara ýeter. Dyngysyz ylym adamy akyllylyga we parastlylyga ündär. Türkmen edebiýatynda akyllylygy we danalygy öçmejek yz goýan şahyrymyz Magtymguly Pyragynyñ döredijiliginde hem akylyñ ynsan durmuşyna ýetirýän täsiri barada ýazyp geçýär: Magtymguly bu dünýäniň hamusyn, Ýygyp düyrüp ýele berdim namysyn Pikir derýasyna, aklym gämisin Batyrmyşam çyka bilmen neýläýin? Ýokarda belläp geçilen goşgy setirlerinde nygtalyşy ýaly akyllylygyñ we paýhaslylygyñ ygtybarlylygy hemişe asyl nusgasyndadyr. Eýsem, adam durmuşynda añ-paýhaslylygyñ we düşünjeligiñ düyp mazmunda berilmegi aklyñ goýulygyndan delalatdyr. Şol delalaty ýüze çykarmakda bolsa diñe ylymdan-bilimden paýhas goruny dolduryp, ýagty geljegiñi aýdyñlaşdyrmakdyr. Roza ABDYLHAÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |