11:44

Akylly däli

Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 253 | Добавил: Gökböri | Теги: Ömer Ömeri | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Haweran  
411
"Gündeligimiñ" bir bölüminde jynazada gyrada durýan adamlara azgyrylýan biri hakda aýdypdym.
Dogrusy, ol adam keýwanyñ çykany.
Şu gün obadaşlaryñ biriniñ "ýedisine" görünmeli boldy. Şonda ol hem bar eken. Gaýdyşyn işe düşürip geçdi.
Ertir garyndaşlañ biriniñ gyzy durmuşa çykýar. Şoñ üçin "ýedisi" edilen obadaşymyzyñ oba-şäher arasynda taksi edýän ogly gabatlaşdy-da, şoñ ulagyna çagalary mündürip goýbermeli boldy. Onsoñ muny ýañky "mollamyzyñ" ýanynda dilimden sypdyrmanmy... Olam "garyndaş-doganlar 20 manatlyk poçtalary bolsa, menden ugradýarlar, 100 manatlyk adamlarynam başga taksilerden..." diýip, gaty gördi. Men oña "Her kim öz nesibesini alar, beý diýme..." diýsem, hasam öjügip: "eýýäm näçe ýyl bäri obañ ýasyna ylgaýan men, öli ýuwýanam, jynazalaryñ başyny çekýänem men..." we ş.m. "ýöne bir-ä mollaçylyk eden obañda, birem hyzmatyny eden garyndaşlañ arasynda gadryñam, abraýyñam bolmaýan eken..." diýip, gatyrganmak gatyrgandy. Näme diýjegimi bilmedim. Edeniñ bilinmezlik meselede bizem az örtenmedikleriñ biri, emma onuñ bu aýdanlaryna barybir hä berip biljek däldim.
Çünki, il-günüñ ýasyna ylgañda, nagt sagbol-tañryýalkasyna, eden gowy işleriñden geljek şan-şöhrata, at-abraýa garaşýan bolsañ-a, onda adamlardan hijem göwnüñ isleýşi ýaly tañryýalkasynam almaýañ, sylag-hormatam. Onda "mollaçylygyñdan" el çek, diliñem çek!
Barybir, ýüzüñe öwmeselerem "pylan hajy, tüweleme, özi şäherde ýaşasa-da üç obanyñ ýasyna ýetişýär, şoñ ömri uzak bolsun.." diýip, kesäñden ýagşy-doga dilegiñi edip ýören kän...
Ýok, bulary Allanyñ hatyryna edýän bolsañ, onda sesiñi çykarma-da, il-günüñ hyzmatynda geziber. Bahañy, sylagyñy Allanyñ özi berer.
Ol sylagam kesäñden edilen doga-dileglerden üýşen sylag - ahyret azygyñ, "zapas ýolharjyñdyr".
Ynsan bolan ynsana şundan uly gadyr barmy, şundan uly sowgat barmy!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]