07:01 Arkadag şäheri bagtyýarlygyň güwäsi | |
ARKADAG ŞÄHERI BAGTYÝARLYGYŇ GÜWÄSI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň hem her bir Güni bagtyýarlygyň, ýeňişleriň, üstünlikleriň şaýady bolmak bilen dogýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: ”Mertler Watany beýgeldýär. Watan hem mertleri beýgeldýär” diýen parasatly sözlerine biz taryhyň her bir gününden mysal tapyp bilýaris. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň eziz Watanymyzyň atlaryny beýgeldişi, Watanymyzyň hem Beýik Ogullaryna şan-şöhrat, mertebe berişi gözümiziň alnynda taryha altyn harplar bilen ýazylýan pursatlardyr. Ine, taryhyň ýene bir şanly wakasy. Gahryman Arkadagymyzyň doglan gününe sowgat hökmünde açylmagyna garaşylýan Arkadag şäheri. Bu şäher türkmen halkynyň özüni baky bagtyýarlyga elten Gahryman Arkadagyna tüýs ýürekden çykýan alkyşyndan, buýsanjyndan dörän “mertebe heýkeli”. Arkadag şäheri diňe bir ýurdumyzda däl, dünýäde uly seslenmä eýe bolan döwrebap, owadan şäher. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Arkadag şäheri tutuşlygyna «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp bina edilen desgalardan ybarat bolmak bilen, ekologik talaplar esasynda gurulýar. Bu ýerde «smart-siti» döwrebap şähergurluşyk ýörelgesine laýyklykda, ekologik taýdan arassa elektrobuslardyr elektromobiller hereket edýär. Olaryň hereketine sanly ulgam arkaly gözegçilik ediler; «akylly» yşyklandyryş ulgamy, Gün we ýel batareýalary, häzirki zaman sanly hyzmatlar, «akylly» zir-zibil gaplary ornaşdyrylar. Şäheriň ýaşaýjylary «akylly» şäher we «akylly» öý hyzmatlary, ýagny smartfonyň üsti bilen internet arkaly ýaşaýyş öýlerini uzak aralykdan dolandyryp bilerler. Bu ýerde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegi netijesinde edaralarda we ýaşaýyş jaýlarynda ýokary tizlikli internet, IP telewideniýe hem-de telefon ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik döredilen. Bulardan başga-da, ýokary hilli öýjükli aragatnaşyk hyzmatyny hödürlemek maksady bilen, 3G we ýokary tizlikli internet ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän 4G enjamlar toplumy gurnalyp işe girizildi. Tutuşlygyna alnanda, Arkadag şäheri sebitde ilkinji «akylly» şäher. Mahlasy, bu ýerde çagalar baglary, orta mekdepler, başlangyç we orta hünär, sungat mekdepleri, saglyk öýleri, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, hassahanalar, Ruhyýet köşgi, medeniýet öýi, drama teatry, kitaphana, sirk, muzeý, häzirki zaman sport toplumlary, seýilgähler, söwda we dynç alyş merkezleri, beýleki hyzmat edaralary, halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi, ylmy-önümçilik merkezi, metjit we medrese, dolandyryş, işewürlik, durmuş-üpjünçilik, ulag-aragatnaşyk ulgamlary, bir söz bilen aýdylanda, ählitaraplaýyn ykjam şäher kemala gelýär. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň töwereginde, köçelerde we ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin «akylly» wideogözegçilik ulgamlary, awtoulaglaryň hereketiniň sazlaşygyny üpjün edýän döwrebap ýolyşyklar, agyz suwunyň, tebigy gazyň sarp edilişini ölçeýji ulgamlar gurnalar. Merkezi seýilgähde Wi-Fi zolagy dörediler. Edara-kärhanalarda elektron resminama dolanyşygy ulgamy ornaşdyryldy, e.gov.tm döwlet hyzmatlary saýty welaýat merkeziniň portalyny açýar. Halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmagyň, ata Watanymyzyň at-abraýyny belende galdyrmagyň hatyrasyna şeýle beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. Gülşat ORAZBAÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň koreý dili hünäriniň 5-nji ýyl talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |