15:56 Ataly ogul | |
ATALY OGUL
Bir şowsuz ädilen kiçijik ädim Ara düşdi. Ýene ata yrsarap, Uzyn gün käýinip gezdi ogluna, Uzyn gün ýüzünden gar ýagdy syrap. Ogul kän ýalbardy, «Wah, düşün» diýdi. Ata bolsa oňa bermedi ünsem. Soň dymdy, Diňledi, Ahyram, nätsin, Öýden çykyp gitdi ses-üýnsüz, ümsüm. Ogul gitdi, Ata şol dem penjiräň Öňünde dikildi, dal başyn yrap. Geljegin duýsa-da, Öýkeläp giden Oglunyň yzyndan kän durdy garap. «Ýene-de göwnüne degäýdim öýdýän, Öteräk geçäýdim öýdýän çeninden...» Birdenem tisgindi. Çünki oglunyň. Başga birem ýöräberdi deňindeň. Ol ogluna görä bezzadyrakdy, Paýhasam artykmaç däldi oň şeksiz Ogly bilen deňeşdirseň, gürleýşem, Gadam urşam gelşiksizdi-gelşiksiz. Soňra-da Oglunyň yzyň eýgermän Çaňda galdy... Çytdy ata gaşlaryn Sebäbi synlapdy, Tanapdy häzir Bir mahalky geçip giden ýaşlygyn. «Sözüm ýok, hakykat...» Oýlandy ata, Oýlandygyça-da dişledi hyrçyn. Herhal, oglum, düşünersin, sen maňa Gerdenňe ýükläňson, atalyk borjun...» Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |