20:40 Aziýa halklarynyň buýsanjy | |
AZIÝA HALKLARYNYŇ BUÝSANJY
Çingiz Aýtmatowyň şu ýyl 95 ýaş ýubileýiniň bellenilmegi bilen gyrgyz halkynyň beýik ogly we adamzat jemgyýetiniň beýik ýazyjysydygyny ýene bir gezek buýsanç bilen aýtmak gerekdir. Ol adamzat gymmatlyklaryna beýik bahar berip bilen şahyrdyr. Onuň döredijiliginiň agramly bölegi bolsa,dünýä edebiýatynda nusga alarlyk derejede ýokary göterilen we onuň nijeme işleri dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girendir. Gyzgyzystanyň hem-de Gazagystanyň ýazyjysy bolan Çingiz Aýtmatow beýik watançylyk urşy ýyllarynda gyrgyz neşirinde özüniň birnäçe eserleri bilen çykyş etdi hem-de şol döwürlerde wakalary yzygiderli beýan etmekde hem-de şol wakalarda hakykaty görmek, okyjyny yzyna düşürmekde dünýä edebiaýtynda aýratyn orna mynasyp boldy. Onuň eserlerinde adamzadyň global temasy bolan beýik watançylyk urşy hem-de onuň döredijiligindäki gymmatlyklara goýulýan sarpa hem-de üns ýokary bahalara mynasyp bolmak bilen nusgalyk orun alan ýazyjylaryň biridir. Onuň “Jemile’ , “Boraganly ýarym duralga”. “Asyrdan hem uzaga çeken gün’ ýaly eserleri, “Elwan ýaglykly serwim” ýaly eserleri häzirki bu güne çenli okyjylaryň elinden düşmejek hem-de sahnada ehm-de kino sungatynda janlandyrylan eserleriň biridir. Şeýle-de onuň “Ak gämi” atly eseri bolsa, dünýä edebiýatynda aýratyn orun alandyr. Eserleriň ählisinde bolsa, aýdyşymyz ýaly, adamzat tragediýalary hem-de şol durmuş wakalarynyň gapdalynda gözegçisi, kähalatlarda liriki gahryman wakalaryň içine girýär, şeýlelikde okyjy bilen ýazyjynyň arasyndaky serhedi büs- bütün aýryp bilen eserleriň sanawynda gürrüň açýarys. Döredijiliginiň agramly bölegini edebiýata bagyşlamak bilen ýer ýüzünde beýik diplomat- ýazyjynyň bu günki gün biziň aramyzda zerurlygy duýulýar. Çünki onuň eserlerinde adamzat gymmatlyklary bilen bir hatarda ýokary derejeli eserleriň bu günki gün adamlaryň yhlasy bilen nijeme kinofilmlere öwrüldi we nijeme teatr festiwallarynda onuň döredijiligine gatyşan eserler ýer aldy.“Ýüzbe- ýüz”, “Ilkinji mugallym”, “Hoşgal Gülsary”, “Deňiziň gyrasyndan ylgaýan köpek” ýaly eserleri hem dünýä edebiaýtynyň altyn hazynasyna giren eserlerdir. Çingiz Aýtmatowyň “ Ene toprak” eserinde hem hut şeýle adamzada mahsus bolan ene topraga söýgi gahrymanlaryň üsti bieln inçeden beýan edilýär. Ýazyjynyň öý- muzeýi hem döredilip, ol ýere ýylda müňlerçe adamlar barýarlar. Dünýä edebiýatynyň Altyn hazynasyna goşant goşan beýik ýazyjylaryň biri hem gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowdyr. Onuň eserlerinde adamzadyň esasy global meselelerinden söz açýan tema bolsa, adat edilendir. Çünki ýazyjynyň haýsy romanyny ýa-da powestini alsaň hem onuň ajaýyp eserlerinden söz açmaga mümkinçilik bar.Çingiz Aýtmatow adamzat temasynda iň köp ýazyp, meşhur bolan şahyrlaryň biridir. Onuň döredijiliginde adamzat temasy iň uly orny ýeeleýär. Ýazyjynyň eserleriniň aýratynlygy ol her bir gahrymana belli bir häsiýet beriji, her bir gahrymany okyjysynyň edil garyndaşy ýaly edip goýmasy , şu derejedäki bahalara mynasyp bolmasy bilen ölçelýär. Çingiz Aýtmatowyň eserleriniň iň ýokary derejede hil taýdan ruhy ahwalatlary alyp götermegi bolsa, onuň adamzat temasyna ýüzlenmesinde esasy pikirleri eserinde şadamary edip alýandygyndadyr. Ol gämi bilen gürleşýär, ol ene balyk bilen gürleşýär, ol bir-de Ene sugun bilen bir-de suw bilen deňiz bilen. Haýsyna ýanaşsa-da olaryň dilini okyja çykaryp berýär. Munu özi ýazyjynyň ussat;ygyndandyr. Ol Ýewropa ýazyjylar guramasynyň Jawaharlal Neru adyndaky baýragynyň eýesi bolmak bilen, diňe bir Aziýa kontinentinde däl-de eýsem, dünýäde öz eserleri bilen meşhurlykda Aziýa ýazyjylarynyň içinde iň ýokary saýlananlarydyr.Meşhur ýazyjy ýaşap ýören bolsa, şu ýyl 95 ýaşamalydy. Onuň ömür döredijiligi bolsa, iň gymmatly ýatlamalar bilen dünýä halkalrynyň ýüreginde baky galar. Güljeren Alymowa Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |