23:27 Bagt bagynyň gunçalary | |
BAGT BAGYNYŇ GUNÇALARY
Günler bizi ak ertirlere, ertirler önüp ösüşli ýyllara atarýar. Şeýdibem, gözümiziň öňünde şanly taryh ýazylýar. Hawa, biz çyndanam bagtyýarlyk döwrüniň bagtly ýaşlary. Sebäbi beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň arzuw eden Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýarys. Biz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar. Öz Watanymyzy-Garaşsyz Türkmenistanymyzy dünýä kartasyndan görkezip bilýäs, bagtyýar diýarymyzyň goýnunda erkin ýaşaýas, okaýas, döredýäs. Tutuş halk erkana ýaşaýar bu Watanda. Her ojak parahat, her öýde diňe çaga gülküsi ýaňlanýar.Bu günki nesiller uruş hakda diňe taryhdan okaýar, gazanlar diňe toýa atarylýar. Magtymguly atamyzyň arzuw edişi ýaly, aşymyz bir suprada taýýar bolup türkmeniň ykbaly göterildi bu gün. Bu taryhy türkmen halky Arkadagly Seradary hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagy bilen ýazýar. Täze 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy bolsa, Hormatly Prezidentimiziň Watanyň şu gününi, aýdyň ertirini ýaşlar bilen baglanyşdyrýandygynyň aýdyň susbutnamasydyr. Öňümizde tutuş sahypa taryha açylan. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” hem her bir gününi Gahryman Arkadagymyzdan dowamat dowamly Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda taryhy wakalara beýik ýeňişlere beslenýär. Milli Geňeşiň we jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynda Gahryman Arkadagymyza “Türkmen halkynyň Milli Lideri “hormatly adynyň dakylmagy, TMÝG-niň VIII gurultaýynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini nazarda tutup, ýaşlar hakynda aladanyň artýandygy biz-ýaşlary täze maksatlara, ýeňişlere ruhlandyrdy: Täze döwre gadam basan Arkadagly Serdarly, Gahryman Arkadagly eziz türkmen halkyna bagtyýar durmuş, maşgala abadançylygyny arzuw edýän. Ýaşlary Watanyň daýanjyna öwürýän, okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň ýol açyp berýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadgymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Goý, Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolsun! Gülşat AGAÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň koreý dili hünäriniň 3-nji ýyl talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |