16:03 Bagtyň gözleginde... | |
BAGTYŇ GÖZLEGINDE...
Goşgular
![]() Mähirden püre-pür jady gözleňde, Indi harsydünýäň yşky bar ýaly. Garaçygy göýä ýowuz neşderi, Didäň agy bolsa, gyşky gar ýaly Sowapdyr, nebisiň aňzak ýelinde. Ýylatmaga ejiz ýyly demim-de. (Ýollar aýra düşse, aglasa ýürek, Bir, iki däl gülüp geçjek deňiňden.) Tasanjyrap gitdiň, bagtyň gözlegne. Hamana ol göze görünýän ýaly. Saglygy bagt bolup görnermiş hassa, Bagtmyşyn aşyga öz söýen ýary. Sen bu hörpden gopup bilmediň asla! Tapybam bilmediň gözleýän bagtyň... ...Sen ony taparsyň, böwrüňi diňläp, Meni kalbyň bilen küýseýän wagtyň!.. Azymberdi KAKAÝEW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |